21:07 Arabyñ agysy / hekaýa | |
Arabyň agysy
Hekaýalar
/hekaýa/ Diňlärin diýseňiz, men size bir arabyň laçyn tutjak bolşuny aýdyp bereýin. Siziň ýaly tebigata göwün goýan adamlar üçin şu-da, tüýs diňläýmeli ahwaldyr. «Laçynly aw etmek» diýip, dünýä ýüzüne ýaýran bir awçylyk däbi bar. Oňa elguşly aw etmek diýilse, has ýerlikli bolsa gerek! Ine, şol elguşly aw edýänler biziň ýurdumyza-da aralaşyp, tomsuň başynda gelip, güýzüň aýaklaryna çenli bolýarlar. Olar ýanlary bilen birtopar elguşlaryny alyp gelýärler. Özlerem köpüsi arap ýurtlaryndan. Arap ýurtlaryndan diýilse, namazly-täretli, dini ygtykatdan suwara adamlar göz öňüňe gelýär. Dogrudanam, olaryň köpüsi şeýle. Ýöne, «süri agsaksyz bolmaz» diýlişi ýaly, öz bähbidini arap, haramlykdan gaýtmaýanlary-da bar. Kakam maňa kiçiligimden arap dilini öwretdirip ugrady. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Biziň öýümizde kakamyň haýsydyr bir dag gowagyndan tapan, ençeme ýyl bäri enemiň köneje sandygynyň düýbünde ýatan birtopar küti-küti kitaplary bardy. Olar arap dilindedi. Diňe bir biziň obamyzda-ha däl, tutuş Sarahs etrabynda-da olary suwytly okap, manysyny ýaýyp bilýän ýokdy. «Golýazmalar gaznasyna» tabşyr. Çaý puly hem berýärmişler diýseler, kakam: «Bu kitaplaryň näme baradadygyna göz ýetirmesem bolmaz» diýýärdi. Kakam sözüniň eýesidi. Şonuň üçinem maňa arapça öwretdirýärdi. Arap dilini kyn diýseler-de, çagalykdan başlanymamy ýa-da kakamyň arzuwyny amala aşyrmak islegimiň güýçlüdigindenmi, garaz, meniň bu dili öwrenmäm üstünlikli gidýärdi. Elguşly aw edýän araplar gelip ugransoň-a, kakam her edip - hesip edip, meni şolaryň ýanyna goşýardy. Janly gepleşik arkaly türgenleşmegimi guraýardy. Bu meniň özüm üçin hem gyzyklydy. Kem-kemden kämilleşip, soňabaka, araplar bilen erkin düşünişip başladym. Uly adamy dilmaç tutunandan, meni tutunanyny olar hem kem görenokdylar. Ýerli ýagdaýda terjimeçi bolsa olara hökman gerekdi. Bir gün säher bilen Katar döwletinden gelen Abdul Wahyd hem-de men iki kişi bolup Köpetdagyň «Durnaly» diýen düz meýdanyna gitdik. Abdul Wahydyň aýtmagyna görä, onuň maksady biziň ýyrtyjy guşlarymyzy synlamak hem-de surata düşürmekdi. Münüp barýan «Jip» maşynymyzyň yzyndaky kapasada öý kepderileridir aýagyndan daňlyp, taýaga oturdylan dört sany elguşy bardy. Töwerek owadandy. Tomsuň ilkinji jöwzaly günleriniň näzik gül-gülälekleri ýakyp-ýandyryp gidendigine seretmezden, yssa çydamly ösümlikleriň, giçki otlaryň uly tapgyry gülleşip, miweläp, şeýle gözel görünýärdi. Arabyň gözi töweregindedi, uzakdaky belent-belent agaçlaryň başyna dürbi tutup, ünsli seredýärdi. Şeýdip, aýlanyp ýörşümize, wagt günortana golaýlady. Birdenem, bir laçyn maşynyň öňüni kesip geçdi. Ony görüp, Abdul Wahyd galpyldap, howsala düşüp ugrady. Maşyny guşuň geçip giden tarapyna sürdi. Maňa bolsa: —Nepes, kapasadan ak kepderini al! –diýdi. Men oňa maşynyň yzyndaky kapasadan kepderileriň çuw-ak reňklisini äberdim. Ol kepderiniň arkasyna duzak oturtdy. Şonda onuň elleriniň çalaja sandyraýandygyna, dodaklarynyň biygtyýar titreýändigine gözüm düşdi. Kepderiniň arkasyndaky duzaga bolsa uzyn ýüp daňylgydy. Abdul Wahyd: —Häzir, häzir... –diýip, öz-özünden gürleýärdi. Ol kepderini ýokaryk uçuryp, onuň baglangy ýüpüni kä goýberip, käte çekip ugrady. Ýüpe daňylgy kepderi pelpelläp, geň öwrüm edýärdi. Şol barmana-da, ok ýaly atylyp gelen laçyn kepderini penjesi bilen kakdy-da, duzaga ildi. Üç-dört sany akja ýelek gaýyp ýuwaşlyk bilen aşak gaçyp ugrady. Abdul Wahyd maşynyndan çalasyn düşüp, aýagy kepderiniň arkasyndaky duzaga ilip, sypmakçy bolup dyzaýan laçynly ýüpi aşak çekip, tutmaga synanyşdy. Ol ýüpi ýuwaşjadan usully çekişine: —Ýa Alla, ýa Alla –diýip gaýtalaýardy. Laçyn diýseň güýçli guş. Ol kä pessaýlap, käte-de bat bilen göge galkyp, pelesaň urýardy. Men bolsa laçyn däl-de, öz ýüregim duzaga düşen ýaly, «Hernä sypaýsady» diýip, içimden dileg baryny edýärdim. Birdenem, laçyn duzakdan sypyp, gözden ýitip gitdi. Ýere gaçan kepderini alyp görsek, duzagyň halkalary üzüm-üzümdi. Abdul Wahyd kellesini maşynyň roluna urup: —Bolmady, Bolmady –diýip aglap ugrady. Uly adamyň beýdip gözüni ýaşlap durşuny görüp, laçynyň duzakdan sypmagynyň oňa juda agyr düşendigini aňdym. Algyr guşuň türkmen asmanynda erkin parlap gezjekdigine welin, içimden begenýärdim. Begenjimi gizläp: —Abdul aga, köşeşiň –diýip, duýgudaşlyk bildirdim. —Şol guşy tutup, ýurduma eltip, satan bolsam, gör nähili baýardym –diýip, ol ahmyr çekýärdi. Abdul Wahyd edil bir ýakyn adamsy aýrylan ýaly, gam-gussa batyp, beýleki ýoldaşlarynyň ýanyna dolandy. Olar ondan näme bolandygyny sorasalar-da, hiç bir zat diýmän, gurnalgy çadyryna girip, matam baglap ýatdy. Men bu barada kakama gürrüň berenimde, ol: —Laçynyň duzakdan sypany gowy bolupdyr. Ol ony tutan bolsa, her hili ýol bilen ýurduna aşyryp, uly pula satardy. Bularyň käbirisiniň dilinde «Alla» bolsa-da, niýetleri düzüwli däl –diýdi. Hemra ŞIROW | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |