16:27 Arundo / hekaýa | |
Arundo
Hekaýalar
1. Onuň bilen Fransiýa göçüp giden abstraksionist hudožnik dostumyňkyda myhmançylykda bolanymda tanyşdym. Ol sadalaç mylaýymlygy bilen derrew özüne öwrenişdirdi. Oňa Per diýýärdiler. Meniň ýaşlarymdaky kyrka alkymlap baran adamdy. Üflenip çalynýan saz gurallary ýasalýan fabrikde işleýär ekeni. Ol Myrat bilen goňşuçylykda ýaşaýardy. Olaryň aýallarydyr çagalary hem äbe-de-jüýjediler. Per bilen düşünişmek aňsatdy. Burnuna salyp, çalgyrdyrajyk gürleýär diýmeseň, rusçany suwara bilýärdi. Moskwada senetçilik uçilişesinde okanda öwrenipdir. Men baran günümiň ertesi Myrat ony çaý içişlige çagyrdy. Ine, şonda hem derrew sulhumyz alşyp, ysnyşdyk. Ol ýeser ýylgyryp: «Ýör, saňa Myradyň bir syrjagazyny açaýyn» diýip, dostumyň giňiş jaýynyň törki otaglarynyň birine alyp bardy. Periň «syr» diýýäni otagyň bir burçuna çäge döküp, ojardyr sazagyň şahajyklary sünjülip ýasalyp goýlan çaklaňja «çöljagaz» ekeni. Onuň içine bolsa iki sany kiçijik pyşbagadyr hažžyk goýberilipdir. Onýança-da, meniň hormatyma taýynlaýan palawyny basyran Myrat hem ýanymyza geldi. Ol palawy gowy bişirýärdi. Entek Fransiýa göçüp gaýtmanka-da, jynymyz jyňkyryşýan oglanlar bolşup, onuň sungat derejesine ýetirilip bişirilen palawynyň daşyna —darajyk ussahanasyna jemlenişerdik. Myrat özüniň bujagaz «çöljagazyny» juda gowy görýär ekeni. Ony döredişini süýjüdip gürrüň berdi: —Bärde çeken suratlarymy-da gowy görýärler. Abraýymam, eklenjimem oňat. Ýöne «Towşana dogduk depe» diýleni çyn ekeni. Önüp-ösen çöletegi obamyzy küýsäp, ýüregim atygsap dur. Şonuň üçinem garryja ejemdir dogan-garyndaşlardan habar tutmaga baranymda alyp gaýtdym bulary. Bu kiçijik «çölümiz» çagalara-da ýaraýar –diýdi. Myrat söhbedini soňlaryna mähetdel Per barmagyny çommaldyp: —Nostalgiýa! Nostalgiýa! –diýip ýylgyrdy. —Elbetde, nostalgiýa. Eýsem, sen öz önüp-ösen Şampan ýaňa, hiç bolmanda, aýda bir gidip gelmeseň, ýüregiň çatlap barýar. Seniňki nostalgiýa dälmi? –diýip, Myrat Periň meşhur şampan çakyry dörän etrapdandygyny aýtdy. Nahar-çaýdan soň, Per aýalydyr çagalaryny hem kömekleşdirip, öýlerinden daşlary futlýarly üç-dört sany üflenip çalynýan saz guralyny getirdi. —Elbetde, meniň çalşym aňrybaş däl. Ýöne ussa üçin ýeterlik –diýip, çagalara «jyňk» çykarman, ümsümje oturyp diňlemeklerini ýörite tabşyryp, her guralda başardygyndan saz çalyp berdi. Hezil edip diňläp, «taňryýalkasynyny» ýetirenimizsoň, Per: —Bular biziň ýasaýan saz gurallarymyz —«goboý», «fagot», «saksafon», «klarnet», hiç neneň däl gerek? –diýip, buýsanç bilen görkezdi: —Ynha, şu esasy bölegi «arundo» diýlip atlandyrylýan, ýörite ekilip ýetişdirilýän gargy gamyşdan oňarylýar. Galan ýerleri agaçdan, misden. —Bu biziň gargygamşymyza çalymdaş ahyryn! –diýip, men saz gurallaryny elime alyp ünslüje synlanymsoň, Pere pikirimi ýaňzytdym. «Şeýle gerek?» diýip, delilimi Myradyň tassyklamagyna garaşdym. Myrat «Hawa» diýip, baş ataryna mähetdel, Per: —Habarym bar, Myrat bu barada maňa aýtdy –diýip ýylgyrdy. —Ýöne barlap görmek gerek. Hili arundanyňkyça barmy-ýok. —Per Türkmenistana gidip, gargygamşyň nähili ösüşini gözi bilen görmegiň arzuwynda. «Derýa-kölleriň, ýaplaryň boýunda ýabany ösýär»–diýsem, ynananok –diýip, Myrat güldi. —Hawa, näçe diýseň bar. Suwly ýerleriň ýakasynda jeňňelik döredýär. Ony otlabam soňuna çykyp bilenoklar. —Bärde bolsa şonuň ýaly gamyşdan şular ýaly saz gurallaryny ýasap, dünýä ýüzüne gyzyl pula satýarlar. —Dostlar, bir pursat saklanyň. Arundo eldekileşdirilen ösümlik. Şonuň üçin barlap görmän, siziň gamşyňyz barada entek kesgitli bir zat aýdyp bolmaz. Subut gerek –diýip, Per biziň bilen jedele girişdi. —Belki, ol portdur, hili ýaramazdyr. —Port däl-ow, oglankak ondan çopan taýak edinip, mal bakardyk. Aýlap–ýyllap tozmazdy –diýip, Myrat janykdy. —Garry-gurtularyň hasasy hem şondan – diýip, men hem hakydama gelen delili sugşurdym. —Belki, owazlylygy pesdir – diýip, Per bize ýeň bermedi. —Muňa gargygamyşdan oňarylan türkmen tüýdüklerini görkezmeli ekeni –diýip, men Myradyň ýüzüne seretdim. —Alyp barmaly ekeniň-dä. —Öldür, häzir wagtym ýok. Zakaz alan işlerim köp. Çekip tabşyrmagym gerek –diýip, Myrat ýagdaýyny düşündirdi. —«Hatda, häzir garryja ejem hem näsaglamabilsedir» diýip dileg edýän. Işimiň arasynyň bölünmeginden gorkýan. —Beýle bolsa, özi barsyn. Men aýlap görkezeýin. —Çynyňmy? –diýip, Per begenmekden ýaňa elimden çalyp tutdy. —Hawa, mümkinçiligiň bolanda bar. —Öňümizdäki tomusda. —Gürleşdik. —Ine, munyň bolýar. Sizi tanyşdyryp dogry edipdirin –diýip, Myrat begendi. Per bilen tanyşdyrmagynyň onuň üçin ýene-de bir bähbitli tarapy —meni Pariže aýlamak aladasyndan dyndy. Pere ynanyp, başyndan sowdy. Işiniň arasynda wagt tapyp, Per maňa Monmartry, Luwr köşgüni, belli Eýfel diňini, Madam Tussonyň mum keşpler muzeýini görkezdi. Diýseň gowy görýän aýdymçym Edit Piafyň ýaşan ýerlerine aýlady. Onuň aýdymlarynyň ýazgysyny tapyp almagyma kömekleşdi. Mahlasy, işine başagaý Myrada meniň azarymy ýetirmedi. Şol tirkeşip ýörşümize, Per bilen has-da ysnyşdyk. Aramyzda düşündirip bolmaýan birhili sarpaly, şol wagtyň özünde hem birek-birege synagly, ýeri gelende, ýaňsyly dostluk döredi. Arasynda wagt tapyp, Myradyň ussahanasyna hem baryp gördüm. Penjireleri üçeginde ýerleşen giň, ýagty, at gaýtarym meýdanly tämiz ýerde Myrady görmek begendirdi. Onuň beýle şertde derejesi hem ägirt görünýärdi. Öňki çaklaňja, hatda taýyn işlerini goýmaga-da ýeri ýok, şonuň üçinem, kiçi göwrümli işleri çekmäge mejbur bolan dostum indi eýlesi-beýlesi tutuş bir diwary eýeleýän polotno bilen gidişýärdi. Ony kompýuter —«Internet» ulgamynyň täze ofisi üçin buýrupdyrlar. Bu işinde abstaksiýada bir hokga çykaryp bilýän bolsa, görkezibermelidi. Temasy erkindi. Ýeke-täk talap, iş özüne imrindirýän, özboluşly hem düşünmesi asla mümkin däl terzde çekilmelidi. Men Myradyň öňki «eline» beletdim. Ussahanasynda soňky bar işlerini synlap, oňa bir gussalyja äheň aralaşandygyny aňdym. Bu barada aýdanymda, ýüzüni aşak salyp: —Onuň sebäbi düşnükli... –diýdi. Ussahananyň ortasyndaky geň görnüşde ýasalan goçak küýzäniň tutawajyna türkmen alajasy daňylgydy. —Bu Pikassonyň stilinde. Juda gymmatbaha küýze. Süýşürenje puluma alyndym –diýdi. —Elbetde, oba kömek etmegim hem gerek. Ýöne iş buýurmaga gelenlerinde, ussahananyň şular ýaly göz giderlik delje işler bilen bezelgi bolmagy-da zerur. Men onuň bu gürrüňinden obadaky ejesi babatda birazajyk özüni «iýýändigine» düşündim. Gaýtmazymyň öňki güni, Per meni ur-tut uýasy bilen tanyşdyrarman boldy. Ine, saňa gerek bolsa! Menem garşy bolup durmadym. Myradyň ýanynda dil ýarmazlygy, belli bir ýagdaý anyklaşýança bu syryň açylmaly däldigini duýdurdy. Ol meniň aýalsyzdygymy, öňkim bilen «jynymyz jyňkyryşman» aýrylyşandygymyzy Myratdan sorap eşidipdir. «Belki, onuň niýeti has aňyrrakdandyr. Eger şowlasa, uýasy bilen başymyzy çatyp, giýew edinmekdir. Täleý bedewiniň jylawyny elmydama eliňde saklajak bolup dyrjaşyp durman, käte ony öz erkine-de goýberäýmeli. Gör-bak, näme bolýar». Şu pikirler kelläme gelip, men gülýärdim. Per bolsa: —Gül! Gülüber bakaly! –diýip, kesämden ýeserlik bilen ýylgyrýardy. —Seniň häzir böwregiň bökýär. Bu pursatda şeýle-de bolmaly. Onuň uýasy atly-derejeli model firmasynda modelýer bolup işleýär ekeni. Per ol model görkezilýän ýere kynlyk bilen bilet tapyp, meniň geýnişimi, özümi tutuşymy birlaý gözden geçirip, özi hem diýseň kaşaň geýnip, obamyzda aýtmyşlaýyn «ýigit göründä» gitdik. Ýolda barýarkak: —Sen onuň bilen arkaýyn orsça gürleşiber. Işdeş joralary ors bolansoň, öwrenipdir. Iňlisçäni hem bilýär –diýdi. Birdenem çyny bilen: —Ýogsa-da, sen haýsy käriň adamy? Myrat hem tanyşdyranda aýtmady –diýip gyzyklandy. —Agaç ussasy. —Kärdeş ekenik. —Şeýle diýseňem boljak. Myrat bilen dostlaşmagymyza-da ussaçylygym sebäp boldy. Men onuň işlerine çarçuwa oňaryp berýärdim. Abstrakt işlerde bolsa daşynyň çarçuwasy hem içki işe utgaşyp gidýän bolsa has gowy. Ine, şeýdip dostlaşdyk. —Komersant bolmasaň bolýar. Uýam söwda adamlaryny halanok. Aýaklaryny birgeňsi çilşirip, jilweli ýöräp, her kysmy eşikleri mazamlamaga çykýan görmegeý, mertebelidikleri mesaňa duýlup duran, inçesagtdan uzyn boýly zenanlar tomaşaçylaryň ortasyndaky münberde özboluşly aýlaw edip, duýgyňy dörjeläp, gezekli-gezegine gelip gidýärdiler. Periň: «Ynha, meniň uýam!» diýerine garaşyp oturdym. Bu täsin tomaşa ep-esli wagt dowam edensoň, has görmegeý, ýaşy otuza golaýlandygyna seretmezden, boýy-sagty «Zenan gözelligi ynha, şeýle bolmaly!» diýdirýän bir aýal, geň hem derejeli eşik geýip çykdy. Oňa gözleri düşenden, oturanlar biygtyýar çapak çalşyp başladylar. Men saklanyp bilmän: —Owadan zenan ekeni –diýdim. —Meniň uýam-da şol –diýip, Per adaty ýeser ýylgyrmasy bilen ýüzüme seretdi. Seýkin basyp ýöräp gelşine, uýasy Peri gördi öýdýän. Elýetmez zenan buýsanjynyň, görk-görmeginiň näderejededigini äşgär edip, biziň deňimize ýetende, çalaja ýylgyryp, uzyndan näzik barmaklaryny hereketlendirip goýberdi. —Howuň basylmady gerek? –diýip, moda görkezilişigi soňlanyp, uýasynyň daş çykmagyna garaşyp durkak, Per sorady. Şonsuzam başymda harasat gopýardy. Bu duşuşygymyzyň yzynyň netijesiz boljagyny aňýardym. «Men nire, bu peri pisint zenan nire? Bar, garrylar aýtmyşlaýyn, pygamberler oňlap «omyn» diýip, gol göterip sulhumyz alşanam ekeni-dä. Bu zenana laýyk şerti men Aşgabatda-ha döredip bilmesem gerek. Özüm Fransiýa gaýdyp ýaşaýyn diýsem, o-da birhili...». Per pikirimi aňan ýaly: —Egbarlaýaňmy? Bu görgülä ýassykdaş tapdyrjak däl öýdýän. Ine, öte gözel, derejeli zenan bolsaňam, şeýle bolýar –diýip, gussaly dillendi. Onýança-da, uýasy geýnip çykdy. Ol bu eşiginde hem görkanady. Göwnüňe bolmasa, beýle zenanyň ýöräp geçen ýerinden hem her dürli hoşboý ysly güller parlap gögeräýjek ýalydy. Ol sadalaç näz-kereşme bilen gelip, Periň häzirläp duran ýaňagyndan öpdi. Per bizi ýarymdegişme bilen tanyşdyrdy: —Türkmen arundosy. Onuň adymy aýtman, şeýle tanyşdyrmasyny ýöwsellänim üçin edýär diýip düşündim. —Hä, şeýlemi? Örän şat! —Bu näzenin bolsa meniň uýajygym Janet. —Men hem tanyşýanyma şat. —Meniň çykyşymy haladyňyzmy? —Juda haladym. Janet «Hawa, aýdyberiň?!» diýen terzde kirpikmen goçak gözleri bilen ýüzüme dikanlap seredende, dilime söz gelmän aljyradym. Biraz çete çekilişen Per bolsa kesämizden hezil edip gülýärdi. Doganynyň matlabyny aňan Janet onuň gulagyndan ilki näzli burup, soňundan barha agyryly towlady: —Seniň henizem şol maňa är gözläp ýörşüň-dä?! —Senem öý bolup, önüp-ösmeli ahyryn. Ýaşyň ötüşip barýa. —Belki, meniň hem taýym bir ýerlerde bardyr. Ol elwan ýelkenli gämide gelip, ahyrsoňy alyp gider –diýip, ol meniň ýüzüme näzli seredip ýylgyrdy. —Hoş! Kaşaň maşynyna mündi-de, adaja ugrady. Onuň yzyndan äňedip, dymşyp durşumyza, Per: —Ine, halypa, senem pys çykdyň. Diliňe jaň dakylan ýaly bolubermelidiň. Kofe içmäge çagyrmalydyň... –diýip, egnime kakdy. —Äý, seniň ýanyňda birhili-dä... – diýip, onuň bu sözüne gaharlanjagymy-da, güljegimi-de bilmedim. Bir şahyryň «Owadan gelinler keýpiňi bozýar» diýşi ýaly, kalbyma özümden göwnügeçijilik duýgusy aralaşdy. 2 . Fransiýadan gaýdyp gelip, işime mübtela bolup ýörşüme, gün geçip, aý aýlanyp, tomus başlandy. Onuň başy adatdakylardan yssy geldi. Ine, bir gün agşam telewizora wagtymy «öldürdip» otyrkam, Per jaň etdi. Ol eýýäm uçara bilet alandygyny, muny meniň bilen goşmaça geňeşmän edendigini, indem şol beren sözümde durýan–durmaýanymy barlamak üçin jaň edýändigini, Myradyň başagaýdygyny, buýrulan işleriň arasynda germesatan bolup ýörendigini gürrüň berdi. Men oňa: —Arkaýyn gel –diýip, garşylajakdygymy aýtdym. Özüm bolsa: «Işden bir hepdelik rugsat almak aňsat düşmese gerek» diýip, beren sözümiň yzynda durmak üçin, gaty çynlakaý aladalanmagymyň gerekdiginiň pikirine çümdüm. Hernäme-de bolsa, rugsat alyp bildim. Peri nirelere aýlasam gowy boljagyny hem öňünden oýlandym. Diýen güni ol geldi. Tomsuň petiş yssysyna birbada tap getirip bilmän, öwhüldäp: —Bu ýer hut Gün planetasy ahyryn! –diýip, amatsyz wagty saýlandygyna zeýrendi. Gök çaýadyr düýe çalyna «hä» diýensoň welin, köşeşip, özüni ýerli hasaplap, başaçyk, ýarym-ýalaňajrak eşikde gezip, gün urup, gözi ýaşaryp, burny akyp kösendi. Men onuň bolşuna: «Sümügiňem oňaraňok» diýip, degşip gülýärdim. —Gül, gül bakaly! –diýip, özüniň çydamynyň pesdigine, onuň bolsa jany ýanýardy. Peri ilki jygyllyk bazaryna alyp gitdim. Ol başlary silkme telpekli ýaşululary görüp, haýran galdy: —Şeýle yssyda-da telpek geýýärlermi? —Şeýtseň, salkyn bolýar. Gün uranok. —Gün uranok? —Hawa. —Onda men hem telpek geýjek! –diýip, Gün urmadan kösenen Per haýyş etdi. —Maňa telpek tapyp bersene? Men ony telpek satylýan hatara alyp bardym. Gara, goňur, ak, tüýleri seçelenip duran telpeklerini mazamlaşyp, telpekçiler daşymyza üýşdüler. Per meniň maslahatyma eýerip, ak reňkli telpek alnyp, dessine-de geýdi. Şondan soň, ony öýe girende aýraýmasa, başyndan goýmady. Peri göze gelüwli keşdelenen zenan joraplary, gyrasarysy imrindirip duran gyzyl, ýaşyl, gök reňkli, buzgunç ysly keteniler, ululy-kiçili el halylary, dürli şaý-sepler, alajalar diýseň geň galdyrdy. Ýörite durup, olary surata düşürýärdi. Durşuna keşde bolup duran gelin kürtesi welin, ony aňk etdi. Ýöne ol onuň nähili geýilýänine düşünip bilenokdy. Düşündirsemem, düşünenokdy. Ahyrsoňy, söwdagär gelinleriň biri başyna atyp görkezensoň, ony alarman boldy. —Kürte alýan bolsa, çabyt hem alsyn–da. Ikijigi jübütje geýilýär ahyryn! – diýip, çabyt satýan garryja daýza maňa ýüzlendi! —Oňa düşündirsene! Men Pere bu iki eşigi gyz öýe gelin bolup düşensoň, kyrk günläp bile geýýändigini aýtdym. Ýaňky gelin bolsa, nähili geýilýänini görkezdi. Per ony görüp: —Ynha, gözellik! –diýip, çabydy hem söwdalaşdy. —Janet üçin aldym, begener. Ol delje eşikleri gowy görýär –diýdi. Şaý-sepleri synlap ýörkäk, bir goçakja golajyk hem oňa juda ýarady. Ýöne şaý-sep satýan daýza ony aýratyn satmajagyny, ýanyndaky şaý-bezegler bilen bile satjagyny aýtdy. Hernäçe ýalbarsam-da, yrylmady. Beýleki satyjylaryň bolsa hiç birisinde-de şeýle golajygy tapmadyk. Per ony alyp bilmänine gynandy. Ertesi Peri Lebabyň Beşir obasyna —dogduk obama alyp gitdim. Niýetim, oglanlyk döwrümizde gören gargygamyşly jeňňelliklerimizi aýlap görkezmekdi. «Ýer açyp, otlap soňuna çykmadyk bolsalar ýagşy» diýip, biraz biynjalyk hem bolýardym. Ýöne «başlary gowgaly bolsalar-da» gargygamyşlyk bar ekeni. Özlerem köklerini ýere mäkäm urup, başlaryny belent tutuşyp, çaklaňja jeňňellik emele getirişip durdular. Per maşyny saklarymyza mähetdel, ylgap baryp gargygamyşlyga girdi. Ýogynly-inçeli gamyşlary höwesli synlady. Adam bilen gürleşýän ýaly, olara hoşamat ýüzlendi: —Gör, siz nähili ekeniňiz, türkmen arundosy. Bolubilýär. Bolubilýär. Özüňizem çydamly. Şertiňiz öwerlik bolmasa-da, ýan bermänsiňiz. Boýuňyzam hiç neneň däl. Per soňra ýogyn hem syrdam gargygamyşlardan on-on bir sanysyny kesip, bir gulaç çemesi uzynlykda laýyklap daňdy-da, daşyny dolady. Gargygamyşly jeňňeljigi surata düşürdi. Gamyşlygyň otlanan ýerlerini görüp, başyny gynançly ýaýkady: —Beýtseler, uzagyndan ýitip gitmegi mümkin. —Ýitmez, biz özümizi bilelimiz bar –diýip, ony köşeşdirdim. Onsoň obamyzyň alkymynda howalanyp duran, «ýüpek ýoly» döwürlerinde gurlan gadymy Haýbar gala eltip görkezdim. Oba bilen adybir «beşir halysy» diýlip tanalýan halylary dokaýan Sadap daýzanyňka alyp bardym. Ähli gölleri gyradeň halynyň bir burçundaky goçak göl Peri geň galdyrdy: —Bu göl näme üçin beýlekilere meňzeş däl, özem olardan ala-böle uly? —Bu göle «şemsi göl» diýilýär. «Şems» diýmek —Gün diýmek. Bu haly türkmeniň musulmançylykdan öňki otparazçylyk dinine uýan —Güne çokunan döwürlerinden bäri dokalýan haly. —Diýmek, juda gadymy haly-da –diýip, Per ony surata düşürdi. Indiki niýetim Pere gargydan ýasalan tüýdügi diňletmekdi. Munuň üçin kakamyň köne dosty, ýaşy bir çene baran, awçylykdan habarly Gara aga geňeş saldym. —Meniň gumda çopançylyk edýän bir sakgaldaşym bar. Annamyrat diýýärler. Tüýdügem gowy çalýar. Ine, şonuň ýanyna alyp gideli –diýdi. Çägede ýöremäge ezber «jip» maşynly, Aşyr atly bile işleşýän ýoldaşymdan haýyş edip, şenbe güni säher-säherler ýola düşdük. Gara aganyň salgy bermegi bilen günortana çenli ýörämizsoň, teýahyr, uzakdan çopan goşy göründi. Allowarra öňümizden iki sany läheň köpek lowhuldaşyp çykdy. Köpekler ses ýetim golaýymyza gelende, Gara aga maşynyň gapysyndan kellesini çykaryp: —Akbaý, Peleň, näme tanamadyňyzmy? –diýip, olaryň atlaryny tutansoň, üýrmesini bes etdiler. Maşynyň öňüne düşüp, seňkildeşip, goşa tarap alyp gitdiler. Maşyny görüp, Gara aganyň ýaşlaryndaky, ýöne oňa görä-de daýanykly adam bizi garşylamaga ýöneldi: —Sen nire, bu ýerler nire, sakgaldaş? Aw-beýleki bahanasy bilen gelmeýäniňe kän wagt bolandyr –diýip, ilki Gara aga bilen gadyrly görüşdi. Soňra biziň bilen salamlaşdy. Per bilen elleşende, «Bu çet ýerli ýaly-la?» diýen terzde Gara aganyň ýüzüne soragly bakdy. —Myhman getirdim, sakgaldaş, pereňistanly. Gum durmuşyny görkezeli, tüýdük diňledeli diýdik. –diýip, Gara aga oňa matlabymyzy düşündirdi. —Gowy edipsiňiz. – diýip, Annamyrat aga gapdalynda, näme diýerine mähetdel, ýylgyryp garaşyp duran ýigit bilen tanyşdyrdy. —Ortanjy oglum —Meretgeldi. Iki bolup, ynha, şu agyr sürini eýgerip ýörendiris –diýip, bir çetde gäwüş gaýtaryp ýatan sürä garşy baş atdy. Ol soňra: —Hany, ýörüň, düşege geçiň. Meretgeldiniň eli süýjüdir. Çaý-çörek edineliň, gulaklaryň posuny açalyň – diýdi. Per üçin çopan durmuşy gyzyklydy. Ol gulak-guýrugy kesilgi, goýun köpeklerini, ussat heýkeltaraşyň elinden çykan heýkele meňzäp, süriniň çetinde sarsman duran läheň ak goşy, eýwançanyň sütünine kakylan çüýlere, ýüpe düzlüp asylan kömelekleri... höwesli synlaýardy. Eli işe gelşip barýan Meretgeldi derrew ojar oduny uludan ýakyp, oňa birgiden tüňçäni suwdan dolduryp, süsdürdi. Hamyr ýugrup, etiň ýaglyja ýerinden maýdadan-maýda dogrady-da, burçuny, duzuny tükelläp, gatlaklap ýaýyp, hamyra gaplady. Böwrüni ot gyjyklap, lykyrdaşyp ugran tüňçelere çaý atyp, daşynyň külüni kakyşdyryp, orta äberdi. Onsoň gyzyl jäç bolup, howrugyp duran ojar közüni bir çete çekdi-de, aşagyndaky gyzgyn çägä işlekli gömüp, üstüne köz sürdi. Biraz wagt geçip-geçmänkä işdä açyjy ýakymly ys töwerege ýaýrady. Meretgeldi işleklini gömen ýerinden ezberlik bilen çykaryp, çägesini kakyşdyryp, kesimläp orta goýdy. —Ynha, şuňa çopan işleklisi diýýärler –diýip, men Pere düşündirdim. Annamyrat aga: —Alyp oturyň! –diýip, mürehet etdi. Işleklini dadyp, Periň göwni ýetdi: —Örän tagamly. Çaý-nahardan soň, Annamyrat aga: —Myhmany ýörite tüýdük diňletmäge alyp gelen bolsaňyz, indi size birki sany heň gaçyryp bereýin –diýip, sary gaçan ýaglyga dolangy gargy tüýdügi eline aldy. Tüýdügiň ýylmanyp, garalyp gidendiginden onuň gadymydygyny aňmak bolýardy. —Bu maňa kakam pahyrdan ýadygär. Ol hem bu tüýdükde gollary ýaňlandyryp saz çalyp, ömrüni çopançylykda ötüren kişi –diýip, Annamyrat aga tüýdügini aýratyn bir mähir bilen sypady. Soňra dyzlaryna çöküp, dikelibräk oturdy-da, çalyp ugrady. Gussalydan gyryljak saz süňňümizi yzarlap, erkimizi eline aldy: «Eý adam —adam ogly, bu dünýä baky gelen ýok. Özüňden öňküler ýaly, sen hem ötegçisiň. Her täze dogan günüň özüň üçin beýik peşgeşdigini unutma! Ömrüňi bisarpa tutma! Manyly ýaşap öt! Özüňden ýagşy at galdyr!» diýýän ýalydy. Per gözlerini süzüp, başyny sazyň äheňine kybapdaş adaja yrap, melul bolup diňleýärdi. Onuň keşbi gussalaç görünýärdi. Şeýdip üç-dört heň çalyp berensoň, Annamyrat aga sazyny bes etdi. —B-ä-äý, tüýdügi-hä, çölde diňläýmeli ekeni –diýip, sazyň täsirinden çykyp bilmän oturan Aşyr başyny lezzetli ýaýkady: —Allatagala adamy palçykdan ýasansoň, oňa tüýdük çalyp jan berenmişin diýýäler welin, tüýdügiň owazy süýjüligi bilen janyňy alyp-da barýar. Men Aşyryň bu sözlerini Pere terjime edip düşündirdim. Ol ylalaşyp baş atdy. —Ynha, şu diňläniňize-hä gargy tüýdük diýilýär. Meretgeldiden haýyş etsek, dilli tüýdükde-de iki-üç heň çalyp berer. Hany, köşek, senem sungatyňy görkez! –diýip, çopan ogluny tijedi. Meretgeldi ornaşykly oturdy-da, iki elini biri-birine gowşuryp, dilli tüýdügi saýradyp başlady. Onuň sesi ýitiden joşgunlydy. Bir görseň, ýaňy dil çykaran çaganyň düşnüksiz güjürdisine; bir görseň, jahyl ýigidiň dostlaryna ýa-da boý gyzyň joralaryna bir zady göçgünli gürrüň berşine; bir görseň, lalyň janygyp ejesine nämedir aýtmakçy bolşuna; bir görseňem, kapasa gabalyp saklanan täsin guşuň erkinlige çykyp, begençli saýraýşyna çalym edýärdi. Per Meretgeldiniň çaklaňja tüýdügi aýasyna alanyny aňşyrman galansoň, tä men düşündirýänçäm, gowşurylgy gollaryny agzyna tutup, onuň beýle täsin heňleri çalşyna haýran boldy. Saz diňlenişikden soň, ep-esli wagt onuň täsirinden çykyp bilmän dymşyp oturdyk. Per gargydan ýasalan ýönekeýje tüýdükleri eline alyp, eýlesine-beýlesine öwrüp, ünsli synlady. Çalyp görmäge synanyşdy. Türkmen tüýdüklerinde günbatar sazlarynyň ýaňlanyşy hiç neneň däldi. Ol soňra: —Şeýle tüýdükler nirede satylýar? Men hem edinäýjekdim –diýdi. —Aýlawyň günbatarsyndaky siňekli obada ýaşaýan Hangeldi tüýdükçiniňkä meniň adymdan baraýyň. Şol möhümiňizi bitirer –diýip, Annamyrat aga maslahat berdi. Şol günüň ertesi çopanyň salgysyna görä baryp, Per üçin bir sany gargy, bir sany hem dilli tüýdük alyndyk. —Fabrigimiziň özboluşly muzeýjigi bar, men bulary şonda goýaryn –diýip, ol tüýdük alynmagynyň sebäbini düşündirdi. —Goý, görsünler türkmenleriň ýabany arundosyndan ýasalýan tüýdükleri. Ugramazynyň öňki güni Peri Myradyň obasyna alyp gitdim. Garryja ejesiniňkä eltdim. Ýaşy durugyşan Selbi eje begendi: «Oglumy gören gözleriňe döneýin» diýip, Periň maňlaýyndan öpdi. Soňra: «Azar edinmäň» diýsek-de, diňlemän, içine noýba atyp, urbalyja unaş bişirip berdi. Horaşaja öýüniň töründäki gadymy agaç sandygy açyp, ondan Myradyň çagalyk döwürleriniň, mekdepde okan ýyllarynyň suratlaryny çykaryp görkezdi. Birme-bir, gelni, agtyjaklary nähili, soraşdyrdy. «Gyzjagazlaryň gulaklaryny deşdiripdirlermi, oguljygyny sünnet etdiripmi?» diýip gyzyklandy. «Agzyboş adamlar «Ejesini taşlap gitdi» diýýärler. Ol meni taşlamady. Özüm gitmegi göwnemedim. Bu ýaşdan soň, aňyrda bir zat bolsam, ýat ýurtda ýerlesinmi. Meniň ornum gaýraky gonamçylykda ýatan kakasynyň gapdalynda» diýip, biraz bozuldy. «Nätsin ol görgüli, senedine bärde düşünmeýän bolsalar. Nirde işi şowlajak bolsa, şol ýerde ýaşasyn. Men ondan kineli däl» diýdi. «Meni gaýgy etmesinler. Tüweleme, dogan-garyndaşlar habar alyp durlar» diýdi. Yzymyza gaýdyşyn, Per uzak wagt gürlemedi. Onuň ýalňyz galan garrynyň halyna gyýylýandygyny aňýardym. Ol teýahyr dillendi: —Sungat gurbansyz bolmaýar. 3. Ynha-da, Per bilen uçar ýaýlymynda durus. Talaba görä, biraz öňünden barypdyk. Hoşlaşyk pursady adamlary biri–birine iň bir ysnyşdyrýan, mähribanlaşdyrýan pursat bolsa gerek. —Ine, arundo sebäp bolup, siziň ýurduňyz bilenem tanyşdym –diýip, ol minnetdarlyk bilen ýüzüme seredýärdi. —Belki, bu meniň soňky gelşim däldir. —Elbetde. —Sen meniň üçin, gör, näçe wagtyňy harçladyň. —Beýle gürrüň etmesene, Per. Sen hem Fransiýada şeýdipdiň. —Fransiýada aňsat. —Bu adam bilen adamyň arasynda bolmaly adaty bir ýagdaý ahyryn. —Muny hemme başarmaýar. Sen gowy adam. —Sag bol. Men gürrüňimiziň äheňini üýtgetmek üçin: —Mümkin bolsa, bir sýurprizjik edäýsem diýýän –diýip, tanyş zergärimiň kömegi bilen tapan, iň soňky pursatda gowşuraryn diýip, häzirläp ýören golajygymy jübimden çykardym. Per çaga ýaly begendi: —O-oo, mersi! Sýurpriz kemi ýok! —Ýöne saňa däl. —Eýsem, kime? —Janet üçin. —Hä-ää, şeýlemi? –diýip, ol ýeserlik bilen ýylgyryp, ýüzüme seretdi. —Bolýar, seniň adyňdan eltip gowşuraryn. Belki, indiki baranyňda, has içgin tanşarsyňyz. —Belki... —Aýal dagy däl! Arman, derekli erkek duşanok. Kimsiniň agzy hapa, kimsi bähbit araýar. Kimsi maşgala azabyndan gorkup, müjerret ötýär. Romantikler ýok–da. Aýallar bolsa romantikleri gözleýärler. Per soňra ejeleriniň entek çaga wagtlary aýrylandygyny, Janet ikijigini kakasynyň kemala getirendigini, onuň ýogalmazynyň öňüsyrasy, «Uýaňy eliň bilen çykaryp, öýli-işikli etjek bol» diýip, wesýet edendigini, «Bolýar» diýip, söz berendigini, emma entek sözünde tapylyp bilmeýändigini, Fransiýada garrap oturan negözel gyzlaryň köpdügini ahmyr bilen gürrüň berdi. Men oňa: —Hemmesi düzelişer –diýip, göwünlik berdim. Biz şeýdip hoşlaşdyk. *** Şondan üç aý çemesi geçensoň, Per jaň etdi: —Buýsanyp bilersiň. Siziň arundoňyz biziňkiden pes däl. Saz gurallaryny ýasap, çalyp gördük. Soňra Myradyň sag-gurgundygyny, özbaşdak sergisini edendigini, işleriniň gowy görlendigini, olaryň maşgala sanlarynyň artandygyny—gyzjagazlarynyň bolandygyny, adyna Selbi dakandyklaryny gürrüň berdi. Meni myhmançylyga çagyrdy: —Ata ýurdum Şampandiýa äkideýin. Şampan çakyrynyň öndürilişini görkezeýin –diýdi. Men bolsa oňa: —Bir nesibeli gün bararyn –diýdim. Per ýene-de haýsydyr bir möhüm zat aýtmakçy bolýan ýaly, trubkany goýanokdy. Men garaşýardym. Ahyrsoňy ol dillendi: —Biler bolsaň, Myrat yzyna göçmekçi bolýar. —Aý ýog-a? —Hawa. Basym barar. —Düşnükli... Ol biraz dymyp duransoň: —Zeleli ýok. Seniň-ä Fransiýada gelmäge ýeriň, meniňem Türkmenistanda barmaga ýerim bar –diýdi. —Dogry aýdýaň –diýip, men ylalaşdym. —Bolýar onda, hoş. —Hoş. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||