10:11 Bagban öldi | |
BAGBAN ÖLDI
Publisistika
Näme diýjek bolýanymy makalamyñ soñky topbagynda ýazaryn, ilki uzyn giriş bereýin: Renessans döwrüniñ filosoflarynyñ şeýle klassyky metaforasy bar: "Ölçeg gülleriñ ömri bolsa, bagbanyñ ölümini göreni ýok!" Tebigatyñ kanuny: gülüñ ömri bagbanyñkydan gysga bolýar. Müdimilik siwilizasiýalar, ebedilik döwletler ýok. Adamzat "soñsuz" diýýän zadyny görmän bilýär: Rim ýaly, Osmanly ýaly... Gürrüñsiz, režimlerdir düşünjelerem soñsuz däl, elbet bir gün olaram ýer bilen ýegsan bolýar. Portugaliýaly ussat ýazyjy, Nobel baýragynyñ eýesi Žoze Saramagonyñ sosial mediýada eden düýnki çykyşyny diñledim: "Hemme zadyñ jedeliniñ edilýän dünýäsinde ýaşaýarys. Emma demokratiýanyñ jedelini edemzok. Demokratiýa tagtynda şeýle bir ornaşykly otyr welin, esasynda ondan indi üýtgeşiklige garaşýanam ýok. Başgalar elimizden alyp durka-da munuñ parhyny bilemzok. Çünki güýç çäklenýär. Halanylmaýan hökümetiñ işini soñlandyrmak we ýerine-de halaýan hökümetiñi oturtmagyñ formasyna öwrüldi. Bolany. Emma möhüm ähmiýetli kararlar bolsa başga ugurda kabul edilýär. Hemmämiz onuñ nirelerde kabul edilýändigini gowy bilýärir. Maliýe kompaniýalarynda, IMF-de, WTO-da, Bütindünýä bankynda, OECD-de... Bu guramalaryñ birem demokratiki guramalar däl. Eýsem şeýle bolýan bolsa nädip demokratiýa barada agyz dolduryp gürläp bilýäris? Olar demokratik ýollar bilen saýlandylarmy? Bu guramalar üçin wekilleri kim saýlaýar, her ýurtdan bolan adamlar saýlanyp-seçilip alynýarmy? Ýok. Onda demokratiýa nirede?" * * * Gresiýanyñ ady rowaýata öwrülen maliýe ministri Ýanis Warufakis Angliýadaky saýlawlar barada düýn şeýle syn berdi: "Demos-halk häkimiýeti manysyndaky kratiýadan kowuldy! In demokratiýalarda halk häkimiýeti ýok. Häzir uly köpçülikleýin gatlaklary aldajak bolýarlar. "Halk häkimiýeti" diýilýän sözlere ynanjak bolup duran ýok. Raýat azatlygy, adamyñ hak-hukuklary, adam başyna düşýän girdejiniñ paýlanyşygy ýaly zatlar bireýýäm ýatdan çykaryldy... Platonyñ "ideal döwlet" üçin kesgitlän "halkyñ halk üçin halk tarapyndan dolandyrylyşy" sözüni ýatlajak bolýan ýok". Ýagny, düýnüñ ideal döwlet dolandyryş demokratiýasy häzir ikirjiñlenmeli režime öwrüldi... Donald Trampdan asgyn geljegini bilen Jo Baýden hernäçe "demokratiýamyz üçin gyra çekildim" diýýänem bolsa, amerikan syýasatynda raýat häkimiýetiniñ bökdençsizligi birmahal soñlandy. Çözgütleri halkyñ erk-islegi kabul edenok. Global tiranlar-diýdimzorpar üstün çykdy... Demokratiýa öz ýerini elinde puly ýa-da güýji bolanyñ häkimiýetde oturan "timokratiýa"-oligarhiýa berdi. "Deñlik" talap edýänleriñ masgaralanýan orta asyr döwrüniñ içinden geçýäris... Uzatmaýyn: Uzak geçmişi bolan liberal demokratiýa-"bagban" öldi! "Güller"-halk täze "bagbanyny" gözleýär... * * * Fransuz dilinden iki görnüşde terjime edildi: - Ynjalyksyz ykdysatçylar manifesti; - Howatyra düşen ykdysatçylar manifesti... Adyndanam añşyryp bolşy ýaly, bir topar ykdysatçy 2010-njy ýylda neoliberalizm konflikti boýunça fransuz we ýewropa ykdysadyýeti syýasaty boýunça jedelleşmäge çagyrýan bildiriş yglan etdi. (Bizdäki pop-maliýeçileriñ bar edip bilýän zady twit atmak!) 600-den gowrak adamyñ gol çeken "howatyra düşen ykdysatçylary" häzirki ykdysady logikanyñ neo-liberal ykdysadyýet diktaturasyna garşy çykdy. Başga ykdysady syýasatyñ mümkinligi we gerekliligibbarada jemgyýetçilikde pikir alyşmany ýola goýdy. Birinji "Ykdysadyýeti üýtget" manifestlerini "Liberation" gazetinde çap etdirdiler. Dowamy-da geldi: "Geljegi üýtget", "Hakykatda nämä mätäçligimiz bar?", "Ýewropa ýaramaz çemeleşildi", "Ýewropany üýtget"... Hamana "demokratiýanyñ sallançagy" Ýewropada neoliberalizm krizise giren ýalydy we çözgüt hökmünde ýene neoliberalizm boýna dakylýardy! Halk eli-aýagy bagly syn edip oñýardy, "faşizm gelýär" diýip gorkuzylýarsy. Tä 2018-nji ýykda "Sary ýelekliler hereketi" çykýança! Häzir fransuz sagy-da, çepi-de "biz halkdyrys" diýmäge başlady... (Baş oppozision partiýa soñky ýyllardaky ady "RHP"-ni aýryp, "Halk partiýasy" adyna gaýdyp gelermikä?) Demokratiýa sözüniñ birinji bölegindäki halk-demos dünýäde gitdigiçe möhümleşýär. Ölmez-ýitmezdir öýdülen "bagbanyñ" ýerine täze syýasy adalgalar oýlanyp tapylýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |