22:25 Bal tutanyñ barmagy / hekaýa | |
BAL TUTANYŇ BARMAGY
Hekaýalar
Ýaşy birçene baran Aýjan ejäni öýüň tükeniksiz hysyrdylary ýadatman duranok. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, onuň üçin öýüň ähli işi bir ýaňa, mäleşip, dünýäni ýaňdan doldurjak bolýan üç kel toklynyň öňünde ot-iým berýän bolup durmak bir ýaňa. Aýjan ejäniň köp wagty ot gözleginde geçýär. Ol birnäçe gezek işe ýaran agtyklaryna: «Garry halyma men ota gidip ýörmäýin. Heriňize bir tokly. Gidiň-de ot getiriň!» diýdi. Söz berselerem, agtyklary öýe Gün «öýüne» girmese gelenoklar. Olara ynanylyp, toklular birki gezek aç galansoň, Aýjan eje alaçsyz garry bile daýanmaly boldy. Orakdyr haltasyny goltuklap, ot gözlegine çykdy. Wah, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, öýden çykan ýeriň giden alynmasyz ýorunjalyk. El degrilmesiz ýorunjalyk! Özüni güjeňläp oturan ýorunjalyga gözüň ýagyny iýdirip, bir halta ot üçin itiň ölen ýerine gitmeli. Şuňa toklularyňy goýberäýseň! Mäleşip durman iýseler, gärk-gäbe bolýançalar! Aýjan ejäniň ýaýylyp ýatan alynmasyz ýorunjalykdan niçezar alasy gelýär. Ýöne oslanmadyk ýerden Şadyman ýaldyryň ýa Gündogdynyň gelip utandyrmasyndan çekinýär. Bir halta ýorunja alsaň, olaryň göwnüne, kolhoz gedaý galaýjak ýaly. Barybir, Aýjan eje ýorunjadan üç gezek almaga synanyşyp gördi. Üçüsinde-de gapyl galdy. Üçüsinde-de, Gündogdy niredendir bir ýerden peýda bolup, üstüne abanyp dur. Ol: – Utanaňzokmy, Aýjan eje, şu ýaşyňyzda ogurlyk etmäge? – diýýär. – Näme utanaýyn? Men-ä ogurlyk edýändirinem öýdemok. Otdanam bir ogurlyk bolarmy? Onsoňam, han ogul, bir goltuk alanym bilen kolhozyň mallary aç gyrylaýmaz. Arkaýyn bol! – Aç ölse-ölmese, kolhozyň otundan almaly däl. – Gündogdy jan, onda oranjamam almaýynmy? – Dursun! – «Dursun!» diýmek dilde aňsat. Men orjak bolup näçe azap çekdim?! Oranyma aýlyk-hak bermejegiň-ä aňýan. Halalja zähmetim bu. – Nämäňizem bolsa, degmäň! – Gadagan etmäge, äl, ökdeläpsiňiz! Gündogdy jan, oglum, munyň hiç bolanok. Şol wagt Şadyman birgäd geldi gözlerini ýaldyradyp: – Aýjan eje, çykyň ýorunjalykdan! Kim size rugsat berdi? Çykyň derrew, ýogsam milise çagyrmaly bolaryn. – Bir kemim – şu ýaşda melisäniň öňüne düşmekdi, Şadyman... Şadyman ýaldyr Aýjan ejäniň sözüne üns bermän, Gündogdynyň üstüne düwledi: – Sen näme üçin kolhozyň ýorunjasyndan çem gelen adamlara orduryp otyrsyň? – Men ordurýanmy? – Eýsem, menmi? Ordurmaýan bolsaň, Aýjan ejäni näme üçin bu ýerik çagyrdyň? – Ony özünden sora. – Ýok, ony men senden soraryn! «Ýorunja garawul» diýip aýlyk alýan kim? Sen! Sendenem soraryn! Eger işiňi oňarmasaň, ýorunjadan adamlara aldyrsaň, aýlyk ýazmaryn. Degişli ýere-de aýdaryn. Men seniň bilen gep kesekleşdirmekden ýadadym. – Urup aglama! Sen meni gaty gowy tanaýaň. Hemme zady içime salyp ýörün. Ganym gyzsa, erbet bolar. Seniň indi maňa etjek işiň bolmaz. Öňem artyk eken ýerleriňe iki aýlap suw tutduryp, oňly hak ýazmandyň. Gurçuk üçin tut paýlanyňda maňa iň erbetlerini berdiň. – Baý, tapdyň gorkuzjak adamyňy?! – Edýän ähli pyssy-pyjurlyklaryňy bilip ýörün seniň. Şadyman bilen Gündogdy dikleşdi. Aýjan ejäni bütünleý ýatlaryndan çykardylar. Aýjan eje olaryň ýanynda mundan artyk näme üçin dursun?! Müň-de bir işi bar onuň! Ol oranja ýorunjasyny haltasyna howul-hara salyp, öýüne düňk ýasady. Şadyman ýaldyr bilen Gündogdynyň biri-birine gygyny şo pürküp duruşlary. Aýjan eje olara belet. Ýaşkalaram jetdi olar. Barly bilen ýoksulyň oýnunyň deň gelen wagty barmy nä? Ýok. Bolmazam. Gündogdy, ine, şuny bilenok. «Deňlik» diýseler, güp ynanypdyr bende. Barly gürlände hakykatyň näme, Hudaýam dymarmyş. Barlylar hakykaty mal ýaly satyn alyp, islän ugruna sürüp ýörler-ä. Gündogdy ýalylar jibrinip, maňlaýyny çişirip galaýýar. «Şadyman ýaldyr – ogry! Ol artyk gowaça ekýär. Bäş-alty gektar ýere mäş-noýba ekýär. Gawun-garpyz ekýär. Dul aýal dogany şol ekilen zatlary satjak bolup, ýekeje günem bazardan galanok» diýip, Gündogdy kaşaň kabinet ýa şlýapaly görse arz edip ýör. Raýondan gelen ketdelere çenli aýtdy. Ketdeler nätdi? Ýylgyryp oňaýdylar. Gündogdy janykmalary üçin «arzaçy» diýen ýigrenji ady aldy. Hakykaty aýtjak bolup janygýan adamy samsyk, özem barypýatan samsyk hasaplaýarlar bu zamanda. Ine, hut şu zatlar üçin Aýjan ejäniň Gündogda gahary gelýär. Näme gerek dek başyňy depirjik äre berip? Susak sapy eliňde häzir. Çek öýüne ýorunjadan göterip bileniňi! Mal yzyna mal semredip sat. Şadymanyň aýlygy jähennemiň ýedi gat düýbüne pagşyldap gitsin. Wah, Gündogdy Aýjan ejä düşünenok-da! Ýogsam bu ýerde düşünmez ýaly hiç çylşyrymly zat ýok. Diňlese, Aýjan eje Gündogdyny durmuşyň akademigi edip ýetişdirjeg-ä! * * * Aýjan eje bu günem «ot» diýip öýden çykdy. Görse, Gündogdy ýorunjalygyň içinde aýlanyp ýör. Aýjan eje oňa käte bir göz aýlap, gowaçaly atyzdan ot ýygmaga ugrady. Gowaçaly atyzyň içinde ot gözläp ýörşüne, Gündogda öwran-öwran käýindi: – Baldyr-ow goraýanyň?! Günortanyň tüp yssysynda kaňkap ýörmän, otursaň bolmaýarmy öýüňde? Aýjan eje Gün öýlä sanansoň, ýarty halta oty arkasyna alyp, mytdyldap yzyna dolandy. Ýadap aşak oturdy. Hana, beýläňde gözüňe söweýin ýorunja. Göm-gök bolup otyr. Bu Aýjan ejäni gyjyndyrdy. Gündogdy görnenok. Hiç kim ýok! Aýjan ejä birden gaýrat geldi: haltasyndan oragyny hasyrdadyp çykaryp, girdi ýorunjanyň bir çetinden. Oran ýorunjasyny haltasyna salyp-salman ýene ýorunja topuldy. – Munyňyz-a bolanok, Aýjan eje! Aýjan eje «ziňk» edip gitdi. Görse, ýene Gündogdy dur gaşynda ýüzünden gar-boran ýagdyryp. – Kim senden bolanyny-bolmanyny sorady? Zährämi ýardyň! Ýerden çykdyňmy, ýerçeken?! Bar, öýüne git-de ýat. Bu yssyda kaňkap ýörme. Ýorunjaňy özümjik goraryn. – Ogurlyk siziň ýaşyňyza gelşenok! – Maňa ogurlykdan bezeg gerek däl, ot gerek! Aýlanyp çykdym, hiç ýerde ot ýok. Mallarym mäleşip dur. Görüp gaýt olary, ana, şondan soň hiç zat diýmersiň maňa. – Haltaňyzdakyny döküň! – Dökjek bolubam bir gör! – Aýjan eje, elinden gidip barýan ýaly, haltasyna berk ýapyşdy. – Siz näme üçin biziň öýmüziň gapdalynda ýorunja ekdiňiz? Başymy gowga saldyňyz, aňyrrakda ekseňiz bolmadymy? Pagta ekiň şu ýere... Hana, Şadyman ýaldyram garaşyp duran bar ýaly, hasanaklap gelýär. Ony gören Aýjan eje öýüne ýumlukdy. Şadymanyň gazaply sesi hem ony saklardan ejiz geldi: – Duruň, Aýjan eje! «Duruň!» diýýän! Gündogdy, sen, nä, sömelip dursuň? Sakla ahyryn ogryny! Ýa sen kolhozyň otuny adamlara paýlajak bolýaňmy? – Sen alyp ýörsüň kolhozyň zatlaryny, goý, beýlekilerem alsyn! «Diňe Şadyman almaly!» diýlen ýeri ýog-a! Şadyman bilen Gündogdy ýene köne dawalaryna başlady. Aýjan eje olaryň ýatlaryndan çykdy. Üç tokly üç ýerden mäleşip, boýunlaryny üzere getirip, halta uzatdy. – Siziň üçin getirdim şuny, gyssanmaň beýdişip! – diýip, Aýjan eje hüňürdedi. Şadyman bilen Gündogdynyň ýetip gelmeginden howatynlanýan bolarly, haltany howlukmaç mallaryň öňüne dökdi. «Wah, bu ýerçekenler hiç ýerik gidenoklar, keselem bolanoklar. Mundan mydar bolmaz! Ýaşymyň soňunda görene göz bolup ýörmän, öýde oturaýyn. Ogluma aýdaýyn, ol meni Şadyman dagy bilen kowalaşdyryp ýörmesin-de, ogullaryna ot getirmegi berkje sargasyn». Alatapyrdy boldy. Aýjan eje zöwwe ýerinden galdy. Üç agtygy ysgynsyz gujagyna doldy. Üçüsi üç ýerden seslendi: – Ene, ajykdyk. Aýjan eje agtyklaryna işsiz ygyp ýörmeli däldigini, öýde bolmalydygyny, kömekleşmelidigini, mallara ot getirmelidigini, garryny horlamaly däldigini aýtmaga hyýallandy. Birdenem aýdasy gelmedi. Bir sözi köp gaýtalasaň, ýüregiňe düşer eken. Şol sözleri gaýtalaý-gaýtalaý bezigendigine Aýjan eje şu pille düşündi. Taýly gezek ýuwdundy-da, ýerinden turdy. Çaý gaýnatmak bilen boldy. Heýgenek bişirdi. Görüp otursa, özem ajygan eken. Agtyklary enesiniň heýgenegini ijek bolup durmadylar: hersi bir kesemen nan alyp, alaşowhun edip, uzyn syryk atlaryna atlanyşyp zut gitdiler. Giň öýde Aýjan ejäniň bir özi galdy. Çaý içdi, naharlandy. Otly halta ýaly, basyp duran ýadawlyk sypyryldy düşäýdi. Soň Aýjan ejäniň oturasy gelmedi, mallara suw görkezdi. Ýene-de ot gerekdir. Indi nätmeli bolarka? Aýjan eje böwrüne diň salyp esli durdy. Bir küýe mündi: garaňky düşüp, göz baglanandan soň, Şadyman ýaldyr bilen Gündogdynyň içini ýakmaly – ýorunja ogurlamaly. Şol pikir Aýjan ejäniň aňyna ymyklyja ornady. Nireden, nädip ýorunja orjagyny hyýalynda aýlady. Hyýalynda öýüne çeken ýorunjasy eýýäm häli-bärki däl. * * * «Indi-hä uklamadyk ýokdur» diýen pikir bilen Aýjan eje gije birçene baranda daraklygyna basyp öýünden çykdy. Öňden taýýarlap goýan orakdyr ganaryny alyp, girdi ýorunjalygyň bir gyrasyndan. Ormaga başlamazdan öňürti töweregine diň saldy. Iňlär siňek ýok. Süýt ýaly aýdyňlyk. Aýjan eje öýüň deňinden alsam bilerler öýdüp, biraz ýöredi. Gündogdy bilen kowalaşyp ýörmez ýaly, onuň üstesine-de birki güne ýeter ýaly oty öýüne çekmegi ýüregine düwdi. Başlady ormaga. – Aýjan eje, näme iş edýäňiz? – Menmi? Barlap görýän, oglum. – Aýjan ejäniň gije ýatman ýören Gündogda gahary geldi. – Düşnüklimi saňa, barlap görýän. – Nämäni barlaýaňyz? Ýorunjanymy? Aýjan ejäniň sesi öýkeli çykdy: – Seniň ýaly ýigit gijesine aýalyny ýeke ýatyrmaz. Ýatsaň bolanokmy ýarygije? – Siz näme üçin ýatmadyňyz? – Garrasaň, ukyň tutmaz eken. Meniňem ukym tutmady. Soň seniň garawullyk edişiňi barlap göresim geldi. – Göwnüňiz ýetdimi onsoň? – Gözüň menden başga adamy görýärmi seniň? – Diňe siz däl, başarsa, ähli kişi aljak. Şadyman adamlaryň ýorunjadan aljagyny bilýär. Bilibem meni ýorunja garawul goýýar. Meni müýnli edesi gelýär. – Gündogdy jan, sen gaty gowy oglan! Gaýrat et-de, meni birsalymjyk görmedikden bol. Üç sany kel toklymyz bar welin, maňa şolaryň agzy iş. – Bolmaz, Aýjan eje, bolmaz! Hany, öýüňize gaýdyň! – Gündogdynyň sesi haýbatly çykdy. Aýjan eje Gündogdyny şeýle bir ýigrendi, hekirtmeginden aslyşaýasy geldi. Nädip gaharyň gelmesin? Ukudan galany biderek boldy ahyryn! «He, ýerçeken, ýerler çeken! Hernä, Hudaýdan tap...» – Aýjan eje öýüne ýolboýy gargynyp gaýtdy. Boş ganar bilen oragy daş işige gahar bilen taşlady. Toklular mäleşdi: – Merez size! Mäläp geçiň, mäleşip geçenler! Aç ölüň, Gündogdy bir hezil etsin. Ölüň! Maslygyňyzy Gündogdynyň işigine taşlap gaýdaryn. Aýjan eje ertir çaýynda ogly Aşyra arzyny aýtdy. Ogly gürrüňi nagt etdi: – Eje, «ot» diýip meýdana gidip ýörmek nämä gerek? Mellegimizde-de üç mala ýetere ot bar-a. – Mellegiň içindäki gutaransoň nätjek? * * * Aýjan eje gazaply çykan sese tisginip ýerinden galdy. – Ýok, ýok! Mundan artyk çydap bilemok! Sen bütin ömrüme üstümden hökmürowanlyk sürüp, edeniňi edip, goýanyňy goýup ýörmelimi? Indi seniň bilen bellisini etjek! Gündogdynyň sesi. Aýjan eje onuň sesini derrew tanady. Şadymanyň ony garawullykdan kowmagyny Alladan dileg etdi. Köp wagt geçmänkä Gündogdy geçip gitdi. «Hana, bellisini etjek ýigit. Ýakalaşmaga derek, öýüne gaçyp barýar. «Şadyman bilen, asyl, barly bilen oýnuň deň gelmez!» diýdim-ä men saňa» diýip, Aýjan eje başyny ýaýkady. Mellekden oran otlaryny mallaryna berdi. Näme iş etse-de ynjalmady: Gündogdynyň hasanaklap gidişi onuň göz atuwyndan aýrylmady: «Ol öýüne näme üçin gitdikä? Gyzma bolmaly öz-ä ol. Pyçak getirmäge giden bolaýmasyn?! Belki, tüpeňini getirmäge gidendir?! Tüpeňini?! Gümp! Gümp! Aýjan ejäniň zähresi ýarylana döndi. Ol tüpeň atylan ýere – ýorunjalyga bakan ylgady. Gözlerine ynanmady. Hakyt Gündogdy tüpeňini täzeden oklap, Şadyman ýaldyryň yzyndan kowup barýar. Öňki haýbatly Şadymanam zut gaçýar. Onuň yzyndan ok bolubam ýeter ýaly däl. Gümp! Gümp! Aýjan eje doňdy galdy. Tüpeňiň sesi soňam eşidildi. Şadymanyň gara gana bulaşyp ýatyşyny Aýjan eje göz öňüne getirip, haýygyp, içine tüýkürdi. Ylgap öýüne bardy. Gapyny içinden kiltledi. Tä garaňky düşýänçä daşary diň salyp oturdy. Näme üçindir, agtyklaram wagty bilen gelmedi. Daşardan Aşyryň sesi eşidildi: – Eje, aý, eje! Aýjan eje gapyny ýuwaşjadan açdy. – Eje, saňa näme boldy? – Eşitmediňmi? – Nämäni? – Aşyr gürrüňiň näme hakdadygyny derrew aňdy, jogaba garaşmady. – Gündogdynyň eden işini aýdýaňmy? Oňarmandyr! – Wah, wah, Şadyman neresse. Birgiden çaga ýetim galdy. – Diýýäniň näme, eje? Şadyman diri ahyry. – Gündogdy birnäçe gezek at-da?! Şolaryň birem degmänmi? – Degmändir. – Gör ony! Hudaýyň ýalkadygy bu. – Göz-görtele beýdip ýalkamak bolarmy, eje? – Aşyr okuň degmedigine gynanýandygyny ýaňzytdy. Oglunyň adamyň ölmändigine gynanmagyna enäniň gahary geldi. Ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Gündogdynyň Şadymanyň yzyndan kowup barşy ýene göz öňünde janlandy. Düýn Gündogda gargandygy ýadyna düşdi. Hyrçyny dişledi. Bu bolan zatlara özüni günäkär ýaly duýdy. – Indi näme bolarka, oglum? – Gündogdamy? Ony milise äkitdi. Şadyman ýaldyram goňşy oba tebibe äkitdiler. – «Şadymana ok degmändir» diýdiň-ä? – Ýüregi süýşüpdir. – Süýşendir-le. – Aýjan eje mundan artyk sorag berip oglunyň ýüregine düşmekden saklandy. Biş-düşüň ugruna çykdy. Birdenem biş-düşüni taşlap, Aşyryň ýanyna bardy. – Oglum, Şadyman haçanrak gitdi? – Ýaňyrak äkitdiler? Hä? – «Gündogdyny meliseler äkitdi» diýdiňmi? Ol bu gün gelmez, şeýlemi? – Sud edýänçäler, goýbermezler. Suddan soňam goýbermezler. Eje, bu zatlary näme üçin soraýaň? – Gelnimiz gelibermedi-le? – Geler, howlukma. – «Howlukma» diýip, gaty arkaýyn-la sen? Howlukmasak bolmaz. Gelin gelse aýt, agşamlyk nahary bişirsin. Men gitdim! – Nirä, eje? Ogly bilen düşünişip durara Aýjan ejäniň wagty ýok. Ol ýorunjalyga howlukdy. «Şu gezek bir gorkusyz oraýyn-la» diýip, içini gepletdi. Ordy. Ýöne gorkusyz orup bilmedi. Gündogdy dergazap bolup geläýjege meňzedi durdy. Birki gysym orup-orman töweregine diň saldy. Sähel şygyrda ziňkildäp gitdi. «Gündogdy ýerçeken ýürek goýmandyr mende» diýip hüňürdedi. Oňa azar beren adam bolmady. Muňa onuň göwni göterildi. Nebsi şar ýaly çişip, öňüne ep-esli geçdi. Ordy, ordy. Tä elleri ysgyndan gaçýança ordy. Soňam depe eden ýorunjasyny ganaryna salmaga girişdi. Oran ýorunjasynyň ýarysam sygmady ganaryna. Doly ganary göteribem bilmedi. Ýorunjanyň ýarysyny, islese-islemese, dökmeli boldy. – Doýanyňyzy bir göreýin siziň! Iýiň, tä aşa düşýänçäňiz iýiň! – diýip, Aýjan eje getiren ýorunjasyny agyla dökdi. Gije ýatmady: ýorunja daşady. Ammary ýorunjadan doldurdy. Agylyň gapdalynda-da depe döretdi. Üstüne köne-küşül zatlary atyşdyrdy. Daň atdy. Eden işinden göwnühoş garry düşege geçdi. Gün günorta bolýança ýatdy. Turup, gije oran ýerine ogrynlyk bilen seredip gaýtdy. Gidenbir meýdan ýeri oraýypdyr! Soňundan toklularyna sahylyk bilen ot bermäge agyla bardy. Görse, iki tokly garynlaryny ganar ýaly edip, gatap galypdyr. Üçünji tokly bolsa, Aýjan ejäni görüp, mälemäge başlady. Ýene ot gerek oňa. Aýjan eje gatap galan iki tokla gynanmak gynandy. Geň, gözünden ýaş akdyryp aglap bilmedi. Gatan maslyklary sypap esli oturdy. Bu güne düşmeginiň sebäpkäri, elbetde, Şadyman bilen Gündogdy. Aýjan eje oturyp ol ikisine gargamak gargady. Onda ar almak hyjuwy joşdy. Ary almagyň ýeke-täk bir ýoly bar. Ol hem goragsyz galan ýorunjadan köp orup, öýe basmak. Ýeke galan toklyny ýorunjadan aşa düşürmän bakmak. * * * Ejesiniň garaňkynyň düşerine howlugýandygyny aňan Aşyr närazylygyny ýaňzytdy: – Eje, gerek däl-le... – Ony özüm gowy bilýän! Bilşi ýaly-da etdi. Garaňky gatlyşansoň, ýorunjalyga gaty arkaýyn bardy. Ýorunjalykda bir garanyň bardygyny görüp geňirgendi. «Kimkä, Allajanlarym? Ol-a birden aşak oturdy. Gizlenýär. Şadyman ýaldyrmyka? Meniň orup başlaryma garaşýarmyka? Oňa: «Gorkak, gijesine aýak ýoluna-da aýaly bilen çykýar» diýýärdiler-ä. Ol gara-da ogurlyga gelendir. Ýogsam busup ýatmazdy. Hana, hol ýerdenem biri görünýär. Bütin oba bäri eňäýdimikä? Ol gara näme üçin biziň öýümize ýakyp ýerden orýarka? Goý, ol öz öýüniň deňinden alsyn!» Aýjan eje düşünişmek üçin, ýok, bu ýerden ýorunja ormagyň bolmaýandygyny aýtmak, kowmak üçin gara ýakynlaşdy: – Kimsiň? Ýatma busup! Tur kim bolsaňam! Gara turdy: – Wiý, Aýjan eje, sizmi? – Sen kim? – Men Enegyz, Şadymanyň aýaly. – Näme iş edýäň, Enegyz? – Näme iş eder öýdýäňiz? «Bir halta ot» diýip geldim. Ynsapsyz Gündogdy mallarymyzy tas aç öldüripdi! – Hä?.. – Ol bize ýorunja aldyrmady. Her gezek kowup goýberdi. Öz-ä eltip bermekden geçen. Şadymana-da: «Ot alsaňyz masgara ederin!» diýipdir. Biz-ä ömrümizde onuň ýaly samsygy gören däldiris, Aýjan eje! Indi türmä basjakmyşlar ony. – Oty gündiz alsaň bolanokmy? – Gündiz göz kän. – Onda aňyrrakdan almaly ekeniň. – Size tapawudy näme? – Tapawudy kän! Öýümiziň gapdaly biziňki! – Siziňki-hä bolaýmaz. – Bolar. – Aýjan eje elini salgap goýberdi. – Hany, aňyrrak git. Özüňden uly bir zat diýende, gulak asarlar. – Siziň ýaly garry gije öýünde ýatar. Onsoňam: «Öýümiziň gapdaly biziňki» diýip eýemsiräbermäň. Ýorunjalyk öýüňiziň gapdalynda bolsa-da, ol siziňki däl. Men size ordurmaryn! – Hä, diňe özüň alaýjakmy? Beýleki alýan zatlaryňyzy az görýäňizmi? – Az görýäs, hawa, hawa, az görýäs! Başga näme diýjek?! – Sylagyň ýetdi, git şu ýerden! – Garrasaň, aňyň üýtgejek eken. – Enegyz gürrüňi mundan artyk uzaltmak islemän, ýorunja ormaga başlady. – «Orma!» diýdim şu ýerden! – Aýjan eje gaharyna bäs gelip bilmän Enegyzyň üstüne süründi. Biri-birini iteklediler. Enegyz – mes gelin şeýle bir itdi welin, Aýjan ejäniň kellesi baryp ýer gazady. Turaýyn diýse, başy hyr berip aýlanýar. Hiç mejaly ýok. Ýatyr hiç alajy ýetmän. Enegyzyň ot orşy eşidilip dur. Aýjan ejäniň göwnüne, Enegyz ähli ýorunjany orup gutaryp barýana meňzeýär... Wah, turup bilse, Aýjan eje etjegini bilýär-le... 1989 ý. OSMAN ÖDE | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |