DAÝAHATYN KERWENSARAÝY
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniñ özbaşdaklyga eýe bolmagy bilen türkmen milletiniñ gadymy halkdygyny, taryhy kökleriniñ Oguz han atamyzdan gaýdýandygyny, dünýä ýüzüne subut etdi. Hormatly Prezidentimiziñ atalyk aladasy netijesinde daşary ýurtly dünýä belli alymlaryń gatnaşmagynda Halkara ylmy-maslahatlaryñ, konferensiýalaryñ geçirilmegi bilen türkmen topragynyñ taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdygy we gadymy siwilizasiýany öwrenmeklikde uly ähmiýetiniñ bardygy bellenildi. Şeýle hem entek öwrenmeli ýadygärlikleriñ köpdügi aýdylýar.
Türkmenistan diýarymyzyñ beýleki künjeklerinde bolşy ýaly Lebap welaýatymyzyñ çäginde hem öwrenilýän we öwrenilmeli ýadygärlikler örän köp. Ine şeýle ýadygärlikleriñ biri welaýatymyzyñ Seýdi şäheriniñ Gabakly geñeşliginiñ çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýydyr.
■ Daýahatyn kerwensaraýy XI-XII asyryñ arhitektura ýadygärligidir.
Daýahatyn kerwensaraýynyñ daşky galyñ pagsa diwarlary 112 x 125m. ölçegdäki rabaty IX asyrda bina edilipdir. Şol döwürde oña Tahiriýa (Tahyryñ rabaty) diýilýän eken. Bu at bolsa, öz döwürleriniñ belli taryhçysy Ýakutyñ pikirine görä, Tahyr ibn al-Hüseýniñ ady bilen baglanyşyklydyr. Rabatyñ içinde gurlan kerwensaraý bolsa alymlaryñ pikirine görä XI-XII asyrlarda bina edilipdir.
Kerwensaraýyñ diwarlary çig kerpiçden bina edilip, daşy we içi bişen (28 x 28 x 5,5sm.) kerpiçden ussatlyk bilen utgaşdyrylyp örülipdir. Şeýle usulda örülmeginiñ çig kerpiçleriniñ geçirijiliginiñ (ýylylygy) pesdigi nazarda tutulandygy, jaýlaryñ gyşda ýyly, ýazda salkyn bolmagyny üpjün edýändigi bilen düşündirmek bolar.
Onuñ taraplary 53x53 m. inedördül görnüşinde gurulyp, 23 sany ululy-kiçili jaýlardan ybarat bolup, olaryñ öñi üsti ýapyk eýwanlar bilen sepleşip gidýär we howlusynyñ taraplary 30 x 30 metre barabardyr.
Howlynyñ çar tarapynda bir meñzeş gaýtalanýan eýwan sütünleri, arkalary nagyşly kerpiçler bilen bezelip örülendir. Şeýle hem onuñ esasy belent girelgesi we ululy-kiçili içki jaýlaryñ arkalary, dört burçundaky diñleri öz boluşly owadanlyk berýär.
Onuñ esasy girelgesi, derwezesi demirgazyk-gündogar tarapynda ýerleşýär.
■ Kerwensaraýyñ döreýşi hakynda rowaýat.
Kerwensaraý ylmy çeşmelerde Daýahatyn, ilat arasynda bolsa Baýhatyn ady bilen bellidir. Daýahatyn sözi ~ "daýa" arap sözi bolup "Mülk", "oba", "bejerilen ýer", hatyn (puşty dilinde "gatyn") sözi bolsa "daş", "daşdan edilen" diýen manyny berýär.
"Baýhatyn" diýen adyñ döreýşi barada bolsa ýerli ilatyñ arasynda şeýle rowaýat bar:
"Bir baý söwdagäriñ owadan aýaly bolupdyr. Aýalyñ äri argyşa gidýär. Dostlarynyñ biri onuñ aýaly barada myjabatly gürrüñ ýaýradýar. Äri aýaly baradaky myjabatly gürrüñleri eşidip, maly-mülküni, maşgalasyny, bar baýlygyny taşlap pukara eşigine girip, öýünden çykyp gidýär. Ärini tapmagy ýüregine düwen baý aýal ähli ýurtlara çapar ýollap, özüniñ kerwensaraý gurdurýandygyny we oña işlemäge talabanlaryñ gerekdigini jar çekdirýär. Talabanlyga onuñ äri hem gelýär. Töhmetli gürrüñleriñ üsti açylýar, baý aýal adamsyna gowuşýar. Adamlary hatara duruzyp, Merwden getirilen kerpiçlerden gurlan kerwensaraýy hem baý aýalyñ ady bilen baglanyşdyryp Baýhatyn kerwensaraýy diýip atlandyrýarlar".
Arkalaryñ, gümmezleriñ ussatlyk bilen bina edilendigi, diwarlaryñ ýüzüne ýonulyp, haşamlanyp sap bişen kerpiçlerden örülen nagyşlaryñ, oýmurlaryñ, keşdeleriñ biri-biri bilen utgaşyp gitmegi netijesinde dörän owadan arhitektura ansablyny göreniñde şol döwürde hem biziñ ata-babalarymyzyñ binagärçilik sungatynyñ añryvaş ussatlygyny görkezip, naýbaşy nusgawy binalarynyñ birini gurandygyna göz ýetirýärsiñ.
Kerwensaraý öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda Amul-Horezm aralygynda kerwenlerin esasy düşelgesi bolup, XVI asyra çenli hyzmat edilipdir. Türkmenistan döwletimiziñ öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soñra Daýahatyn kerwensaraýy döwlet ähmiýetli ýadygärlik hökmünde döwlet gözegçiligine alyndy.
Häzirki döwürde Daýahatyn kerwensaraýynda Lebap welaýatynyñ Atamyrat taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan howply ýerlerinde berkitme, rejeleýiş, konserwassiýa işleri geçirilýär, ýadygärligi dolulugyna dikeltmek üçin smeta-taslama resminamalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
© Atamyrat taryhy-medeni döwlet goraghanasynyñ taýýarlan materiallaryndan peýdalanyldy.
Taryhy ýerler