19:48 Baýsun / hekaýa | |
BAÝSUN
Hekaýalar
1. Ol döwürde nirelerdendir bir ýerlerden jögüler gelip, obamyzdan biraz uzaklykda düşläp, ululy-kiçili çadyr baryny dikip oturardylar. Olaryň erkek adamlary oba içinde görünmezdiler. Diňe aýallarydyr çagalary öýme-öý aýlanyp, dilegçilik ederdiler. Çörekmi, gawun-garpyzmy, bir okara jöwen ýa mäşmi, bir goşawuç gantmy... näme berilse alyp, sahawat gören öýüne hem-de onda ýaşaýanlara abatlyk diläp, doga okardylar. Jögüleriň däbine görä, «Hojalygy aýaly eklemelimişin. Onda–da dilegçilik edip» diýerdiler. Olaryň aýal-gyzlaryny «mezeňler» diýip hem atlandyrýardylar. «Ýolda-yzda gözegçisiz çaga görseler, ony-da torbasyna atyp ötägidýärmişler. Jigileriňize göz-gulak boluň, jögüler ogurlap gitmesin» diýip, bize tabşyrardylar. Ogurlan çagasyny näme edýändiklerini soranymyzda bolsa, has gorkunç gürrüň ederdiler. Erteki pisint ol gürrüňe ynansaň, ýaňy aýak bitenje çaga görseler, ogurlap äkidip, jöhitlere satýarmyşlar. Jöhitler bolsa ony ilki gowy bakýarmyşyn. Semränsoň, ýalaňaçlap, unly supranyň üstüne goýberýärmişler. Özleri hem ellerine temen alyp, daşyna tegelenip oturýarmyşlar. Onsoň: «Gel, ballym, maňa gel, kemput bereýin!» diýip, ýaňky çagany gezekli-gezegine ýanlaryna çagyryp, temen sokýarmyşlar. Şeýdip, hezil edinensoňlar, çaganyň gany siňen undan hamyr ýugrup, belke bişirip iýýärmişler. Tapdan düşen çagany bolsa bazara getirip goýup gidýärmişler. Elbetde, ýakyn-daşdaky obalaryň hiç birinden-de «Çaga ýitipdir» gürrüňi çykmandygy üçin, bu aýdylýanlaryň toslamadygyna düşünýän oba adamlary jögülere duşmançylykly çemeleşmeýärdiler. Gaýtyp, «Gedaý geler işikden, bela çykar deşikden» diýşip, malynyňdyr öz başynyň hudaýolusy hökmünde näme-de bolsa bir zatjagaz bererdiler. Ýöne hiç haçan jögüler bilen işewür gatnaşyga girişmezdiler. Dostluk açjak hem bolmazdylar. Olaryň tüssä eýlenip giden küti matalaryň aşagyna syryk direlip gurnalan çatmajyklardan ybarat wagtlaýyn obalaryna-da baryp görmezdiler. «Barsaňam, erkekleri allowarra öňüňden çykyp, obalaryna goýbermeýärler» diýşerdiler. Jögüleriň özleri hem oba adamlary bilen ysnyşmakdan daş durýardylar. Hatda olaryň ejeleri bilen bile aýlanyp, gedaýçylyk edip ýören owadan gyzlarynyň haýsydyr birisine oba jahyllaryndan biri hak aşyk bolup, öýlenmek niýeti bilen söz aýdanynda-da, kes-kelläm, ýat kişä gyz bermeýändikleri barada gürrüň ederdiler. «Gedaýdyklaryna seretmezden, gyzynyň galyňy üçin köp pul hödürleseler-de yrylmaýarlar. «Biziň gyzlarymyz siziň şertiňizde ýaşap bilmezler» diýip jogap berýärler» diýşerdiler. Olaryň dilleri çalgyrtdy. Özbekçemi, täjikçemi, türkmençe garym-gatym edip gürleýärdiler. Emma düşünmek bolýardy. «Bular Täjigistan töwerekden gelýärmişler» diýýärdiler. «Gidenlerinde çöle çykyp, adam görmez ýaly ýere ýetensoňlar, doga okap, birden asmana galkyp, gözden gaýyp bolup ötägidýärmişler. Bularyň belli watany-ýurdy ýokmuşyn. Bular ruhmuşyn» diýýänler-de bardy. Jögüleriň biziň ýaşlarymyzdaky oglanlarydyr gyzlary hem köpdi. Olar ejeleri oba aýlanyp gedaýçylyk edenlerinde, elmydama ýanlarynda gezýärdiler. Oba çagalarynyň oýnaýan oýunlaryna geň galyşyp seredýärdiler. 2. Ine, bir gezek ejem bilen çaý içip otyrkak, gapymyzdan orta ýaşlaryndaky jögi aýal geldi. Tomsuň petiş yssy döwri bolandygy üçin, onuň ýadandygy duýulýardy. Ejem ony dyz epip, bir käse çaý içmäge çagyrdy. Ol göwünjeň ylalaşdy. Onuň ýanynda on ýaşlaryndaky garajürjen gyzjagaz hem bardy. Kiçijikdigine seretmezden, onuň gulaklaryna tes-tegelek gulagysyrga, burnunyň bolsa çep tarapyna kiçijik gökje monjuk dakylgydy. Ol ejesiniň gapdalynda oturdy-da, bilesigelijilik bilen biziň öýümize göz gezdirdi. Edil elýeterlikde duran jigimiň kitaplaryna gözi düşüp, olary açyşdyryp, suratlaryny synlap başlady. Jögi aýal çaýyny içip, ejemiň oňa beren bir goşawuç kempudy bilen ýarty nanyny hem alyp, öýümize saglyk diläp, ýerinden turdy. Jögi gyzjagaz kitaba şeýle bir gyzygypdy welin, ejesiniň gidenini-de aňşyrmady. Birdenem, ol özüniň ýekeje galandygyny görüp, meniň ýüzüme seredip, şadyýan ýylgyrdy. Kitaby ýapyp, gapa ýöneldi. Men: —Heý, dur! diýip, onuň yzyndan gygyrdym. —Ol geňirgenip, aýak çekdi. —Okap bilýärmiň? —Azgine*. —Al, ynha, şu «Harplygy» saňa bereýin. Okamagy öwrenersiň. Ol kitaby begenip aldy-da, ejesiniň yzyndan ylgady. «Birinjini» soňlap, «ikinji» synpa geçendigi üçin «Harplygyň» jigime indi geregi hem ýokdy. Salym geçmänkä, ejesi ony yzyna idirdedip alyp geldi. Ol aglaýjak-aglaýjak bolup: —Hudaý jon ursun, ogurlap almadym. Özi berdi –diýip, janykýardy. Jögi aýal: —Bu kitapny özüň berdiňmi, beççe**?! –diýip, menden sorady. —Hawa. Şeý diýenimsoň, ol ynjalyp yzyna öwrüldi. Ejem ala gözleri şadyýanlyk bilen oýnaklap duran gyzjagazyň ençeme örüm edilip owunjakdan örülen saçyny geň galyp sypady: —Özüň ördüňmi? —Aldyny —men, yzyny singlim***. —Näçe örüm? —Kyrkta. —Adyň näme? —Baýsun –diýip, jogap berdi–de, ol eýýäm goňşy öýe ýetip barýan ejesiniň yzyndan ylgady. 3. Bir gün günortan, üzüm teläriniň kölegesinde, tigrimiň deşilen kamerasyny ýelmäp otyrkam, howlymyzyň gapysyndan kimiňdir biriniň jyklaýanyna gözüm düşdi. Açsam, Baýsun. Onuň ýanynda bolsa özünden iki-üç ýaş uly, uzyn boýly oglan bardy. Ol hem meniň bilen ozaldan tanyş ýaly ýylgyrýardy. Özem, edil Baýsun kimin garajürjendi. —Raşid –diýip, Baýsun ony tanyşdyrdy. —Ulug agam. Men hem: —Öwez –diýip, adymy aýtdym. —Awaz. Awaz –diýşip, olar ýerli-ýerden gaýtaladylar. —Ýok, Awaz däl-ow, Öwez. Olara adymy dogry aýtmagy hernäçe öwretjek bolsam–da, başa barmady. Onsoň: «Aý, bolýa-da,goý, Awaz diýseler, Awaz diýsinler» diýip köşeşdim. Baýsunyň golunda meniň beren kitabym bardy. Ol maňa: —Raşid hem okap bilädi. Tiňle –diýip, kitaby açdy-da, doganyna ümledi: —Oka! Raşid sakanaklap zordan okaýardy. Onuň ýaşyndaky oba oglanlary okuw kitaplary-ha gaýry dursun, eýýäm oba kitaphanasyndaky kitaplaryň hem ençemesini okap çykan bolsalar gerek. Şeýle-de bolsa, şonça okap bilýändigine onuň begenýäni duýulýardy. Soňra Baýsunyň özi okap görkezdi. Ol Raşide görä çalt hem ýalňyşsyz okaýardy. Dogrymy diýsem, olaryň okamagy öwrenmegine men hem begendim. Jigimiň kitaplarynyň içinden «Harplygyň» yz ýany bilen okalýan «Ene dili» kitabyny tapyp berdim. Olar ony alyp, «Harplygy» yzyna bermekçi boldular. Emma men: —Bu kitaplary size hemişelik berýärin –diýenimsoň, «sagbol» aýdyp, ylgaşyp gitdiler. 4. Ala gözli garajürjenek gyzjagaza —Baýsun, onuň doganyna bolsa Raşid diýilýändigini oba çagalary menden eşidip, derrew olara öwrenişdiler. Baýsundyr Raşidiň özleri hem biziň aramyza ýygy-ýygydan gelip başladylar. Käbir ýoknasyz çagalaryň «mezeňler» diýip, özlerini kemsitmeklerine, äsgermezçilik bilen seretmeklerine ähmiýet bermän, goşlyşyp oýnap ugradylar. Aýratyn-da olar biziň bilen gidip, ýaba suwa düşmegi gowy görýärdiler. Gyzlaryň hem-de oglanlaryň suwa düşýän güzerleri aýry-aýrydy. Biri-birinden daş däldigi üçin, biz käte ýabyň boýundaky hyşşadyr gamyşlara gizlenip baryp, suwa düşüp ýören gyzjagazlary synlaýardyk. Şonda olar bizi gördükleri, ulili bile çygyryşyp, üstümize palçyk ýagdyryp başlaýardylar. Oglanlar Raşid bilen tiz öwrenişdiler. Emma gyzlar Baýsuny öz aralaryna goşmajak bolýardylar. Baýsun ugurtapyjydy. Gyzlaryň hem saçyny özüniňki ýaly ençeme örüm edip örüp berip, olara her dürli tanslar oýnap görkezip, ahyrsoňy, Ogulsenemden özgesi bilen arasyny sazlamagy başardy. Diňe Ogulsenem ony halanokdy. —Mezeňi kowalyň –diýip, her hili bahana tapyp, gyzlary Baýsunyň garşysyna öjükdirýärdi. Sebäbi, Baýsun gelmänkä, ol ähli gyzlary agzyna garadýardy. Indi bolsa gyzlar «Baýsun-da–Baýsun» bolşup, şadyýanja gyzy gowy görýärdiler. 5. Bir gezek suwa düşüp ýörkäk, gyzlaryň güzeri tarapdan uly galmagal eşidildi. «Goňşy obanyň oglanlary gelip, gyzlarymyza azar berýän bolaýmasynlar» diýşip, ylgaşyp barsak, Ogulsenem bilen Baýsun uruşýan ekeni. Ogulsenem daýaw bolansoň, çepiksije Baýsunyň saçyndan tutup: —Me saňa, ogry mezeň! –diýip, onuň çem gelen ýerine depýärdi. —Men ogurlamadym. Hudaý jon ursun –diýip, Baýsun ony köşeşdirmekçi bolýardy. Onýança-da, gyzlar olary araladylar. Baýsun aglap öýlerine gitdi. Raşid hem onuň yzyndan eňdi. —Näme boldy? –diýip, Ogulsenemden sorasak: —Ol jögi mezeň meniň gülýakamy ogurlady –diýdi. —Onsoň, yzyna berdimi? —Ýok, bermedi. Bir ýere bukup gidendir. Soň gelip alar. Bu wakadan soň, Baýsundyr Raşid biziň aramyza gelmedi. Şondan köp wagt geçmänkä bolsa, «Jögüler göçýärmişin» diýen habar oba ýaýrady. Tigrimi aldygyna haýdap, olaryň çadyr baryny dikip oturan ýerlerine bardym. Görsem, eýýäm ähli goşlaryny arabalaryna ýükläp, ýola düşüpdirler. Haýaljadan yranyp barýan arabalaryň deňinden tigirli geçip, Baýsunydyr Raşidi gözledim. Olar orta gürpdäki arabalaryň birinde ekeni. Meni görüp, begençli ýylgyryşdylar. —Geljek ýyl gelersiňizmi? –diýsem, Raşid: —Belli däl. Uluslarymyza bagly. Şolar niräge diýseler, şoňa hem gidämiz –diýdi. Baýsun menden: —Ogulsenem gülýakasyny tapdymy? –diýip, sorady. —Bilmedim –diýip, egnimi ýygyrdym. —Men ony ogurlamadym –diýip, ol gynançly dillendi. —Gyzlar bolsa men ogurlandyr öýdýändirler. Eý, Hudaý jon, hernä onuň gülýakasy tapylsyn-da?! –diýip, çepiksije gollaryny göge göterip, doga okady. *** Tomus pasly sowlup, täze okuw ýyly başlandy. Ählimiz tämiz eşiklidik. Birdenem gyzlaryň arasynda «hyşy-wyşy» turdy. Olar biri-birine: —A gyz, Ogulsenemiň gülýakasyna seret. Hol «Baýsun ogurlady» diýýäni-dä şol. Jögi gyzjagaza bigünä ýere ogurlyk ýapan ekeni –diýişýärdiler. Şondan soň her döwlet özbaşdak bolup, araçäkler berkedi. Jögüler biziň obamyza gaýdyp gelmediler. Hemra Şirow. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |