12:34 Asyl nyşana alynmalylaryñ üstünden ätlenýär | |
ASYL NYŞANA ALYNMALYLARYÑ ÜSTÜNDEN ÄTLENÝÄR
Publisistika
Megerem ilkinji Meiji reformasy döwründe Ýaponiýa... Soñra Sun Ýatseniñ döwründe Hytaý Halk Respublikasy... Ýurdy bol-elin durmuşa ýetirmegiñ esasy şertleriniñ birem daşary ýurda talyp ugratmakdy. Sosialistik Hytaý muny dowam etdirdi... Uçursyz zehinleriniñ bardygyny we okamaga ilgezikligini subut eden ýaşlar baran Günbatar ýurtlarynda dürli ugurlarda çuññur bilim aldylar, tejribe topladylar. Ösüşiñ, täzeçilligiñ öñbaşçysy boldular... Hytaýy häzirki beýikligine göteren Den Sýaopin bularyñ biridi, Fransiýada boldy... Güýçli rus flotiliýasyny ýok eden ýapon serkerdesi Togo bularyñ biridi, Angliýada boldy... ABŞ-ny dünýä läheñine öwrenlerem ýewropaly göçegçiler dälmidi? "Altyna hüjüm!" Hakykatda olaryñ az sanlysy altyn tapypdy. Emma: Bawariýadan San-Fransisko gelen ýaş göçegçi Lewi Strauus altyn tapmady, emma altyn gözleýjilere jinsi jalbar (“blue jean”) öndürip, dünä markasyny döretdi... Gürrüñsiz ýeke biri däldi, arzuw-hyýallaryna ýetmek islän göçegçi oýlap tapyjylar ABŞ-na rowana boldular. Şeýlelik bilen: ABŞ-nyñ Graždanlyk urşy (1861-1865) gutaransoñ ýurduñ ilaty 35 milliondan ýarym asyr geçenden soñ 100 milliondan agdy! Göç faktorynyñ siwilizasiýanyñ ösüşine goşant goşýandygyny görmezlige salyp bilmeris. Göç bir tarapdan dinamizmdir we jemgyýetleri diri saklaýar... Gürrüñi şuña getirjek bolýaryn: * * * Soñky döwürde ýurdumyzyñ esasy meselelerinden biri-de daşaryk gidýän yzygiderli "akyl" göçi we ýurdumyza gelýän başly-barat "fiziki" göç... Ilki bilen şuny ýazaýyn: daşary ýurda gidenleriñ hökman bir gün ýurtlaryna dolanyp geljekdiklerine ynanýaryn. Nemes-jöhit filosofy Teodor Adorno Gitlerden gaçyp, ABŞ-na göç eden ýyllaryny "Mibima Moraliýa" atly awtobiografiki kitabynda gürrüñ berdi. Migrant bolmagyñ nähilidigini "Maýyp bolan ömürden parçalar" ady bilen şeýle ýazdy: "Oturan öýmüzi öý hökmünde görmezlik, ol ýerde özümizi öýmüzde ýaly duýmazlyk!" Göçegçiniñ ruhunda hemişe ýara bardyr. Ol elmydama ýetimdir, gelmişek girdabyndadyr. Şol sebäpden: Bir gün... Biziñkileriñ edinen maglumatlary, toplan tejribeleri bilen ýurda dolanyp geljekdiklerine ynanýaryn... Adama watandan eziz zat bolmaz... Adamyñ iñ uly hyzmaty öz oñarýan işi bilen watanyna baýlyk gatmakdyr... Uruş zerarly bize gelen mejbury "myhmanlar" barada aýdanda bolsa... Bu meselede ullakan ynjalyksyzlygym bar: Kim günäkär? * * * Bir hepde mundan öñdi... Antalýanyñ Serik etrabynyñ Kökez ýaşaýyş massiwinde 17 ýaşly Ahmet El-Naif atly siriýaly işçi pyçaklanyp öldürildi. Öñem birnäçe jenaýatda aýyplanyp türmede oturyp çykan R.Ö., Ý.Ý., I.Ö., siriýaly bosgundygy üçin Ahmedi öldürdi. Mediýa jenaýaty agzajagam bolmady. A Kaýseride we beýleki ýerlerde bolup geçýänler? Bu "wagşyýana sfera" nädip döredi? Ýurdumyzyñ taryhynda hiç mahal bosgunlara beýle hüjümler bolup geçmändi. Haýsymyz bosgunlar bilen bile ulalmadyk. Biziñ ýaşaýan ýerimiziñ gapdal köçesinde Kawkazdan göçüp gelen çerkezler ýaşaýardy. Olar bilen iýenimiz-içenimiz aýry gidenokdy. Nädip aýry bolsun, biziñ özümiz müñ ýyllyk oguz-türkmen göçegçisi dälmi näme? Meselem, meniñ ata-babalarym Horasandan gelipdir... Iñ uly ýaramyz ilat düzüminiñ üýtgäp durmagy dälmidir? Özüniñ ene-atasy Rumeli göçegçisi bolan tanşym siriýaly göçegçiler hakda agzyna geleni diýdi! Utanyp ýere girdim. 1860-njy ýylda "Muhajirler komissiýasyny" guran Osmanlynyñ nesilleri ahyryn biz... Bu ýerler nijeme gezek jöhitler ýaly göçegçi-bosgunlary bagryna basdy. Ýadymyzdan çykardykmy ýa? Muny ýazanymda "göç problemamyz ýok" diýemok. Türkiýe üç yklymyñ kesişýän ýerinde ýerleşendigi sebäpli göç ýollarynyñ esasy güzergähleriniñ biridir... Emma problemany ele alyş formasy janyñy ýakýar. Bosgunlar nädip günäli saýylýar, nädip olary nyşana alýarlar. Düýp problema Türkiýäniñ Siriýa syýasatynda. Düýp problema "Agzyny alart-da, höküm sür" garaýşyndaky imperializmde. Asyl nyşana alynmaly zatlaryñ üstünden ätlenip geçilýär! Garawsyzy depgilemek, ejize ganym bolmak aýyp bolar-a. Bagyşla bizi, jigimiz Ahmet. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |