21:16 Arap nasionalizmi | |
ARAP NASIONALIZMI
Publisistika
Taryhdan mysal: Iki müñ ýyl öñ grek taryhçysy Mestriý Plutarh ölmez-ýitmez awtobiografiki eseri "Parallel ömürler" kitabynda şeýle wakany suratlandyrýar: Söweş bolup durka meşhur rimli serkerde Gaý Mariý yza çekilipdir. Garşysyndaky serkerde oña gygyrypdyr: - Eger beýik general bolýan bolsañ, düş aşak, gel, garpyş. Gaý Mariý sowukganlylyk bilen jogap beripdir: - Eger sen beýik general bolýan bolsañ, meni islemeýän ýagdaýymda garpyşmaga mejbur et. Plutarh urşuñ wagtyny, ýerini beýik serkerdeleriñ, beýik döwlet adamlarynyñ kesgitleýändigini aýtjak bolýar! 1967-nji ýylyñ 5-nji iýuny. Arap (Müsür, Siriýa, Iordaniýa)-Ysraýyl urşy gysga dowam etdi. Global mediýa muña "Alty günlük uruş" adyny berdi. Ýöne araplar çalt derbi-dagyn edilendikleri üçin beýle atlandyrma hemişe garşy çykyp geldiler: Ol häzirem muña "Iýun urşy", "Altmyş ýediñ urşy", "Naksa" diýýärler... Ähli taryhçylaryñ birmeñzeş ýöredýän pikiriçe Müsüriñ döwlet ýolbaşçysy Nasyryñ aslynda urşasy gelenokdy. Uruşdan öñki hepdelerde Nasyryñ ýakynyndaky adamlaryñ birnäçesi onuñ ikirjiñlenýändigini, şübhelenýändigini, urşa giresiniñ gelmeýändigini habar berdiler. Emma Nasyr rimli Gaý Mariniñ sowukganlylygyny görkezip bilmedi. Hem bu uruş dünýäde ata-owazasy giñden ýaýran diñe Nasyry däl, eýse ähli araplary derbi-dagyn etdi. Umydyny ýitiren arap nasionalizmi bir hepdede halkyñ arasyndaky hemme ynandyryjylygyny sosializme we syýasy yslama berdi, marjinallaşdy... Sowet Soýuzy 1989-njy ýylda dargap başladam welin, syýasy uguryñ ýeke-täk agalyk ediji ideologiýasy syýasy yslam boldy... * * * Eýsem-de bolsa: Siriýanyñ imperializme garşy goranyşy 1967-nji ýyldan ýarym asyr geçensoñ arap nasionalizmine umyt bolup bilermi? Galyberse-de: Gaza konflikti syýasy yslamy gowşadyp, arap nasionalizmini güýçlendirip bilermi? (Goşmaça maglumat hökmünde: grek taryhçysy Plutarhyñ ýazanyny ýatladýaryn: Ysraýylmy ýa "Hamas" bu urşy turuzdy? Ysraýyl "Hamasyñ" "uruş oýnuna" geldimi? Çünki Ysraýyl taryhy boýunça dünýä jemgyýetçiliginde hiç haçan bular ýaly ýazgarylmandy. Taryhda "ýeñiş" saýylan kämahal duzak bolup bilýär. Ysraýyl duzaga düşendigini bilýärmikä?) Soragymy dowam etdirer bolsam: Siriýa we Gaza arap nasionalizmini täzeden döredip bilermi, ýa bolmasa 1967-nji ýylda başlan ýeñlişiñ trawmasy dowam edip gider durarmy? Erdogan-Esat duşuşygy şu nukdaýnazardanam möhümdir. Netijede Erdogan uruşda üstün çykan Esadyñ elini gysmaly. Bu gürrüñsiz Türkiýäniñ bähbidine bolar... (Grek taryhçysy Plutarhy ýene ýatlatmaly bolýaryn: imperializmiñ Siriýany dargatma hereketi başlanda biziñ daşary syýasatymyzy kim kesgitledi? Erdoganmy ýa Dawutogly? Edil häzirlikçe bu soragy bermegiñ ýeri däl). Eýdip-beýdip, garaz Siriýadan ýarag üsti bilen öç alma müddetinin soñuna gelindi. Türkiýäniñ häzir Esadyñ ýanynda bolmagy, başdan geçiren kynçylyklaryny aradan aýyrýan derman tapmaga gönrkdiren dost-doganlyk başlangyçlary arap halkynyñ gözünde Erdogany beýgelder. * * * Hawa, imperializm Siriýada ýeñildi... Çözgüt indi tüpeñiñ ujunda däl. Harby çykalganyñ soñuna nokat goýuldy. Esat agyr synagdan üstünlikli geçdi. Siriýa häzir ýeñlen-moralsyz arap ruhuny-da dikeldýär... Şindi ýaraşyk zamany. Şindi Siriýanyñ tereitorial bitewiligini dikeltme zamany. Şindi ýykylan syýasy, ykdysady, medeni "köprüleri" abatlama zamany. Ynamsyzlygy aradan aýyrjak bolmaly. Şonuñ üçin Erdoganyñ ýokardan seretme gylygyndan el çekmegi oñyn we möhüm ädim bolar. Garşymyzda diñe Esat ýok, diñe Siriýa ýok, ýarym milliard ilatly uly arap jemgyýeti bar. Beýik Atatürkiñ aýdany ýene dogry bolup çykdy: 1923-nji ýyldan bäri daşary syýasatymyzyñ ýöremeli ugry kesgitlenip goýlupdy - Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk... Arap nasionalizmi bilen ilkinji gezek şu sepgitde tapyşyp bileris. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |