19:32 Atalaryñ takdyry / hekaýa | |
ATALARYÑ TAKDYRY
Hekaýalar
1. Men şonda on ýaşlarymdadym. Ejem hem-de jigilerim bilen goňşy obada ýaşaýan babamyňka gitdik. Ol ýaşy ýetmişe ýeteňkirläp barýan gyrçuw ak sakgally adamdy. Ejem şeýdip, her hepdeden -on günden ondan habar alýardy. Eşiklerini ýuwup, çägini çatyp, dişine ýumşajyk naharlary bişirip berip gaýdýardy. Käte-de onuň özi biziňkä eşeklije gelerdi. Hiç haçan bir-iki günden uzak bolmazdy. Ejem: «Kaka, bizde ýaşaberiň» diýse, göwnemezdi. Obamyzy daryşganlyk görerdi. Onuň ýaşaýan obasynyň bir çeti çöllükdi. Biziň obamyz bilen aralykda ullakan çöl ýatyrdy. Beýleki çeti bolsa tä derýa çenli uzalyp gidýän toraňňydyr jigdeli, ýandak buýanly jeňňellikdi. Her gezek babamyň çep eliniň eti ýygrylyp, gyzgylt öwsüp duran ýerlerine gözüm düşende, ejemiň aýdyp beren bir hekaýatyny ýatlaýardym. Ol juda gysgajyk hem gussalydy. «Babaň «baý-kulak, halk duşmany» diýlip, sürgünde bolan adam. Eli şonda sowuk kakyp, zaýalanan». Babam, esasan, ussaçylyk edýärdi. Orak, aňňal, eşege gaňňa, ata eýer, düýä howut ýasap berip, güzeranyny dolaýardy. Ýanyndan bäş-üç sany geçidir goýun saklaýardy. Öýüniň gapdalyndan jeňňeli bir çete süýşürip açynanja ýerine düme gawun ekip, özüniň-de, biziň-de iýjegimizi ýetişdirýärdi. Artykmaç galanyny bolsa dilip, kak serýärdi. Içi buýandyr ýandak basan çaklaňja mellek ýeriniň aýagujundan başlanyp gidýän jeňňellikde gapan gurup, aw edäýmesi-de bardy. Onuň obasynyň adamlary her ýer-her ýerräkde öý gurnup, pytyraňňy oturýardylar. Öýleri diwaryna örme gamyş tutulyp, daşyndan suwalan çaklaňja jaýjagazlardy. Esasy pişeleri bolsa buýan köküni ýygnamakdy. Obanyň daş-töweregini gallap oturan jeňňellikde näçe diýseň bitýän buýanly meýdanlary traktor bilen çuň sürüp, şaha-şaha bolup ýatan ýogynly-inçeli kökleri ýygyp, atyzyň bir çetine küde edip basyp goýýardylar. Ol meýdanlaryň deňinden geçeniňde, buýan köküniň süýjümtik ysy burnuňa urup, bokurdagyňy gijedýärdi. Kökleri wagtal-wagtal derýa bilen gelýän giňiş barža ýükläp, welaýat merkezine ýollaýardylar. Babam hem ýaşy bir çene barýança kök ýygymynda işlän adamdy. Şonuň üçinem işden galandygyna seretmezden, kök hojalygynyň ýolbaşçylary onuň odunyna, suwuna esewançylyk edip, gözden salanokdylar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutsaň, babam biziň goldawymyza mätäjem däldi. Birtopar obanyň ortasynda ýerleşýän biziň kiçijik obamyzyň oňa daryşgan görünjegi-de düşnüklidi. Hawa, onsoň ejemdir jigilerim bilen babamyňka gitdik. Ejem iki günden soň, jigilerimi alyp, öýümize dolandy. «Biraz bolubersin. Özüm eşeklije eltip gaýdaryn» diýensoň, men babamyňkyda galdym. Kökçi obasynda bir hepde gowrak boldum. Her dürli otlaryň, agaçlaryň tutluşyp ösen jeňňelliginde babamyň çaklaňja sürüsini bakdym. Gyş üçin ot ýatyryşdym. Birkemsiz bişen gawunlardan kak dilişdim. Men indi bärden ýadapdym. Öýe gaýdasymyň gelýändigini görüp, babam: —Seni eltip gaýdaýyn, köşek –diýdi. Bir gün daň bilen ýola düşdük. —Meniň size gidenimde öz gidýänje ýolum bar. Şonuň bilen ortalap gidibereli –diýip,ol eşegine meni mündürdi-de, özi öňe düşdi. Onuň ýol diýen ýerinde hiç hili yz, maşyndyr traktoryň tekeriniň galdyran sudury ýokdy. Adaty belentli-pesli çöllükdi. —Ynha, bu ojar, bu sözen, bu çeti, bu çerkez... –diýip, babam ýolboýy çöl ösümlikleri bilen tanyşdyryp barýardy. Biz şeýdip, çölüň orta gürpüne ýeteňkirledik. 2. Ýaňy dogan Günüň ýiti şöhlesi çäge bilen çaknyşyp, ýylpyldyly öwüşgin döredýärdi. Men eşegiň üstünde oturşyma daş-töweregimi çaga bilesigelijiligi bilen synlaýardym. Çölüň ýygyrt-ýygyrt ýüzi maňa babamyň ýaşlaryndaky garryja adamyň Güne gaýzygan keşbi ýaly bolup görünýärdi. Şol barmana çägäniň aşagyndan akjaryp çykyp duran ýylmanak hem ýalpyldawuk zada gözüm düşdi: — Baba, hol ýatan zat näme? – diýip, soradym. Babam beýle zady çöl içinde ilkinji gezek görýän bolarly. Çeň galyp, eşegiň başyny şol tarapa öwürdi. Ýaňky düşnüksiz zadyň üstüniň çägesini biraz aýryşdyryp: — Bu bir heýkel ýaly-la. – diýdi. Düňderilip, başaşak ýatan heýkeliň böwri döwlüp, her ýerräginden poslap giden demir simler görnüşip durdy. Meni geň galdyran zat – heýkeliň içiniň boşlugy boldy. Onuň içi ýylan çykjak hin ýaly,hoňkaryp, garaňky hem gorkunç görünýärdi. Babam onuň başujunyň gumuny eli bilen gazyp aýryşdyrdy welin, ullakan, murtlak kelle çykdy. Onuň burny döwük diýmeseň, galan ýeri abatdy. — Bu ýoldaş Staliniň heýkeli. Üstüni ýel açypdyr. Onuň siziň obaňyzyň ortasyndaky heýkelini ýykyp, äkidip çölde gömenmişler diýýärdiler. Bu şol bolmaly. – diýip, babam eşek sürýän taýajygy bilen ap-ak mermer kellä «tyrkyldadyp» urdy. Staliniň heýkeline gabat gelmegimiz, maňa, şondan üç ýyl ozalky bir wakany ýatlatdy: «Guwanç diýen dostum bardy. Bir klasda bile okaýardyk. Men onuň, ýa-da ol meniň üstümden gelip, mekdebe bile gidýärdik. Atasy klubyň garawuly bolup işleýärdi. Öýleri hem ediljek şol ýerdedi. Ol bir gün üstümden geldi-de, ýola düşenimizde: — Me, saňa – iň gowy dostuma bereýin. – diýip, una süýtdür şeker garylyp, gaýnadylyp taýynlanýan pelwerdi diýilýän, ganda çalymdaş, ak, ýylmanak zady elime tutdurdy. — Bu näme? — Ystaliniň barmagy. — Sen ony nireden aldyň? — Geçen gije Ystaliniň klubyň öňündäki heýkelini boýnuna polat urgan salyp, traktora çekdirip ýykdylar. Ol ýere düşende eliniň barmaklary döwlüp pytrap gitdi. Onsoň ony Mäti aganyň maşynyna ýükläp, bir ýerlere-hä äkitdiler. Men irden turup, heýkeliň ýykylan ýerinden onuň döwlüp ýatan barmaklaryny çöpläp aldym. Atam «Ystalin köp iş bitiren zor adamdy. Heýkelini nähak ýykdylar. Ol bolmadyk bolsa beýle tertipli ýurt gurup, uruşda ýeňip bilmezdik. Özi ölensoň, onuň yzynda galan käbir egindeşleri şöhratyny gysganyp şeýdýärler» diýýär. — Indi Ystaliniň heýkeli duran ýerinde ýokmy? — Ýok. — Ýör, onuň ýykylan ýerine gidip göreli. Belki, ýene-de barmaklarynyň döwüklerini taparys. – diýşip, biz ylgaşyp bardyk. Emma eýýäm ol töwerek sübselenip, biziň gözimiz öwrenişen heýkel asla hiç haçan bolmadyk ýaly edilip goýlupdyr». 3. Bu heýkel bilen bagly ýene-de köp wakalary ýatladym: «Ýylyň aýagyna Staliniň doglan gününde mekdepde dabara geçirilerdi. Soňundan bolsa, herimize bir stakan çaý bilen bir sany köke berlerdi. Ol ak undan bişirilen, içi kişmişli, juda süýji kökäni «Organ işgärleriniň tabşyrygy boýunça şäherden ýörite getirip paýlaýarmyşlar» diýerdiler. Biz ondan barybir doýmazdyk. Uruşdan soňky ýyllar bolansoň, saçagymyzda gara çörek tapylsa begenýän çagalar: «Ystalin kaka-ha şu kökeden doýýança iýip, hezil edinýändir» diýşip, öz ýanymyzdan pikir ederdik. Onuň gyşky klubyň öňünde göni görejiňe seredip, barmagyny uzadyp duran heýkeliniň deňinden geçenimizde bolsa: Ystalin kaka, Beräý-dä köke... diýşip, aramyzda ürç edip aýdýan sanawajymyzy gaýtalardyk. Muny mugallymymyz eşidip: «Goýuň, beýle diýmäň, köke dilär ýaly, açlyk ýog-a!» diýip, bize käýärdi. Staliniň ýüzüňe dikanlap bakyp, barmagyny çommaldyp «näme diýýändigi» barasynda hem her dürli gürrüňler bardy. Biri «Sen gowy adam bolup ýetiş!» diýip, uzadýarmyşyn» diýse, beýlekisi: «Galplyk etseň, ýoguňa ýanaryn!» diýdigimişin» diýýärdi. «Bozgaklardan, içki hem daşky duşmandan ägä boluň!» diýip, duýdurdygymyşyn» diýýänler-de köpdi. Leniniň bolsa tomus kanikulyna çykanymyzda lagerde dynç alýan ýerimiz bolan bagyň içindäki bukuja ýerde kiçeňräjik heýkeli bardy. Ozal onuň heýkeli Stalin bilen ýanaşyk durardy. Soňra ony nämüçindir bagyň içine göçüripdiler. Ol hem goluny uzadyp durdy. Onuň goly gündogara uzaýardy. Beýdip durmasynyň manysyny «Size gündogardan dogup gelýän parlak Gün ýaly ýagty durmuş garaşýar» diýip, düşündirýärdiler. Şol döwürde tigir edinmek ýoň bolupdy. Bu azaby az, amatly ulag her öýde diýen ýaly bardy. «Oba ogrusyz bolmaz» diýleni, tigir ogurlamak hem ýaýbaňlanýardy. Iň bolmanda, tutuş ogurlansa tapylmagyndan ätiýaç edip, iki tigrini ogurlap, ramasyny äpberip gidýärdiler. Ine, bir gezek şol tigir ogrularynyň birisi obanyň ýeke-täk dukanyna söwda etmäge gelen bir adamyň daşda goýan tigrini ogurlaýar. Ony tomsuna biziň lagerde bolýan bagymyzyň içine eltýär-de, iki tigrini açyp alyp, ramasyny bolsa Leniniň gündogara uzap duran goluna ildirip ötägidýär. Şondan ozal tigir ogurlygyna ulybir ähmiýet bermeýän organ işgärleri bu wakadan soň ogryny yhlas bilen gözläp başlapdyrlar. Beýtmekleriniň sebäbi, bu ogurlykda dostum Guwanjyň atasy aýt-myşlaýyn, «Tigri kim ogurlady? Lenin ogurlady! Lenin hem arassa adam däl! Ogry-kezzap!» diýen syýasy äheň bardy. «Ogryny tutsalar, hökman Sibirden çykararlar» diýişýärdiler. Hernäçe gözleseler-de, ähli tigirleri barlasalar-da, barybir ony tutup bilmändiler. Ýöne, şondan beýläk diňe bir tigir ogurlygy däl, asla ogurlyk diýen zat öz-özünden kesilipdi. Men Staliniň barmagyny şondan soň gowy görüp elmydama jübimde göterip gezýän köp dilli çakgymdyr ulaldyjy lupam, ýere ursaň batly-batly bökýän çig rezin bölegi we ýene-ýeneleriň arasyna goşupdym». 4. Babam heýkeliň eýlesine-beýlesine äňedip çykansoň, onuň bilinde ornaşykly oturdy-da, maňa: — Sen indi ullakan, aýdylana düşünerçe bolupsyň. Meniň saňa käbir zatlary gürrüň bermegim, seniň hem bilip goýmagyň gerek! – diýdi. Ol görejini bir nokada dikip, ep-esli wagt dymyp oturansoň: — Hawa, köşek... – diýip, gürrüňe başlady. — Ol döwür bir düşnüksiz döwür bolupdy. Ak patyşa ýykylyp, täze döwlet gurulansoň, ýüzüni gijä tutup, Owgana göçen – göçüp, galan – galypdy. Birtopar adamlary bolsa, her dürli aýyplar ýöňkäp, sürgün edipdiler. Ine, bir gün meniň hem yzymdan harby eşikli iki sany adam gelip, purguna mündürip etrap merkezine alyp gitdiler. Eltip, hyýrsyz bir adamyň oturan otagyna saldylar. Ol hat-peteginden başyny götermän, azymly sorady: — Pamyliýaň näme? Meniň düşünmändigimi aňyp: — Kakaň adyny aýt?! – diýdi. — Şükür. — Öz adyň? — Allanazar. — Allanazar Şükür ogly. Ol öňündäki ýazgynyň üstünden barmagyny ýöretdi-de, bir ýerde saklandy. — Näçe malyň bar? — Ýüz gowrak bardyr... — Ýüz sekiz sany goýun, on dört sany geçi. — Şeýleräjik bolmagy mümkin. — Şeýleräjik däl-de, şeýle. Şunça malyň bar. Sen özüňiň baý-kulakdygyňa düşünýärmiň? — Men ili aldap gara şaýyny alan adam däl. Bu mallary öz halal zähmetim bilen edindim. Azabyndan gaçmasaň, geçi-goýun diýeniň köpelip gidip otyr. — Onda näme üçin garyp-garamaýagyňky köpeliberenok? — Gaýratly adam bolsa hor ýaşanok. — Gepiňi köpeltme! – diýip, ol meniň ýeňsäme aýlandy. — Gapyňda batrak saklaýarmyň? Men ol ýüz-gözi şepagatsyz adamyň öýümizde oduk – buduk işimize kömekleşip, gaýry bir eklenji bolmansoň, biziňkide ýaşap ýören Wellekdir Ýolum aga barada habarlydygyny aňdym. Olar ozal baryny-ýoguny bir topar düýä ýükläp, serhetden aşan Şirmyrat baýyň hyzmatkärleridi. Baý gidensoň, onda-munda selpäp, ahyrsoňy meniň ýüregi ýukalygym zerarly biziňkide ornaşypdylar. Görgülileriň azary-bizary ýokdy. Mal agylynyň gapdalyndaky hojalyk goşlaryny saklaýan tamymyzda ýaşap, näme iş bolsa ýeňil gopup, kömekleşýärdiler. Yrsgalymyz bir gazanda bişip, hemmämize-de ýetýärdi. Meniň näme jogap berjegimi bilmän dymýandygymy görüp, sülçi gyssady: — Göniňden gel! — Aý, olaryň batrak boldugy däl-le. Üstüne öý edinip, özlerini tutýançalar ýaşabersinler diýdim. — Şony boýun alýaň dälmi? — Hawa. — Traktory sen otladyňmy? — Ýok-la, men näme üçin otlaýyn. — Traktor otlanan güni şol töwerekde seni görüpdirler. Oba getirilip «Gyzyl traktor» diýlip eger bir uly dabara bolsa, sürlüp eltilip, «Ynha, biziň gazanan derejämiz!» diýlip, häli-şindi buýsanç bilen dile çolanylyp ýörlen traktory bir gün traktorçysy Taýyr aga işden soň öýüne gaýdanda, atyzyň gyrasyndaky hyşalygyň içine süsdürip gaýdyberipdir. Ol döwürlerde täze düzgünden içi kitüwlilerem ýok däldi. Şolaryň birisi bolsa muny görüp, hyşalygy otlap goýberipdir. Ýangyn gelip traktora-da tutaşypdyr. Demir böleklerine zat bolmasa-da, ýerýag çelegi ýarylyp, köp şaýlary hatardan çykypdyr. Men hem şol wagt jeňňelden bir araba ot orup gelýärdim. Deňinden geçenimde hyşalygyň ýanyp duranyny gördümem. Ýöne, onuň içinde traktor bardygyny nireden bileýin. «Täzeden gögerse, gowy mal oty bolýar» diýip, hyşalygyň otlanylýan halatlary köp bolýardy. — Hawa, görendirler, jeňňelden buýan orup gelýärdim. Ýöne, men otlamadym. – diýip, sülçiniň başyma dakmakçy bolýan indiki aýbyna janym ýandy. — Şol gezek zat diýilmän, aman sypypsyň welin, traktory otlan sen bolmaly. — Aý, ýok-how! «Gurhandan» ant içmelem bolsa, men taýyn. — Gör, sen nähili köne pikirli. «Gurhan» seniň üçin mukaddes. Ant içilýän kitap. «Gurhana» uýýaň. Täze Sowet hökümetine welin, uýaňok. – diýip, ol barmagyny gözüme dürtäýjek bolup jabjyndy. Soňra biraz köşeşip: — Onda ynha, «Ýüz sekiz sany goýnum, on dört sany geçim bar. Wellek Hydyr hem-de Ýolum Gara ogluny öýümde saklaýaryn. Olar maňa hiç hili garyndaş däl» diýlen, ikimiziň gürrüňdeşligimiziň şu ýazgysyny okap, gol çek! – diýip, sorag edýärkä ýazyp taýynlan kagyzyny öňüme goýdy. — Meniň sowadym ýog-a. — Goluňy-da çekip bileňokmy? — Ýok. — Şular ýaly goluny-da çekip bilmeýän bisowat baýlara-da özümizi ezdirip gelipdiris-ow! – diýip, sülçi ýoknasyz güldi. — Indi beýle bolmaz. Üstüne syýa dökülen, öljerip duran mataly gutujygy öňüme süýşürdi: — Beýle bolsa ynha, syýa ölle-de, şu ýere barmagyňy basaý! Kagyzda ýazylanlara seretseň, uly bir etmişim ýokdy. «Adam öldürmändirin, öý ýykmandyryn, ýa-da özge bir ildençykgyçylyk et-mändirin. Malym bar bolsa, ogurlap alamok, öz maňlaý derim bilen gazandym. Gapymda adam saklaýan bolsam goý, ol görgülilere täze hökümet iş berip, gapy-gapy syryp ýörmezler ýaly etsin. Bu zatlar üçin meni silterläp bilmezler. Haklary ýok» diýen pikir bilen men sülçüniň öwredişi ýaly, başam barmagymy syýa ölledim-de, görkezen ýerine basdym. Emma ýalňyşypdyryn, şol ýazgy olara on sekiz ýyllap takdyrymy garaltmaga tutaryk boldy. 5. «Baýyň maşgalasy» diýip, suw ýaly çagasy — gyzjagazymyz golundalygyna aýalym — mamaň pahyry-da ýanyma goşup, ikimizi welaýat merkezine alyp gitdiler. Ol ýerde haýaty belent, içi özümiz ýaly «baý-kulak» diýlip jemlenen, aýal-erkek, garry-ýaş adamlardan doly bir howla saldylar. Şol ýerde bir gün saklap, ertesi ählimizi eşelona mündürip, her wagona ikiden-üçden goly ýaragly sakçy goýup, sürgünde bolmaly ýerimize ýolladylar. Berilýän iýmit zordan ölmez-ödülik bolýardy. Şonuň üçin garnymyz aç, ine-gana ýuwunmaga mümkinçilik ýokdugy zerarly, üst-başymyz kir-kimirdi. «Halk duşmanlary» diýip, bize juda ýowuz çemeleşýärdiler. Islendik ujypsyzja haýyşyňy-da bitirmegiň ýerine, «Me, saňa!» diýip, tüpeňiň gundagy bilen çem gelen ýeriňe sugşurýardylar. Ýüzlenenlerinde-de paýyş sögünip ýüzlenýärdiler. Aýalym pahyryň ýolboýy aglamakdan ýaňa gabaklary çişip, gözleri gyzaryp gidipdi. — Gyzlarbegi, goý aglama. Başymyza salnan bu gabahatlygy Allatagala görüp oturandyr. Biz ömür halal ýaşan adamlar. Hiç bir aýbymyz ýok. Allanyň özi goldar. – diýsem, biraz wagtlyk köşeşýärdi-de, ýene-de hamsygyp, aglap başlaýardy. Men oňa düşünýärdim. Ilkinji bäbegini eline alyp, ýüzi açylan gelin, sülmüräp gezjek döwri. Obadan, ene-atadan, tanyş-bilişden jyda düşürilip, bu heläkçiliklere, heniz görmedik görgülerine sezewar edilmegi diýseň agyr düşýärdi. Onuň gözüniň ýaşy kepemän, dyngysyz aglap barşyny synlap, edil gabat garşymyzda oturan adam bize seredip, başyny gynançly ýaýkaýardy. Ýanyndaky aýala çalgyrt dilde biz barada nämedir bir zatlar diýýärdi. Ahyrsoňy ýaşy durugyşan ol adam meniň ýanyma geçip oturdy-da, özüni tanatdy: — Mingä Halyl aga diýýärler. Min tatar. Kerkide çörek bişirýän pekarnym barty. Şonda üç-törtte adamny hakynga tutup işletgenim üçin, baý-kulak dip, maşgalam bilen bastylar. Wagtal-wagtal Kerkä bir iş bilen gidýänleriň «Halyl aganyň pöňke nany» diýip getirýän, öýjük-öýjük bolup duran, inedördülräge-de süýnmek, pyçak bilen kesilip iýilýän, diýseň tagamly çöregi men hem dadyp görüpdim. «Bu şol Halyl aga eken-ow. Çörek bilen iş salyşýan bolsa, halal adamdyr» diýip, onuň bilen tanşanyma begendim. Näme aýyp ýöňkelip alnyp barylýandygymyzy aýtdym. Onuň ýanynda özüne görä ýaş, gür gara saçly, owadan aýal,on üç ýaşlaryndaky gyz, on ýaşlaryndaky oglan bardy. Halyl aga olary: — Bu miniň hatynym Raýa apa, bu kyzym — Wenera, buta oglum — Mars. – diýip, tanyşdyrdy. Raýa apa meniň aýalymyň ýene-de aglamaga başlandygyny görüp, oňa çalgyrt gürläp, ýüzlendi: — Koý ýyglama, janam! Nimegä muntaý küp ýyglyýsan? Süýtüň kaçsa, kiççikkä balaňny kandaý imdiräsin?! Raýa apanyň şu sözünden soň, biraz köşeşip, aýalym görgüli golundaky bäbeginiň aladasy bilen boldy. Raýa apa Halyl aganyň aýtmagyna görä, Orsyýetiň uly şäherleriniň birinde ýokary derejeli lukmançylygy okan, ökde wraç ekeni. Halyl aga onuň bilen Birinji jahan urşunda ýaradar bolup, gospitalda ýatyrka, heniz ol ýaşajyk şepagat uýasyka tanşypdyr. Şondan soň Raýa apa uly lukmançylygy, Halyl aga bolsa, iýmit ugrunyň okuwyny okapdyr. Ahyrsoňy goş birikdirip, «musulman ýurtlaryny özleşdirmäge» bize gaýdypdyrlar. Gadymy Kerkä gelip, Halyl aga kiçijik pekarnýa açypdyr. Raýa apa bolsa tebipçilik edipdir. Aýalym ikimiziň heniz ýaşdygymyzy, şata çydaman «döwlüp gidibermegimiziň» mümkindigini görüp, Raýa apa bize janyndan syzdyryp öwüt berdi. Beýle döwürde sowukganly bolmalydygy, ilkinji nobatda özüňiň hem-de maşgalaňyň jan saglygyny goramagyň gerekdigi, ömrüň diňe bir gezek berilýändigi, «Duruň, men häzirki — bulaşyk döwürde ýaşajak däl! Soň gelip ýaşajak!» diýip, başga has gowy döwre çalşyp bolmaýandygy, şonuň üçinem ujypsyz mümkinçilige, ýowuz şerte dessine uýgunlaşyp, özüňi ele alyp, bu elhenç gara günleriň yzyndan parlak ýagty günleriň hem geljekdigi, şol günlere garaşyp umytly ýaşamalydygy barada öz çalgyrt dilinde janygyp düşündirdi. Şondan soň ýüregim düşüşdi. Durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadan bu adamlara özümizi ýakyn tutmagyň, derýada gark bolup ugranyňda gapdalyňdan akyp barýan ýönekeýje agaja ýapyşyp halas bolnuşy ýaly, gyýçakly takdyr daşyny niresinden tutup, özüňi ýaralatman ýoluňdan aýryp zyňmagyň ebeteýini bilýän bu kişiler bilen bileräk bolmagyň gerekdigine düşündim. Halyl aga ýygy-ýygydan: — Nigä adam-adamny horlaýdy? Şunga hiç tüşinmiýmin. – diýip, gaýtalamagy gowy görýärdi.Soňundanam bu sowalyna onuň özi jogap berýärdi. — Ful, baýlyk üçin bolsa keräk. 6. Bizi Magadanyň Kolyma diýilýän ýerine, tussaglara gyzyl gözledilýän ýere alyp bardylar. Halyl agany çörek bişirilýän pekarnýa ýolladylar. Raýa apany koloniýanyň keselhanasyna lukman edip bellediler. Olaryň ogludyr gyzy şol ýerde işleýän «zekleriň» çagalaryny okadýan mekdebe gatnap başladylar. Meniň aýalymy Erken Mansurow diýilýän, biziň ýaly maşgalasy bilen sürgün edilen tussagyň Aýsuluw atly hoşgylaw aýaly bilen bile bir jaýyň hersini bir otagyna ýerleşdirdiler. Aýsuluwyň bäş ýaşlaryndaky garagözelek ogly bardy. Meni bolsa her gün daň agarandan gün ýaşýança gyzyl gözleýän tussaglaryň toparyna goşdular. Biz maşgalamyzdan aýra, koloniýanyň ammar görnüşli uzyn-uzyn tagta jaýlarynda — baraklarda ýaşaýardyk. Iki gat edilip oňarylan agaç sekilerde ýatýardyk. Iýmiti iş üstünde berýärdiler. Içinde bir bölejik kartoşka ýa-da sogan ýüzüp ýören tagamsyz çorba bilen el ýaly gara çörek — ine, bar paýymyz şoldy. Uzynly gün agyr iş edýän adama ýok hem bo-lanokdy. Elmydama garnymyz aç, horduk. Biziň gyzyl gözleýän ýerimiz çaklaňja dag derýasynyň raýyşydy. Herimize on metr töweregi ýer bölüp berýärdiler. Şol ýer ençeme ýyllap iş ornumyz bolupdy. Bir sany pil, daşly-çagylly ýeri gazmak üçin külüň hem kerki, gumy çeşmäniň suwunda ýuwar ýaly ýalpak legen — iş gurallarymyz şulardan ybaratdy. Her on – on bäş adama bir sany ýaragly sakçy bellenilýärdi. Ol eýläk-beýläk aýlanyp, ýa-da oňaýly ýer tapyp oturyp biziň işleýşimize gözegçilik edýärdi. Iş wagty biri-birimiziň ýanymyza barmak, gürleşmek bolmaýardy. Bu ýerde gyzyly el bilen gözlemekden daşgary, traktor bilen süsňelen gumy aýlanyp duran ýörite ägirt elege guýup, güýçli suw çüwdürimini tutubam gözleýärdiler. Ýuwlup gyzyly alnan gum bir çetde depe ýaly üýşürilip, ýüzüne çagyl daşy örülip, «Staline şöhrat!» diýlip, ýazylgydy. Ol heklenilgi ýazgy allowarralardan hem agaryp görünýärdi. Biz tapan gyzylymyzy bir gutujyga ýygnap, günüň dowamynda iki gezek: günortan nahar berilmezden öňünçä, agşamlyk hem işiň soňunda ýörite terezide çekip alýan, ýany pugta goragly göçme çekimhananyň işgärlerine tabşyryp, adymyza ýazdyrýardyk. Normamyzy yzygiderli dolsak, hepdede bir gije maşgalamyzyň ýanyna görme-görşe goýberýärdiler. 7. Her adam başyna günüň dowamynda iki tonna gowrak gumy ýuwup, elekden geçirýärdik. Bu aňsat däldi. Gyýçak-gyýçak daşly, ownukly-irili çagylly topragy elege salyp, akyp barýan suwda ýuwýardyk. Şonda maýda gözli ýalpak elegiň ýüzünde galýan daşjagazlaryň arasynda sargylt öwüşginli gyzyl tokgajyklary duşýardy. Ululygy mäş ýalydan başlap çaganyň ýumrugyçalary-da gabat gelýärdi. Ýöne, ondan ululary örän seýrek tapylýardy. Her kimiň arzuwy iň ullakan gyzyl tokgasyny tapmakdy. Sebäbi, şeýle tokgany tapan adamyň sürgünde bolmaly möhleti kemeldilýärdi. Dessine bolsa oňa bagty çüwüp öňünden çykan goçak gyzylyň agramyna görä, tutuş bir gün, iki gün, üç gün, normany yzygiderli dolanyňda hepdede bir gezek gije maşgalaňyň ýanyna gitmäge berilýän rugsatdan daşgary hem işden boşadylyp, dynç berilýärdi. Şol rugsat berlen wagtyň dowamynda saglygyňa seretmäge, elmydama eliňi suwa sokup, daşly gumy döreniňde, hamy ýukalyp deşilen, azar ýamanyny berýän ýaralaryňy bejermäge, tussaghananyň känbir baý bolmadyk kitaphanasyndan haýsydyr bir kitapçany alyp okamaga, ýyrtylyp, şulhasy çykyp barýan eşikleriňi sowuk hyzlap girip durmaz ýaly ýamaşdyrmaga, iň bolmanda öz-özüň bilen ikiçäk galyp, geçeniňi ýatlap, gelejegiňe gowy arzuwlary beslemäge pursat araýardy. Bu bolsa aldym-berdimli türme durmuşynyň «ýiti dişleri çeýnäp» sal-sal edip barýan ýagdaýynda uly peşgeşdi. Tersine, bar azabyň puç bolup, elän gumuň boş çykyp, normaňy ýerine ýetirip bilmeýän şowsuz günleriň hem az däldi. Eger yzygiderli üç gün çekimhananyň terezisine goýmaly gyzylyňy goýmasaň, adyňyň deňine «Hiç zat tabşyrmady» diýlen bellik düşse, onda «Gyzyl gizläp şübhe döredýän zek» hökmünde «Ýola salyş otagyna» salýardylar. Giren badyňa birbada gözüň öwrenişmeýän ol alagaraňky otagda bolsa çiginleri ýumry-ýumry, adam urmakdan lezzet alýan, zannyýamanlykda ýakasyny tanadan tussaglardan üç-dört sanysy garaşyp durandyrlar. Olar seni şeýle bir ýenjer welin, ertesi dünýäniň bar gumuny dörmeli bolsa dörüp, her edip – hesip edip gyzyl paýyňy tabşyrmaga kaýyl bolarsyň. Men hem ilkinji ýylym «Ýola salyş otagyna» köp düşerdim. Ýüzümiň gögüniň aýrylmaýandygyny, içimi tutup agyryma buruljyrap zordan işleýän günlerimiň ýygy-ýygy gaýtalanýandygyny, gyzyl gözleýän ýerimiz boýunça goňşym Isaý Malkis görüp, nebsi agyryp, bize berkidilen sakçy papagyny gözüniň üstüne süýşürip, goçak daşa ýaplanyp, irkilen çagy ýanyma ylgap geldi. Ol it ýaly hyýrsyz sakçynyň oýanmagyndan howatyr edip, ýuwaşja gürläp öwüt berdi: — Sen bäride ýumruk iýip ölmejek bolsaň nät diýsene: hiç haçan gyzyly normadan artyk tabşyrma. Köp tapan günüň, talap edilýänden beýlekisini gizledejik goý. Şowsuz günlerde maňlaýyňdan dirär. Düşündiňmi? — Düşündim welin, men bäride maşgalaly. Aýalym hem gyzym bar. Ýygy-ýygydan şolar bilen görşüp durmagym üçin goşmaça dynç gününi almagym gerek. — Görýän welin, gündogarly adamlaryň aglabasynyň akmak bolşy ýaly, senem akmak öýdýän. Normany dolup dursaň, hepdede bir gezek heleýiň ýanyna goýberýärler ahyryn. Şol besdir-dä. Ýogsam, plany bermeýäniň üçin urup öldürseler, aýalyňa gowumy? Hany, şuny oýlanyşyp bir gör! Men saňa hut gyzyl ýaly gymmatly maslahat berýän. – diýip, ol öz uçastogyna gitdi. Men Isaýyň maslahatyny kellämde aýlap, makul bildim. Köpler oňa «Akylly jöhit» diýip, näme-de bolsa bir zatjyk peşgeş berip, maslahat soraýardylar. Maňa bolsa onuň özi ýanyma gelip, öwüt berdi. Şol günden başlap Isaýyň maslahat berşi ýaly etdim. Artykmaç tapan gyzylymy hiç haçan tabşyrmadym. Gyzyl gözleýän ýerimiň golaýynda, özümden başga adam bilmez ýaly pynhanja ýerde «bukyhana» edinip, şonda gizläp goýdum. Toprak gyzyl bermedik, şowsuz günlerim ýaňkyja tygşytlan gyzylymy tabşyryp oňňut etdim. Günlerde bir gün bolsa bagtym çüwdi. Ullakan bir gyzyl tokgasyny tapdym. Ol iki kilo gowrak bardy. Men gözlerime ynanman, «Şu gyzylmyka beri? Isaýa görkezäýsemmikäm» diýip, ikirjiňlendimem. Soňra «Ýok, şol jöhide görkezmäýin-le!» diýen pikire gelip, daşky görnüşi badat diýilýän süýji ýeralma meňzeş, betgelşigräk şekilli gyzylyň gumuny süpürip, bir böwrüni ýiti daş bilen çyzyp gördüm. Ol lowurdap, öwüşgin atyp duran ýokary hilli gyzyl ekeni. Men ony ozalky bukyhanamda däl-de, başga bir has ygtybarly ýerde gizledim. Şol gün gyzyl tabşyrmaly normamy bolsa barybir ýerine ýetirdim. Şeýdip, üç ýyl geçdi. Aýalym hem, men hem kem-kemden rusça gürlemegi, harplap okamagy, ýazmagy öwrendik. Bu meselede bize Halyl aga, Raýa apadyr olaryň çagalary kömek etdiler. Häli-şindi duşuşyp durýardyk. Halyl aga her gezek, degşip soraýardy: — Nigäsiň, kizyl tapasiňmy? — Tapýan. — Ol kizyllaryň hiç. Sen iň ýakşi kizylny entek obadakaň tapypsin. Ynha, ol öňüňde ýalpyldap otyr. – diýip, aýalymy görkezýärdi. 8. Bir gün irden işe ugramazymyzyň öň ýany geçirilýän barlagda, hatarlanyşyp durkak koloniýamyzyň naçalniginiň orunbasary, örän zabun hem mekir adam maýor Iwan Kalmykow: — Araňyzda kim awçy bolsa öňe çyksyn! – diýip, buýurdy. Obada wagtym käte bir gapan gurup, towşandyr tilki tutup görendigim üçin men hem bir topar tussagyň birisi bolup orta çykdym. — Görsene, awçynyň köpdügini! – diýip, ol ýylgyrdy. — Örän gowy! Örän gowy! Gör, biz atmaga, janly-jandarlary gyrmaga galanda nähili höwesek! Ol biziň herimiziň ýüzümize içýakgyç ýylgyryşy bilen seredip aýlanyp çykdy. Soňra: — Mansurow, Pilnýak... – diýip, ýene-de kimi saýlajagyny bilmän ikirjiňlendi-de, mende eglendi. — Şükürow, şularyňyz galmaly. Beýlekileriňiz zähmet borçnamaňyzy artykmajy bilen ýerine ýetirmek üçin, öňe! Beýlekiler gidensoň ol elindäki çybygyny aýasyna «şyrpyldadyp» urup, bize ýüzlendi: — Bilýäňizmi, erte kimiň doglan güni? Biri-birimiziň ýüzümize seredişip, «Kimiňkikä?» diýşip, serimsal bolşup duranymyzy görüp, onuň özi dillendi: — Erte biziň koloniýamyzyň naçalnigi polkownik Kutadzeniň doglan güni. Hawa, onsoň, biz erte näme etmeli? Ony ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlamaly. Gutlamak üçin bolsa bize näme gerek? Mynasyp sowgat gerek! Ine, şol mynasyp sowgady bolsa, ertire çenli kim taýynlamaly? Elbetde, siz taýynlamaly! Biz näme sowgat taýynlamalydygymyza düşünip bilmän, ýene-de biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. — Ýagny, siz... – diýdi-de, ol, çagyrylmagyna garaşyp, bir çetde duran leýtenant Plotnikowa «Bärik gel!» diýip, eli bilen yşarat etdi. Leýtenant gelip gapdalynda duransoň oňa-da eşitdirip. — Ýagny siz, tokaýa gidip aýy awlap, derisini alyp gelmeli. Aýy derisi polkownigimiziň doglan gününe gowy sowgat bolar. Tabşyryk şeýle! Bu ýöne-möne däl-de, aýratyn tabşyryk! Düşündiňizmi? – diýip, sorady. — Düşündik. Soňra ol leýtenanta ýörite buýruk berdi: — Sen bular gaçmaz ýaly, goragçy hökmünde gidersiň, hem-de aýyny tapanyňyzda, atyp berersiň. Galan işleri özleri eder. Ugraň! – diýdi. Biz daş-töweregi belent agaç diwar, onuň ýokarsyna birnäçe hatar tikenli sim çekilen koloniýanyň ýeke-täk gapysyna tarap ýöneldigem welin, Kalmykow: — Duruň! – diýip, hökümli gygyrdy. Aýak çekdik. Ol: — Ýene-de bir möhüm zat: Awlajak aýyňyz uly bolmaly. Has uly! Hamyny sypyranyňyzda kellesi bilen penjelerini ham bile galdyryp alyp geliň. – diýip, duýdurdy-da, «Öňe!» diýen yşarat etdi. Biz dyzdan gelýän gara batyp-çomup, wagt günortana golaýlaberende, gyzyl gözleýän ýerimiziň günbatar tarapynda ýerleşýän, ilki gyrymsylykdan başlanyp gitdigiçe belent iri agaçlaryň tutluşyp duran tokaýlygyna ýetdik. Tussag bolandygymyz üçin bize pyçak ýa-da ýarag götermek gadagandy. Şonuň üçinem gara gömlüp ýatan gury agaç şahalarynyň syrdam hem pugtalaryndan döwüp, herimiz özümize ep-esli uzynlykdaky hada-taýak edindik. Aýa duşsak, ony atyp öldürip, soňra hamyny sypyrmagymyz üçin bilinden asylgy esger pyçagyny berjek leýtenant Boris Plotnikow yzymyzdan gelýärdi. Gyşyň bu wagty aýylaryň ýyly sürene girip, tä ýaz çykýança uklaýandygyny, häzir olary bimaza etmegiň juda howplydygyny bilýärdik. Tokaýyň içinde aýy ýataýjak gür ot-çöplük, belentli-pesli ýerler köpdi. Şeýle ýer öňümizden çykdygy, ätiýaçlylygy goldan bermän, oňa elimizdäki uzyn taýaklarymyzy sokup gorjalap, diňşirgenip görýärdik. Şeýdip tokaýyň jümmüşine barha çuň aralaşýardyk. Agaçlar gitdigiçe gürelip, olaryň iki adamyň gujagy-da ýetmez ýaly ýogyn düýplüleri-de bardy. Käte-käte «şygyrdap» tokaý hozunyň gabyjagy gaçýardy. Bu kim bardygyna seretmek üçin agajyň böwründäki hoňkaryp duran öýünden daş çykyp, gyşa ýygnan tokaý hozuny döwüp iýip oturan belkalaryň işidi. Şol barşymyza agzy garalyp duran deşige gözümiz düşdi. «Şu-ha boş däldir» diýip, oňa taýak sokup gorjaladyk. «Taýagyň ujy haýsydyr bir ýumşak zada degýär» diýşip, batly-batly itip ugradyk. Onýança-da gowakdan gahaply hyňranma meňzeş ses eşidildi. Leýtenant biraz çete çekilip, tüpeňine ok sürdi. Ýerli-ýerden hüşerlenişip, süreni her näçe gorjalasak-da, bokurdagyny arçaýan adamyňka çalymdaş ses çykýardy-da, aýynyň özi görnenokdy. — Что будем делать? – diýip, Pilnýak sorady. — Сдохнет, но не выйдет*. — Tüsse bereliň. – diýip, men obada tilkiniň hinine tüsse goýberilip tutulşyny ýatladym. Bu çykalga Pilnýaga ýarap: — Хороший выход**. – diýip, hezil edip güldi. — Baý, şuny gowy tapdyň-aý.– diýip, Mansurow hem meniň teklibimi oňlady. Garyň aşagynda ýatan gury şahalardan çöpleşdirip, süreniň agzyna üýşürdik-de, üstüne-de tüssesi kemsiz goýry bolsun üçin arçanyň ter şahalaryndan döwüp basdyk. Aşagyndan ot berip, bir çete çekilip garaşyp başladyk. Odun derrew tutaşyp ýokarsynda duran öl şahalara ýetip ajy tüsse köwegiň agzyny gaplap aldy. Onýança-da, heniz doly ýanyp gutarmadyk odunlary dyr-pytyrak edip, böwrüniň tüýi düşüp käbir ýerinden sallanyşyp duran kiçiräjik betnyşan aýy atylyp çykdy-da, bolýan işlere düşünmän äm-säm bolup bize tarap seretdi. Leýtenant hem «atsammykam-atmasammykam» diýýän terzde ýüzümize äňetdi. — Дохлый, не надо***. – diýip, Pilnýak oňa yşarat etdi. Aýy keselbent bolarly, bimaza edendigimiz üçin garpyşmagy hyýalyna-da getirmän yzyna öwrülip sümsüldäp tokaý agaçlarynyň arasynda gözden ýitdi. «Bu gezeg-ä şowuna bolmady» diýşip gözlegimizi dowam etdirdik. Tokaý içinde her hili miweleriň entek şahadan üzülmän gyp-gyzylja bolup özüni güjeňläp duranlaryny ýolup işdämenlik bilen agzymyza atyp barýardyk. Soňabaka belentli-pesli ýerler, aýy ýataýjak oňaýly köwekler has köpelip başlady. 9. Adam barmasy kyn ýerde ýerleşen agzy giňişlik bir gowagy saýlap, «Hernä, iri aýynyňky bolsun-da» diýip, gorjalap görmegi ýüregimize düwdük. Süreniň agzy iç tarapyna typançak, aňry ýüzi hem belent baýyr bolansoň men Mansurowy sürene ýykylmaz ýaly ilikleri ýazdyrylgy güpbüsiniň yzyndan mäkäm tutup durdum. Ol bolsa biraz eglip hadany sürene sokup gorjalap başlady. Pilnýak taýagyny, leýtenant hem edil gapdaljygymyzda durup tüpeňini häzirledi. Pilnýagyň: — Ну как, есть там хозяин?* – diýen sowalyna Mansurowyň: — Bilemok. – diýenem şoldy welin, aňyrdan äpet bir aýy kellesi göründi. Ol agzyny açyp, penjesini häzirläp gelşine Mansurowy bat bilen kakdy. Mansurow zyňlyp gitdi. Onuň güpbüsi elimden sypanda, deňag-ramlylygymy saklap bilmän men hem edil gowagyň agzyna ýüzin ýykyldym. Penjesini ikinji gezek bulanynda eýýäm bir-iki ok atyp ýetişen ýöne ýa-ha gyltyz degip, ýa-da aşa daýaw bolansoň entek kär etmändigi üçin güýji gaçmadyk aýy gazap bilen leýtenanty kakdy. Leýtenantyň elindäki tüpeňi süreniň içine — aýynyň aşagyna gaçdy, özi bolsa ho-ol beýläk zyňlyp düşüp, aýynyň penjesi ýyrtan boýnundan zogdurylyp akýan gany garyň ýüzüni elwan reňke boýap başlady. Ýerimden turup ýetişýänçäm aýy penjesini üçünji gezek bulady. Men kellämi zordan bir çete sowup bildim. Şol arada ol beýleki penjesini çep elimden ildirip meni sürenine tarap çekip başlady. Bar güýjüm bilen yza dyzap elimi onuň penjesinden sypdyrmakçy bolýardym. Aýynyň ýiti dyrnaklary güpbiniň ýeňinden geçip elimiň etini dilimläp ganym joralanyp akýardy. Ol meni ýamaşgan urmak üçin penjesini aýranda, bir tarapa togarlanyp ýetişdim. Janhowluma ýerimden galyp, sal-sal bolan elimi goltugyma sokup süreniň agzyndan çete çekildim. Halys aljyran Pilnýak hol aňryk baryp aýy süreniniň agzyndan ýokaryk çykyp kowalap ugrasa, gaçmaga häzirlenip saňňyldap durdy. Men hem Pilnýagyň ýanyna bardym: — Всё кончено! Им хана!* – diýip, ol Mansurowdyr leýtenanta tarap ümledi. Gözümizi aýynyň süreninden aýyrman, kowalasa gaçmaga taýýar bolup durşumyza iki bolup meniň güpbimi egnimden çykaryp, ganym köp gitmez ýaly tirsegimiň ýokarsyndan pugta daňdyk. Ädigimiň dolagyny ýyrtybam etleri daraw-daraw bolup sallanyşyp duran golumy saradyk. Mansurowam, leýtenantam jan beripdi. Olaryň töweregindäki garly meýdança gyzgylt öwsüp durdy. Leýtenantyň boýnunyň ep-esli ýeri damarlary bilen goparylypdyr. Mansurowyň bolsa aýy bir çalanda garnyny ýaryp, iç-goşuny akdyrypdyr. Biz aýynyň wagty bilen çykybermänligini geňläp onuň süreniniň agzyna hüşgär baryp seretdik. Görsek ol hem töweregini al-gan edip ölüp ýatyr. Leýtenantyň atan oklary ahyrsoňy öz işini bitiripdir. Onuň şeýle äpetdigine haýran galaýmalydy. Kellesi gazan ýaly, tüýleri ýalpyldap öwüşgin atyp duran diýseň sagat aýydy. Pilnýýak leýtenantyň aýynyň aşagynda galan tüpeňini almakçy bolup hernäçe urnaşsa-da başa barmady. Aýynyň agyr göwresi oňa ýerindenem gozgatmady Mäkäm daňandygymyza seretmezden ganym duranokdy. Garyň üstüne damyp ysgyn-mydarym azalyp, gözüm garaňkyrap barýardy. Birdenem aýaklarym göwrämi götermän entirekläp ýykylyp gitdim. Şondan soň özümi bilemok. Pilnýak meni ilkibaşda arkasyna alyp gaýdypdyr. Halys ýadansoň bolsa süýräp, özi hem tapdan düşüp zordan koloniýa ýetip bolan ýagdaýy aýdypdyr. Ony naharlap aýaga galdyryp derrew, «Aýy bilen söweş bolan ýeri görkez!» diýip, yzyna alyp gidipdirler. Meni bolsa keselhana ýerleşdiripdirler. Aýynyň hamyny soýup getirip koloniýanyň naçalnigi Kutadzä sowgat edipdirler. Ol juda begenipdir. Leýtenanty bolsa «Gaçgak tussag Mansurow bilen atyşykda gurban boldy» diýip, hasabat beripdirler. Äri ölensoň, Aýsuluwy öýüne goýberipdirler. Ogly ikisi aglaý-aglaý gidipdirler. Mejalsyz ýagdaýda gözümi açanymda Raýa apanyň çala sudur bolup bildirýän ýüzüni gördüm. Onuň nämedir bir zatlar diýýäni duýulýardy. Kem-kemden sesini hem eşitdim. Ol: — Ölmek gerek däl! Ýaşamak gerek! – diýýärdi. Meniň ilkinji sowalym: — Sähra, Gyzlarbegi niçik? – diýip, gyzym bilen aýalymy soradym. — Ýakşi! Ýakşi! – diýip, ol meniň özüme gelenime begenip, ýalpak okarajyga guýup sowadyp agzyma çorba tutdy. Naharlap oturşyna: — Çep eliň ýaman! Oý-oý-oý, ýaman. Köp gan gitdi bar. Sowuk kakdy bar. – diýip, ýagdaýymyň nähilidigini aýtdy. Ýanyma aýalym bilen gyzjagazymy görme-görşe getirdi. — Wah, seniň bir başyň dik bolmalydy-da! – diýip, aýalym hamsykdy. — Koý, koý, ýyglama. Ol ölmedi. Ýaşar. – diýip, Raýa apa ony köşeşdirdi. Meniň elimiň ýarasy wagty bilen bitmedi. Raýa apanyň tussaglaryň arasyndaky professor Mehdi Güseýin aga bilen maslahatlaşyp etmedik emleri galmady. Emma gögüş öwsüp duran çep goluma ýaşaýyş alamaty geliberenokdy. Mehdi aga: — Tirseginiň ýanyndan kesmeli bolar. Çüýremegi mümkin. – diýse-de, Raýa apa: — Eli ýok erkek, mingä-dä, singä-dä — hiç kime gerek däl. – diýip, garşy boldy. Ol bir gün bolsa ýerli itelmen halkyýetinden bolan bir şamany — tebibi tapyp getirdi. Erkek kişidigine seretmezden onuň egnine dökülip duran uzyn gara saçlary örülip, ujuna her dürli monjuklar dakylgydy. Boýnunda bolsa düzüm-düzüm edilip asylan ululy-kiçili dişler, balykgulaklar, ýene-de haýsydyr bir düşnüksiz zatlar bardy. Meniň elimi görüp ol başyny ýaýkady-da, diňe ikimizi galdyryp beýlekileriň çykmalydygyny yşarat etdi. Gapyny içinden kiltläp, meni otagyň ortarasynda oturtdy. Şepbeşip duran ýagjymak bir zatlar içirdi. Ýanynda getiren goşlarynyň içinden bir topar şem çykaryp, ýakyp goýdy. Onsoň hamy garalyp giden kiçeňräjik depi batly-batly kakyp, bokurdagyna salyp hyňranjyrap, bir görseňem, gaharly bögürýäne meňzeş sesler edip bökeläp daşymdan aýlanyp başlady. Meniň göz öňümde tokaýdaky pajygaly pursat — aýynyň gowagyndan çykyp bize topulýan halaty janlandy: Ynha, ol Mansurowy kakýar, yz ýanyndan leýtenant Plotnikowy paýhynlaýar. Maňa hüjüm edende, men onuň elhenç penjesinden kellämi zordanjyk sowup ýetişýärin. Ikinji gezek elime penjesini urýar... Şu wakadan soň men hernäçe jan etsem-de bolup geçen ahwalaty hiç hakydama getirip bilemok. Ýatlamalarym edil gar ýaly eräp, ýa-da bulut ýaly dargap sumat bolýar. Şondan soň huşumdan gidipdirin. Özüme gelsem, elim ýamaşgandan saralgy. Bir mis okarajykda bolsa öt ýaly göm-gök gan bar. Görüp otursam tebip meni huşumdan giderip, elimiň birnäçe ýerinden damarlaryny çirtip, gatan zaýa ganlary akdyrypdyr. Ol çüýşejige salnan suw ýaly reňksiz hem yssyz, juda suýk ýagjymak zady Raýa apa berip, elime ýygy-ýygydan çalmalydygyny düşündirdi. Raýa apa ondan: — Bu näme? – diýip, sorasa has ullakan bir jandaryň mäzinden edilendigini, gulajyny giňden gerip düşündirmäge durdy. Onuň rus dilini bilşi juda ýaramaz bolansoň, Raýa apa-da, menem barybir oňly zat düşünip bilmedik. «Kitiňki ýa-da başga bir uly deňiz jandarynyňky diýýär öýdýän» diýşip, goýduk. Sondan soň elime gyzgyn ýaýrap, kem-kemden et örüp şu kaddyna geldi. Barybir, üşetsem, ýa-da çygly-ýagyşly günler başlansa, heniz-henizlerem syrkyrap agyraberýär. Çep elimiň aýy parçalap hem sowuk kakyp zaýalanmagy gyzyl gözlemek işimi-de kynlaşdyrdy. Esasan abat elime agram salmaly boldum. Ine, birdenem «Uruş turupdyr» habary ýaýrady. Bu habary men ilki bilen Isaýdan eşitdim. Ol sakçynyň bir çete çekileninden peýdalanyp, ylgap ýanyma geldi: — Uruş turupdyr. — Nire bilen? — Elbetde, faşistik Germaniýa bilen. Ýeke-täk yrsaraýan şolar ahyryn. — Indi nähili bolarka? — Nähili bolar öýdýäň, biziň üçin-ä has-da kyn bolar. Halka-da aňsat düşmez. Semýon Pilnýak ikimiz «Urşa meýletin gideli, seýtsek, maşgalamyzy oba-öýmüze goýbärler. Ölmesek, abraýymyzy hem dikelderis» diýen pikire geldik. Bu barada Kalmykowa aýdanymyzda, ol: — Size — halk duşmanlaryna ynam edip bolmaz. Gaçyp, faşistleriň tarapyna geçersiňizmi – nädersiňizmi. – diýip, ýüzümizi aldy. Tussaghanada oturdylan radiodan urşuň barşy baradaky habarlary örän dykgatly diňleýärdik. Şol ýyllar saklawymyz has-da ýowuz boldy. Uruşdan soňky döwür hem juda agyr geçdi. Stalin ýogalyp, diňe şondan soň režim gowşady. Başly-baratlyk başlandy. Bir gün «Gizläp goýan şol tokga gyzylym ýerinde durmyka?» diýip, barlap görsem, ýok. Isaýdan göwnüm üşendi. «Şonuň işidir. Meniň ony tapyp gizlänimi görendir» diýip, sakçy irkilende ýanyna baryp ondan soradym: — Isaý, sen meniň gizlän gyzylymy aldyňmy? — Hawa, aldym. – diýip, ol asla müýnürgemän jogap berdi. — O nämüçin? — Ýadyňa düşýärmi, men saňa bir gowy maslahat beripdim. Ine, şonuň muzduna aldym. — Beýtmäň birhili bolýar. — Sen gynanma. Men saňa şol gyzyly maňa minnetdar bolup, hut özüň öz eliň bilen bererlik derejede ýene-de ýagşylyk ederin. — O nähili ýagşylyk? — Görýäň-ä, ol tiran Stalin öldi. Onuň gassaby Beriýany bolsa ýokladylar. Indi işler birbada jynyň saçy ýaly bulaşar. Biziň bärimizde hem eden-etdilik başlanar. Kimiň ölüp, kimiň galjagy belli däl. Bizi aklap, goýberjekmişler diýen bir gürrüňem bar. Ýöne, aklasalar-da ýokardan güýç görýänçäler ýerli kezzaplar bizi goýbermezler, tä ölýänçäk işlederler. Öz jübüleri üçin gyzyl gözlederler. Bir tärini tapyp bu dowzahdan başymyzy gutarmaly bolsak gerek. Ine, şonda seniň ol tokgaňyň uly işler bitirmegi mümkin. Hawa, eger başa barsa, men bäriden sypmagyň pikirini edip ýörün. Şonda seni hem maşgalaň bilen alyp çykaryn. Şonuň üçin bu gyzylly gürrüňi çişiriberme. Öz aramyzda galsyn. Ikimiz oňuşman ganda-pyçak bolşup, bu syr açylyp naçalnikleriň gulagyna ýetse, meni-de oň goýmazlar welin, uly möçberde gyzyl gizläniň üçin seni has heläk ederler. Hatda atuw bermekleri-de mümkin. Özüň oýlanyşyp gör. – diýip, ol gyzyl gözlemegini dowam etdirdi. 10. Isaýyň diýşi ýaly hem boldy. Stalin ýogalan dessine düzgün gowşap, koloniýamyzda baş-başdaklyk başlandy. Sebäbi ozal tussaghanany gyssa – gysymynda, açsa — aýasynda saklaýan Kutadzeni «Beriýanyň guýrugy» diýip, bada-bat ýygnadylar. Onuň ýerine bolsa uruşda bolan, türme işlerinden asla baş çykarmaýan Ýuriý Klinkowiç diýen polkownik çinli, içmegi juda gowy görýän, araga göwün goýan bir adamy bellediler. Ol özüniň harby goşun ugrundan ösdürilmän, türme naçalnikligine zyňlyp goýberilmegine kine edýändigini gizlejegem bolup durman, «Men bärik atanlykda düşen adam. Siziň porsy türmäňiziň ýolbaşçylygyny arzuwlap alandyr öýtmäň. Şonuň üçinem, gaharymy getirmeseňiz, känbir ýowuz tutmaryn. Plany ýerine ýetirseňiz besdir. Häzir uruş ýumran ýurdy dikeltmäge biziň tabşyrjak gyzylymyzyň hem uly goşant döwri, plany dolmasaňyz welin, gowulyga garaşmaň. Ýoguňyza ýanmakdanam gaýtmaryn. Siz bu ýerde diri galdyňyz. Halkyň iň gowy ogullary bolsa, Watan üçin söweşip, başlaryny goýdular» diýip, mundan beýläk talabyň nähili boljakdygyny, bizi — tussaglary ýygnap ilkinji eden çykyşynda aýtdy. Tussaghana işlerini dolandyrmagy ol başybitinligine diýen ýaly, maýor Kalmykowa ynanyp, özi wagtyny şady-horramlykda geçirmek bilen boldy. Şol arada ýaşy bir çene baran Halyl aga tarpa-taýyn aradan çykdy. Köp ýyllap jan ýaly agamyz kimin her niçik kynçylykly ýagdaý bolsa-da göwünlik berip, arkalaşyp duran adamyň aýrylmagy agyr degdi. «Baý-kulak», «halk duşmany» diýlip, aýyp ýöňkelen Halyl aga ýogalansoň, onuň maşgalasyny sürgünden boşatdylar. Raýa apa bireýýäm öýlendirip, göçüribermeli ogludyr gyzyny alyp ýola düşübermeli boldy. Adamsyndan jyda düşüp, matam ýagdaýyndadygyna seretmezden, bize elmydama mähribanlyk eden ol akylly aýal şonda: «Häzir režim gowşady. Eger dilini tapyp gürleşip bilseň, aýalyňydyr gyzyňy goýbermekleri mümkin. Şuny başa bardyryp bolsa, olary özümiz bilen alyp giderdik. Sen soň baryberersiň. Hany, oýlanyşyp gör, belki bir çykalga taparsyň» diýip, maslahat berdi. Men Isaýa irde-giçde ýagşylyk etmekçi bolsa, goldamaly pursadynyň gelendigini aýdyp, kömek soradym. Ol: — Synanyşyp göreýin. – diýip, maýor Kalmykow bilen gürleşmegi söz berdi. Bilemok, ol ony nädip yrypdyr garaz, «Adamsynyň tussaglykda bolmaly möhletiniň azalandygy hem-de onuň özüni gowy alyp barandygy, bu aýalyň saglyk ýagdaýynyň bolsa aşa ýaramazdygy zerarly, gyzy ikisi sürgünlikden boşadylýar» diýip, hat düzedip, olaryň Raýa apa dagy bilen ugradylmagyny gurady. Aýrylyşmak her näçe ajy hem bolsa, bu çykalganyň uly bagtlylykdygyna aýalymam, menem gowy düşünýärdik. Şondan ýarym ýyl geçensoň, Isaý özi ikimiziň-de boşadylmagymyzy gazandy. Biz negözel ömrümiziň on ýedi ýyl alty aýyny ýele sowran tussaglykdan dynan-da bolsak, azatdygymyza hiç ynanyp bilemzokdyk. Isaý bilen Daşkende çenli bile gaýtdyk. Şol ýerden bolsa men Türkmenistana, ol Moskwa — herimiz öz ýolumyza gitmelidik. Hoşlaşmaly pursat gelende, Isaý: — Ýeri, sen indibir menden yrzamyň? Dogryňy aýt?! – diýip, ýylgyrdy. — Hawa, yrza. – diýip, men onuň goluny gysdym. Obamyza barsam, aýalym ol ýerde däl ekeni. «Halk duşmanynyň» maşgalasy» diýip, entegem bir çäre hökmünde önüp-ösen ýerinde ýaşamaga rugsat etmändirler. Bu şeýle bolupdyr: Kerkä baryp sag-aman ýerleşen Raýa apa dagynyňkyda iki-üç gün ýaşap, ýoluň ýadawlygyny biraz çykaransoňlar, aýalymdyr gyzym «Indi obamyza gaýdaly» diýipdirler. «Sizniň kandak ýerleşgeniňizni körmesem, üýümde rahat oturyp bilmiýmin» diýip, Raýa apa hem olar bilen bile gidipdir. Bäriden barsalar, oba şurasy «Sürgünden soň, birbada doglan ýeriňde ýaşamak bolmaýar» diýipdir. Goldaw hantama adamlarymyz hem häli-şindi silterlenilip dagdy edilensoň, «Halk duşmanynyň» maşgalasyny goldaýar» diýlip, özlerine azar berilmeginden gorkuşyp, köp ýylyň sürgünliginden soň halys tapdan düşüp baran maşgalama arka durmandyrlar. — Bu körgüliniň kolunda sürgünlikden boşadylgandygy barada resmihaty bar. Ol nigä ozalky ýaşan obasynga kelip ýaşap, işläp bilmezmişin?! -diýip, bir Raýa apanyň janygmagyndan bolsa, netije çykmandyr. Onsoň ol: — Ýör, janam, minde ýaşatmasalar, bizimkide boluber! – diýip, olary Kerkä alyp gaýdypdyr. Goňşy-golamlaryndan tikin-çatyn, jorap örmek ýaly işleri tapyp, bileleşip, eýdip-beýdip bir güzeran dolapdyrlar. Meni maşgalam bilen Dostluk diýen, çöl içindäki çaklaňja demirýol stansiýasyna ýollap, ol ýerde köneje barak jaýlaryň darajyk bir otagyny berdiler. Demirýola gara işçi bolup işe girdim. Agyr-agyr şpallary, polat relsleri göterip, könesini söküp, täze ýol gurup, güzeran görerlik çöregimizi zordan gazandym. Aklanylandygym baradaky hat şondan laýyk üç ýyldan soň geldi. Ony alşymyz hem birhili geň ýagdaýda bolup geçdi: Bir gün gyzym okuwdan gelýärkä, öýmüziň öňünden geçýän ýoluň ugrunda guma bulaşyp bir kagyz ýatyrmyşyn. Nämüçindir ol onuň gözüne yssy görnüp, ýerden göterse, her gün, her sagat garaşyp ýören meniň aklanylýandygym baradaky resmi hatmyşyn. Eger şonda ýel uçuryp, ýa-da başga bir söý bilen bize gowuşmasa onda ýene-de garaşyp gezibermelidik. Gyzym ony ýoluň ugrundan atanlykda tapyp getirende hamsygyp-hamsygyp aglaýardy. Sebäbi ol hat «Halk duşmany» diýlip, üznüksiz kemsidilmelerden bizi halas edýän hatdy. Beýle resmi hatlary ol döwürde poçtalýon däl-de, organ işgärleri ýaýradýardylar. Görsene olaryň henizem bizden öçlüdiklerini! «Bagyşlaň» diýip, nähak sezewar eden görgüleri üçin ötünç soramakdan-a geçen, aklaýyş hatyny elin gowşurmagy-da özlerine peslik bilýärler. Hat-da ony ýaşşige-de atman, ýoluň ugruna oklap gidipdirler. Sebäbi bu resminama olaryň arkadaşlarynyň meniň ýaly köp adamlar babatynda gödek syýasaty ýöredendiklerini äşgär edýärdi. Bize şondan soň ata-baba oturan häzirki obamyza dolanmaga rugsat etdiler. Obamyza gelenimizden soň täze açylan kök hojalygyna işe girdim. Aýalym bolsa ferma sagymçy bolup ýerleşdi. Kem-kemden süňňümizi tutup, öýümizi biraz düzetdik. Göleli sygyr, dört-bäş sany goýundyr geçi edindik. Ýöne olaryň sany köpelip ondan geçiberse, ýüregimize gorky aralaşyp, derrew ýoklamak bilen bolýas. Ine köşek, babaňyň takdyrynyň gysgaça beýany! Ol döwür bizi parçalan şol aýy kimin ýowuzdy. Bu ýatan heýkel şeýle horluklara, kemsidilmelere sezewar edişligiň başynda duran adamyňky. – diýip, babam gaty-gaty ýöräp, öňe düşdi. Şondan soň ol ýekeje agyz-da gürlemedi. Kinolardaky tussaglaryň ýöreýşi ýaly, iki elini arkasyna tutup barşyna, çuň pikire çümendigi duýulýardy. Babamyň öz başyna düşen agyr takdyr barada aýdyp beren gürrüňi maňa uly täsir etdi. Men jübimi dörjeläp, elmydama eý görüp göterýän zatlarymyň arasyndan Staliniň barmagyny tapyp, «Men muny näme üçin saklap ýörün?! Munuň maňa asla geregi hem ýok ahyryn» diýip, taşlap goýberdim. Eşegiň üstünde oturşyma töweregimi ünsli synlaýardym. Her ýer – her ýerräginde boý alyp bilmän halys göýdükleşen agaçlar diýäýmeseň, gum depeleri tozap ýatan ýalaňaçdy. Olar köp hupbatlary başdan geçiren adamyň durmuşyna çalym edýärdi. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||