19:41 Astanababa binagärlik toplumy | |
ASTANABABA BINAGÄRLIK TOPLUMY ■ Astanababa orta asyr binagärlik toplumy Bu binagärlik toplumy Atamyrat şäheriniñ merkezinden 10 km günbatarda Astanababa obasynyñ çäginde ýerleşýär. Astanababa obasyndaky ýadygärlikler ençeme syýahatçylaryñ, alymlaryñ ünsüni özüne çekipdir. Astanababa binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligi bolup, onuñ ilkinji binýady XII asyrda desgalandyrylypdyr. Binagärlik toplumynyñ dürli döwürlerinde gurlup, häzirki görnüşe gelendigi 1948-nji ýylda professor G.A.Pugaçenkowa tarapyndan anyklanypdyr. Onuñ iñ gadymy ymaraty metjidiñ jaýydyr. Metjit bolsa XII asyrda ýagny, Seljuklylar soltanlygynyñ döwründe bina edilipdir. Diwanahana hem metjit bir wagtda gurlupdyr. Bu binagärlik toplum gadymy Zemiñ Maýmarg şäherinde bina edilip, ol açyk dälizden, dört sütünli dokuz gümmezli jaýdan, metjitden, Zeýd Alynyñ we Zubeýd Alynyñ guburhanasyndan, diwanahanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr. Gyzlarbibi aramgähi ansablyñ has giçki bölegidir. Ol dürli ölçegdäki, ähtimal, ikinji gezek peýdalanylan kerpiçlerden bina edilipdir. Dürli döwürlerde alymlar bu ýerde bolup, ylmy-barlag işlerini geçiripdirler. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany esasynda "Atamyrat" taryhy-medeni döwlet goraghanasynyñ döredilmegi bilen taryhy mirasymyz kanun esasynda gorag astyna alyndy. Bu ýadygärlik ylmy taýdan öwrenilip, onuñ abat saklanmagy üçin degişli işler geçirilip durulýar. ■ Rowaýat: Bu ýadygärlik barada ýerli ilat arasynda aýdylýan rowaýatlar kän. Şolaryñ birinde şeýle diýilýär: Geçen zamanlarda Balhyñ Çar welaýatynyñ hökümdary bolan Ibn Aly Nur ogly özüniñ ýekeje perzendi Zubeýdany Kerki-Çärjew (häzirki Atamyrat-Türkmenabat) aralygyndaky halkyñ hökümdaryna durmuşa çykarýar. Durmuş gurandan soñ, köp wagt geçmänkä-de ol aradan çykýar. Bu habary eşiden Ibn Aly Nur ogly özüniñ ýalñyz, söýgüli gyzynyñ hatyrasyna onuñ mazarynyñ üstüne ajaýyp bir bina gurmagy makul bilipdir. Merwden, Samarkantdan ady belli ussalary çagyrypdyr we uly ili haýran galdyrar ýaly owadan bina gurmagy buýrupdyr. Bina salnyp gutaryberende ol bir gijäniñ içinde ýykylypdyr. Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanypdyr. Bu ýagdaýa gaty gamgynlanan Nur oglunyñ düýşünde bir goja kümmeti Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzynyñ ölümi sebäpli gam-gussadan halas bolmadyk Ibn Aly Nur ogly şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelikde-de bina gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol kümmetde, gyzynyñ mazary bilen goñşuçylykda jaýlapdyrlar. "Astana" arap-pars sözi bolup, ol bosaga manysyny añladýar. "Baba" sözi bolsa "Ata", "Hoja" manysyny berýär, ol "mukaddes bosaga", "mukaddes öwlüýä" diýmekdir. Astanababa binagärlik toplumy "Atamyrat" taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alyndy we döwlet tarapyndan goralýar. ■ Tug barada düşünje Tug ~ bu gadymy ata-babalarymyzdan gelýän däbe görä şahsyýetiñ il arasyndaky abraýyny, bilim derejesini, sowatlylygyny, şöhratyny, meşgullanýan hünärini, gelip çykyşyny, ruhy dünýäsini añladýan nyşan diýip düşünipdirler. Tug köplenç şol tug astynda ýaşaýan, işleýän ýaa tug eýesine gulluk edýän adamlaryñ egin-eşiklerinde (donlaryñ, kürteleriñ ýagyrnysynda, kükreginde) matanyñ ýüzüne çekilen ýa-da keşdelenip gaýalan görnüşinde, baş gabynda demirden, bürünçden we şuña meñzeş gaty metallardan ýasalyp berkidilen görnüşinde, doga-tumarlaryñ daşyna çekilen ýa-da keşdelenip gaýalanan nyşan görnüşinde boýunlaryndan asylyp dakylýar we hemişe şol tug astynda ýörän, tugy dakynýan adamlary tuguñ ruhy, tuga howandarlyk edýän güýçler öz penasynda gorap saklaýarlar diýip hasaplanylýar. Muña mysal edip Astanababa binagärlik toplumynyñ tuguny getirmek bolar. Ol nepis nagyşlar bilen bezelip bürünçden ýasalypdyr. Onuñ ýüzünde "Gurhandan" bir aýat ýazylypdyr. Elbetde türkmeniñ geçmişinde mukaddeslikler, keramatlyklar örän köp bolupdyr. ■ Tug barada rowaýat Ýaşuly adamlaryñ gürrüñ bermegine görä orta asyrlarda şu töweregiñ dini wekilleri we beýleki isleg bildirýän barly, güýji-kuwwaty bar bolan adamlar toparlanyşyp Mekge-Medinä zyýarata her ýylyñ Gurban aýynda gidýän ekenler. © "Atamyrat" taryhy-medeni goraghanasynyñ taýýarlan materiallaryndan peýdalanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |