BARAN ÝERI ALA-ÝAZDY
■ Pyhy aga barada ýatlamalardan
Öz durmuş ýoluňda käbir adamlar bilen setanda-seýranda bolan duşuşyklar, söhbetdeşlikler ömürboýy hakydaňdan çykmaýar. Ýomakçy şahyr Pyhy Tagan hem özüniň ajaýyp ruhy dünýäsi, egsilmez köňül baýlygy bilen her kesiň kalbynda yz galdyrýan parlak şahsyýetleriň biridi. Ylaýta-da onuň tutuş mähelläniň üns merkezinde bolup, toý-tomgalary sowan gezeklerini heniz-henizlerem bütin janlylygy bilen ýadynda saklap ýörenler az däl bolsa gerek.
…Pyhy aganyň Bereketde ýakyn garyndaşy Gara aga ýaşaýardy. Ol duldegşir goňşymyz bolup, dädem bilen lokomotiw deposynda işleýärdi. Aslynda biziň syrgynymyzdaky öý eýeleriniň ählisi diýen ýaly demirýol işçileridi.
Tomus paslynyň ilkinji aýy bolsa gerek, Gara däde bilen Akgyz gelnejemiz köp ýyllap arzuwlap ýören toýuny toýladylar. Toýsyz-şagalaňsyz ýaşaýşyň gyzygy, manysy bolmaýar, aslyýetinde şeýle durmuşyň kime derkary bar? Bu toýa ýomakçy şahyr Pyhy Taganyň myhman geljeginden ilki biz habarly bolup, dost-ýarlarymyza buşlapdyk. Tiz wagtdan bu habar bütin oba ýaýrap, toý şatlygyny iki esse artdyrdy.
Şahyryň goşgularyny, şorta sözlerini, degişmelerini diňlemek üçin jemende bary ýygnandy. Ýogyn tagtalardan we şalmandlardan bina edilen sekiniň üstüne toýa ýygnanan adamlaryň sähelçesi sygdy. Märeke üçin üzüm dalbarly bassyrmanyň etegine, howlydaky ullakan erik agajynyň we beýleki miweli daragtlaryň saýasyna düşekler ýazyldy.
Desterhana nazy-nygmatlar äberilip, agaýana iýlip-içildi. Saçak ýygnalyp, töwür galdyrylandan soň halkyň içinde yaňy tanalyp başlan Göki agamyz tamdyrasynyň tarlaryna şabram-şabram kakyp, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen halk aýdymlaryny joşgun bilen aýdyp başlady. Palawyň lezzetini gök çaý bilen basyp oturan gojalar dürdäne sözleriň manysyny akyl süzgüjinden geçirip, aram-aram makullaýjy terzde baş atanlaryny duýman galýardylar.
Nobat dikdurma bagşa ýetende, Hojamberdi gullukdan gelende getiren gitarasy bilen täzeräk dörän aýdymlardan tutduryp ugrady. Ol aýdymlaryň köpüsi häzir durmuşymyza berk ornaşyp, halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir. Liriki aýdymlar bilen märekäni joşguna salan aýdymçy soňundan deprekçiniň goşulmagynda göçgünli tans sazlaryna geçdi. Iň soňunda ýaşlaryň aglabasy orta çykyp, küşt depmäge başlanlarynda, üstündäkileri zordan göterýän seki aýaklaryň sazlaşykly depgisine bäs gelip bilmän, sarsyp-sarsyp gidýärdi. Toýçynyň goňşysy Gylyçdurdy aga sekiniň çagşaryndan ätiýaç edip, oda-köze düşdi. Şeýdip märekäniň uly-kiçisi aýdym-saz keýpinden çykanda, wagt eýýäm giç agşamdy. Şu wagta çenli aýdym-sazyň arasynda birki oýnam söz oklap, märekäni gyzyl-gyran edip oturan Pyhy aga toýa gelen adamlaryň göwnüni açyp, baýramy ala-ýaz etmek gezegini öz üstüne aldy. Gyzykly we gülkünç başdan geçirme kyssalary, degişme-henekli goşgular, durmuşa dahylly, jüpüne düşme ýomaklar nohut ýaly dökülip, arassa tomus açmanynyň eteginde gülküler çar-ýana ýaňlanyp ugrady. Märeke bolsa köpelmese egsilenokdy. Gaýtam Pyhy aganyň gelenini eşidip, uzak-ýakyndan haýdap gaýdanlaryň “Agşamyňyz haýyrly bolsun!” diýip, bir çetde orun alýandyklary duýulýardy. Daň atyp horazlar gygyryp başlanda-da adamlaryň şatlykly gülküleri eşdilip durdy
Howa, Pyhy agamyz şeýle şähtaçyk, wäşi, durmuşa hyjuwly adamdy. Märeke-meýlisi söýerdi. Zehini ýiti, dili ötgür ýomakçydy. Örän dogumlydy, aýtjak-diýjek sözüni şarta aýdardy. Ol degişmeleriniň kimedir birine üýtgeşik täsir edenini aňaýsa, ony tapdan çykynça gyzyl-gyran ederdi.
Durmuşda gülkünç wakalar kän duş gelýändir welin, olary Pyhy aganyňky ýaly owadanlap, süýjüdip gürrüň berip bilýän adam gaty seýrekdir. Onuň aýdýan her bir jaýdar sözleri edil nyşana degýärdi. Muny adamlaryň ýüzündäki şatlyk tolkunyndan aňmak bolýardy.
“Meniň uzak ýaşamagymyň esasy sebäbi şadyýanlygymdyr. Ýerlikli degşip, köp gülüň, sagdyn bolarsyňyz, ömrüni uzalar. Onsoňam gülka gülmeseňiz göwni galýandyr” diýerdi.
Şahyr ýaşlar bilen her gezekki duşuşygynda edep-tertipli, düzgün-nyzamly, bilimli-hünärli, ata-enä ragyply adamlar bolmagy wagyz ederdi. Birine öýkünip gürrüň bermezdi. Öýke-kine döredäýjek kinaýaly, ýaňsylaýjy degişmeleri aýtmazdy, gaýtam hoşamaý sözi bilen aladaly adamlara teselli bererdi, göwünleri rahatlandyrardy. Onuň ala-ýaz ýüreginde kinedir kütüwe ýer ýokdy. Muny şahandaz şahyryň Gara aganyň toýundaky şol söhbetinde bolup geçen bir duşuşyk hem tassyk edýär.
...Obamyzda bir gassap bardy. Ynjykdy, sähel zada gaharlanyp, gylyjyny gynyndan çykarýan adamlaryň hilindendi. Özü-de şeýle bir öýkelek, kineçildi welin, heý, sen goýaý! .”Onuň gülenini gören adam ýokdyr” diýip, obamyzda gürrüň ederdiler. Ondan gelen özüniňem şerebeli, gödeňsi dili bardy.
Bir gezek ol Balkanabadyň bazaryna et eltip satyp durka, Pyhy aga oňa:
-- Ýagly, semiz etiň we arryk etleriň nyrhyny aýratyn aýdyp bilmermisiň? -- diýip, ýüzlenipdir. Pyhy agany tanamaýan gassap onuň hortaňrak, süňklegräk göwresini birlaý gözden geçiripdir-de:
-- Mal semiz, etli-ýagy bolsa-ha haryda müşderi kän tapylýar. Arryk, sünklek eti bolsa item alanok. Olaryň aýratynlygy, ine, şeýle -- diýip, awuly jogap beripdir.
Hiç kimden gep alyp galmaýan Pyhy aga hem onuň sallanyp ýatan alkymyna, yzgytsyz tumşugyna göni seredip:
-- Özüm arryk we süňklek, boýum kelteräk bolsa-da, durşuna et-ýag bolup duran käbir pöwhelere garanda il içinde hyrydarym has kändir -- diýip, jogabyny pert berse-de, ol ýerden tiz saýlananyny kem görmändir...
Şol gije ýaňky gassap hem Pyhy agany diňlemäge köpçülige baraýmazmy? Ol Pyhy agany tanamandyr. Emma ony derrew tanan Pyhy aga bazardaky “söz darkaşyny” hezil edip gürrüň berdi. Pürkjegini bir pürkenden soň kalbynda öç saklap ýörmeýän şahyryň maýyl ediji alçaklygy gassaba-da täsirini ýetiren bolarly. Onuň il-ymmatda ilkinji gezek eşidilen “loh-lohuny” bütin märeke alyp göterdi.
...Gylyçdurdy aga köpüň adamydy. Onuň agtygynyň sünnet toýuna ýygnanan mähelle köp ýygnanypdy. Toý tamamlananda goňşy-golamlar agzybirlik bilen gap-gaçlary tämizlediler. Düşekleri arassalap öýli-öýüne gaýtdylar. Diňe obadaky mekdebiň mugallymy ýaş gelin aladaly görünýärdi. Ol toý güni nika ýüzügini ýitiripdi.
Bu waka hemmeden beter Gylyçdurdy aga gynanandy. Şonda ol Maýagözele täze altyn ýüzük alyp bermegi teklip etdi:
--Nesibimizde bolsa ýitigimiz iru-giç bir ýerlerden tapylar, daýy! Ol ýüzügiň deregini tutup biljek ýüzük ýok ahyryn – diýip, çürt-kesik garşylyk görkezdi.
Şol ýylyň güýzünde Gylyçdurdy aga körpe oglunyň bagt toýuny tutdy.
“Az bolmasyn“ diýip Gylyçdurdy aga baga bakylan öküzden başga ýene-de birnäçe dowary soýmagy gassaba tabşyrdy.
Öküziň iç goşunda bir bolejik towlanan sime çolaşan altyn ýüzük şol sünnet toýda ýiten ýüzük bolup çykdy.
-- Altyn ýüzügiň Maýagözele degişlidigini nädip bildiňiz? -- diýip ýüzügi tapan gelinden soranlarynda:
-- Ýüzügiň iç tarapynda Maýagözel we Muhammet diýen ýazgy we olaryň nikalaşan güni we senesi ýazylgy eken—diýip düşündirdi.
Hawa, şeýdip şol günki toý Maýagözel gelin üçin iň ýakymly günleriň biri boldy.
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Bereket etrabynyň Gulmaç obasyndaky 2-nji mekdebe edebiýatçy alym Saýlaw Myradowyň adynyň dakylmagy mynasybetli geçirilen çärä şäherimiziň döredijilik bilen meşgullaýan ýaşlar bilen bir hatarda menem gatnaşypdym. Şol dabara meniň Pyhy aga bilen soňky duşuşygym ekeni.
Şahymerdan Saryogly.
Ýatlamalar