16:20 Beýik Ret edilenler | |
BEÝIK RET EDILENLER
Edebi makalalar
Edebiýatyň taryhyna seretseň, şu döwürde Ýeriň ýüzünde ykrar edilen we meşhurlyk gazanyp, eserleri Umumadamzat edebiýatynyň altyn hazynasynda orun alan ýazyjylaryň eserleriniň çap edilmekden ýüz dönderilen, olaryň özlerini bolsa ýazyjy hökmünde ykrar etmekden ret edilen ýagdaýlarynyň nijemesi hakda okamak bolýar. Şolar hakda-da birki agyz söz. Belki, şu birki agyz söz, öz ýazan eserleriniň ykrar edilmeýändiginden göwni galyp ýören ýazyjylardyr-şahyrlara teselli bolar we olara öz döredijiliklerini täze güýç bilen dowam etmäge itergi berer. Marsel Prust Onuň “Ýitirilen wagtyň gözleginde” atly ýygyndysynyň “Swana tarap ugurda” atly ilkinji romanyny birnäçe neşirýatlaryň çap etmekden ýüz dönderendigi sebäpli, M.Prustyň özi öz hasabyna neşir etmäge mejbur bolupdyr. Onuň şu romanyny hödürlän neşirýatçylarynyň biri bolsa oňa: “Gadyrly dostum, men awtoryň nädip, özi uklamazyndan öň agdarynýandygyny suratlandyrmaga otuz sahypany sarp etmegi nädip başarýandygyna hiç düşünip bilmeýärin” diýibem jogap beripdir. “Swana tarap ugurda” atly roman çap edilenden soňam ol köpçülik tarapyndanam, tankytçylar tarapyndan iňňän sowuk-sala garşylanypdyr. Ýöne eýýäm bu ýygyndyň ikinji romany bolan “Gyzlaryň saýasynda, güllerde” atly romany üçin M.Prust Fransiýanyň iň uly edebiýat baýraklarynyň biri bolan Gonkur baýragyny alypdyr. Uilýam Golding Soňra Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laureaty bolan bu ýazyjyň “Siňekleriň hökümdary” atly, ilkinji (debýut) romanynyň ykbaly juda çylşyrymly bolupdyr. Adamzadyň beýik eserleriniň biri hökmünde ykrar edilýän bu romanyň golýazmasy 21 gezek dürli neşirýatlardan çap etmekden ýüz dönderilip yzyna gaýdyp gelipdir. Diňe “Faber & Faber” atly neşirýatyň redaktory bu romany neşir etmäge razylyk bildiripdir. Olam neşir etmek üçin awtoryň romanyň içinden ýadro urşuny suratlandyrýan bölegini, şol neşirýatçynyň sözleri bilen aýdanyňda: “absurdlaýyn hem-de gyzyksyz fantaziýany” ýok etmegini talap edipdir. Roman çap edilenden soň bolsa, gysga wagtyň içinde ol dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserine öwrülipdir. Gerbert Uells “Dünýäleriň uruşlary” atly roman neşir edilýänçä ony çap etmekden ençeme gezek ýüz dönderipdirler. Bu kitap hakda ýaramaz pikirli redaktorlaň biri bolsa, ony: “tükeniksiz garabasma” diýibem atlandyrypdyr hem-de “Bu elhenç kitaby düýbünden okamaň” diýen netijäni çykarypdyr. Eýdip-beýdip çap edilenden soň, bu kitap dünýä fantastikasynyň naýbaşy eserleriniň birine öwrülipdir. Ernest Hemingueý Beýik Hemiň “We Gün dogýar (Fiesta)” atly romanyny çap etmekden ýüz dönderýän hatynda “Peacock & Peacock” neşirýatynyň redaktory, roman hakda şeýle ýazypdyr: “Çynymy aýdaýyn, jenap Hemingueý, edil siziň öz kyssa eserleriňizde hakykatçyl bolşuňyz ýaly, men siziň bu kitabyňyzy neşir etdirmek babatdaky tagallalaryňyzy iriziji hem-de masgaralaýjy diýip hasaplaýaryn. Men siziň bu wakany meýhanada, bir eliňizd-ä şerap, beýlekiňizde-de syýagalam saklap ýazanyňyzy eşitsem-de, geň galmaryn...Biziň neşirýatymyz golýazmada täzeligi we ýürekdeşligi agtarýar. Ýöne siziň ýazanyňyzyň bu ölçeglere gabat gelmezlik derejesinden men elheder alýaryn.”. (Awt.: Bu romany okanlaryň hemmesine mälimdir, “Fiesta” Birinji jahan urşunda ýaralanandygy sebäpli, erkeklik agzasyndan mahrum bolan betbagt bilen onuň magşugynyň arasyndaky sönmez yşk hakda gamgyndan, hasratly, ýüregiňi mynçgalaýan kyssadyr. Türkmen edebiýatynda-da Nargylyç Hojageldiýewiň şu kysymdaky: “Gülle degen sünbüller” powesti bardyr.). “We Gün dogýar (Fiesta)” atly romanyň çap edilenden soňky meşhurlygy hakda agzap oturasy işem ýok. Dewid Lourens Bu ýazyjyň “Hanym Çatterleýiň oýnaşy” atly romanyny çap etmekden nobatdaky gezekde ýüz dönderen neşirýatçy D.Lourense şeýle sözleri ýazypdyr: “Siziň hut öz bähbidiňiz üçin bu kitaby çap etdirmäň”. Bu kitap eýdip-beýdip, hatda 1928-nji ýylda neşir edilenden soňam, onuň mazmunynyň erotizmden we söýgi uçburçlugy bilen bagly aç-açan sahnalardan doludygy üçin, Beýik Britaniýada ony satmaga we kitaphanalarda saklamaga gadaganlyk girizilipdir. Şol gadaganlygam tä 1960-njy ýyla çenli dowam edipdir. Wladimir Nabokow Bu ýazyjyň adybelli “Lolita” romanyny çap etmekden ýüz dönderen neşirýatçy ol hakda: “Köre-kör ynançly freýdist (meşhur psihiatr Zigmund Freýdiň taglymatyna eýeriji) bolsaňam çydap bolmaz derejede ýürekbulanjy çyrşaňňy...aýylganç durmuşy hakykatyň we görlüp-eşidilmedik hyýallaryň gowuşgynsyz dürüşdesi. Men bu kitaby ýene-de müň ýyllap jaýlamagy maslahat bererdim” diýipdir. Şondan soňam bu romany ýene-de 2 ýyllap hemme neşirýatlar ret edipdir. Haçan-da bu roman ilki Fransiýada çap edilip, soňra ABŞ-a getirilende bolsa, ol bada-bat bestsellere (iňlisçe: best seller – iň gowy satylýan) öwrülipdir. Anna Frank Ikinji jahan urşy ýyllarynda faşistlerden gizlenip, gündelik ýazan jöhit gyzjagazynyň gündeligi bolan “Anna Frankyň gündeligi” atly eseri çap etmekden 15 gezek ýüz dönderilipdir. Neşirýatçylaryň biri özüniň kitaby çap etmekden ýüz döndermegini esaslandyryp, şeýle diýipdir: “Meniň göwnüme bolmasa, bujagaz gyzjagaza, onuň kitabyny ýöntemje bir gyzyklyja güýmenjelik derejesinden ýokary galdyrýan akylly-başly duýgular ýetmeýär”. Kitap çap edilenden soň birnäçe wagt geçip, ÝUNESKO-nyň mirasynyň “Dünýäniň hakydasy” atly sanawyna girizilipdir. Klaýw Steplz Lýuis Bu ýazyjyň häzirki döwürde juda meşhur “Ýolbars, Jadygöý hanym we geýim tekjesi” atly erteki-romany neşirýatçylar tarapyndan uzak wagt ret edilip gezipdir. Romany çap etmekden 37 gezek ýüz dönderilenden soň K.S.Lýuis tötänden edebiýat agenti Jefri Bles bilen sataşypdyr. Şolam ýazyja jadyly ülke – Narniýa hakda birinji kitaby çap etmäge ýardam beripdir. Häzirki döwürde bu kitap 47 dile terjime edilip, jemi 100 million sanda neşir edilipdir. Ol boýunça birnäçe gezek çeper filmler we multfilmler düşürilipdir. Jek Keruak Bu ýazyjyň häzirki döwürde adybelli “Ýolda” atly romanyny neşirýatçylar ret etme kemini goýmandyrlar. Şeýle ret etmeleriň birinde bolsa, hatda: “Onuň kakabaş kyssasy bitnikleň nesliniň (ýitirilen nesliň) ysytmaly jahankeşdeligini ajaýyp şekillendirýär. Ýöne, eseriň eser bolmagy üçin şujagaz ýeterlikmikä? Men-ä beýle pikir edemok.”. Neşirýatçylaryň beýleki biri bolsa bu kitabyň: “sähelçe satuwlara hem-de tankytçylaryň ýaňsylaýjy seslenmelerine” mynasyp boljakdygyny aýdypdyr. Jozef Heller Bu ýazyjyň “Tilsim-22” atly kitabyny çap etmekden boýun gaçyran neşirýatçylaryň biri: “Mende bu adamyň (ýagny, awtoryň) näme diýmäge dyrjaşýandygy hakynda iň bir bulaşyk düşünjede ýok...Awtor romany gülkünç etmäge çytraşýar, mümkin satiriki-de etmäge dyrjaşýandyr, ýöne, hakykat-da welin, ol akyllylygyň hiç bir derejesinde-de gülkünç däldir”. Stiwen King Häzirki döwürde gorkunçlyklar eserleriniň Patyşasy diýlip ykrar edilýän bu ýazyjyň ilkinji romany bolan “Kerri”, 30 gezek çap edilmekden ýüz dönderilmegine mynasyp bolupdyr. Ýöne S.Kingiň hötjetligi ahyrsoňunda öz kitabyny çap etmäge ýeterlik bolupdyr we bu roman çap edilen ýylynda bir million tiražda satylypdyr. Joan Rouling Jadygöý oglanjyk hakda dünýä ýaň salan romanlar tapgyrynyň ilkinji romany bolan “Garri Potter we pelsepe daşy” atly romanyny çap etdirilip bilmän, J.Rouling ençeme neşirýatlaryň gapysyndan gaýdypdyr. Diňe “Blumsberri” neşirýaty bu kitaby çap etmäge töwekgellik edipdir. Bu töwekgelligiň gönezliginde-de, neşirýatyň eýesiniň 8 ýaşlyja gyzynyň tötänlikde romanyň golýazmasyny okap, kakasyna: “beýleki kitaplardan kän gowy” diýip aýtmagy sebäp bolupdyr. Ilkinji gezek neşir edilende-de bu roman bary-ýogy 1000 sany möçberde çap edilipdir. Şol ýylam bu roman Beýik Britaniýada “ýylyň iň gowy kitaby” diýlip ykrar edilipdir. Emili Dikinson Emili Dikinsonyň ýazan eserleri, şygyrlary onuň özüniň ölüm, başy ölümlilik we tebigat hakdaky şahsy oýlanmalaryny beýan edýär. Ol dirikä onuň diňe käbir goşgujyklary çap edilipdir. Diňe ol 1886-njy ýylda aradan çykandan soň onuň uýasy Lawina elde tikilip, jilt edilen 40 sany kitaba ýerleşdirilen 1800 sany goşgusyny tapypdyr. Şol kitaplaram şondan soň çap edilipdir. Häzirki döwürde Emili Elizabet Dikinson ABŞ-nyň iň ajaýyp we beýik şahyra-hanymlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär we onuň şanyna 1955-nji ýylda Wenera (Zöhre) saýýarasynda Dikinson ýanardag girdaby atlandyrylypdyr. Frans Kafka Bu ýazyjy dirikä neşirýatçylaryň hiç biri ony çynlakaý kabul etmändir we onuň eserlerini çap etmekden üzül-kesil ýüz öwrüpdirler. Ol 1924-nji ýylda inçekeselden aradan çykmazyndan ozal öz dosty Maks Broda hemme ýazgylaryny otlamagy wesýet edipdir. Ol ölenden soň bolsa M.Brod F.Kafkanyň eserlerini neşir etdirmegiň alajyny agtarmaga başlapdyr. Netijede F.Kafkaň eserleri dünýä edebiýatynda ekzistensial-roman görnüşinyň naýbaşy nusgalary hökmünde ykrar edilýär. Edgar Alan Po 1849-njy ýylda aradan çykan bu amerikan ýazyjysy bolsa öz şygyrlaryny, hekaýalaryny we beýleki eserlerini çap etdirjek bolanda her sapar güzap baryny görüpdir. Diňe ol pajygaly ýagdaýda aradan çykandan soň onuň eserleri hakyky meşhurlyga eýe bolupdyr. Jon Kits Bu şahyryň döredijiligini tankytçylar onuň bütin ömrüniň dowamynda halaman ýazgaryp, kötekläp gezipdirler. Ýöne 19-njy asyryň ahyrynda J.Kitsiň döredijiligi Angliýada ägirt uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Stig Larsson Dirikä žurnalist hökmünde adybelli bolan bu ýazyjy diňe 2004-nji ýylda ölenden soň, onuň “Millenium” atly romanlar üçleme ýygyndysyna girýän “Aždarha tenşekilli gyz”, “Ot bilen oýun edýän gyz”, “Howaýy galalary partladýan gyz” atly romanlary dünýäde ägirt uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Oskar Uaýld Bu iňlis ýazyjysy hem öz döredijiligi bilen düýbünden eklenip bilmän, 1900-nji ýylda aradan çykanda başbitin tozup (bankrot bolup) ýogalypdyr. Diňe onuň ölüminden birnäçe ýyl geçenden soň ilki onuň Watanynda onuň ýazan sahna eserleri adygypdyr, soňam beýleki eserleri meşhurlyga eýe bolupdyr. Margaret Mitçell “Ýele sowrulanlar” atly, M.Mitçelliň 1937-nji ýylda Pulitser baýragyna mynasyp bolmagyna getiren we amerikan edebiýatynyň nusgawy görnüşine öwrülen bu romanyň 1000 sahypadan ybarat golýazmasyny jemi 38 gezek neşirýatlar çap etmekden ýüz öwrüpdirler. Agata Kristi Ýeriň ýüzünde eserleri 103 dile terjime edilen bu ýazyjy-hanymyň ilkinji romany bolan “Staýlzdaky täsin hadysa” (1920) 5 ýyllap ol neşirýatdan beýleki neşirýata oklap-gapdy oýnaşylyp, çap etmekden boýun gaçyrylyp gezipdir. Ol çap edilenden soň bolsa belgiýaly aňtawçy Erkýul Puaro hakdaky wakalar dünýä ýaň salypdyr. Meri Şelli 1816-njy ýylda Jorj Baýron we onuň dostlary Jon Polidori, Persi we Bişi Şelli hem-de onuň 18 ýaşly aýaly Meri Şelli dagylar Ženewa kölüniň kenarynda ýagyn-ýagmyrdan gizlenip oturmaga mejbur bolupdyrlar. Şol ýerde-de olar Jiowanni Bokkaççoň usulynda güýmenmek üçin birek-birege gorkunç wakalary gürrüň bermäge başlapdyrlar. Londona dolanyp gelenlerinden soň Meri Şelli özüniň şol ýerde toslap tapyp aýdyp beren wakasyny çap etdirmegiň kül-külüne düşüpdir. Waka merhumy operasiýa edip ondan diri adamy döredýän hakdan içen lukman hakynda ekeni. Netijede 1818-nji ýylda “Frankenşteýn” atly fantastiki roman “Lackington, Hughes, Harding, Mavor & Jones” atly abraýsyz, gümürtik neşirýatlaryň birinde, awtorynyň ady görkezilmezden, bary-ýogy 500 sany tiražda çap edilýär. Şojagaz tiražyňam bary-ýogy 25 sanysy satylypdyr. Soňra 1822-nji ýylda, bu romanyň eýýäm awtoryň ady görkezilen görnüşde neşir edilmegem edil şol öňki ýagdaýa sezewar bolupdyr. Diňe romanyň 1831-nji ýylda çap edilen täze görnüşi ýazyjy-hanymyň hakyky meşhurlyk gazanmagyna getiripdir. Jon Grişem Häzirki döwürde detektiw žanrynyň klassikasy hasaplanýan, 1989-njy ýylda çap edilen “Öldürmegiň wagty” atly Jon Grişemiň romany hem ilkibada ençeme neşirýatlardan yzyna gaýtarylypdyr. Diňe “Wynwood Press” neşirýatynyň töwekgellik etmeginiň netijesinde ýaş detektiw ýazyjysynyň bu eseri meşhurlyga eýe bolupdyr. Frederik Stendal Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren “Gyzyl we gara” eseriniň awtoram, oň eserem onuň döwürdeşlerine nämälimligine galypdyr. Ýöne muňa garamazdan ýazyjy bütin ömrüne öz eserlerine-de, öz zehinine-de çuňňur ynanjyny saklap, hemişe özüniň diňe geljekki nesiller üçin ýazýandygyny nygtap gezipdir. Ýokarda görkezilenlerden başga-da, Jeýn Ostin, German Melwill, Genri Dewid Toro, Sýoren Kýerkegor, Meri Enn Şeffer, Aleskandr Griboýedow, Sergeý Dowlatow, Osip Mandelştam, Mihail Bulgakow, Warlam Şalamow, Wiktor Ýerofeýew, Annasoltan Kekilowa ýaly häzirki döwürde belli awtorlaň öz ýaşan döwürlerinde düýbünden ykrar edilmän, aradan çykansoňlar şöhrada eýe bolan ýagdaýlaryny näçe diýseň mysal getirseň boljak. Bu mysallaň hemmesem, türkmen halkynyň: “Bermezek Taňrydan irmezek awçy”, “Ýykylan göreşden doýmaz”, “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar”, “Ajy günleri süýjä öwürýän – sabyrdyr”, “Bekli gapyny sabyr açar”, “Sabyr eden, myradyna ýeter”, “Sabyr edenler, gara dagy ýer eder, bisa¬byr¬lar haýyr işi şer eder”, “Sabyrly ýigit aşa ýeter” diýen nakyllarynyň aňyrsynda ummasyz durmuşy paýhasyň ýatandygyny hem-de şol nakyllaryň durmuşy hakykata, durmuşy tejribä doly laýyk gelýändigini subut edýär. Onsoňam türkmeniň ýene-de bir dana nakylam bardyr: "JÜÝJÄNI GÜÝZ SANAŞYLÝAR" :-(... Dürli internet çeşmelerinden maglumat alnyp taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||