20:40 Atsyz köçe / hekaýa | |
ATSYZ KÖÇE
Hekaýalar
Ol bu saparky hatyny ýokary organlara ýazjak bolmady, gös-göni kolhozyň başlygynyň adyna ýazdy. Hut oňa bir hepdeläp iş boldy. Howlukmady, her sözlemiň üstünde kelle döwdi. Okuwçy depderiniň bäşisini zaýalady. Altynjy depdere geçmezden öňürti, kellesine duýdansyz gelen pikire bendi bolup, uzakly gün böwrüni diňläp geçirdi. Hatyň ýalňyşsyz hem has çeper bolmagy üçin ony goňşy ýaşaýan mugallym ýigide görkeziläýse nähili bolar? Organlara mundan öňki golsuz ugradan hatlary ýaly bolsa, onda azara galmasa-da bolardy, ýöne bu üýtgeşik hat bolmaly! Her setir oňa geçen durmuş ýolunyň manysyny aňlatdy. Bu haty okanlar oňa başga göz bilen seredip başlamalydy. Mugallym ýigit haty okap bolynça onuň gapdalyndan aýrylmady, syn etdi. Hata siňdiren duýgularynyň baryny mugallym ýigidiň ýüzünde görerin öýtdi. Çaky çykmady. Mugallym okuwçylaryň depderini barlanda-da beýle perwaýsyzlyk eden däldir! Mugallym haty okap ýylgyryp goýberdi. Ol name üçin ýylgyrdyka? Haty ýazan adamyň pikiriçe, häzir ol ýylgyrmaly däldi, uzak mahal pikire çümüp oturmalydy. Has dogrusy, öz durmuşyny şu setirlerdäki beýan edilen durmuş bilen deňeşdirip görmelidi. Gapdalyndaky adamyň belentligine göz ýetirmek üçin üýtgeşik bir garaýyş bilen onuň ýüzüne seretmelidi. Ýeri, onuň ýaňky ýylgyryşyndan nähili many aljak? Göwnüňe bolmasa, ol haty okap gutaranyna begenýän ýalydy. «Soňky tüýkülik sakal ezmez» diýipdirler, indi etjek alajyň ýok. Syryňy paş edeniňe derek sözlemleriňi taraşlap berse-de bolýar. Emma mugallym ýigit hatyň kem-käs nokadyny, tersoturyny düzedäýmese, oňly el garmady. «Şu durşuňa-da kemi ýok» diýdi. Şundan soň ol hatyny ýene bir öwre sünneläp göçürdi, ýöne başlyga eltip bermäge howlukmady. Mugallymyň bu hat barada ýakymsyz gürrüň ýaýratmagyndan ätiýaç edip garaşdy, iliň arasyna diň salyp gördi. Bäş gün geçdi, on gün geçdi, gulama ýakmaz gep-söz eşitmedi, ynjaldy. Şundan soň haty kolhoz başlygyna gowşuryp gaýtdy. Onuň haýyş edişi ýaly, başlyk eline düşen haty diňe prawleniýe çlenleri bilen okady. «Ata-babamyň, şol sanda meniňem göbek ganymyň daman ýerinde bina edilen «Bäşýyllyk» kolhozynyň häzirki başlygy Öweznepes Jumanepes oglunyň we-de onuň ygtybarly egindeşleri bolan prawleniýe çlenleriniň dykgatyna: ýagny ki, ýazyp mälim edýärin, biziň döwrümiz ummasyz ajaýyp döwür boldy. Şuňa, hut, menem, ýagny, ýetmişiň onunda gezip ýören Welmämmet Nazar ogly gözlüje şaýat. Şuny hemme ýerde aýtmaga size rugsat berýärin. Eger bardy geldi, «biziň döwrümiz ajaýyp däl» diýen akmak tapylsa, walla, düşündirjek bolup işiňizden galmaň, göni meň ýanyma ýollaýyň. Şeýle akmaklara nämäň gowy, nämäň erbetligini düşündirmäge mende wagtam bar, hernä häzirlikçe güýç-kuwwatam! Öňi bilen töweregiňize garaň diýjek. Näme görerler öýdýäňiz? Oklaw ýaly asfalt köçeleri görerler, allanäme jaýlary görerler. Indi ýeňil maşynlar obanyň içinde edil siňek ýaly wazylaşyp ýörler. Nurýagdy çopanyň soňky alan aýalyndan bolan bir gözi çaşy ogly näme, ana şolam maşyn alypdyr diýdiler. Kakasy münmäge eşek tapanokdy. Ine, döwrüň etdirýän zady! Şu zatlara göz ýetirmeýän syýasy taýdan şowakörler tapylsa, ýene bir gezek aýdýan, göni bärik iberiberiň. Mende olaň gözüni açmaga näçe diýseň subutnama bar. Tüweleme. Öweznepes, seň aýagyň düşdi, hernä, ömrüň uzak bolsun. Biz-ä daşyňdan guwanyp ýörendiris. Sen baştutan bolalyň bäri pagtamyzam bitginli, çöregimizem bol. Telewşoram seň geçeriňe garaşyp duran ekeni. Aý, ol bir gudrat-laý! Hernä, uşaklary kluba gatnamadan-a dyndardy bolsa-da. Kinony edil ýöne dulumyza getiräýdi, özem mugt görüp oturmaly! Dogrusyny dogry aýtsak, obamyzam şäherden kem däl. Alada edýäniňiz her ädimde görünip dur. Iň bärkisi, Öwwäň sygyr dölesini ýoluň ugrundan aýyrdypsyňyz, berekella! Bedroý bolup durdy. Ol adam bilen oýun etmegin, baý galagydyr. Diýeniňe däl diýjek bolsa, meň ýanyma iber, gaýdyp geplemez ýaly ederin. Olaň entekler gany arassalanmaz, ynanyň şuňa! Köçelere at dakypsyňyz, walla, men-ä begenjimden iki bolup bilmedim. Edil şäherdäki ýaly-how! Sebäbin-ä bilemok weli, ortaky kese köçäni atsyz goýaýypsyňyz öýdýän. Entek oýlanýan bolmagyňyz ähtnmal. Gaty gowy zat, oýlanmak gerek. Ol köçe biziň obaň iň gowy köçesi. Hem giň, hem uzyn, gatnawam gür. Ol köçä abraýly adamyň adynyň goýulmagy size-de, bize-de abraý. Hut şonuň üçin häzir bizem kelle döwmelidiris! Daş gulakdan eşidişime görä, Serdar pakyryn adyny agzaýarmyşyňyz. Wah, Serdary menden oňat tanaýan barmy diýsene! Ol biziň kolhozyň ilkinji başlygydyr. Her egninde adam oturaýmaly bir daýaw ýigitdi. Men oň kakasy Sähet aganam tanaýan. Ömri daýhançylykda ötendir. Serdardan ulusyna Juma diýerdiler, baýyň goýnuny bakardy. Soňam baýyň gepine aldanyp, serhetden aňry geçii gitdi. Görüň, bir eneden ak-da dogjak ekeni, gara-da! Serdar-a kolhoz gurup ýör, agasam baýyň yzyna düşüp, watany terk edip ýör!? Şu ýagdaýyň özi Serdara gaty uly urgy bolupdy. Men ol mahal oba şurasynda jigit bolup işlämsoň, häli-şindi oň bilen görşüp durardym. Serdaryň menden ýaşam uludyr, sowadam artykdy. Köp meseleden başy çykýardy, sebäp diýseň, esli mahal goşun gullugynda bolupdyr. Aýratynam hökümetiň syýasatyna ezberdi. Şonuň üçinem biziň synpy duşmanlarymyz Serdary atyp öldürdiler. Ýöne ölüm howpy Serdaryň başynda däldi. O mahal günälimi, bigünämi gaty bir saýgarybam durmazdylar, çem geleni öldürip gidiberýärdiler. Esasy zat ölmek däldi, ölmezlikdi. Meniň diýjek bolýan zadym, hüşgärligý elden bermek, elbetde, munuň özi ýalňyşmakdy. Serdar şu ýalňyşyň pidasy bolan adam. Ol gijäň bir mahaly atlanyp şähere gidipdir. Şo döwürde gijäň içinde ýalňyz özüniň şähere gitmäge ne haky barmyş!? Juda ölmek isleýän bolsaň, öýüňde-de ölüp bolýar ahyry! Bu bir! Ikinjiden, Serdar iliň öňüne düşse-de, hut, öz agasyna garyplar hökümetiniň syýasatyny düşündirip bilen däldir. Ýeri, muňa näme diýjek! Eger ol ölmedik bolsa, walla, şu sowala jogap bermeli bolardy, gitjek ýeriň nire! Öz doganyny oňarman, ili ýola saljak bolmasy nämemiş! Ummasyz dogry sowal, ummasyz dogry talap! Belki, gije ony öldürenleriň arasynda süýtdeş doganam bardyr? Men hüşgärligi gowy görýän, beýlekilerdenem şonuň talap edilmeginiň tarapdary. Eger ol ölmedik bolsa-da, uzak başlyk bolmajagyny şo mahal bilýärdim. Şu pikirimiň dogrulygyna häzirem güwä geçip biljek. Dogany serhetden aňry geçip giden adama iliň ykbalyny ynanmak?.. Bagyşlaň weli, ol mahal bu zatlara üns berilýärdi. Men-ä Serdaryň özem bir zat aňdymyka diýýän, ýogsa, gijäň içinde öýüni terk edip gitmezdi. Eger şeýle bolsa, bu günki ýaşlar ondan görelde alyp bilmezler. Onuň görelde bolmaga haky ýok. Ýöne Serdaryň bagtyna ölüm hemme zady gömdi oturyberdi. Dogry, Serdar neresse hakda öwüp gazetlere-de ýazýarlar. Ýazylmagyna menem garşy däl. Araky ýatlamalaram okadym, eger haýyş eden bolsalar menem ýazyp bererdim, ýöne men hiç kimiň ýadyna düşemok öýdýän. Muňa kadaly zat diýip bolmaz! Umuman, meň aýtjak bolýan zadym, pikir etmek gerek, ýoldaşlar! Ortaky köçä ady goýuljak adamyň durmuş ýolam, hut, şo köçäniň dogrulygy ýaly bolmalydyr. Erteki gün, kim ekeni diýlende, ýaňky zeýilli sowallar ýüze çykmasyn. Häzir weli çykar, çykjagynyň ujy iki däldir! Beýle diýsem, lapykeç bolup oturmagyň geregi ýok. Kolhozyň taryhyna seretmegiňizi dowam ediberiň, Serdarça adamlar tapylarmyka diýýän. Eger ýalňyşýan bolsam, onda näme, bagyşlarsyňyz. «Diňe ölüler ýalňyşanok» diýip, şu ulularymyzyň bir-ä aýdanmyş. Ummadan dogry pikir! Sizem adam, siziňem ýalňyşmagyňyz gaty ahmal. Şonuň üçinem, biz bilip, durkak, şol ýalňyşlygyň öňüni almaly. Hut şu maksat bilenem Serdar hakda ýazdym. Wyjdanym meni erkime goýmady, «ýaz, ýaz» diýdi durdy. «Dile geldi, bile geldi» diýlipdir, ýene bir zat aýtmakçy. Ýaňy-ýakynda Nobatyň ogly Hajyny kolhoza kassir belläpsiňiz. Ýene bir öwre pikir edip görüň weli, çakym çak bolsa ýalňyşan bolsaňyz gerek. Nobat diýilýän adam ummadan erbet adamdy. Oňa menden belediňiz ýokdur, bileje işleşipdim. Onuň tohumyndan oňly adamyň çykmajagyna gaty güwä geçip biljek-dä! Serdar öldürilensoň meni başlyk saýlapdylar. Meň ata-babamyň ýer urup, ýerde galan garypdygyn-a aýtmamda-da bilýänsiňiz. Biziň tohumymyzda öňde-soňda serhetden aňry geçeni ýokdur, türmede oturyp çykanyna-da duş gelmersiň. Şunuň özi ummasyz guwanmaly zatdyr, ýoldaşlar! Işläberdim. Biri yhlas siňdiren bolsa, şu kolhoza meňem şoňkuça yhlasym siňendir. Synpy duşmanlaryň boýnuny oňurdym. Şolara gezek gelende, men duranja bir aldajydym. Serdaryň agasy ýaly baýlaň gepine aldanýan ýek-tük garyp-gasaryňam telimsiniň gözüni açandyryn. Asyl bar-a, şolar soň meni görenlerinde gözlerini apbasy ýaly tegelär durardylar. Muny bizden synpy göreş talap edýärdi. Ýöne her kimiň özüne ýetik ganymy bolýar. Ýaşuly hökmünde size berjek maslahatym: oturyp-turuşýan adamyňyzy tanaň. Men synpy göreşe ummasyz ökde bolanam bolsam, edil gapdalymdakyny bilmändirin. Pursady peýläp ýören adam üçin şundan uly utuş bolup bilermi! Ýeri gelende ýylan sokan ýaly sokdy oturyberdi. Meň gürrüňini edýänim kimdir öýdýärsiňiz? Elbetde, siziň arzylap wezipe beren Hajyňyzyň kakasy Nobat! Özem meň kömekçimdi. Häzir ogly onda-munda: «Kakam kolhoz gurluşygyna işeňňir gatnaşypdyr» diýen ýaly sözler aýdýarmyş diýen habarlar gulagyma degýär özi. Wah, şony meniňem bir ýanymda aýdaýsady! Eger siziň ýanyňyzda diýse-de ynanmaň, göni meniň ýanyma alyp geliň. Men oň agzyny uçukladyp goýbererin. Şeýdäýmeseň, onuň ýaly akmagyň «ortaky köçä kakamyň adyny dakyň» diýmegem gaty ähtimaldyr. Aldanmaň, ýoldaşlar, bes, mahalynda men aldanandyryn. Şu günki ýaly ýadymda, Nobat bir gün agşam kürsäp gapydan girdi-de: «Häzir basmaçylar üstümize dökülýär, goňşy oba barypdyrlar» diýdi. Basmaçy diýilýän belany siz bu gün kinoda görýänsiňiz. Olar bilen göreşmek biziň paýymyza düşdi. Aýylganç zatdy, edil aç möjek ýalydy, ahmal bolsaň duýdansyz gelip üstüňi basar. Geldigem ýakyp-ýandyryp gider. Aýylganç habary eşiden dessime, öňi bilen ýadyma düşen zat, kolhozyň ambaryndaky tohumlyk bugdaý boldy. Ýogsa, ýadyma düşürjek bolsam aýalym bilen çagalarymam bar-a! Elbetde, hemme zat hemişe adamyna seredýär. Bugdaý basmaçyň eline düşmesin diýdim, ile paýlaň diýdim. Asyl, sähel salymda duw-dagyn edipdirler. Özümem gumuň içine gidip, basmaça garaşdym. Gorkup gidendir öýtmäň. Basmaçylar meniň garama zar bolsunlar-la diýen pikir bilen gitdim. Ýogsa, menem öldürseler, her gün bir başlygy öldürýäs diýip heşelle kakmaklaram mümkin. Ol mahal edenli başlyk tapaýmak ummasyz kyndy. Gepiň tümmek ýeri, ertesi agşama çenli gumda garaşdym. Asyl, basmaçy oba gara-da bermändir. Iň ýaman ýerem biz tohumsyz galdyk. Gijäň içinde kimiň ambardan bugdaý alanynam hasaba alan bolmandyr. Eýsem, şu Nobatyň işi bolmaly dälmi? «Name işlediň?» diýsem, «ýigitleri ýygnap, basmaçylaryň yzyndan kowduk» diýip, birgiden takal okady. «Tohumy kim alan bolsa getirsin» diýdik, ugurly getirilen zat bolmady. Gör, ýalan-ýaşryk habaryň etdirýän zadyny! Meni başlyklykdan boşatdylar, ýerime-de Nobaty goýdular. Indi pikir edip görýän weli, ol wezipäň yşgyna düşen adam ekeni. Eger oýun edäýeňde-de basmaçyň adyny tutmaly däl ahyry! Men olary gaty gowy bilýän. Jigit bolup işlämde telim sapar atyşypdym, olaň bäş-on sanysynyň başyna ýetenem mendirin. Bäş-on sany basmaçy öldürmek, edil geçen uruşda paşist öldüren ýalydyr. Bäş-on paşist öldürenler kileň orden alyp geldiler. Nobat gaýdyp gelmedi. Ölenine görä ordenem alyp bilmändir öýdýän. Urşa gidip orden alman ölmek, bagyşlaň weli, gelşikli dälmikä diýýän. Biziň döwrümizde orden-medal azdy, ýogsa, şol öldüren basmaçylarym üçin maňa-da bererdiler. Onsoňam, ýaşlykda akmaklyk edilipdir, şo mahal pylança basmaçy öldürdi diýip, oba şurasyndan hat alynsa-da boljak ekeii. Sebäp, bu gün şaýat bolaýjak adamlaryň birem galmady, ölüp gutardylar. Şo zeýilli hat bolan bolsa, maňa-da, size-de tutaryk bolardy. Ýöne, umuman, meň sözüme ynanjagyňyza gaty ynamym bar, ýoldaş başlyk. Ýene bir gezek aýdýan, meň terjimehalymdan garalyk tapmarsyňyz, şu esasy zatmyka diýýän. Onsoňam, şol sapar Nobata ynanmagym meň günäm däl. Aktiwleriň sözüne ynanmasaň, onda kimiň sözüne ynanjak, şeýle dälmi, ýoldaş prawlenie çlenleri. Ýene bir bellemeli zat, men tohumlyk bugdaýy öz öýüme daşatmadym, ile paýladym. Alan adamlaryň dolap getirmezlikleri bolsa, olaryň synpy düşünjelerinden gelip çykýan zat. Muňa bolsa, bagyşlaň weli, esasan döwür günäkär. Hawa, ýoldaş başlyk, şu haty okap, öz egindeşleriň bilen pikir edersiň, oňa gözüm ýetýär. Eger ortaky köçe bilen bagly meniň adymy agzajak bolsaňyz, onda öňünden bir zat duýduraýyn: entek biraz howlukmaň. Diri gezip ýören adamyň adyny dakmak gelşiksiz. Juda bolmasa, erteki gün çalşyrmaly bolaýaňyzda-da gürrüň gelmejek wagtlaýyn bir at taparsyňyz-da! Menem sizi uzak garaşdyrmajak bolaryn. Ýaş ýetmişiň onunda, dyzlaryňam kuwwaty azalyp ýör... Meniň soňky wesýetim şeýle: häzirlikçe şu haty çoýun seýfe salyp goýuň, sizden başga bir adam bilmesin. Öňünden bilseler, hökman oňa-muňa arza ýazjaklar tapylar, adamlar gaty görip bolupdyrlar. Goý, entek dursun. Adymyň gapdalyna «pakyr» sözi goşulan güni açyň. Onsoň karara gelseňiz geliberiň, garşylygym ýok. Ýene bir öwre aýdýan, sizi uzak garaşdyrmajak bolaryn. Hormatlamak bilen haty ýollan Welmämmet Nazar ogly». Bu saparam Welmämmet Nazar oglunyň diýeni bolmady. Hat okalyp gutaranda soň hiç kim pikirlenmedi, oturanlaryň bary öňden şertleşen ýaly bir mahalda ýylgyrdylar. «Munuň haýyşynyň birini bir kanagatlandyralyň» diýip, haty arhiwdäki çoýun seýfe taşlamaly edildi. «Hat arhiwe geçensoň, ölmäge howlukmagyň geregi bir barmyka?» diýen sowal bilen her kim öýli-öýüne dargap gitdi. 1971 ý. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |