10:19 Hajy Mälik metjidi | |
HAJY MÄLIK METJIDI ■ Metjidiñ taryhy we binagärlik aýratynlyklary Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyñ her ädiminde duş gelýän taryhy gymmatlygy bolan binalar we ýadygärlikler juda kän. Olaryñ biri hem ýurdumuzyñ Türkmenabat şäheriniñ Şaýdakow köçesiniñ 35-nji jaýynda ýerleşýän Hajy Mälik metjididir. Bu gadymy arhitektura ymaratyna il arasynda pürsiýan metjidi hem diýilýär. ■ Hajy Mälik kim bolupdyr ? Buhara emirligi Russiýa imperiýasynyñ wassalyna öwrülenden soñ, Çärjew begliginde rus ilatly obalar köpelip ugraýar. Begligiñ merkezi bolan köne Çärjewiñ demirgazygynda ruslar tarapyndan täze şäheriñ düýbi tutulýar. Munuñ özi bolsa hakykat ýüzünde welaýat merkezinde iki sany bäsdeş şäheriñ emele gelmegine şert döredýär. Russiýa patyşalygynyñ raýatlygyna geçen ilatyñ aglaba bölegi soñra täze Çärjewe göçüp gelýärler. Göçüp gelenleriñ arasynda Buhara emiri Muzaffereddin handan zulum gören tanymal täjir Hajy Mälik hem bar ekeni. Ol täze Çärjewden 10 desýatin ýer satyn alypdyr we Mekgä gidip hajy bolup gelenden soñra takmynan 1870-nji ýyllarda täze satyn alan mülküniñ ortasynda metjit gurmaga başlaýar. Ol metjidi 1880-nji ýylda doly gurduryp gutarýar. Çärjewli Hajy Mälik we onuñ eden gowy işleri, guran metjidi hakynda il içinde aýdylyp gelinýän rowaýatpisint maglumatlar kän. Emma ol barada bizde bar bolan maglumat häzirlikçe şundan ybarat. ■ Metjidiñ başyndan inen bolşewik külpeti 1920-nji ýylyñ 2-nji sentýabrynda Buhara emiri Seýit Alym han tagtyndan agdarylýar. Rehim-şepagatsyz sowet hökümeti Türküstandaky ähli yslam metjitleri bilen bir hatarda Hajy Mälik metjidiniñ işini-de gadagan edýär. Metjidiñ jaýyny bolsa özleri peýdalanýar. Ilkibaşda bu ýerde likbez mekdebini açýarlar. Soñra mugallymlary kämilleşdiriş kurslary işleýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda nemes faşistleri tarapyndan basylyp alnan ýerlerden mejbury ýagdaýda ewakuasiýa edilip, Orta Aziýa göçürilen maşgalalar ýerleşdirilýär, uruşda ýaralanan esgerler üçin harby gospital hökmünde-de ulanylýar. Uruşdan soñky ýyllarda bu kaşañ ymaratda sowet medeni añ-bilim edaralarynyñ ençemesi ýerleşipdir. Gynansakda, her gezek ol ýerde ýerleşen edara ony erbetlige tarap özgerdipdir. Metjidiñ ähli owadanlygy, gözeligi gaçypdyr we köp zady ýykylyp-ýumrulypdyr. Häzir onuñ diñe "12 süññi" abat saklanyp galypdyr. ■ Metjidiñ alnyndan dogan Garaşsyzlyk Güneşi Sowet döwründe Hajy Mäligiñ ady ýitirilmäge çalşylanam bolsa, Garaşsyzlygymyzy gazanmagynyz bilen türkmen halky öz milli däp-dessuryna, medeni we taryhy baýlyklaryna doly eýe boldy. Ady-owazasy taryhdan öçürilen baý täjiriñ bina eden metjidiniñ kaşañ ymaraty ata-babalarymyzdan galan miras galan gymmatly arhitektura ýadygärligi hökmünde döwlet tarapyndan goraga alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |