20:42 Balykçy we semender / erteki | |
BALYKÇY WE SEMENDER
Ertekiler
Gadym zamanlarda deňiz kenaryndaky obalaryň birinde balykçy goja kempiri bilen ýaşapdyr. Onuň ogul-gyzlary bireýýäm öýli-işikli bolup, özbaşdak ýaşaýar eken. Bir wagtlar gojanyň ýelkenli gämisi bolup, şonuň bilen deňizde balyk awlar eken. Wagtyň geçmegi bilen gämi çagşapdyr. Ony abatlamak üçin balykçyda ýeterlik serişde bolmandyr. Balykçy her gün säher bilen çeňňegini egnine atyp, balyk tutmaga gider eken. Keýwanysy bolsa onuň tutan balyklaryny bazarda azyklyk önümlerine we hojalyga gerek bolan beýleki zatlara çalyşar eken. Günleriň birinde goja deňiz kenaryna gidende, onuň oturan ýeriniň golaýyndaky gabaraly daşa bir ullakan guş gelip gonupdyr. Ol gojanyň hereketlerinden gözlerini aýyrmandyr. Goja birbada ondan çekinse-de soňra ullakan guşdan özüne zeper ýetmejegine göz ýetiripdir. Owadan guş gojanyň çeňňegine käte bir külke balygyň düşýändigine seredip oturşyna birdenem ynsan dilinde goja ýüzlenipdir. - Tutan balyjagyňy näme etmekçi?-diýip, goja ýüzlenende: - Keýwanym bazara çykaryp satýar, şeýdibem güzeranymyzy dolaýarys-diýipdir. Balykçynyň halyna owadan guşuň rehmi inipdir: - Bize semender diýerler—diýip, ol guş özüni tanadypdyr: - Maksadymyz adamlara ýagşylyk etmekdir. Siz hem mundan beýläk horluk çekmersiňiz. Külbäňiziň öňünde düşek ýazyp goýsaňyz her gün gije oňa bir ullakan balyk oklaryn. Şony satsaňyz sowalgaňyz bolar, hiç bir zada mätäçlik çekmersiňiz. Semenderiň bu sözlerinde goja şeýle bir begenipdir we ýyryş-ýyryş edip, keýwanysyna gürrüň beripdir. Şeýlelikde, her gije gojanyň gapysynda ullakan balyk peýda bolupdyr. Ol günbe-günden baýapdyr we howly satyn alypdyr. Indi bolsa ýelkenli gämi edinmegiň arzuwynda eken. Günleriň birinde ol bazara baranda jarçynyň: - Eger kimde-kim semender guşy tutup, hökümdara getirip berse, oňa ömrüniň ahyryna çenli harç eder ýaly altyn-kümüş beriljekdir—diýen, yglanyny eşidipdir. Şonda ol: “Semender guşuň hirededigini men bilýärin” diýip, tasdanam gygyran eken. Birdenem şol guşuň hemaýaty bilen şu güne ýetendigini hakydasynda aýlapdyr. “ Ýok, beýle etmek bigaýratlyk bolardy ahyryn, şol bizi açlykdan halas etmedimi näme?”. “Ömrüň ahyryna çenli elpe-şelpelikde ýaşamak hem erbet däl, bessir çeken çeken güzaplarymyz!” diýip, içki pikirini daşyna çykaranyny bilmän galypdyr. Muny jarçy duýupdyr-da: - Bazarda bir goja bar welin semender guşdan habarly görünýär—diýip, hökümdara aýdypdyr. - Semender guş barasynda bilýänleriňi aýt. Sylagyňy ýetirerin, goja—diýip, hökümdar gürrüňini dowam etdiripdir:-- Şol guşuň etini iýmesem hassalykdan sagalmak ýok.. - Semender guş her gün agşam meniň howlyma uçup gelýär--de ullakan balyk getirýär—diýip, goja titräp durşuna gürrüň beripdir. - Indi ony tutmagyň ugur, tilsimini salgy ber—diýip, hökümdar soranda : - Ol meniň täk özüne başartmaz—diýip, goja gürrüňe başlapdyr: - Ony girä salmak üçin mekirlik edeli. Gowy iýmit taýýarlaýyn we ýanyma çagyraýyn. Şonda ýedi sany kömekçi gerek bolar. Hökümdar goja ýardamçylary berende olary howlusynda gizläpdir we semenderiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Gijäniň ýarynda semender ullakan bir balygy penjesine gysyp howluda peýda bolupdyr. Ol balygy hemişeki ýerine eltip howlynyň bir çetinde gonupdyr. - Seniň ýardamyň meni baý we bagtly etdi—diýip, goja gürrüňe başlapdyr: - Şeýle-de bolsa saňa hiç hezzet-hormat hem edip bilmedim. Şu gün saňa üçin nazy-hygmatdan saňa hödür etmekçi. “Birden bu gojanyň päli düzüw däl bolaýsa näme?—diýip, semender biraz oýlanypdyr: ”Ýeri, lagşan gojanyň elinden näme gelip biler”—diýipdir-de tagamlaryň başyna geçipdir. Oslagsyz ýerden garry semenderiň iki aýagyndan mäkäm ýapyşypdyr-da: “ Geleweriň, tizräk geleweriň, aýaklaryndan tutandyryn!” diýip gygyryp başlanda bukudaky adamlar kömege gelipdirler. Çirkin sese semender ürküp asmana galyp başlapdyr. Ýöne goja welin onuň aýagyndan penjesini aýyrar ýaly dälmiş. Ýardamçylaryň ilkinjisi goşanyň, beýlekileri bir-birleriniň aýaklaryndan berk ýapyşanlarynda semender eýýäm asmana galan eken. Guş has ýokary galanda gojanyň kalbyny gorky gaplap alypdyr. Onuň asmandaky ýyldyzlary görende başy aýlanyp, ýüregi bulaşyp başlapdyr. Elleri gurap başlansoň penjesini açyp goýberipdir. Goja we ýedi ýardamçy al-asmandan pel-pelläp dag-daşa düşüpdirler we çym-pytrak bolupdyrlar. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |