00:18 Belentlik hakynda ballada | |
BELENTLIK HAKYNDA BALLADA
Goşgular
Dostum, familiýadaşym Öwez Nuryýewiň ýadygärligine Professor däldi, doktoram däldi, Ýaňy alyp kandidatlyk diplomyn, Öz işine gümra bolup ýördi ol, Kitap bilen baglapdy öz ykbalyn. Soňlaman goýmazdy bir iş başlasa, Galdyrmajak bolardy kem-kössüni. Garşydaşyn hak söz bilen ýenjerdi, Hak söz bilen söýerdi çyn dostuny. Biri gereklese, özi gelerdi, Ýokdy oň gözlenip tapylan wagty. Ömür ýylgyrmadyk ýaly bolardy, Goňşusynyň gaşy çytylan wagty. Sähel zada gozganmazdy ýerinden, Gozgandymy, topulardy bat alyp. Ula, kiçä garardy bir göz bilen, Elmydama hemrasydy sadalyk. Onuň ýaşamagy derwaýyslykdy... Arman, bu durmuş-da, nätjek, bolýa-da... Gysga ömri bilen belentlik hakda Ýazyp gitdi bir ajaýyp ballada. Balladalar bolsa unudylmaýarlar, Olar soň-soňlaram okalýar ahyr. Undulmaz seniňem mähriban dostuň, Galamyňy çeýnäp oturma, şahyr! Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |