BARLAG
Könegala obasyndaky orta mekdebiň mudiri Sähetberdi Iner ogly dördünji klasyň mugallymy Sapar Taganowy ýanyna çagyrdy.
- Dörtlerdemi?
- Hawa ýoldaş mollym!
- Näçinji sagat?
- Ikinji.
Saparberdi Iner ogly ýüzüni asdy.
- Men seniň sapagyňa gireýin. - Ol Sapar Taganowyň solgun ýüzüne biperwaý gözlerini aýlady. - Men gatnaşaýyn, sapagyňa, bormy!?.
Sapar Taganow tisginip gitdi. Ol goltugyndaky topbak kagyzy silkip goýberdi-de, sakanaklap başlady.
- Ýoldaş mollum, ýoldaş mollum, wiý, ýoldaş müdir...
- Bar, bar, gowja taýýarlan...
Sapar Taganow silkelenýän garry daragt ýaly bolup, erbet yrandy-da, çykyp gitdi.
Onuň bu bolşy müdire hoş ýakdy.
“Çekinýärler“ – diýip, agrasdan gat-gat ýüzüniň haýsydygy näbelli tarapyny ýagtylandyryp, pynhanlyk bilen ýylgyrdy.
Klasa girmäge jaň bolandan sähel soň eli agyr depderli mekdep müdiri dördünji klasyň işigini açdy.
Okuwçylar mugallymdan, mugallym okuwçylardan öňinçä, şakyrdaşyp orunlaryndan turdylar.
- Salam!
- Salam mugallym!!!
Edil bir adamyň agzyndan çykýan ýalkymly ses, joşgunly owaz müdiri haýran galdyrdy.
- Oturyň! Oturyň! - Ol agras ýüzüni az-kem hoşamaýlandyryp, aýtdy. - Salamlaşmany-ha oňarýan ekeniňiz.
Emma "Müdiriň, barlagçylaryň oturmaly ýeri“ diýip goýlan ýere gelip oturýança okuwçylar ýerlerine geçmän, sör-söbe bolup durdular. Müdir oturandan soň partalar gaýtadan şakyrdady.
Mugallym Sapar Taganowyň ýüzi açylypdy. Ol her bir ownujak zatda: müdiriň ýüreginden orun almaga, oňa özüniň çuňňur hormatynyň bardygyny bildirmegiň pursadynyň gelendigini duýmaga ýetişipdi. Oňa öz klasynda bu amatly pursaty berjaý etmäge hiç kim päsgel berip biljek däldi. Ol okuwçylara ýüzlendi:
- Eziz okuwçylar, bu gün biziň sapagymyza etrabymyzyň beýik sütün ogly,obamyzyň parlak Güni, mekdebimiziň şamçyragy, mähriban atamyz Sähetberdi Iner ogly gatnaşýar. Mähriban müdirimiziň bizi şeýle bagtyýar etmeginiň hormatyna, bir minut ýerimizden turup, el çarpyp, ony hormatlalyň!. Okuwçylar ýerlerinden turup, bir minutlap el çarpyp durdylar. Müdiriň ýüzü bagtyýarlyga çawlanyp gitdi. Ol başyny ýaýkady.
- Wah, wah, nämä gerekdi ahyryn. Gerek däl ahyryn...
Onuň repide ýaly galyň gara ýüzünden çen tutanyňda, bu "gerek däl“ sözi, "şun-a oňardyňyz, berekella“ diýen minnetdarlyk sözüne meňzeýärdi.
Okuwçylar oturdylar. Sapar Taganow hem inçeden uzyn boýuna gelişmeýän çalasynlyk bilen ýerine geçip oturdy-da, klas žurnalyny eline aldy.
- Eziz direktorym, hem-de, okuwçylarym, biz näme etdik.
Biz klasa girdik. Ýerli-ýerimize geçip oturdyk. Mugallym hem-de mährinam müdirimiz bilen gysgaça salamlaşdyk. Hawa, indi metodikamyzyň kanunyna görä näme etmeli? - Onuň özi bada-bat jogap berdi.—Tanyşmaly!
Ol žurnala ýazylan atlary ýekeme- ýeke okap çykdy. Birdenem, tisgindi-de, elindäki ruçkasyny stoluň üstüne oklap goýberdi.
Mähriban okuwçylarym! Bagyşlaň, men hemmäňiziň adyňyzy okap biljek däl.
Çünki, metodikanyň kadasyna görä, tanyşlyga we sapaga girişmäge jemi üç minut wagt berilýär. Şol wagt tamam boldy. Men metodikamyzyň talabyny şirin janymdan eziz görýän. Ony her kim meniň ýaly berjaý etmelidir. Aslynda men Araçan gelnejeňiziň diýenini etmerin welin metodikanyň hem-de eziz müdirimiziň diýenini ederin...
Ol hor, uzyn ellerini biri-biriniň içine salyp owkalady.
--Hawa, indi metodika boýunça öýe berlenleri, ýagny geçilenleri gaýtalamaly. Munuň üçin metodoka görä, bize on bäş minut wagt berilýändir.
Mugallym tagtanyň öňüne çykdy.
- Aýdyň, öýe näme iş berildi? Hany, kim aýtjak. Hany, Orazow.
- Geçen edebiýat sapagynda biz "Gysganç baý we Ýartygulak" diýen temany geçdik. Öýe-de, ýol temany okap gelmek tabşyryldy.
- Gaty dogry.—diýip, mugallym begendi. - Indi aýdyň, baý nähili adam?
- Gysganç!
- Ol näme edýär?
Ol garybyň hakyny iýýär.
- Dogry. Onsoň, Ýartygulak nähili?
- Ýartygulak dogruçyl.
- Hakykaty gow görýär. Ol baýlary ýigrenýär.
- Sebäbi näme?
- Baýlar garyplaryň hakyny iýýär. Şonuň üçin olary Sibire sürgün edipdirler.
- Dogry. Hany, indi kim "Gysganç baý we Ýartygulak" diýen ertekini gyzykly edip gürrüň berjek.
Okuwçylar temany gowy özleşdirendikleri belli boldy.
- Hormatly müdirimiz, eziz okuwçylarym, metodikanyň talabyna görä, öý işini barlamaga berilen wagtymyz tamam boldy. Indi biz täze temany öwretmäge başlamaly. Munuň üçin bize on bäş minut wagt berilýändir. Ol has çuslandy. – Şu günki temamyzyň ady "Durna we tilki" diýen halk ertekisidir.
Mugallym täze temany düşündirmäge başlady. Ol durna bilen tilkiniň dost boluşyny, olaryň birek- biregi öýlerine myhm çagyryşyny, tilkiniň myhmanyna ýaýbaň tarelkede nahar berşini, durnanyň bolsa öz tilki dostuna agzy darja küýzede nahar hödür edişini gaýtalap, gaýtalap düşündirdi. Soň, ony okuwçylaryň özlerine hem gaýtalatdy.
Okuwçylar däl, müdiriň özem bu ertekini gyzygyp diňledi.
Mugallym metodikanyň talabyna görä, geçilenleri gaýtalamak çäresinde bir oglan bilen bir gyzjagazy orta çykaryp, birine durnanyň birine-de tilkiniň roluny oýnatdy.Bu hasam gyzykly boldy.
- Mähriban müdirimiz, eziz okuwçylar, indi biz geçilen sapagy jemlemeli, ýaňy geçilnleri gaýtalamaga metodika boýunça yedi minut berilýän bolsa, bu çäre üçin bize üç minut berilýär. — Ol müdir tarapa garady. — Kimiň näme düşünmrdik zady bar.
- Düşnükli.
Onda men bahalaryňyzy aýdaýyn
Ol okuwçylary gowy bahalandyrdy.
Soň öýe "Tilki we durna" diýpen ertekini gowy okap gelmegi tabşyrdy.
- Indi bolsa mähriban atamyzy hormat bilen ugradalyň,
Okuwçylar ýerlerinden turdular.
- Sag booluň!
- Sag boluň!
Direktoryň ýaňky repide ýalygara, galyň ýüzi indi ýagşy açylyp, tamdyrdan çykan ýukajyk ýagly külçe ýaly lowurdap durdy. Ol diýseň bagtyýardy. Öz ýolbaşçylyk edýän mekdebinde şeýle zehinli, metodikany bäş barmagy ýaly oňat bilýän mugallymyň bardygyna buýsandy. Ylaýta-da, bu gün ol özüni hudaý hasaplaýan mugallymlaryň bardygyny gördi.
"- Nesip bilsa, Sapar han, menem saňa ýadyňdan çykmaz ýaly ýagşylyk ederin“ diýip oýlandy. Geljek ýyl ony özüne orunbasa edäýse-de kem boljak däl...
" - Mekdebiiziň şamçyragy...“ - diýdimi, "Obamyzyň parlak Güni!'.., - Gör, onuň tapýan sözlerini. Ýüreginde maňa sylag-hormat bar onuň... Sen hakyky mygallym-da, Sapar jan, şonuň üçin sen meniň mertebämi sakladyň - diýip, tolgünmak bilen oýlandy.
Mekdep müdiriniň garaýşyça, Sapar Taganow hakyky mugallymdy. Ol Halmyrat Kösäýew ýaly däldi. Ol Sapar Taganow metodikany gaty gowy bilýän hasp edýärdi. Aslynda, ol öz mekdebinde birki sany ýaş gelni hasap etmäniňde, metodikany bilişiçe, Saparyň deňine ýetip biljek başga bir mugallymy tapyp biljegem däldi. "Aslynda, beýle mugallym ýog-a“ - diýip ol begençli oýlandy. "Metodikany ediberşini gördüňmi?! Men barkam şeýle işleýän bolsa, erkin wagty dagy nähili sapaklar geçýändir".
Müdiriň gaşlary çytyldy. Onuň ýadyna Halmyrat Kösäýew düşdi.
-- Ady dagy ne ataňanälet! Adam harap onuň, özem harap!Dik boýunsyrap, prinsiplisiräp, meniň başyma. Bolduň prinsipli! Ýazsaň ýazypsyň-da merkezi gazete birki sany pohly makalany. Päheý-de, welin...
Ol häzir gyzgyny bilen Halmyrat Kösäýewiň sapagyna-da girmegi ýüregine düwdi.
- Göreýin, hany, seniň boýny ýogynlygyňy. Seniň gözjagazyňda ot ýakaryn. Näderkäň, „Agam jan!“ diýip, aýagyma ýykylaýsaň...
Müdir dördünji sagat sähel gijä galyp sekizinji klasyň sapagyna girdi. Halmyrat mugallym dik durup, okuwçylara nämedir bir zarlar düşündirýärdi.
Müdir işigi açdy-da, içeri girdi.Soň yzky partalaryň birine geçip , oturdy. Ol okuwçylaryň göwünli-göwünsiz ýerlerinden turup, soň ygam-sagam bolup oturmalaryny kän bir halamady. Şonuň üçin galyň depderine: "Sekizinji klas. Dördünji sapak. Halmyrat Kösäýew. Sapagy guraýşy sallam-sajak" diýip, belledi-de, ýazanlarynyň aşagyny iki gaýta gaharly çyzdy.
Mugallym müdire kän bir üns beribem baranokdy. Özüni arkaýyn alyp barýardy.
- Siz öň "Ösümlik dünýäsini öwredýän Botanikany“, tutuş haýwanat dünýäsini öwredýän “Zoologiýany“ geçensiňiz. Indi biz adamyň döreýşini, beden gurluşyny, adamyň aň, duýgy, pikir, maksat ýörelgelerini öwredýän „Adam anatomiýasy“ dersini geçeris.
Ol tagta eliniň ugruna adamyň şeklini çyzyşdyrdy-da, soň klasa ýüzlendi.
- Adam, Ýeriň ýüzündäki Hudaýdyr! Ýeriň ýüzündäki eşretleriň ählisi Adam üçin ýaradylandyr. Adam- hakyky Hudaýyň zerre bölegidir. Adam hem edil Hudaý ýaly biologik, himiki, energetiki, ruhy, filosofiki, hem-de aňyň, duýgynyň, pikirlenmäniň, diliň, hereketiň, ösüşleriň jemlenmesidir. Emma ol Hudaýdan sansission esse kiçidir. Hudaý älemi tutup ýatan bolsa, Adam özüniň gabarasyna sygýandyr. Eger Alla bir demde on sekiz müň älemi ýaradan bolsa, kämil adam bir aýyň içinde iki otaglyja jaýy gurup biler. Onsoň bu iki barlygy özüňiz deňeşdirip bilersiňiz.
Mugallym düşündirdigisaýyn, müdiriň gaşlary çytylýardy. Ol sapagyň ahyryna çenli zordan oturdy. Sapagyň ortasynda çykyp gitmäniň ugruny tapmady, ýogsa, sapagy taşlap gideýinem bir diýdi.
Mugallymyň soňky sözleri oňa has mojuk göründi.
- Siziň her biriňiz halkymyzyň howandary, hossary bolmaly. Ine, siziň Adam hökmündäki baş wezipäňiz şundan ybarat. Şu gün gazetde Hanmyrat Akyýewiň adamkärçylik barada ajaýyp makalasy bar eken. Durmuşda öz balasyny apalap, gaýmak iýdirip, ýüpek geýdirýän ene-de bar, emma öz balasyny taşlap gidýän aýal-da bar. Olaryň ikisi-de Adam. Kosmasa çykýanlaram, olary kosmasa çykarýanlar hen Adam. Olara guwanýanlar hem, olary ekläp-saklap, terbiýeläp ýetişdirýänler hem Adam! Gije goňşusynyň ketegine sümülip, onuň towgunu ogurlaýan hem Adam! Biz kimiň tarapynda bolmaly. Biziň şu sapagy öwrenip, özümiz üçin şol maksady kesgitlemegimiz gerek. Adam nähili ýaşanda-da, ömür geçer. Dünýäde hemişelik galan ýokdur. Emma beýik ogullaryň, merdana, dana, akyldar ogullaryň ady galýandyr. Şonuň üçin her kim öz iliniň, öz halkynyň, watanynyň ogly - Baş adamy bolmaly. Size öýe iş, indiki sapakda her kim öz goňşusy barada gürrüň bersin...
Sapak tamam boldy. Müdiriň gahary ýetjek derejesine ýpetdi. Ol okuwyň ahyrynda pedagogik maslahaty çagyrdy.
Ol titir-titir edip, maslahata başlady:
- Men şu gün mugallymlar, okuwyň ýaňy başlandygyna garamazdan, mekdebiň iki mugallymynyň sapagyna gatnaşdym. - Ol Sapar Taganowa gözleriniň gytygyny aýlady. - Birinji sapaga girip, buýsandym. Begençden ýaňa başym göge ýetdi. Ikinji sapaga girip, kemsinmekden ýaňa gözüme ýaş aýlandy. Dogrusy, sizden gizläp durjak däl,juda gaharlandym.
- Ol jübüsinden elýaglygyny çykaryp, gözlerini, soňra repide ýaly tegelek, indi öňküdenem garalan ýüzüni, boýnuny süpürdi-de, täzeden gazap bilen söze başlady.
- Men häzir olaryň ikisi barada-da gürrüň etjek. Men biologiýa mugallymy Halmyrat Kösäýew metodikadan, bilimden beýle çöňňe, gömükdir öýdemokdym. Onuň sapagynda...
Şol pursat telefon oturanlary tisgindirip jyňňyrdady. Müdir Halmyrat Kösäýewiň adyny çeýnäp duran azylarynyň astyndan sypdyrmajak boilup, telefon trubkasyna:
- Näme, häzir ýygnak - diýip, ony goýmak isledi. Emma ol birden ýylan gören ýaly tisgindi-de, bir ädim gaýra çekildi. — Salowmaleýki... Salam ýoldaş... Häzir ýoldaş Baljaýew, bagyşlaň, ýalňyşypdyryn, ýoldaş Baljaýew...
Häkim salamlaşdy:
- Men häzir Halmyrat Kösäýewiň meselesi bilen...
- Hawa, bizem Halmyrat Kösäýewiň meselesi bilen. Görüň, ýüregimiz bir eken-dä, onda...
Etrap häkimi gürrüňi uzak çekdirip oturmady.
- Biz Halmyrady etrabyň bilim bölümine müdir bellejek bolýas. Siziňem pikiriňizi diläýeliň diýdik.
Müdir oturanlara gözlerini elek-çelek edip, birlaý garady. Soň "Baryňyz şu taýdan çaltyrak çykyň" diýen manyda, ellerini gapa tarap serpip goýberdi.
- Hawa, ha-ha-ha, sag boluň, Tüýs mynasyp, öz oglanymyz. Işem, metodikanam, dogrusyny aýtsam, hemmämiz şondan öwrenýäris. Adamçylygam, ed-dil, gyzyl ýaly, ýoldaş Baljaýew. Özüňiz ýaly bir süňksüz, ýeri gelende pikrinde berk durýan oglan, ol.
- Onda sizem razy-da?
- Wah, hawwa-la, Siz juda akylly adam, tüýs mynasybyny tapypsyňyz. Berekella...
Häkim sypaýçylykly sözlerini diýdi-de, hoşlaşmak bilen boldy. Müdir trubkany ýerine goýmaga-da höwlugyp, mugallymlar otagyna ylgady. Ol işigiň daş ýüzünde ýalynjaň ýylgyryp duran Sapar Taganowy itip geçdi-de, eýýäm daşary çykan Halmyrat Kösäýewi gujaklady.
- Eziz doganym, mähriban gardaşym, gutly bolsun, mübärek bolsun, düşümli bolsun! - diýip samyrdady.
Adamlar hiç zada düşünmediler.Muňa Halmyrat mugallymyň özem birbada aňka-taňka boldy.
- Näme boldy-how?!
- Müdir Halmyrady gujaklap durşuna içinden:
- "Barlagy-da gursun, SaparTagany-da gursun, Hudaý sowdy, tas öz bagtymy özüm ýatyrypdym!“ - titräp, terslin-oňlyn aýlandy-da, ýene-de:
- Mübärek bolsun, doganym—diýip, bagyrdy.
16-sentýabr 1999 ý.
Hekaýalar