21:15 Andalyp / pýesanyñ dowamy | |
Ikinji bölüm
Teatr we kino sungaty
Ikinji görnüş Hywa hany Şirgazy hanyň köşgi. Köşgüň ortasynda goýlan tagtyň üstünde Şirgazy han ýazylyp, ýaýnap otyr. Onuň başynda gyzyl-gyrmyzy reňkli ýüpek selle bar. Galan tutuş lybasy jowur ak. Aýagynda ýeňiljek gön çepek bar. Onuň keýpi kök. Kak çekgesi, hortap ýüzi, gözleri yşgalaňly. Şirgazy han (ýanynda oturan Oraz ynaga, Şeýh-ul-Yslama garap) – Kany, tekeleriň serdar kelmeý kaldymy?! Oraz ynak (Ýerinden laňňa galyp, hana baş egip, nämedir bir zat diýmek isleýär). Şol wagt Keýmir serdar, Annaseýit batyr hyzmatkäriň yzyna düşüp sahna girýärler. Keýmir serdar (Dabaraly) – Essalowmaleýkim, hurmatly Şirgazy han! (Ol tagta golaý gelip, Şirgazy han bilen ikelläp görüşýär.) – Il-gün, bala-çaga, mal-başyňyz aman saglykmydyr?! Şirgazy han (Tagtyndan düşüp Keýmir serdar, Annaseýit batyr bilen elleşip salamlaşýar) – Meniň türkmen kardaşlarym, koş keldiňizler. Meniň koçak batyrlarym. Keliňler, keçiňler. (Olara han düşeginden ýer görkezýär) Koş kelipsiňizler. Koş kelipsizler. Keýmir serdar (Hywa hanyna bir jöwher gylyjy uzadyp) – Han aga, ine şu gylyç siziň saýaňyzdaky teke türkmenlerinden Size ýadygärlik bolsun! Şirgazy han (Begenip) – Dym jaksy. Dym ýakşy (Degişip) Bu jöwakyr kiliç tuşman kanyga degmeýdimi, kelle kesmedimi?! Keýmir serdar (Ýok, han aga bu jöwher gylyç heniz heniz ot bilen çekişden hemem meniň elimden başga hikmet gören däldir. Belki soňam görmesin! Şirgazy han (Razylyk bilen) – Dym jaksy, dym jaksy! (Ara sähelçe böwşeňlik düşende) Keýmir serdar – Han aga, biz teke türkmenleriniň adyndan Size uzur salamlar getirdik.Hemem bi kiçijik towakgamyz bardy. Şirgazy han (Ünsni jemläp) – Aýtyňlar! Keýmir serdar – Han aga, teke türkmenleri sizden, Hywa halkyndan, Was topragyndan, Alla razy, biz razydyrys. Aç, hor, hossarsyz, howandarsyz bir süri sülsat mahalymyz bizi öz penaňyza aldyňyz. Hossar, howandar bolduňyz. Bu ile gelip, bitimiziň burny ganamady. Az diýene nan berdiňiz, men teşne diýene suw berdiňiz. Men ýalaňaja don berdiňiz. Gum diýenimiz gyzyl boldy. Indi teke türkmenleri siziň saýaňyzda, köpeldi, gurplandy, göwünleri birneme hyruçlandy. Indi il-günüň göwni garry watany, Garagumy, Ahal ýerlerini küýseýär. Siz bize ýene bir howandarlyk edip, öz ilimize, garry watana aşmaga hemaýat ediň! Şirgazy han – Eý, Keýmir serdar! Teke türkmenleri meniň gözümiň agy, ýürekimniň bagydy. Men teke türkmenlerinden tekeden özge ýamanlyk körmeýdim. Siziň ata-babalaryňyz bilen biziň ata-babalarymyz bir ananyň bir ananyň süýdüni emşen kardaşlar deýin azyz körüşip ötgenler. Men olaryň täbini, ýoluny dowam ete men. Ine, il, niçe ýaşasaňyz ýaşaňlar. Ager isleýip, kitseňizler, her kanda bolsaňyzlar, Alla sizleri öz penasynda aman saklagaý. Man öz kardaşlarymyň isleýkine karşy bolmaý man. Ine, Araz ynaga berkden berk tabşyraman. Ikki müň tüýe bilen sizleriň halkyňyzy islegen ýerleriňize eltejekler. Ager, soň bir kün ürekiňiz isteýse, mana, Was sizleriň watanyňyzdyr. Han tagtyndan düşüp, gelip, Keýmir serdaryň, Annaseýit batyryň egnine hyňa donuny serpaý ýapýar. Soň olary ugramakçy bolan wagty sahna hyzmatkär girýär. Hyzmatkär (Aýal sesi bilen) – Han azyzlary, Karamazy obasyga iberen nökerleriňiz kelgenler. Olar karaşyp turganlar. Şirgazy han (Ähli ünsüni berip) – Çakyryňlar, kelsinler! Sahna ketde nöker ýoldaşy bilen girýär. (Onuň sypatyndan ýadap, uzak ýoldan ýorlup gelendigi bildirýär. Nökerler gele-gelmäne ýere ýazylýarlar) Şirgazy han (Gazaply) – Habar ber! Ketde nöker (Başyny galdyryp, aljyraňňy) – Kan eke, Kan ekke, Andalyp kelmeýdi. «Andalypny isteýseler, özleri kelsinler» dediler. Şirgazy han (Gussa batyp) – Şeý tigenlermi! Ager şeý timeseler, olardan Andalyp bolajakmy! Her körgen hanynyň «munda keline» ýüwrüp kelgenden Andalyp bolmaýdy! Bolmaýdy! Hanga «jok» tiýme üçin atyň kellesi teý ürek kerek! Hanlar, köşgi-eýwanlar kum bolup kalarlar. Amma Andalyp, onuň diwanlary heýç ölmejek. Ager nesiller bizleri ýat kylsalar, Andalypnyň döwründe ýaşagan tiýip ýat kylajaklar! Meniň başym Andalypga kurban olsun! Bizleriň özlerimiz olarnyň kadam tozuna zyýaratga, togapka baramyz. Ketde nöker (Hanyň bu sözüne birneme batyrlanyp) – Han azyzlary, Andalyp ekeler: Eger Şirgazy han kullaryny azat kylsyn. Biziň hemmämiz Beýik ýaradanyň kullarydygymyzy unutmasynlar. Agar olar «kullaryny azat kylmasalar, kullary ham olargy azat kylmazlar» dediler. «Ynsana jebr kylnyp kurulgan jamy-medressäniň haýryndan şeri zyýat olur» diýgenler. Şirgazy han (Agyr oýlar bilen Keýmir serdara garap) – Kullarny ham azat kylaman. Bir ýyl, bir aý kaldy. Madresse gurulsun. Hemsini, hemsini azat kylaman. Men olara zulum kylmyman. Keýmir serdar (Göwni hoş halda) – Han aga, ömrüňiz zyýat bolsun! Geljek aý mukaddes Remazan aýy, nesip bolsa, Baýram aýynyň başyna bize «ak pata» ber. Şirgazy han (Şeýh-ul-Yslama baş atýar) – Şeýh-ul-Yslam orta çykyp, doga okap, «ak pata» berýär. Şeýh-ul-Yslam (Gollaryny galdyryp) – Eý, Allam, teke türkmenlerini öz şerapatlaryňyz bilen ýalkaňlar. Olary çörden-çöpden kän eýläň. Olar agzybirlikde, dost-doganlykda, uzak ömür sürsünler! (Gollaryny galdyryp ýüzüne sylyp) – Alla ýaryňyz bolsun! Ýurduňyz garşy alsyn! Yrsgal-döwletiňiz zyýat bolsun! Sizlere hemaýat kylgan hanlar hany Şirgazy hanyň ömri uzak, bagty, yrsgal-döwleti egsilmesin! Omyn! Keýmir serdar (Minnetdarlyk bilen) – Han aga, sag boluň hemaýatyňyza, ak pataňyza. Şirgazy han – Aman baryňlar! Ýurtuňyz karşy algaý. Meniň indiki hemaýatymy Sizlerge Aras ynak ýetirer. Hoş kalyňlar. Sahna Ikinji bölüm Üçünji görnüş Garamazy obasy. Nurmuhammet Andalybyň jaýynyň eýwany. Şahyr eýwanyň bir gyrajygyndaky kiçijik, aýaklyja tagtanyň üstüne egilip, işläp otyr. Ol birden howl alyp, başyny galdyrýar-da, soňra ýerinden turýar. Alyslara seredýär. Sahna kem-kemden garaňkyraýar. Sahnanyň gyrasyndan dürli yşyga lowurdap, ýaşajyk gyz sülmüräp gelýär. Sahnanyň beýleki gyrasyndan ýaş ýigdekçe gyza bakan okdurylyp gaýdýar. Ol gele-gelmäne: Ýaşajyk Andalyp (Bilbil): – Eý, şehi – näzik tebigat, gül ýüzüňden ögrüleý, Eý, kamar ýüzlük, şeker-şirin sözüňden ögrüleý. Hoş galam ol iki gaşy gunduzyndan ögrüleý. Yşwa näz eýläp bakan nerkes gözüňden ögrüleý. Hem gözüňden, hem ýüzüňden, hem özüňden ögrüleý. Gül (Andalybyň ýüzüne ýylgyryp bakyp, onuň gujagyna girýär): – Yşk damyga meni eýleýip esir, Zyndan kyldyň ýagty jahanym meniň. Aşyklar ilne işiňdir jepa, Bir sagat elemden etmediň reha. Sansyz belalarga eýleýip mübtülla, Bul derde manylmaz dermanym meniň. Gülüň işi pygan bilen ah bilen, Gussa ýuwtmak, nala çekmek, wah bilen, Sapa kylmak Güli gara bagt bilen, Sagatga goýmadyň döwranym meniň. Andalyp (Gyzy gujaklap): – Gülüm, heý meniň iki jahan dilberim, sen neüçin meni gaflat ody bilen örtär sen. Meniň üçin bu ömür, bu jahan, aýşy-aşret diňe sen ahyryn. Gül (kiçijik aýasyny Andalybyň dodaklaryna goýup) – Beýle diýmäňler ezizim. – Baga bardym bardyr Gülüň wepasy, Başdan agdy aýrylygyň jepasy. Janym aldy her bir guşuň nedasy, Çyn aşyklar adaýym derdi belada. Hijr oduna gül dek ýüzüm sargardy, Yşkyň ogy meni jandan doýurdy, Gül neýlesi, nerkes gözüm garardy, Şirin deýin galdym gamy – Perhada. Andalyp – Eý, Gülüm, men seni diýp Mežnun söwdasyna düşüp men. Meniň jigerimde ýşk ody lowlaýa, on ik süňňümi weýran kylar. Meniň sen diýip çekýän ahymdan jümle-jahan lerzana gelmiş. Sen, heý, meniň çekýän derdimi duýmadyňmy?! Gül: – Günbe günden artar ahym, perýadym, Hijran sili ýykdy yşkyň binýadyn. Hasyl bolmaz bag seýliden, binýadym. Meger indi öler boldum jepada. Bilbil guşuň gülzaryda zary bar, Köňli söwer göz alynda ýary bar, Ýüregimde buhijranyň nary bar, Bilmen niçik gün görer men dünýäde. Andalyp: – Natuwanym, asa alyp, Muhabbet köňlüge salyp, Sen istär sen menden gelip, Gan ýyglama garybana. Andalyp diýp, ne kylaýyn, Sözüň nedir, aýt, bileýin, Goý, halypam, men öleýin, Sen o ýana, men bu ýana. Gül ganatlaryn gerip ýaş Andalybyň yzy bilen garaňkylyga siňip gidýär. Sahna kem-kemden ýagtylýar. Sahnada beýik şahyryň bir özi galýar. Ol tomaşaçylara garap gözleriniň ýaşyny akdyryp durşuna. Andalyp: – Gül çäre et, nemaýan, biçäre Andalyba, Kylsaň ne boldy, gähle-zara Andalyba, Rehm eýlemezmi sen, hiç awara Andalyba, Bir jamy doly tutgyl, meýhara Andalyba, Näzi-utaby birle, baranda baga dilber. Ikinji bölüm Dördünji görnüş Nurmuhammet Andalybyň jaýynyň eýwany. Şahyryň daş-töweregini onuň obadaşlary gallap otyr. Orta ýazylan saçagyň üsti nazy-nygmatdan doly. Şahyryň gapdalynda Keýmir serdar, ýene-de birki sany türkmen batyrlary otyr. Keýmir serdar (Andalybyň ap-ak bolan saçyna, nurana ýüzüne garap) – Nurmuhammet aga, biziňem şol gelip gidenimiz bäri bir ýyla golaý wagt geçiberipdirem. Öň Wasda oturan teke-türkmenleri bir müň ýedi ýüz düýe, şonçarak at, eşek bilen garry watana göçüp bardy. Elbetde ol ýerde bize Wasyň eşreti ýok. Aý, garaz, onda-da garry watan-da! Göwün garry watandan özge ýerde karar tapmajak eken. Indi göwnümiz-ä bir ynjaldy. Wasda ulag ýetmäni üçin göçüp bilmedik garryndaş-doganymyz galypdy. Şolary göçerip, alyp gideli diýip, on-on bäş sany düýe alyp geldik. «Hem daýymlara gitjek, hem taýyma baş öwretjek» diýenleri ýaly, ölmänkäk eziz didaryňyzy ýene bir göreli diýip, görme-görşe geldik. Öňki sapar siziň sylap beren diwanlaryňyzy hatdatlarymyz göçüreý-göçüreý, Ahal iline, külli Söýünhana ýaýratdylar. Şol diwanlaryňyza «taňryýalkasyna-da» han-a, bir köşekli düýe. (Ol gapdala). Hany, getir, inim şol düýeleri. Ol uly teke halysyny alyp (Şahyra) – Hany, ýeriňizden turuň bakaly. Bu halyny size sowgat bolsun diýip gelnim bilen gyzym dokady. (halyny ýazyp) – Ine, nesip etsin. Gutly bolsun. Döwlet aga (Begençli) – Aý, Keýmir serdar, şun-a oňardyň-ow. Dym, ajap zat ekeni. Bu gözel zady dokanlaryň eli-gözi dert görmesin. Şükürjan eke (Elleriniň barmaklaryny şyrkyldadyp, aýlanyp aýdym aýdýar): – Aý, kişte-kişte, kişte, Omyn diýgeý perişde, her işde, işde, işde, Külli ilat ýörişde, ýörişde, ýörişde, Aý, kişde, kişde, kişde! Andalyp (Salykatly başyny galdyryp) – Eziz ilim-günüm, öňem men sizlerge agyr ýük bolup ýörün. Men bir ekenden däl, dikenden däl, bakandan däl. Şonda-da meni bakyp-bejerip, besläp otyrsyňyz. Şükür, araňyzda kem zadyňyzy goýaňyzok. Ýöne, Keýmir serdar, bu günki sylag-serpaýyňyň artykdyr. Siz bu zatlary maňa däl-de, mynasyp adamsyna beriň. Keýmir serdar (Başyny ýaýkap) – Eý, beýik dana, biz bir öz raýyna gezip ýören halk. Alla bize ekmegiň, dikmegiň, ile-güne sernjam berip, watany goramagyň tilsimini beripdir. Emma biz her näçe zora galsagam siziň düzen ýekeje diwanyňyzy düzjek gümanymyz ýok. Hywa hany Şirgazy han aýtmyşlaýyn: «Hanlar, halk. Halaýyk geçer gider, Emma Andalyp, onuň ýazan şygyrlary, diwany nesillere, ýyllara galyp, ýaşar ýörer» Andalyp (Tolgunyp) – Ýok, bradarlar, bize beýle baha bermäňler. Andalyp hem bolup bilse siziň ýalydyr. Bolmasa, o-ça ýokdur. Ol bir bu haý-howaýy bossanynda alaçsyz saýrap ýören garyp bilbildir. Beýik Ýaradan maňa Gül atly närsä yşk, höwes, telwas berdi. Men tutuş ömrümde şoňa telwas edip saýran men. Emma maňa oňa gowuşma myrat bolmady. Görüň, bu gün men altmyş ýaşga golaý gelip men. Indi başymy galdyryp garasam, ne gül bar, ne bag bar, ne maşgala, ne-de bir zurýat! Menden diňe dessan galdy. Hemem, ilim-günüm, Siz! Ýaradan meni iki ýaprak bilen ýalkan eken, birisi, bilbil owazy, ikinjisi il-günüň hormat sylagy. Şol hormat meniň ýalyň bir ömri üçin aňry ýany bilen ýeterlik. Siziň getiren sylag-serpaýyňyz maňa artykmaçdyr. Bu gün meniňem ilim-günüm üçin bir buşluk habarym bar. – Ol gapdalynda ýatan diwanlaryň arasyndan birini soguryp alýar. – Men bu gün siziň haýyş eden «Ýusup-Zylyhaňyzy» dessan edip tamam kyldym. Ilim-günüm, ine, alyň, Size Garyp bilbil Andalypdan size serpaý bolsun! Andalyby golap duran adamlar begenişip, bu diwany elden ele geçirýärler. Şeripjan eke – Dym ýakşy, şaýyr aka! Siz muny bizge okyp beriňler, jan ek-keee! Andalyp diwany eline alyp okamakçy bolýar. Şol golaý bir ýerden Jarçynyň sesi eşidilýär. – Eşitmedim, diýmäňler haw, Hywa hany Şirgazy han gullaryň elinden şehit bolandyr-la-haw! Onuň iň soňky sözi: «Meni gullardan azat kylyňlar!» bolandyr-la-ha-aa-aw! Şol wagt sahna egni köneje horjunly Nary girýär. Ol egnindäki horjunynam düşürmän, dabaraly: – Eşitdiňizmi! Döwlet aga – Eşitdik welin, ýöne äm-säm bolup galaýdyk. Sylapbergen eke – Biz-de, düşünmegen, bala. Nary – Häzir baryn gürrüň bereýin. Şirgazy hanyň golunyň astynda on müň guly bar eken. Ol gullara: «Siz maňa bir medrese gurup beriň. Medresäni bir ýylda gursaňyzam, bir aýda gursaňyzam, men sizi azat etemän» diýip wada eden. Azat bolmaga howlugýan gullar medresäni ýarym ýyla ýetirmän gurup gutarýarlar. Han bu çalamydar medresäni görüp, gaty gazaba münenmiş. Gullary ýanyna çagyryp «Size ahyrýetge deňiçem azatlyk bolmaz!» diýen. Gahar-gazaby möwjän gullar bu söze «Şol ýeriň özünde hany düýt-müýt edenler! Onuň iň soňky sözi «Meni gullardan halas ediň» bolupdyr. Şeýdip Şirgazy han gullaryň gazabyndan jan berdi. Andalyp (Ýerinden turup, sahnanyň ortasyna gelýär. Keýmir serdar, Şerip jan eke, Sylapbergen eke, Döwlet aga, Nary ony gallap dur) – Eý, baradarlar, «Kasas kyýamatga galmaz. Men sizlerge Oguzhan atamyzyň öz ogullaryna sargan pendini aýdyp bereýin! – Birewge etmedim men kast bilen jebir, Jebir görsem-de eýledim sabyr. Birew bir söz diýse, diýdim oňa «haýyr» Sebäp şu Uýgur-da seniň ataňdyr. Haýyr bilen bakyp işiň soňuna, Ýetişdim men öz maksadyma. Hakanlyga raýat bolmasa dost, Oňa akyl kişiler etmezler kast. Olar öz gabryny öz eli bilen, Gazypdyrlar ki halkdan ilki bilen. Zulum zäherini dadan ölgeý, Raýatsyz şadan näme bolgaý! Sahna ýapylyp, soň täzeden açylýar. Sahnada Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň özgerişler eýýamyndaky buýsançdan doly didarynyň – belent binalaryň, mermer köşgi-eýwanlaryň, belent çüwdürimleriň, gül-günçaly owadan meýdançalaryň keşbi uzalyp gidýär. Bagtly zamananyň bagtyýar ogul-gyzlary Nurmuhammet Andalybyň daşyna aýlanyp, aýdym aýdyp, küşt depýärler. – Ady arşa ýetenim, Türkmenistan Watanym. Arkadagyň pähminden, Bagyt daňy atanym Gülle ýene, ös Watan, Aksyn eşret derýasy. Eziz, mukaddes Watan, Sekiz jennet hemrasy. Aýdym aýdyň, şat boluň, Geldi ajap zamana Bu gün Watan şöhraty, Doldy älem-jahana. Soñy. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |