22:25 Aýdym aýdýar türkmen Gözeli | |
AÝDYM AÝDÝAR TÜRKMEN GÖZELI
Goşgular
Gazagystan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde Türkmenistanyň Halk artisti Gözel Öwezowa aýdym aýdanda sere gelen setirler: Joşup aýdym aýdýar türkmen Gözeli, Onuň owazyna Hakyň özi ýar. Gazak sährasynda işini goýup, Bak, Asman perişdelerem diňläp dur. Joşup aýdym aýdýar türkmen Gözeli, Adamlar diňleýär, çoh lezzet alyp, Şatlyga bürendi gussaly Älem — Saýraman dur guşlaram melul bolup. Joşup aýdym aýdýar türkmen Gözeli, Gelşigine gelýär bäş günlük pany. Şu pursat şeýle bir ýaşasyň gelýär — Bagta dolup, undup gamly dünýäni. Joşup aýdym aýdýar türkmen Gözeli, Men özmüň türkmenligime buýsanyp. Pederleň döreden aýdym-sazyna — Bu aýdym dowamat, bilemmok ganyp. Joşup aýdym aýdýar türkmen Gözeli, Ýöne bir aýdym däl, ne ajap gudrat. Jahan içre aýdym-sazlar ýaňlanyp — Il-ulsymyza gaýgy-gam bolsun ýat. Gazagystan Respublikasy, Astana şäheri, 25-27-nji iýun, 2024-nji ýyl. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |