18:30 Ar / hekaýa | |
AR
Hekaýalar
Dag etegi obalaryň birinde ýaşaýan Baltabaý aga süri bilen giçlik öýe dolanmadyk ogşugyny gözläp, ertesi daň bilen daga gitdi. Ol mazaly ýöräp dagyň jümmüşine, mal-garalaryň hezil edip otlaýan ýaýbaň jülgesine aralaşdy. Görse, ogşugy bir ýaban göhert bilen höwrügip, otlap ýör. Dag içinde «gotur açypdyr» diýip, eýesiniň kowup goýberen ýa-da öýkeläp sürüden gaçan, peýwagtyna gezip ýabanylaşyp giden düýeler bolýan eken. Baltabaý aga bärden baragada, göherdi kowup, ogşugyny alyp gaýdybermekçi boldy. Ýabanylaşan düýeler adam görse, gaçgyç bolýar. Ol welin gaçman, gaýtyp, Baltabaý aganyň üstüne topuldy. «Bu zaluwat adamdan öçli göhert bolarly» diýip, elindäki taýagy bilen onuň tumşugyna urup, deminden birbada gutulan Baltabaý aga, ogşugyndan ellibizar geçip, janyny gutarmagyň alajyny gözledi. Düýäniň baryp bilmejek gaýaly, daşly ýerine aşmak niýeti bilen aýagaldygyna gaçyp ugrady. Göhert hem onuň yzyndan galarly däldi. Söbügini sydyrdyp, dişlerini «hat-hat» etdirip, agzyndan ak köpük saçyp, kowalap gelýärdi. Ýetip bildigi bagrynyň astyna aljagy şübhesizdi. Ahyrsoňy Baltabaý aga jülgäniň etegine ýetip, gaýa dyrmaşdy. Düýe baryp bilmez ýaly belentlige çykdy. Şol ýerde oturyşyna durmuşynda heranda-haçanda düýe maly bilen bagly bolan wakalary birlaý ýatlap başlady. Ýatlap barşyna, ençeme ýyl mundan ozal gumetegi obalaryň birinden köşekli düýe alanda, bir gara neriň söwdasyny başa bardyrmajak bolşy, düýe eýesi bilen ikisiniň neri çekeläp, urup–gynaýyşlary ýadyna düşdi. «Bu garry göhert şol gara ner bolsa gerek. Ol ogşugyň öz süňňündendigini bilip, oňa höwrügendir. Meni bolsa tanap, ar almak üçin erjellik bilen yzarlaýandyr» diýen pikire geldi. Niýeti başa barmadyk garry göhert gahardan ýaňa agzyndan ak köpük saçyp, gaýanyň eteginde eýläk-beýläk ylgap, birki öwrüm etdi–de, Baltabaý agany gününe goýup, ogşugyň ýanyna gitdi. Biraz dem-dynç alansoň, Baltabaý aga gaýadan düşdi. «Ogşugyň özi barar. Eger barmasa, tüpeňli-taýakly köpleşip gelip, garry göherdi kowup, alyp gideris» diýip, obasyna gaýtmagy makul bildi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ol bialaç ýaňky garry göherdiň ogşuk bilen gezip ýören ýerinden geçmelidi. Daş-töwerek kert gaýa bolup, gaýry ýol ýokdy. Agaçdan agaja bukulyp, assyryn ýöräp, Baltabaý aga garry göherdiň deňinden sag-aman geçip, tizden-tiz howpdan daşlaşmak üçin ädimini ýygjamlatdy. Birdenem yzynda bir tapyrdy eşidildi. Gaňrylyp äňetse, ýaňky garry göhert patanaklap ýetip gelýär. «Be, bu ýeser göhert meni gören eken-ow» diýip, ol ýene-de gaçyp ugrady. Baltabaý aga görgüli sapalak atyp gaçmakdan halys ýadady. Aýak-ellerine tikenli agaçlar çümüp persala etdi. Göhert welin şol kowalap gelýärdi. «Indi nätsemkäm?» diýip, halys aljyran Baltabaý aganyň gözi kert gaýanyň düýbünde garalyp duran gowaga düşdi. «Şuňa girsem, sypsam gerek» diýip, ol oňa sümüldi. Biraz oturyp demini dürsänsoň, gözi garaňkylyga öwrenişip başlady. Dagda şeýle gowaklaryň bolýandygyndan Baltabaý aga habarlydy. Ýarganatlaryň mesgeni hasaplanýan gowaklara «Ýarganat dişläp, guduz açarys» öýdüp gorkýandyklary üçin dag etegi obalaryň adamlary hiç haçan girmeýärdiler. Bu gorkunç gowaga bialaç girmeli bolansoň, Baltabaý aga gözi tümlüge öwrenişen dessine, ilki bilen gowagyň depesine seretdi. Görse, başaşak sallanyp duran ýarganatlar kowçum-kowçum. Gowy ýeri, gündiz uklap, awa gije çykýandyklary üçin olar asudady. Baltabaý aganyň gowaga girmegi olary birahat etmändi. Birdenem gowagyň düýbünde düýrülip ýatan gara ýylmanak zat gymyldan ýaly boldy. Görse, äpet bir ýylan. Ynjalygy bozulansoň, ol hüjüme häzirlenip, ýerden esse-boýa galyp, owsun atyp ugrady. Zähresi ýarylan Baltabaý aga «Çykyp gaçaýyn» diýip, gowagyň agzyna barsa, adamçy göhert hem gitmän, gaýtyp, dyzyna çöküp, süýşenekläp gowaga girip gelýärdi. «Eýlämde äpet ýylan, beýlämde adamçy göhert. Hudaý tutdugy boldy-ow...» diýip, Baltabaý aga gowagyň diwaryna ýaplanyp, gözlerini mäkäm ýumup, täleýine kaýyl bolup gymyldaman oturyberdi. Onýança şowurt edip, ýylanyň gapdalyndan okgunly geçeni eşidildi. Şeýdip näçe oturany belli däl, gözüni açsa, düýe-hä gowagyň agzynda süýnüp ölüp ýatyr. Ýylan bolsa düýäni çakyp, gowakdan çykyp gidipdir. Gorkusyna bir ölüp-direlen Baltabaý aga, göni gelen ajaldan başyny gutarandygy üçin Perwerdigäre alkyş baryny aýtdy. Gowakdan çykmakçy bolup, öňünde çäşerip ýatan düýäniň garnyndan basdy. Basanam şol, aýagy düýäniň içine gidäýdi. Ýylanyň zäheri eýýäm şol arada onuň etini eredip, şel edäýen bolsa nätjek! Baltabaý aga öýüne aşsa-da aşdy welin, çöp-çalam dilen ýerlerinden aralaşan ýylan zäheri endamyna ýaýrap, ýaňky aýagyny bejertmeli boldy. Ine, adamçy göhert hem zäheri düýe ýaly uly jandary-da dessine eredip taşlaýan äpet ýylan barada şeýle gürrüňi şondan eşidipdim. Onsoň hem atam pahyr, oglankak, uly ýylana apy, apydan ulusyna aždar-ha, aždarhadan ulusyna ýuwdarha, ýuwdarhadan ulusyna bolsa ýuwha diýilýändigini, ýuwhanyň düýpsüz ummanlarda —suwda ýaşaýandygyny aýdyp beripdi. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |