ATAMYÑ GÜRRÜÑLERINDEN
Muny atam gürrüň beripdi has ir,
Käte-käte ýada düşýär bu waka.
Ilerki obada ýaşapdyr bir Pir,
Gije-gündiz tagzym edipdir Haka.
Oňa hyjuw beren gün-güzerany,
Haka sygnyp il deňinde deňli ol.
(Täleýdäki bir gara tegmil ýaly,
Höküm sürüp başlanmyşyn jeňli ýol.)
Bu ýollarda “hak ýoluny” ündemek,
Ýüregine ýaramandyr döwrüniň.
Gamçysyny dynman aýlap keç pelek,
Köne dünýäň kiçeldipdir göwrümin.
Ahyrynda özem ownapdyr döwrüň,
Ýarag çenäp baýa, işan-pirlere,
Pir diýipdir: “Boşan obany görüň,
Il-gün başyn alyp gitdi nirlere?
Adamlar, biz haky undan bolmaly,
Ýalbaralyň oňa, aman diläliň!
Depelenip aýak asta galmaly,
Ymmata bagtyýar dowam diläliň!”
... Oň daşyndan pytrap giden mähelle,
Ýakasyndan ebşitläninde ajal.
Pire ýarag çenelipdir şo pille,
Pir diýenmiş: “Gojal, eý, dünýe gojal!..”
Bäş gullukçy hyrly çenänmiş oňa,
Olaň biri gysan ajal mäşesin.
Emma ok ot bolup gitmändir öňe,
Muňa haýran galan olaň bäşisem.
Olar ýene çenäpdirler hyrlysyn,
Hakyň nazar eden bu bendesine.
Pir Alla ýalbaran: “Boýnum burma sen!”
Diýip, oranypdyr öz sellesine.
Hyrlylaryň göçmeýärmiş hiç biri,
Ylla bir gudratdan çekinýän ýaly.
Pir oýlanan: “Bular ýaşatmaz diri,
Bu ajalyň gelendigniň aýany.”
Ol baryp çüfläpdir hyrlyň niline,
Soň diýen: “At indi, Hudaýsyz, nadan!”
Eýmenç ses ýaýranda Piriň iline,
Duýdurman aglanmyş ýakynam-ýadam.
Küren iller adalaty gerekläp,
Diýipdirler : “Allam etme sütemi!”
Iňläp-iňläp, ses edipdir ýürekler,
Hak ýolunyň ýykyldy diýp sütüni.
Bu sözler ýürekden çykardy syzlyp,
Ýene-de siňerdi böwrüň soluna.
- Hawa, oglum, bu-da bir ýazlan ýazgyt,
Ýöne ýüreklerde galdy ol ýazlyp,
Ol başyn goýupdy Hakyň ýoluna!
***
Bir demde bar zady diýmekçi bolup,
Soňky günler kän kösenýän ahbetin...
Howlukman daş käsäň gök çaýyn süzüp,
Atam gürrüň birdi “Ýusup-Ahmedi.”
Görogludan söz açardy, gowsunyp,
“Leýli-Mejnun” – täleýleriň ahydy...
Gök çaýly gürrüňi küýseýän ýürek
Indi diýýär, “Şol gürrüňler bakydy”.
Umytlaryň nurydy ol gürrüňler,
Patady pederden nowjuwan ogla...
Söhbetler diýýärdi: “Ussat bol, il bol!
Hala sil bol, ýa bent saklaýan pil bol!
Bu ojagy binýat etdim howlukman,
Sen ony gowla!
Sen binýada zer sep, ýalkymly bolsun!
Içi mähir, daşy goragly bolsun!”
Howlukman süzülýän çaýyň güýjünden,
Diýerdi: “Sen ataň zor ogly borsuň!”
Soň çäýnegiň ykjam büräp daşyny,
Agras galyp, ýönelerdi daş gapa.
...Atam bir mesawy gürrüňçi bolup,
Munça zady nädip aýdyp bildikä?!
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular