BIR SETIR GOŞGY
Sen ýatyrsyň
Men bolsa bir otagda
Göwne düşüp
ýatlamalar
yşgalaň
gözlerimi sürtüp
setirleriňe,
manysynyň maýasyndan, çuňundan
bir goşgynyň setirlerini
çyrmaýan ...
men goşga başlaýan .
men goşga başlaýan
ýekeje setir!
Käte doňup galan,
Şol ýeke setir
Sözleň saldamynda
Iň uly möçber!
Maňa
şol möçberde
ýazyp bilmäge,
diňe sen ezizim
sen maňa güýç ber.
Seň üçin
Dünýänyň Söz baýlygyndan,
Tapyp bilsem
Diňe ýekeje setir.
Merjen deý balkyldap durardy asyl
Ençeme asyr.
Ertiriň ölçegin
Aýdyp biljek däl!
ol söýgide bir näbelli
Möçberdir...
Ýöne seni öňkilerden artykmaç
Düýnkiden has beter
Söýmäge güýç ber.
Goşgular