05:47 Azaşdyñ - gutardy / hekaýa | |
Azaşdyň–gutardy
Hekaýalar
Hawa, entek oglankam, kakamyň maňa aw etmegi ýaňy öwredip ýören uçurlarydy: «Haýsy jandary awlaýan bolsaň-da, atanyňda ýykylman, ýaralanyp gaçyp gitse, yzarlap tapyp aljak bolgun. Sebäbi ol ýarasyndan gutulyp bilmän, ölüp galýar. Gowy awçy beýle zaýaçylyga ýol bermeli däldir. Bu awyň baş kanunydyr» diýip tabşyrypdy. Biz şol gezek kakam bilen towşan awlamaga gidipdik. Aramyzy garagörnüm aralykda saklap, herimiz öňümizden turup gaçan towşany tüpeňläp barýardyk. Kakam maňa: «Meni gözden ýitirmejek bolgun. Sen entek ýaş. Çöle gowy belet däl, azaşarsyň» diýipdi. Şol barşymyza men öňümdäki gandymyň düýbünden turup gaçan towşany tüpeňledim. Gyltyz degdimi-nämemi, ol bir silkinen ýaly etdi-de, sapalaklap gaçyp ugrady. Menem «Indi sypmarsyň» diýip kowalap başladym. Towşan ota-çöpe busup säginýärdi-de, demini dürsäp, men golaýlanymdan ýene-de turup gaçýardy. Onuň ýaralanandygy gowuşgynsyz ylgaýşyndan duýlup durdy. Ýazyň aýaklary bolansoň, howa bulaşyp, ýagyş ýagyp başlady. Men towşany kowalamagymy barybir dowam etdirdim. Şaglap gelen ýyly çagba derrew sowuldy. Şeýdip, kowalaşyp gidip barşymyza, bäş-alty depeden aşdyk. Teýahyr, men ony tutup, bilimden asdym. Awyň keýpi kiparlap, daş-töweregime esetdim. Bütin töweregim birmeňzeş depeler. Ine, şonda azaşandygymy hem-de mazaly ýadandygymy bilip galdym. Beýlekilere görä görnetin belent depä çykyp, ýokaryk garadyp bir ok atdym. Biraz diňşirgendim. Ýöne kakamyň jogap «gümpüldisini» eşitmedim. Yzly-yzyna atybermäge-de, okumy aýadym. Sebäbi çölde ýeke galanyňda başyňa nähili kynçylyk düşjegi, haýsy ýyrtyjydan goranmaly boljagyň belli däl. Ol döwürde gaplaň, alajabars ýaly ýyrtyjylaram ýetikdi. Möjeklerem has iri hem ýowuzdy. Eger iki-üç möjek tüpeňsiz, itsiz barýan atla, düýelä ýa-da eşeklä gabat gelseler, biri öňüne geçip, üstüne gum peşäp, beýlekileri ulagyň türresinden aslyşyp, syrtyny goparyp, ýykyp, heläk edýändikleri barada eşidýärdim. Şonuň üçinem maňa suw-sölümizi goýan düşlegimizi tapýançam ýa-da çopan goşudyr adamly ýere aşýançam her bir okumy aýamagym gerekdi. Galyberse-de, ol döwürde tüpeň oky gyt hem gymmatdy. Gelen ters yzymy yzarlap gidibereýin diýsem, hem-ä ot-çöpüň bol döwri, hemem suwly ýaz ýagşy bu umydymy-da puja çykarypdy. Men özümi ele alyp, kakamyň «Ýel köplenç demirgazykdan öwüsgiç» diýenini ýatlap, gumuň içindäki çäge tolkunlarynyň ýatyşyndan demirgazygy kesgitledim. Sebäbi, meniň çak edişime görä, biziň düşlegimiz demirgazykda bolmalydy. Soňra tä öz düşlegimize ýa-da bolmasa haýsydyr bir çopan goşunadyr gum obasyna aşýançam ugrumy üýtgetmän gitmegi ýüregime düwdüm. Ýagyşdan soň çykan Gün ýitidi. Ýakyp-ýandyryp barýardy. Men bir menzil ýöränimsoň, suwsaýandygymy duýup, «Hiý, ýagyş suwy üýşen kak ýa-da takyr duşmazmyka?» diýen umyt bilen şol gidip otyryn, gidip otyryn. Ine, şonda, göräýmäge beýlebir uly däl ýaly görünýän çölümiziň nähili uç-gyraksyzdygyna göz ýetirdim. Hawa, onsoň men edil gabat garşymda duran belent depä dyrmaşdym. Oňa kynlyk bilen çykyp, dynjymy almak üçin ýumşak çägäniň üstüne süýndüm. Şol barmana, gara görnüm öňümdäki ojar tokaýlygynda seňkildeşip, biri-biri bilen basalaşyp ýören üç-dört sany haýwana gözüm düşdi. Ara uzak bolsa-da, olaryň itpisint sypatlaryndan möjekdiklerini aňdym. Gowy ýeri men olaryň ygyndadym, meniň ysymy alyp biljek däldiler. Eger şemal maňa tarapdan öwüsýän bolsady, onda olar bireýýäm meniň bardygymy aňardylar. «Üç-dört möjegiň hüjüminden başymy aman gutarmak tüpeňlidigime seretmezden aňsat düşmese gerek» diýip, men ýerimden tursam-da, görerler öýdüp gorkup, ýaňyja azap görüp çykan depämden süýşenekläp yzyma düşdüm. Ugrumy üýtgedip, aýagaldygyna günorta tarapa gaçmaga, möjeklerden daşlaşmaga başladym. Tä dyzlarymyň ysgyny gaçyp, kese ýykylýançam ylgadym. Şeýdip, bäş-alty depeden geçendirin. «Indi möjeklerden mazaly daşlaşan bolsam gerek» diýip, biraz dynç almagy ýüregime düwdüm. Daş-töweregim gowy görnüp duran alaň-açyk ýeri saýlap, birden gyssaga düşenimde elimiň amatynda bolsun üçin tüpeňimi gapdalymda häzirläp goýup gyşardym. Şol süýnüşime-de ýa-ha aşa ýadanlygymdan, ýa-da Günüň gyzdyryp meýmiredip barşyndan, garaz, uklap galypdyryn. Dessine-de düýşürgäp, düýşümde obamyzyň demirçi ussasynyň ýanyndamyşym. Men oňa: —Garly aga, maňa guş bolup uçarym ýaly ganat ýasap beräýiň-dä? –diýýärmişim. Garly aga: —Sen ýerde ýöremek üçin ýaradylan —adam ahyryn. Ganaty näme etjek? –diýip, soraýarmyşyn. —Awa giden kakam ýitdi. Ýokardan esedip, şony gözläp tapjak! – diýýärmişim. Ol-da: —Bolýar köşek, onda sen maňa kömekleş. Körüge kömür salyp, ody güýçlendir! –diýýärmişin. Menem ussanyň diýşi ýaly, öňem köräp duran körüge kömür salyp, oňa ýel berip, ody güýçlendirip başlaýarmyşym. Ot şeýle güýçlenip, meniň ýüzümi, ellerimi çawlap barýarmyşyn. «Hany, indi bir çete aýryl!» diýip, Garly aga bir ýasmak demri gyzyl ot bolup duran körüge sokýarmyşyn. Biraz wagtdan ýaňky demir köz ýaly gyzaryp başlaýarmyşyn. Garly aga ony gysaç bilen çykaragada: «Ganaty suwly polatdan ýasamasak, döwler» diýip, suwly çelege sokýarmyşyn. Gyzgyn demir sokulan suwdan «Haşş!» edip bug ýokaryk göterilýärmişin. Edil şol wagtam oýanypdyryn. Oýanamsoňam gulagyma ýaňky «haşşyldy» eşidilip böküp turdum. Görsem, edil alkymjygymda ullakan bir zemzen «haşşyldap» çişip dur. Ýatyrkam gelip, bilimden asylgy towşana ymsynyp duran borly. Men ýerimden turamsoň, ol has-da meçew alyp, çişip ugrady. «Sensizem meniň aladam ýetik!» diýip, ony gününe goýup, derrew ýola düşdüm. Biraz uklandygym üçin ýadawlygym aýrylyşypdy. Süňňüm ýeňläpdi. Şol gidip barşyma öňümden kömelekli meýdança çykdy. Men çuw-ak, tämizje kömelekleriň iki-üç sanysyny iýemsoň, suwsuzlygym hem ýatyşdy. Birdenem gürrüldäp maşyn sesi eşidildi. «Deňimden geçip gitmänkä ýetişeýin» diýip, ylgap bir belent depä çykyp, töweregime bakdym. Görsem, ses ýetimlikde iki sany adam maşyna çekdirip, ojar goparyp ýör. Olaryň birisi sürüjidi. Beýlekisi bolsa maşynyň şahyna dakylgy uzyn polat ýüpi garry hem ýogyn ojarlaryň biline daňyp, sürüjä «Çek!» diýip, yşarat edýärdi. Maşyn hyňlap dyzaýardy. Bir ojary goparansoňlar, beýlekisiniň daşyna geçýärdiler. Maňa gözleri düşüp, olar işlerini bes etdiler. Tä ýanlaryna barýançam garaşyp durdular. Salamymy sowuk-sala alyp, gelen tarapyma seredişdiler. Yzymdan hiç kimiň gelmeýändigini görüp: —Seniň ýeke özüňmi? –diýip soradylar. —Hawa –diýip, men olara azaşandygymy aýtdym. —Biz seni çölden odun ýygýany tutup, jerime salýan tokaýçy bilen aýlanyp ýören şonuň oglusyň öýdüp gorkduk. «Şu ýerde-hä duşmaz» diýip, gaçyp çölüň jümmüşine gelşimiz. Sen bize kömekleş. Odun ýygyp bolamyzsoň, seni hem ýolugra düşürip ötägideris. Biz çöle gowy belet. Sen aw edýän ýeriňiziň biraz günortasyna düşüpsiň –diýip, olar ojar goparmasyny dowam etdirdiler. Men hem olara kömekleşdim. Maşynyň gozagyny ojardan mas ýükläp ýola düşdük. Bir meýdan ýöräp, olar meni aw düşlegimizden çykardylar. Kakam görgüli näderini bilmän elewräp duran ekeni. Eger Gün ýaşýança tapylyp barmasam, oba gidip, adamlara aýdyp, köpleşip gözlemekçi ekeni. Kakam begenjine meni alyp baranlaryň hersine bir towşandan berdi. Olar gidensoň, biz oturyp, bileje çaý içdik. Men oňa nähili azaşanymy aýdyp berdim. Ol uzak oýlanyp oturansoň: «Sen çöle ýarapsyň, ýogsam ol seni heläk ederdi» diýdi. Şondan soň men guma çykanymda örän seresaply bolmaga çalyşdym. Her guýudyr kaky, takyrdyr alaňy pugta ýadymda sakladym. Sebäbi çöl bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, täleýiň köp babatda özüňi nähili alyp barjagyňa, bu duşuşyga öňden taýynlygyň näderejededigine bagly. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |