BIZEM GUŞLAR KIBIDIRIS...
Keramatly kitaplaryň birinde okan şu sözlerim häli-şindi ýadyma düşüp dur: "Bizem guşlar kibidiris! Bizem edil guşlar ýalydyrys!"
Aýalym ikimiz halys garrap, örkümizi öýe baglanymyzdan soň hem bu söz ýadyma düşüp dur. Onuň hem emmajygy bardy...
Şu bahar penjirämiziň depesindaki ýumruk sygar ýaly köwejikde bir serçejik höwürtge ýasandy. Onuň höwürtgesi daşardan görer göze görünmese-de, bize içerden gaty gowy görünip durdy. Aýalym ikimiz serçejikleriň günde näçe sapar öz höwürtgelerine girip, çykýanyny, haçan perjagaz, haçan ýüpjagaz, haçan saman - süplük getirýänini görüp otyrys.
Ol serçejik öz gün-güzeranyna ýetişip bilmän, pelasaň urýardy. Onuň bolşy aýalym ikimize bolsa uly güýmenje.
- Höwütgesin-ä ýasap boldy öýdýän. - diýip, aýalym uly alada galyp aýtdy. - Indem höwürtgäni taşlap gidsiberdiler. Ýa nämedir bir zat olara päsgel berýär?!.
- Ýeke özümidi? - diýip, men howsalaly soradym. - Taýyny ýitiren bolaýmasyn?!
- Ikisem bar-la! Bileje gitdiler, özler-ä.
Ertesi bizi serçejikleriň sesi oýardy.
- Gelipdirler, guşlaryň-a.
Men ýeňillik bilen düşegimden turdum. Aýalymyň bu hoş habryna, süňňüm ýeňlän ýaly boldy.
- Bir ýumurtgajygam guzlapdyr, eýýäm! - diýip, aýalym öýlän habar tapdy.
Şeýdip, bu serçejikleriň höwürtgesinde üç sany goturja, eýjejik ýumurtga peýda boldy.
Serçejikler öz ýumurtgalaryny gezek gezegine başýardylar. Käte bolsa, ikisem nirädir bir ýerlere uçup gidýärdi. Şonda aýalym ýa-da özüm daşary çykyp, ýumurgalyja höwrtgä göz- gulak bolýardyk. Ony yhlas bilen goraýadyk.
Ahyr bir gün agzy saryja jüýjejikler ýumurtgalaryň gabygyny ýaryp, ýagty jahana çykdylar. Üç sany jüýjejik „Jüýp-de-jüýp“ bolşup, heniz gözleri açylmasa-da, bar aladalary iýmit... Indi dat ene serçäniň gününe.
Jüýjejikler etene boluberende, erkek serçe, nirädir, zym-zyýat boldy. Bar agram, garabagyr ene serçä düşýärdi. Ol jüýjeleriniň daşynda hozanak bolup, pyrlanýardy.Olara gurçukmysyň, çekirtgemisiň, başga bir iýmitmisiň, aldygyna daşaýardy. Jüýjeler ulaldygy saýyn, olaryň "zarply, ynjyly jüýk-jüýgi“ artýardy.
Ene serçä bir salym rahatlyk ýokdy. Ol gile-gündiz jüýjeleriniň üstüne ganat gere-gere, ýöne sulba bolup galypdy.
Jüýjeler ýetişdi. Indi olar bir höwürtgä sygmaýardylar. Ene serçe çüňkünde gurçuk getirende bolsa, ganat per çykaran çagalary ony biri-birinden öň aljak bolup, ejelerine topulýardylar.
Şeýde-şeýde, olaryň biri ýere-de gaçdy.Şonda ene serçäniň bolşuny bir görsediňiz. Çagasynyň üstünde pelasaň urup ýörşüne, howludaky hyrsyz gara pişigiň üstüne nädip topulanynam duýman galdy. Herne, aýalym wagtynda ýetişäýdi.
Ene serçäniň bir buduny pişik ýagşyja çeýnäpdir. Indi, ol uçubam, çagajyklaryna iýmitjagaz getiribem bilenokdy.
"Wah, ol görgülijik uçup-uçup, gidiberjegem bir bolýar-la, emma dert güýçli, oňa uçmaga maý berenog-a".
Çaga serçejikler bir gün garaşdylar, iki gün çydadylar. Soň bolsa, höwürtgeden uçup-uçup, pytyrap gidiberdiler.
Ene serçe höwürtgede ýatyr. Onuň gözleriniň ýoldadygyny aňmak kyn däldi. Bir ýerlerden serçejikleriň jürküldisi eşidilse, ol ziňkildäp gidýärdi.
- Ýürejigi tak-tak urup, janyna jaý tapanok, görgüli - diýip, aýalym zeýrendi. Çagalary gürüm-jürüm boldy.
- Ene serçe näçe ýüregini telwasa besläp , ýola garasa-da, olar indi eneleriniň huzuryna dolanmadylar...
Hawa-da, "Bizem guşlar kibidiris!..“
Aýalym bu guşleryň ykbalyny synlaý-synlaý gözlerine ýaş aýlady...
Ol guşjagazlaryň yzynda delminip, ýalňyz galan serçejigiň takdyrynda özüniň ykbalyna kybapdaş bir ýagdaýy görýärdi...
Hawa, şu ene serçäniňki ýaly, biziň hem üç perzendimiz bar. - Üç ogul! Aýalym ikimiz iýmän-içmän, ile meňzeş geýmän, şirin janymyza döze-döze, olary adam etdik. Ogullarymyz il hataryna goşuldy.
- Uly oglumyz kellelije, alym bolar - diýdik!
- Diýişimiz ýaly, ol alym boldy. Ol alymlygyň çür depesine çykdy. Häzir bir uly okuw jaýynyň ketdesi. Iliniň-gününiň derdine ýarap, goç ogul bolup ýör. Abraý-ady tutuş ýurda ýaýrap gitdi. Il-gün biziň ýanymyzda uly ogluymyzyň abraýly, mertebeli kişi bolandygyny aýdýarlar. Ol ýanyna baranyň ýumşuny bitirmän gaýtarmaýarmyş.
Biz welin ony aýda-ýylda-da görüp bilemizok. Käte, uly ýygnaklarda oturanyny telewizorda görkezýärmişler. Biziň telewizorymyz görkezmänsoň, onam görüp bilemizok-da, nätjek. Biz ondan "gelenok, habar alanok“ diýip, göwün-kine edip duramyzok-la. Döwlet adamsydyr, iş-alada, käte, aýaly jaň edýär, şoňa-da şükür...
"Ortanjy oglumyz hudožnik bolsun!“ diýdik. Ol şeýle gowy hudožnik bolup ýetişdi. Işlerini daşary ýutlarda gaty gowy görýärmişler. Şonuň üçin öz sergisi bilen ol ýurtdan geldigi, beýleki ýurda gidýärmişin.
Ol "Ene“ diýip, öz ejesi hakynda bir gowy iş ýazypmyşyn. Aýdyşlarna görä, ol öz ejesin-ä kän meňzänokmyşyn. Ýöne görenler ony tolguna- toguna synlaýarmyşlar. Ýakynda ortanjy oglumyň şol işine bir ýurduň uly baýragy berilipdir. Oglum häzir şol baýragy almak üçin aýaly bilen daşary ýurda giden bolmaly. Şonuň üçin käte, agtyjygymyz enesine jaň edýär. Şoňa-da şükür, biz.
"Iň kiçimiz kompozitor bolsun!" diýdik.
Körpe oglumyz gowy kompozitor bolanmyşyn. Onuň eserlerini radioda, gazetlerde öwýärmişler. Gaty gowy aýdymlary, sazlary barmyş. Arada “Ejem sen!“ diýip, bir aýdymyny radioda aýtdyrdylar. Dogrusy, ejesiniň tutuş günläp gözleriniň ýaşy kepemedi.
- Ejesin-ä gowy görýän eken, bolsa-da, beren süýdümi, şol diýip çeken azaplarymy haklapdyr, balam! - diýip, gelene-gidene gürrüň berdi oturdy, ejesi.
Biz ondanam göwün-garyn edemizok. Käte oglum bilen bile ýaşaýan aýalynyň ejesi: “Ol ýurda gitdi, ony getirdi, bu ýurda gitdi, muny getirdi“ diýip, körpämiziň üstünlikleri barada telefonda gürrüň berse, başymyz gök direýär. Janlary sag bolup, küllerinden köp bolsunlar.
- Bu serçejikler biziň penjirämiziň öňünde ýöne ýere höwürtge guran däldir. Bu bir alladan gelen halatdyr - diýip, aýalym ebgar ýatan serçejige garap oturşyna aýtdy. Soň bolsa uly gussa bilen gadym türkmen hüwdüsiniň birine hiňlendi:
- Serçejigim, serçejik,
Ganatlaryň gerdejik,
Balalarym gelýärmi,
Gel, çaltyra, gördejik.
- diýip, zarynlap aýtdy welin tutuş süňňün sarsyp gitdi.
Agşamara şol keramatly kitapda ýazylan sözler ýene-de ýadyma düşdi-de, menem aýalymyň aýdan hüwdüsini gaýtalanymy duýman galypdyryn:
- Serçejigim, serçejik,
Ganatlaryň gerdejik,
Balalarym gelýärmi,
Gel, çaltyra, gördejik.
8-nji iýun 2005 ý.
Hekaýalar