12:43 Atamyñ täleýi / hekaýa | |
Atamyň täleýi
Hekaýalar
Her gezek oba baranymda, Gyzbibi öwlüýäsiniň deňinden geçmeli bolýaryn. Şonda bu öwülýä barada atamyň aýdyp beren hekaýaty ýadyma düşýär... Ol wagtlar men kiçijik oglanjykdym. Atam goýun bakmaga gidende, meni hem ýany bilen alyp giderdi. Goýunlary sürüp, öwlüýäniň deňinden geçenimizde, atam dyzyna çökerdi-de, haýsydyr bir dogany okap, gol götererdi. Maňa: —Mallaryňa esewan bol, ýoldan çykyp, öwlüýä girmesin. Merhumlaryň ruhuny bimaza etmesin –diýerdi. Öwlüýäden geçen ýerimizdäki sonarlyk goýun bakmak üçin amatlydy. Ot köpdi. «Haýt-küşt» diýip, häli-şindi başyny gaýtaryp ýörmegiň geregi ýokdy. Uzak gitmän, garnyny otarýan çaklaňja sürimiz, şahlak serkäniň edähedine eýerip, toplanyşyp, güzaýja ýerde çökerdiler-de, gäwüş gaýtaryp ugrardylar. Atam ikimiz bolsa, çöplemejik çöpläp, ot ýakynyp, kiçijik tüňçämizi suwdan dolduryp, oda goýardyk. Çaý gaýnaýança, ýelýyrtany ýazyp, saçak edinip, bir tokga şaha-nabady döwüp, käselerimizi häzirläp, alyp baran çöregimizi köze gyzdyryp, çaý içmäge taýynlanardyk. Bu pursat meniň üçin gyzyklydy. Sebäbi çaýdan soň atam maňa öz başdan geçirenlerini ýa–da haýsydyr bir erteki aýdyp bererdi. Bolmasa-da, ýöne mesawy gürrüň edişip oturardyk. Şonda atamdan özümiň akyl ýetirip bilmeýän islendik zadym barada sorasam-da, ol düşünişiçe jogap bererdi. Ondan bäri ara ýoňsuz wagt düşüp, atamyň ýaşyna ýetipdirin. Ýatlap otursam, onuň käbir gürrüňleri geň hem syrly ýaly bolup görünýär. Ol gürrüňleriň haýsydyr bir anyk adamlaryň täleýi bilen baglydygyna ähmiýet bermän, şonda olary hut bir ýönekeý hekaýat ýaly biparh diňländigime indi ökünýärin. Men ondan bir gezek çaý başynda: —Ata, bu öwlüýäniň ady näme üçin «Gyzbibi?» –diýip soradym. Meniň çak edişime görä, öwlüýä bolsa, onda ol juda gadymy bolmalydy. Onuň taryhyny atam bilerem öýdemokdym. Ol: —Şeýle bir döwür boldy, köşek... –diýip, söhbete başlady. —«Ak patyşa* tagtdan aganmyşyn» gürrüňi çykansoň, ýurdumyza garageýimliler gelip ugradylar. Beýle atlandyrylmagynyň sebäbi, olaryň egninde başdan-aýak gara gaýyşdan tikilen, ýalpyldap duran eşikleri bardy. «Baý-kulak», «Halk duşmany» diýip, özüni oňarýan kişi bolsa, maşgalasy bilen sürgüne ýollardylar. Kim gaňryşyna gaýtsa, iki-üç bolup gelip, öýünde hem atyp ötägidýärdiler. Il bosup, araçäkden aňryk —başga ýurda assyrynja göçýärdi. Yzanda-çuwanlykdy. Göçegçileriň üstüni gapyl basyp, oka tutýan halatlary-da bardy. Ine, şol başagaýlykda, ölen ölüp, galan galyp, biri-birinden jyda düşýänler kän bolýardy. «Gyzbibi» öwlüýäsiniň döreýşi hem şol döwür bilen bagly. Ýurduny terk edýänleriň üstüni garageýimliler gapyllykda basanda, iki sany gyzjagaz saý-sebäp bilen olardan gaçyp galypdyrlar. Ile görünmäge-de gorkup, aňzakly gyşda sowukdan we açlykdan ýaňa, gujaklaşyp, doňup galypdyrlar. Ýerli ilat ol ikijigini şol ýagdaýda tapyp jaýlapdyrlar. Şondan hem «Gyzbibi» öwlüýäsi ady galypdyr. Atam uludan demini aldy-da: —Bu öwlüýä «Petdeli» öwlüýä hem diýilýär. Onuň sebäbi-de, şol gaç-ha -gaçlykda, ýakynlarynyň jaýlamaga-da ýagdaýy bolman, bir adamyň jesedini petde agajynyň köwegine salyp,daňyp, akdyryp goýberýärler. Ol petdäni oba adamlary derýadan çykaryp alyp, şu ýerde jaýlapdyrlar. Ine, şeýdip, bu öwlüýäde ykbaly ýaman gelip,şehit bolanlar ýatyr –diýip, atam gürrüňini paýawlady. —Ata, şol döwürde sen niredediň? –diýip, men gyzyklandym. —Häý, köşek, sen bu gün maňa haý-haýly geçmişimi agdar-düňder etdirjeg-ow –diýip, atam, hyýala batdy. —Men şonda ýigrimi ýaşlarymdadym. «Gurply» diýlip, sürgün edilmelileriň arasynda adymyň bardygyny oba şurasynda işleýän, bir aram saz adamdan eşitdim. Onuň maslahat bermegi bilen, maşgalamy alyp, obadan çykyp, gara geýimli komissarlardan gaçarak durdum. Bir pukaranyň ýyrtylyp, sallam-sajak bolan eşigini satyn alyp geýdim. Aýalymy hem şeýle geýindirdim. Gum obalarynyň birinde, daşkyrak garyndaşymyzyňkyda gizlenip ýaşadyk. Soňundan oba şurasynda işleýän şol tanşymyň üsti bilen «garyp-pukaradygymy» görkezýän resmi hat almagy başardym. Dogduk obamyza gelip, kolhoza girdim. Meni Mülkbagşy* obasynyň ýanyndan geçýän demir ýoluň ýakasyndaky meýdany öküzli sürmäge iberdiler. Şol arada, oba şurasynda işleýän ol tanşymy hem näme üçindir ýygnadylar. «Gynap ugrasalar, maňa-da kömek edendigini dilinden sypdyrsa näderin?» diýip, ýüregim suwdy. Demir ýoluň boýunda işläp ýörkäm eşiden nalalarym henizlerem ýadymdan çykmaýar. Gapdalymdan otlular geçýärdi. Ýapyk wagonlardaky adamlaryňdyr çagajyklaryň zarynlap bagyrýan sesleri ýüregimi paralaýardy. Olar: «Alla jan-eý, ata mekanymyzdan jyda düşýäs-eý», «Indi biz näderis-eý?», «Ilim-günüm-eý, bizden razy boluň-eý?!», «Sag-aman galyň», «Biziň üçin doga ediň», «Beýik Taňrym, bize medet ber-ä?!» diýşip, gygyryşýardylar. Wagonyň yşyndan meni görüp: «How, ildeş-ow, bizi pylan ýere alyp barýarlar. Pylan obadan pylanykeslere (gürrüňiniň şu ýerinde atam birnäçe obadyr adam atlaryny hem agzapdy. Emma häzir olar meniň ýadyma düşmeýär. Awtoryň belligi) ýetireweri...» diýip gygyrýardylar. Şonda meniň gözümiň ýaşy durman gidýärdi. Erkek adam aglaýgyç däldir welin, oglum, hiç kim görmejek keşiň içine girip, bagrymy ýere berip, zarynlap aglapdym. Bu agyr kysmatyň entek öz başyma düşmändigine bolsa, şol hapa bolup ýatyşyma şükür edýärdim... Men ol adamlaryň haýyşyny bitirmek üçin elimde baryny etdim. «Eşitdir» diýen kişilerini tapyp, aýtdym. Diňe öz etrabymyzdaky däl, beýleki etrapdaky obalara hem gitmeli boldum. Ýöne öz janymyň wehim astynda wagty muny ýerine ýetirmegiň nähili howpludygyny sen bir bilsediň. Sürgün edilenler bilen arasynyň bardygyny aňsalar: «Baýyň, halk duşmanynyň guýrugy» diýip, käbir ýer urup-ýerde galan garyplary hem bendilige ýollaýardylar... Atam bu hekaýaty aýdyp bereli bäri ençeme ýyllar ötdi. Onuň özi hem bireýýäm dünýäsini başgalady. Şeýle-de bolsa, her gezek «Gyzbibi» öwlüýäsiniň deňinden geçenimde, onuň şu hekaýatyny ýatlaýaryn. Atamyň şonda agzan obadyr adam atlaryny unudandygyma ökünýärin. Çaga ýatkeşligi pugta bolmaly ýaly welin, nätjek-dä... Adamlaryň takdyryny garaldýan halatlaryň durmuşda gaýtalanmazlygy üçin, hiç bir halkda hem çagalary atalarynyň aýdyp beren hekaýatlaryny unutmaly däldirler. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |