09:14 Annasapar mugallym / hekaýa | |
Annasapar mugallym
Hekaýalar
Oba mugallymy A.Saparowyň ýagty ýadygärligine Şu gün pagta ýygymy başlandy. Obamyzyň daýhan birleşiginiň başlygy Jumaguly aga mekdebe gelip, ýygnak geçirdi. Ol: —Uly-kiçi gaýrat ediň –diýdi. —Ýetişdirilen hasyly gar-ýagşa goýman, ýygyp tabşyralyň –diýdi. —Bu döwür bir «ak front», siz, çagalar, şol frontuň Gawroşlary, size ynam uly –diýdi. —Borçnamamyzy dolup bilmesek, obamyzyň ozaldan gelýän at-abraýyny ýere çaldygymyz bolar, ýüzügara borus –diýdi. Herimize täzeje halta bilen iki sany akja partyk paýlady. Erteden başlap, okuwy gutardygymyz, maşyna münübermeli bolduk. Her synpa ýörite berkidilen maşyn, bölünip berlen pagta meýdany bar. Okadýan mugallym bolsa, ýolbaşçylyk etmeli. Ýygym başlanaly bäri, däp bolşy ýaly, bu gün hem sapaklar soňlanan dessine, Annasapar mugallym bize: —Çagalar, häzir öýli-öýüňize gidiňdejik çaý-çörek ediniň. Onsoň, halta-partygyňyzy alyp, mekdebe geliň. Bolýarmy? –diýdi. —Bolýar –diýşip, öýe eňdik. Salym geçmänkä, mekdebe jemlendik-de, özümize berkidilen maşyna mündük. Sürüjimize Penji diýýärler. Ol örän hyrsyz adam. Bizi okuwdan soň pagta meýdanyna eltýär. Agşam bolsa yzymyzdan baryp, alyp gaýdýar. Bize bölünip berlen pagta meýdany obadan uzakda. Ol derýa ýakasyndan açylan täze ýer. Oňa asfalt ýol bilen hem, gumak ýol bilen hem baryp bolýar. Asfalt ýol gumak ýola görä aýlawlyrak. Penji bu gün, näme üçindir, gumak ýoldan sürdi. Belki, howlugýandyr. Özem, şeýle bir batly haýdaýar welin, hylçyldaşyp, içimize sanjy dolup barýar. Şol barmana, Meretgeldiniň papagyny ýel alyp gitdi. Annasapar mugallym kabinany kakdy. Penji maşyny saklap, gapydan boýnuny uzatdy: —Näme boldy?! —Meretgeldiniň papagy uçdy. —Häý, papagyňy oňarman... –diýip, Penji papagynyň yzyndan ylgap barýan Meretgeldä sögündi. —Penji, ýuwaşrak sürsene. Alyp barýanyň ot ýa-da odun däl-ä –diýip, Annasapar mugallym duýdurdy. —Akyl öwretmän otur, halypa –diýip, Penji mugallymyň ýüzüni aldy. —Çagalary heläk edýäň. —Heläk bolup, gözleri çykasy ýok. —Tekizje asfalt bilen gidibermeli ekeniň-dä. Biraz giç barardyk, emma tozana bulaşmazdyk, içimize sanjyda dolmazdy. —Ruluň başynda oturan menmi ýa sen? —Sen. —Onda işiň bolmasyn, nireden gitjegimi özüm bilerin. Men ikinji partygymy pagtadan dolduryp barýardym. Edil gapdalymdaky keşden ýygýan Jennetem menden galmajak bolup haýdaýardy. Onýança-da, Permanyň atan gozasy Jennete patlap degdi. —Mugallym, Perman-a goza atýar. —Perman, akyllyja bol! –diýip, Annasapar mugallym Permana duýduryş berdi. Onsoň: —Pagtany kim köp ýygsa, şoňa zähmet sapagyndan «bäşlik» goýjak –diýdi. —Zähmet sapagy esasy sapak däl-ä, mugallym –diýip, synpymyzda tapawutlanyp okaýan Äşejik howsala düşdi. Sebäbi ol okuwa ökde bolsa-da, pagta ýygmaga asgyndy. —Ýalňyşýaň, Begmyradowa. Zähmet sapagy iň esasy sapak –diýip, Annasapar mugallym Äşejige düşündirdi. Äşe ekiztaýydy. Ol taýy Patma bilen bir partada bileje oturýardy. Patma ýygymçy. Ol eýýäm iki partyk pagtany haltasyna gapgarypdyr. Şonuň üçinem Annasapar mugallym: —Ynha, Patma hökman «bäşlik» goýmaly bolar –diýip, onuň öwgüsini ýetirdi. Annasapar mugallym: —Her kim özüne bir köýnek ýa-da jalbar çykarlyk pagta ýygsa bolýar. Hany, geliň, haýdalyň. Ýolka baýramçylygyna ählimiz täze eşik edinjek bolalyň –diýip, bizi höweslendirdi. Myrat welin, mugallymyň sözüni eşitmedik ýaly, sömelip dur. —Berdiýew, sen näme ýygman dursuň? Täzeje köýnek geýesiň gelenokmy? —Mugallym, men aldaýanyňyzy bilýän-ä. —Ýok, aldamok. —Çypbakaý çynyňyzmy?! —Çypbakaý çynym. Siziň ýygan pagtaňyz fabrige gider. Ol ýerde-de ondan mata dokarlar. Matadanam size eşik tikerler. Şeýle gerek, çagalar?! —Şeýle! —Gördüňmi, bu hakykaty hemmeler bilýär. Sen bolsa bileňok. Onsoňam, pugta ýadyňda sakla! Mugallymlar hiç haçan aldamaýar. Olara aldamak bolanok. Penji bu gün hem adatdakylary ýaly, Gün ýaşyp, garaňky mazaly gatlyşansoň geldi. Ol bizi alansoň, aýallaryň pagta ýygýan atyzyna sowuldy. Olaryň hem ýygan pagtalaryny ýüklemekçi boldy. Hakykatynda welin, ol irräjik gelip, bizi çekimhana eltip, aýallaryň pagtasyny soň alyp gitmelidi. Ýüzüne atlary gowaçanyň ýapragy bilen ýazylan, hersi ýetmiş-segsen kilo geljek pagtaly ganarlaryny bir ýere üýşürip, ýygymçy aýallaryň özleri eşekli eşegine münüp, gaýdypdyrlar. Olar eýýäm çekimhanada garaşýandyrlar. —Bu ganarlaryň üstünde çagalar nädip otursynlar? –diýip, Annasapar mugallym onuň niýetini oňlamady. —Oturasy gelmedik pyýadalap barybersin –diýip, Penji zoňtar jogap berdi. —Ýykylmaklary mümkin. —Jan gerek bolsa, pugtadan-pugta ýapyşsynlar. —Häý, seniň bilen düşünişmek juda kyn-aý –diýip, Annasapar mugallym göwnügeçijilik bilen başyny ýaýkady. —Seniň bilenem aňsat däl. Men, näme, bir gezekde bitirip biljek işim üçin iki geler öýdýärmiň? —«Çagalary aýratyn alyp gitmeli» diýip, saňa tabşyryldy ahyryn?! —Tabşyrylanda näme? –diýip, Penji içýakgyç güldi. Penji öňküleri ýaly gaty sürdi. Bökdürende gaçyp galmazlyk üçin, biri-birimizden pugta ýapyşýardyk. Çekimhana barsak, ýygymçy aýallar maşynyň gelmegine garaşyp duran ekeni. Olar ýygan pagtasyny tizden-tiz çekdirip, öýlerine gaýtmaga howlugýardylar. Biziň pagtaly haltalarymyz aýallaryň agyr-agyr ganarlarynyň aşagynda galypdy. Şonuň üçinem Penji olary düşürýänçä garaşmaly bolduk. Ýygymçylar Penjiniň her oklan ganarynyň ýanyna ylgaşyp baryp, onuň kimiňkidigini anyklansoňlar, gapanyň ýanyna süýräp äkidýärdiler. Yzanda-çuwanlykdy. Alagaraňkylykda kimiň näme işleýändigine düşüner ýaly däldi. Onýança-da, bir aýal: —Waý, bu ýerde bir oglanyň üstüne ganar gaçdy! –diýip, gygyrdy. Ýerli-ýerden ylgaşyp baryp, ganary aýyrdylar. Görsek, Meretgeldi ýere ýazylyp ýatyr. Annasapar mugallym ony göterip, bir çete çykardy. Papagyny başynyň aşagyna ýassyk edip ýatyrdy. Ýüzüne suw sepdi. Meretgeldi birazdan soň özüne gelip, mejalsyzlyk bilen dikelip oturdy. —Hany, el-aýagyňy, boýnuňy hereketlendir –diýip, Annasapar mugallym oňa ýüzlendi. Meretgeldi el-aýagyny, boýnuny hereketlendirdi. —Hiç ýeriň agyranokmy? —Biraz boýnum agyrýar, başym aýlanýar… Bolan işi gören Penji gozakdan böküp düşüp, hasanaklap geldi: —Kim saňa ganar oklanylýan ýeriň aşagynda dur diýdi? –diýip, Meretgeldiniň üstüne azgyrylyp başlady. —Ölmäniňe-de şükür, ýogsam, seniň ýaly özüni oňarmaýan burny sümükli üçin, kellämi ýalaňaçlap jogap bermeli bordum. —Ganar oklaýan ýeriňe seretmeli ekeniň-dä –diýip, Annasapar mugallym Penjä duýdurdy. —Şularyň mugallymy senmi ýa-da men? Eger sen bolýan bolsaň, kimiň nirede durandygyna men däl-de, sen seretmeli, düşündiňmi?! –diýip, Penji Annasapar mugallymyň üstüne herreldi. Onýança-da, Meretgeldi ýerinden turup, üstbaşynyň çaňyny kakyşdyryp başlady. Bizem oňa kömekleşdik. —Belki, seni lukmana görkezmelidir? –diýip, Annasapar mugallym ondan sorady. —Aý, ýoklaý, mugallym... –diýip, Meretgeldi mejalsyz ýylgyrdy. —Meniň hiç ýerim agyranog-a. —Şeýle bolawersin… –diýşip, töweregimize üýşen ýygymçy aýallardyr çekimhananyň işgärleri dargaşdylar. —Özüm giderin –diýse-de etmän, Annasapar mugallym, Meretgeldiniň ýanyna Perman ikimizi goşdy. —Öýlerine eltip gidiň, bolýarmy? –diýip, haýyş etdi. Meretgeldä bolsa: —Eger özüňi erbet duýsaň, ertir okuwa gelmäý –diýdi. Meretgeldi bizden bolan işi ejesine aýtmazlygy haýyş etdi: —Eger aýtsaňyz, ol meni okuwdan soň pagta ýygmaga goýbermez –diýdi. Ol pagtany hemmämizden az ýygýardy. Şonuň üçinem, men oňa: —Sen pagta ýygmagy halaňog-a?! –diýdim. —Men pagta ýygmagy halamok-da, siziň ýanyňyzda bolmagy halaýan –diýip, ol näme üçin ýygymdan galmak islemeýändiginiň sebäbini düşündirdi. Meretgeldiniň ejesi Akgül daýza şähere gatnap, süzmedir ýumurtga satyp söwda edýär. Özem, barypýatan kanunçyl. Ýygymçy aýallaryň birisi öýleriniň deňinden geçende, bolan wakany oňa eýýäm aýdyp ýetişen ekeni. Ol howlularyndan daş çykyp, ýola seredip duran ekeni. Bizi görenden: —Şu ýumruk ýaly çagalaryň ýygýan bir gysym pagtasyna göz dikýänlerde akyl ýok. Bular pagta ýygandan kitaplaryny okany bähbitli dälmikä? –diýip, gaharly hüňürdedi. —Mundan beýläk ýygymda körüň ýok. Men seniň maýyp bolmagyňy islämok. Okuwdan soň öýde oturarsyň –diýip, Meretgeldä tabşyrdy. —Ertir mekdebe baryp, özüm pugtaja gürleşerin. —Beýtmäý-dä, eje... diýip, Meretgeldi oňa ýalbardy. —Ýok, şeýtjek –diýip, ol kejirlik bilen oglunyň ýüzüni aldy. Meretgeldiniň ejesi diýşi ýaly-da ertesi irden mekdebe gelip, direktor Weli aganyň ýanyna barypdyr. «Ogluna gowy gözegçilik edilmändigi» üçin, onuň kellesini mazalyja agyrdypdyr. Ol hem, öz gezeginde, Annasapar mugallyma käýäpdir. Sapaga gireninde, Annasapar mugallymyň ýüzi salykdy. Ol käýelendigini bize bildirmejek bolýardy. Özüni adatdakylary ýaly parahat alyp barmaga çalyşýardy. Ilki Meretgeldiniň halyny sorap, soňra sapaga başlady. Arakesmä çykanymyzda, Meretgeldi: —Ejem hiç oňarmady –diýip, lapykeç dillendi. —Mugallym günäkär däl-ä. Günä meniň özümde. Ejegül daýzanyň ganaryny süýreşmäge barypdym. Ol görgüli horja. Pagtany köp ýygýandygy üçin, ganary bolsa hemmeleriňkiden uly. Bu gün Annasapar mugallym biziň herimize iki keş pagtadan paýlap berdi. —Yzyňyzy barlajakdyryn, ýekeje übtügem galdyrman, gowuja ýygyň! –diýip, pugta tabşyrdy. Soňra: —Ynha, menem size ýygşaýyn –diýip, bizi ýygyma tijedi. —Mugallym, maňa ýygyşsaňyzlaň? —Mugallym, maňa-da?! —Bolýar, ähliňize-de ýygşaýyn. Heriňize gowy bir goşawuç pagtadan. Biz ylalaşdyk. Sebäbi atyzda hasyl galmandyr diýen ýalydy. Bir goşawuç pagta —bu her kim üçin uly goşantdy. Gün ýaşaňkyrlap başlandan, pagta ýygmamyzy bes edip, atyzyň gyrasyna ýygnanyşdyk. Penji gelse, ýüklemäge taýynlap, haltalarymyzyň agzyny bogduk. —Perman ýok-la? –diýip, Annasapar mugallym bize ýüzlendi. —Dogrudanam, hany Perman? –diýşip, biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. Ýerli-ýerden: —Perman! —Perman-how! –diýip, onuň adyny tutup, gygyryşyp başladyk. Emma, alagaraňkylyga basyrynyp barýan töwerekden Permanyň «hä» sesini eşitmedik. —Oňa näme bolduka? Iň soňky gezek haýsyňyz ony gördüňiz? –diýip, Annasapar mugallym biynjalyk boldy. —Ýaňyrajyk hol tuduň ýanynda ýygyp ýördi. Menden sagadyň näçe bolandygyny hem sorady –diýip, Batyr jogap berdi. —Hawa, şonda sagat näçedi? —Öýlän bäş bolup barýardy. —Ondan bäri bir sagat gowrak wagt geçipdir. Şondan soň ony hijiňiz görmediňizmi? —Ýok, görmedik –diýişdik. Gyzjagazlar gözlerini tegeleşip, howsala düşdüler. —Hany, köşeşiň, çagalar. Permana hiç zat bolan däldir. Häzir ony taparys –diýip, Annasapar mugallym bize —oglanlara görkezme berdi. —Heriňz bir keşden giriň-de, atyzyň aňry başyna çykýançaňyz, gowaçalygyň içini barlap gidiň. Biz ylgaşyp, atyza girdik. Wagtal-wagtal: «Perman!» diýşip, gygyrýardygam. Keşme-keş barlap, atyzyň ortasyna ýetenimizde, Serdar begençli buşlady: —Mugallym, ynha, Perman! Onýança-da, äm-säm bolup, zöwwe ýerinden galan Perman göründi. Annasapar mugallym oňa käýär öýtdük. Emma ol onuň üstbaşynyň çaňyny kakyşdyryp: —Perman, indikide beýtme, ýüregimizi-hä ýardyň –diýdi. —Mugallym, men geçen gije oňat uklap bilmedim. Täze bolan jigim aglap, hiç ýatyrmady. Şonuň üçinem, partygymy ýassanyp, birazajyk gyşaraýyn diýdim. Ýöne, uklap galypdyryn. Permanyň sag-salamat tapylanyna begendik. Gyzlaryň iň gorkajygy Gözel oňa: —Men-ä seni şagal iýendir öýdüp gorkdum –diýdi. Biz muňa hezil edinip gülüşdik. Dynç günleri pagta daň bilen gidýäris. Agşama çenli meýdanda bolýandygymyz üçin, günortan iýjek-içjegimizi hem ýanymyza alýarys. Hemmämiz jemlenişip oturyp, elten dürli-dümen zadymyzy orta goýup, bilelikde naharlanýarys. Bu juda gyzykly bolýar. Biri-birimize: —Aýgülüň getiren somsasy süýji ekeni. —Gözeliň erik mürepbesi hem gowy. —Gurbanyň gowurmasy hem oňat –diýşip, ortadaky iýmitleriň hersinden birazajyk datsak-da, gerk-gäbe doýýarys. Annasapar mugallym bolsa ullakan şakäsä gowurma atyp, üstüne çaý guýup, «çopan çorba» edinip iýmegi gowy görýär. Ol dessine iýip-içýär-de, biz naharlanyp bolýançak, elmydama jübüsinde göterýän çaklaňja kitapçasyny —«Iňlisçe-türkmençe sözlügi» okamaga girişýär. Ol Aşgabatdaky başlangyç synp mugallymlaryny taýynlaýan mekdebi gutarypdyr. Indi uniwersitete gaýybana girip, ýokary bilim almagy arzuw edýär. Şoňa taýýarlanýar. Bu gün hem dynç güni. Adam başyna iki partyk pagta ýygýançak, gün günortan boldy. Çaý içmäge oturdyk. Termosa demläp elten çaýymyzdan owurtlap, biri-birimize degşip, garbanyp ugradyk. Mälik bu gün on bäş sany ýumurtga gaýnadyp getiripdir. —Sen munça ýumurtgany näme etjekdiň? –diýşip gülüşdik. —Sizem iýersiňiz öýtdüm. Onsoňam, men ýumurtgany gowy görýärin. Burçdur duz sepip iýseň, baý, süýji bolýar-a! —Ýumurtga biziň özümizem getirdik. Indi, galan ýumurtgaňy yzyňa alyp gitmeli bolarsyň –diýşip, Mälige degip başladyk. —Yzyma-ha alyp gitmerin. Häzir men muny özümem iýerin. —Iýip bilmersiň –diýip, Perman onuň bilen jedelleşip ugrady. —Iýerin. —Hany, iý-dä zor bolsaň –diýşip, biz hem ony tijedik. Mälik biziň ýerli-ýerden gabygyny arassalap, burç-duz sepip, taýyn edip berýän ýumurtgalarymyzy çeýnäp-çeýnemän ýuwudyp başlady. Biz oňa zordan ýetişýärdik. Näçe iýenini iki-üç ýerden sanaýardyk. Ol ýedi sany ýumurtgany ap-aňsat iýensoň, bilgeşländen sanymyzy kiçeldip, sanap başladyk. Assyrynlyk bilen beýlekileriň getiren ýumurtgalaryndanam arassalap äberip ugradyk. Birdenem ol düwündi. «Hyk-hyk» edip, hynçgylawuk tutup başlady. Gözlerini petredip, ýerinden galdy. Annasapar mugallym okamasyny bes edip, gyzyklandy: —Mälik, saňa näme bolýar?! —Men... «hyk»... mug... «hyk»...allym «hyk»... on «hyk»... iki «hyk»... ýum... «hyk»... ýum... «hyk»... Onýança, Äşejik: —Mugallym, ol, oglanlar bilen jedelleşip, on dört sany ýumurtga iýdi –diýip, düşündirdi. —Kim saňa «Beýt!» diýdi? —Hiç «hyk»... kim «hyk»... özüm «hyk»... —Häý, Jümmiýew... –diýip, Annasapar mugallym başyny gynançly ýaýkady. —Onça ýumurtgany iýip, sen näme, Hajymelikmi?* Bar, indi, atyzyň aňry başyna ylgap gidip gel. Iýeniň siňişsin. —Daşrajyk git! –diýşip, biz garnyny tutup, ylgap barýan Mäligiň yzyndan gygyryp gülüşdik. Pagta ýygýan ýerimiziň golaýynda bakjaçylyk bar ekeni. Muny bize Ýusup aýtdy. Atasy bilen jeňňelden buýan ormaga gelende, üstünden barypdyrlar. Ol bize: —Ýörüň, şoňa gideliň –diýdi. Biz onuň bu niýetini oňlamadyk. Özüne ýoldaş tapmansoň, Ýusup pagta ýygmasyny dowam etdirdi. Günortan çaýa çykmaga az wagt galanda, bir ýaşuly adamyň iki sany oglany öňüne salyp gelýändigine gözümiz düşdi. Görsek, Ýusup bilen Perman. Diýmek, Ýusup özüne ýoldaş tapynyp, bakjaçylyga gidipdir. Dessine atyzyň gyrasyna ýygnanyşdyk. Ýaşulynyň aýtmagyna görä, olar bakjadan garpyz ogurlap, gaçypdyrlar. —Şeýle gelip sorasalaram berjeg-ä –diýip, ol zeýrendi. —Ogurlan garpyzlaryny hem golundan gaçyryp zer-zaýa etdiler. —Bular bilen meniň özüm pugta gürleşerin, Gylyç aga –diýip, Annasapar mugallym sakçyny köşeşdirip ugratdy. Onsoň, müzzerilişip duran Permandyr Ýusuba ýüzlendi: —Utanaňzokmy, ogurlyk etmäge? Adamyň ýaramaz gylyk-häsiýetleriniň arasynda ogurlyk iň erbetleriniň biri ahyryn! Annasapar mugallym surata düşürmegi gowy görýär. Her ýyl okuwlar soňlanyp, tomusky dynç alşa çykmazymyzyň öňüsyrasy, etrap merkezinde ýaşaýan dostunyňka gidip, onuň fotoapparatyny birnäçe günlük sorap alyp gelýär. Bizi surata düşürýär. Surata düşjek günümiz tämiz geýnip gelýäris.Mekdebiň gündogar tarapyndaky ýagty ýere üýşüp, ilki tutuş synpymyz bolup, soňra herimiz aýratynlykda surata düşýäris. Suratlary çykarmakçy bolanda, Annasapar mugallyma Aşyr, Meretgeldi hem-de men —üçimiz kömekleşýäris. Ol öýleriniň bir kiçijik otagyny garaňkyradyp goýup, ýörite gyzyl çyra ýakyp, şonuň yşygynda işleýär. Ýüzüne şekil düşürilen kagyzy bize berýär. Biz bolsa ony dessine ýörite erginlere batyrýarys. Şekil peýda bolansoň, berkidiji suwuklyga atyp, yzyndan arassa suwly kersende usully ýuwýarys. Soňra tekizje gurar ýaly, gysaja gapjadyp, ýüpden asýarys. Annasapar mugallymyň arzuwy gowy fotoapparat edinmek. Ol bize Aşgabatda örän gowy fotoapparatlaryň satylýandygyny, ýöne olaryň gymmatdygyny, täze gurýan jaýyny bitirip bilse, pul ýygnap, şolardan alynmakçydygyny aýtdy. Ol fotoapparatlaryň, surata düşürýärkäň, daş-töweregiň ýagtylyk derejesini özi kesgitleýändigini, özem, surata örän takyk düşürýändigini gürrüň berdi. —Ol fotoapparatlaryň atlary näme, mugallym? –diýip, men gyzyklandym. —Iň oňady-ha «Киев». «Зенит» hem gowy –diýdi. —Ynha, şeýdip, ýaşlykdan öwrenseňiz, siz hem geljekde gowy suratçy bolup ýetişersiňiz. –diýdi. Aşyr, Meretgeldi hem men—üç bolup, öz aramyzda pul goşup, Annasapar mugallyma fotoapparat äbermegi ýüregimize düwdük. Ýöne bu barada hiç ýerde öňünden dil ýarmazlygy, sowgady oňa duýdansyz gowşurmagy şertleşdik. Şeýdilse, juda täsirli bolýar ahyryn. —Ýygan pagtamyzyň puluny jemlesek, ýetmezmikä? –diýip, Aşyr menden sorady. —Bilemok. —Onuň bahasyny anyklamagymyz gerek. —Annasapar mugallymyň özünden sorap görsek näder? —Ýok, ondan sorasak, ol biziň niýetimizi aňar. Şonuň üçinem fotoapparatyň bahasyny başga ýol bilen anyklamagymyz gerek. —Seniň agaň Aşgabatda okaýar ahyryn. Şol bilip bermezmi? —Şuny gowy tapdyň –diýip, Aşyr begendi. —Oňa til edip soraryn. Meretgeldi biziň pikirimizi eşidip: —Meniň-ä ejem ýygan pagtamyň puluny berdirmez –diýip, lapykeç dillendi. —Şonuň üçinem, men orta pul goşup bilmesem gerek. —Sen ejeňe näçe ýygandygyňy aýtma! –diýip, Aşyr oňa maslahat berdi. —Ol her gün näçe ýyganymy sorap, depdere ýazyp goýýar. «Pagtanyň puluny tölänlerinde, aldamazlary ýaly, şeýtmek gerek» diýýär. —Beýle bolsa, sen goşmaýsana –diýip, biz fotoapparaty Aşyr ikimiz bolup almagy niýetimize düwdük. Meretgeldi: —Men goşmasam, mugallym bilse, gowy däl –diýip, gynançly dillendi. —Biz oňa seniň goşmandygyňy aýtmarys. Sowgady üçümiziň adymyzdan gowşurarys –diýenimizsoň ynjaldy. Ýusup bu gün hem bir hokga çykardy. Ol gowaçalygyň golaýyndan geçýän ýabyň suwy çekilen güzerinden bir topar balyk tutup getirdi. Annasapar mugallym onuň partygyndaky balyklary görüp: —Sen bärik näme üçin gelýäniňi unudýaň öýdýän. Bir gün bakja gidýäň. Beýleki gün balyk tutmaga –diýdi. Ýusup: —Mugallym, ejeme gowurdyp, alyp gelsem, erte hemmämiziň iýerimize bolar –diýdi. —Ýeri, bolýa-da –diýip mugallym ylalaşdy. —Ýöne şu günki ýygan pagtaň düýnkiňden az bolmasyn. —Bolýar, mugallym, men öýlän haýdap ýygaryn –diýip, Ýusup söz berdi. Agşam biziň yzymyzdan gelende, Ýusubyň tutan balyklaryny görüp, Penjiniň nebsi otukdy: —Nireden tutduň? —Hol, ýabyň suwy çekilen güzerinden. —Ýene-de barmy? —Köp. —Hany, ýör, görkez –diýip, Penji Ýusuba ýüzlendi. Ýusup nätjegini bilmän, Annasapar mugallymyň ýüzüne seretdi. —Penji, wagt giç bolup barýar. Çagalara öýlerinde garaşýandyrlar –diýip, Annasapar mugallym onuň niýetini oňlamady. —Biraz giç baranlary bilen hiç zat bolmaz –diýip, Penji maşynyň gozagyna ildirilgi ullakan bedräni aldy-da, Ýusubyň salgy beren tarapyna gitdi. Biz bialaç garaşmaly bolduk. Maşyna münüp, üşemezlik üçin, biri-birimize dyknyşyp oturdyk. Biraz wagtdan bedresini balykdan dolduran Penji geldi. Onuň keýpi kökdi: —Lezzet berer şerap bilen Şorja balyklar... –diýip, göwnühoş hiňlenýärdi. Aşyryň agasy fotoapparatyň bahasyny anyklapdyr. Ol juda gymmat ekeni. Iki bolup satyn almak eýgertjek däldi. Şonuň üçin oglanlardan ýene-de bize goşuljaklaryna aýtdyk. Ýöne dillerine bek bolmagy, bu syry öňünden açmazlygy tabşyrdyk. Barybir, biziň Annasapar mugallyma fotoapparat äbermekçi bolýandygymyz bütin synpa äşgär boldy. Oglanlaryň haýsy-da bolsa birisi dilinden sypdyrypdyr. Bu bir tarapdan erbedem bolmady. Çemen başlyklaýyn gyzlaryň hem köpüsi bize pul goşmaga höwes bildirdiler. Şeýdip, fotoapparat almamyz aňsatlaşdy duruberdi. Jemlän pulumyzy Aşyryň agasyna berip goýberdik. Ol bolsa soňky hepde oba gelende, fotoapparat getirdi. Şeýle owadan fotoapparat. Ýüzüne «Киев» diýlip ýazylgy. Gutusy hem gaýyşdan. Biz fotoapparaty Annasapar mugallyma haçan gowşursak gowy boljakdygy barada köp jedelleşdik. Ahyrsoňy: «Täze ýyl baýramçylygynda gowşuralyň» diýişdik. «Doglan gününe gowşursak, gowy bolar» diýenler hem boldy. Ýöne oňa çenli juda köp garaşmaly boljakdyk. Annasapar mugallym ýaz paslynyň ilkinji güni doglupdyr. Täze ýyl baýramçylygyna çenli fotoapparaty Aşyrlarda saklamagy makul bildik. —Ýöne birden ulanaýma! Täzejeligine dursun! –diýip, oňa pugta tabşyrdyk. Bütin synp bolup, täze ýyl baýramçylygyna garaşyp başladyk. Penji bu gün yzymyzdan wagty bilen gelmedi. Garaňky gatlyşyp, aýaz has-da güýjedi. Äşejik gyzaryp şugundyr ýaly bolan burnuny çekdi: —Mugallym, üşeýäs. —Kükürtliňiz ýokmy?! –diýip, Annasapar mugallym bize —oglanlara ýüzlendi. —Ýok. —Alyp gaýtmadyk. —Özüňiz kükürt oýnamaň diýýäňiz-ä. —Hä, ýogsa-da şeýledir –diýip, Annasapar mugallym ylalaşdy. —Onda, geliň, duran-duran ýerimizde otuza çenli sanap, bökmeşek edeliň. Şeýtsek, gyzyşarys. Başladyk: Bir, iki, üç... –diýip, mugallymyň özi ilki böküp ugrady. Bökmek biraz gyzyşdyran-da bolsa, salym geçmänkä ýene-de üşäp başladyk. Äşejik bilen Patmajygyň-a dişi-dişine degenokdy. Olar ejizje bolansoňlar, ählimize görä aşa üşeýärdiler. Üstesinede, çyplaň geýnip gelipdirler. Annasapar mugallym ekizleriň galdyraşýandygyny görüp, egnindäki güpbüsini çykardy-da, olara uzatdy: —Hany, alyň, geýiň. Ikiňizem sygarsyňyz. Heriňiz bir ýeňine eliňizi sokuň. Güpbi Äşedir Patmanyň dyzlaryndanam aşak düşdi. —Nähili, indi üşäňzok gerek?! —Ýok. —Ertir ýylyja geýnip geliň, bolýarmy? —Bolýar. Maşyna garaşyp oturyşymyza, wagt giç boldy. Garaňky gatlyşdy. —Penji geljek däl öýdýän. Hany, ýörüň, şaýola çykalyň. Gabat gelen ulaga münüp, oba aşarys –diýip, Annasapar mugallym bize teklip etdi. Ýygan pagtamyzy atyzyň gyrasynda goýup, mugallymyň yzyna düşdük. Şaýola çykýançak ep-esli ýöremeli bolduk. Ýol pagta ýygýan atyzymyzdan uzakdady. Garaňky kemsiz gatlyşyp, derýa ýakasyndaky hyşaly, toraňňyly jeňňelden şagallaryň uwwuldysy eşidilip ugrady. Gyzjagazlar gorkuşyp, mugallyma gysmyljyraşýardylar. Gözel bolsa onuň elinden pugta tutup barýardy. —Gorkmaň, şagallar allowarrada. Onsoňam, olar bize degmäge milt edip bilmezler. Adam tebigatyň iň güýçli, iň parasatly jandary ahyryn! –diýip, Annasapar mugallym gyzlary köşeşdirýärdi. Özem, ýeke penjekli bolansoň, üşeýäni mesaňa duýulýardy. Elini eline owkalap, eginlerini hereketlendirip gyzyşýardy. Teýahyr, bir maşynyň yşygy göründi. Kiçijik gozakly maşyny el göterip saklady-da, mugallym onuň sürüjisine ýüzlendi: —Dost, yzymyzdan gelmeli maşyn gelmedi. Kyn görmän, şu çagajyklardan äkidibileniňi äkidip, mekdebiň deňinde düşürip gitsene? —Mekdep ýoldan sowarajyk bolýar. Men howlukmaçdym. —Bir gaýrat et, dost jan. Ýogsa görýäň-ä, aýaz alyp barýar. Üşäp, dümewlejek bular. —Ýeri, bolýa-da, münüň! —Hany, oglanlar, ilki gyzlar münsün, onsoň, ýer galsa, siziňem syganyňyz münersiňiz –diýip, Annasapar mugallym bize ýüzlendi. Ol gyzlaryň ejizjelerini göterip maşyna mündürdi. Soňra biziň hem syganymyz mündük. —Ýerleşiklije oturyň. Çemen, sen hemmelere göz-gulak bolmaly. Ýolda hiç kim ýerinden turmaly däl –diýip, Annasapar mugallym aramyzda ekabyrymyz Çemene tabşyrdy. —Mugallym, güpbiňizi berelimi? –diýip, Äşejik sorady. —Ýok, ýok, çykarmaň. Maşynyň ýelginine üşärsiňiz. Biz ugradyk. Ýene-de ulag gelerine garaşyp, Annasapar mugallym hem-de ýedi sany oglan ýolda galdy. Ertesi Annasapar mugallym bizi okatmaga gelmedi. «Ýaranokmyşyn, gyzdyryp, keselhana düşüpdir» diýdiler. Eşidip otursak, ol ýanynda galan ýedi oglany hem gabat gelen ulaga mündürip, özi oba pyýada aşmaly bolupdyr. Çyplaň bolansoň, öýkeni sowuklapdyr. Bizi başga mugallym okadyp ugrady. Biz bütin synp bolup, mugallymymyzdan habar tutmaga, hassahana bardyk. Ol mejalsyzdy. Äşejik ondan çyny bilen sorady: —Mugallym, siz haçan sagaljak? —Haçan köp-köp «bäşlik» alsaňyz. —Biz eýýäm aldyg-a. —Beýle bolsa, tiz sagalaryn. Çemen aramyzda dogumlymyz bolany üçin, ählimiziň ýüregimizdäkini aýtdy: —Täze mugallymymyz erbet. —Beý diýmek aýyp bor. Bilip goýuň, hiç haçan mugallymyň erbedi bolmaýar –diýip, Annasapar mugallym bize çyny bilen düşündirdi. —Şol-a erbet. —Öwrenişmedigiňizden şeýledir. Ynha, öwrenişseňiz, ýalňyşandygy-ňyza düşünersiňiz. Ak halatly şepagat uýasy bize mugallymyň ýanynda uzak bolmaga maý bermedi: —Hany, çagalar, görme-görşi bes edeliň! Ýene gelersiňiz! —Erte gelsegem goýbärsiňizmi?! —Goýbäris. —Sag boluň, mugallym. —Sag boluň. Oňatja okaň! Täze mugallymyňyzyň diýenini ediň, bolýarmy? —Bolýar. Şondan soň bize mähriban mugallymymyzy görmek nesip etmedi. ...2-njiden 3-njä geçenimizde bütin synp bolup ýadygärlik düşen suratymyzy synlap otyryn. Ynha, Perman. Ynha, Gülälek. Ynha, men. Ynha, Äşejikdir Patmajyk. Olar hemişekileri ýaly ýanaşyk oturypdyrlar. Ynha, Gözel, Çemen, Jemal, Maýa, Gurban, Meretgeldi... Hemmämiziň ortamyzda bolsa Annasapar mugallym ýylgyryp otyr. Onuň öňünde meniň portfelim. Portfeliň ýüzüne 3-nji «B» synp diýlip, hek bilen ýazylgy. Ýaňagymdan biygtyýar syrygan ýaş suratyň üstüne damdy. Obamyzda, hil-hil adamlaryň arasynda bir gowy adamyň —Annasapar mugallymyň ýokdugyna, indi onuň mundan beýläk bolmajakdygyna hiç ynanasym gelmedi. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |