BAHA
Ýarjan aga Raýyş obasynyň sylagly aksakallarynyň biri. Ol kän bir gepläp, il içinde pikirini aýdyp, içini döküp ýörenlerdenem däl. Asuda, salykatly. Ony oba adamlary sabyrly, kanagatly adam diýip tanaýardy. Onuň oba adamlary ýene bir tapawutlanýan ýeri üçin, Moskwa şäherinde bolup, bu şäheriň gözel ýerlerini görüp gelen adam hökmünde sylaýardylar. Moskwany görmek adamlaryň ýetip bilmez arzuwlarynyň biridi.
Ýarjan aga öz çagalryna "Ine, şunda-da bolupdym" - diýip, telewizorda Moskwa şäheriniň Uly teatryny görkezenlerinde aýdypdy.
Onuň bu gepi ertesi Raýyş obasyna ýaýrady. Oňa belet adamlar "Ýarjan nire, Bolşoý teatr nire?: diýip, haýran galypdylar.
Döne, dogry zada dogry diýmeli. Ýarjan aganyň Moskwanyň Uly teatrynda bolany çyndy. Onda kompozitor Çaýkowskiniň dünýä belli "Guw köli" baletine-de tomaşa edipdi. Bu şeýleräk bolupdy.
- Däde, sag-aman otyrmyň - diýip, ogly ,SSSR Ýokary Sowetiniň başlygynyň orunbasary Ýazmämmet obadan ýaňrak gezmäge gelen kakasyna jaň etdi. Ogly, gelni, agtyklary Moskwada ýaşansoň, “Bir bahana bilen görüp gaýdaýyn-da“ diýip, ýaşuly mal-garasyndan sypynyp gaýdypdy.
- Agtyklar bilen nahar iýip otyrys. Gel-de, nahar-dagy iý, soň gidersiň-dä.
Ogly razy bolmady.
- Men bu gün saňa Uly teatry görkezjek. Sagat ýediň ýarynda yzyňdan maşyn barar.
- Bolar-da. Görkezseň, göräýmeli bolar-da.
Ýokary Sowetde deputatlara Uly teatra bilet paýlapdylar. – Gel-eý, şuňa dädemi alyp gideýin-le - diýip, Ýazmämmet begençli oýlanypdy. Ýogsa, onuň özem opera, balet diýen zada düşünip baranokdy. - Aý, öýde oturandan- a gowy bolar.
Sagat göni ýedide olar teatra girdiler. Edil girelgäniň gapdaljygynda üstki eşiklerini çykaryp, asgyçlardan asyp duran garry zenana berip, ýerlerine geçdiler. Ýaşuly binjalyk bolup oglunyň ýüzüne garady:
-- Çykanymyzda basa-bas bolmaz-la. Paltunymyzy çalşyp dag-a etmezler-de? Adam- heýwere köp eken.
- Ýok-la. Ondan arkaýyn bol.
Balet başlandy. Ýazmyrat töweregine garady. Iki hatar yzda respublikanyň ikinjisi aýaly bilen otyr. Bäş hatar öňde özbekler egin-egne berip otyrlar.
On minut geçdi.
- Haçan gutarmaly?
- Däde, ýaňy başlandy ahyryn.
- Nas atyp bolmazmyka.
- Ýok, ýok, däde, basym arakesme bolar. Bu ýer Moskwanyň Uly teatry ahyryn!..
On bäş minut geçdi. Ýaşuly bäşinji hatara seretdi.Bäşinji hatar durşuna boşap galypdy. Ýaşuly erbet içini çekdi.
- Eýse, olar gitd-ä!..
Ýazmyrat sahna sertmejek bolýardy. Emma bolmady. Galagoply owaz toplumy bilen onuň depesinden indi. Ýaşuly ýene içini çekip, özüni gözgyny görkezjek boldy. Emma ogly oňa seredenokdy. Herne, onuň bagtyna arakesme yglan edildi.
Ýaşuly paltosyny geýip, daş çykdy. Ägirt basgançaklardan ýeňillik bilen düşüp, sesýetim gyra çekildi-de, nas atdy, soň Uly teatryň belent ymaratyna hyrydarlyk bilen garady-da:
- Bol-ýa, bol-ýa, gowy zat, gaty owadan jaýy bar eken - diýdi.
Soňam öýünde çagalary bilen telewizorda görýänçä, Uly teatr barada hiç ýerde dil ýarmady.
4-nji ýanwar 2001.
Hekaýalar