05:53 Biziñ doñuz saklaýşymyz / hekaýa | |
BIZIÑ DOÑUZ SAKLAÝŞYMYZ
Hekaýalar
Biz Çary agalar bilen goňşulykda ýaşaýarys. Biziň mellegimiziň aýagujundan olaryňky başlanýar. Oba ýerinde goňşy ara haýat aýlanmaýandygy üçin, Çary agalaryň towuklary bizar-peteňimizi çykarýar. Daşda, üzüm teläriniň aşagyndaky sekide çörek iýmäge otursak dagy, tabagymyza gaçaýjak bolýarlar. Käte gapymyz açyk galsa, öýümize giribem «gok–goklaşyp», kowalaşyp ýörler. Uýamyň süpürerine mähetdel, daş-töweregi hem derrew hapalap çykýardylar. Mellegimize eken ekinimizi-de, ýerden çykdygy çokap, ýoguna ýanýarlar. Çary agalar öz mellegine bolsa towuk iýer ýaly ýorunjadan gaýry zat ekenoklar.Olaryň «General Mämmet Annawskiý*» diýip, atlandyrýan garadangaýtmaz horazyndan ýaňa bolsa itimize-de, pişigimize-de, kiçijik jigime-de gün ýok. Kakamyň jany ýanyp, ahyrsoňy: —Çary aga, bu towuklaryňyza ketek edäýmeseňiz boljak däl. Azar berýärler –diýdi. Kakamyň bu sözüne Çary aga gatyrgandy: —Baý, goňşy, senem-aý, ownukçyl bolupsyň. Towukdyr-da, «Kişt!» diýseň gider. Ketege gabap saklasaň, ýumurtgasy hem, eti hem süýji bolanok. Şonuň üçinem, goý, peýwagtyna gezsinler –diýdi. Kakamyň bu meseläni beýle goýmajagyny bilýärdim. Elbetde, ol gepini gögertjek bolup, Çary aga bilen sanaşyp durmady. Obada beýtmek gowy görülmeýärdi. Kakam özümizdäki bar puluň üstüne karz–kowal alyp, ýüküni özi düşürýän gozakly maşyn edindi. Şondan soň, onuň gazanjy hem öňküsinden gowulaşdy.Bergilerini üzensoň, ilkinji eline düşen pula bir sany «свиноматка»* —ene doňuz aldy: —Doňzuň eti oňat geçýärmişin. Doňuz semredip satalyň –diýdi. Mellegimiziň aýagujundan doňuz ýatagyny gurduk. Kakam maşynynyň gozagyny dolduryp, ýörite iým hem getirip dökdi. «Ynha, indi doňzumyz bar, iýmimiz bar. Wagtly-wagtynda suw bermegi, iýmlemegi unutmasak bolany» diýdi. Onýança-da, ene doňuz jojuklady. Birbada sekiz jojuk. Ine, saňa gerek bolsa! Iými ýeten jojuklar hem tiz ulalyp, ýap-ýasy bolup ugradylar. Onýança, ene doňuz ýene-de jojuklady. Az wagtyň içinde bir süri doňuzly bolduk. «Hork-da –hork», agzyny boş goýmasaň bolany, sagatsaýyn semräp barýarlar. Etini özümiz iýemzokdyk. Şäherden üstümize gelip, diriligine alyp gidýärdiler. Kakamyň jübüsi galňap, reňkli telewizor, maňadyr jigime tigir, ejeme pombarhat köýnek, öýümize iki sany ullakan haly alyndyk. Doňuzlaryň kömegi bilen, şeýdip, özümizi tutup başladyk. Ýöne biziň doňzumyzyň sany köpeldigiçe, Çary aganyň ýüzi bürüşýärdi. Ahyrsoňy, bir gün: —Goňşy, siziň bu doňuzlaryňyzyň ysyndan ýaňa öýde oturyp bilemzok. –diýdi. Kakam oňa: —Nädeli-dä, Çary aga. Gün görmegem gerek ahyryn –diýip, mylaýym jogap berdi. Çary agalaryň öýi biziň doňuz ýatagymyzyň ýelesinde bolandygy üçin, onuň diýýäniniň jany bardy. Biziň öýümiz bolsa, mellegimiziň bäri başynda, doňuz ýatagymyzyň ygynda ýerleşýärdi. Ýelsiz, dymyk gün bolaýmasa, ys gelenokdy. Ine, bir gün görsek, Çary aga daşyna tor aýlap, towuk ketegini gurup ýör. Muňa gözi düşen kakam: —Doňuz saklamak hem girdejilidi welin, indi bulary ýok etmeli bolarys. Onsoňam, bu iş musulmana gelişýän iş däl –diýdi. Şondan soň, biz doňuzlarymyzy satdyk. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |