BIZIÑ OGLANLAR...
Italmaz şahyr husur bilen başyny galdyrdy. Ol keltejik, monty barmaklary bilen uzyn, bulam-bujar saçynyň içinden dyrmyk ýörän ýaly etdi-de, yzyna darady. Soň welin ony timarlamady.
Ol ýerinden turdy-da, gündogarky penjireden daşardaky baglaryň uzyn-uzyn kölegelerine garady-da, tisginip gitdi.
- O-oh!
Ol öňünde duran ýassyk ýaly golýazmany, ondan çykyşyp duran bölek-büçek kagyzlary iki eli bilen tutup, stolunyň ortaky çekmesine itişdirip saldy-da, soň çekmäni ýene-de itip goýberdi. Soň duran ýerinden koridora bakan gygyrdy:
- Hoja, eýt, Hoja!
Soralýan adamyň sesi ysgynsyz, zordan eşidildi.
- Näm-ow?!
Italmaz şahyryň içiniň byjyklap durany bildirip durdy. Ol düňk-düňk başyşdyryp, özüne gerek işige sümüldi. Ol kagyza dümtünen bolup oturan Hojanyň hem halynyň harapdygyny gören badyna duýdy.
- Öldük-läý, hany, ýokmy?
Hojanyň bu azarlap duran sözlerini Italmazyň özi aýtmalydy.Sebäbi, onuň öz derdem, Hojanyňky bilen meňzeşdi. Öten agşam, welaýatdan gelen oglanlaryň bolýan myhmanhanasynda, olaryň hasabyna, howa-da, olaryň saglygyna gaýgyrylman “urlan“ aragyň yzasy onuňam dünýäsini düňderip barýardy. Häziriň özünde ýüz gramjygy bokurdagyndan geçirmese, soň, ýangyn söndürijileriň iki wzwody bilen iki maşynyn gelende-de, peýdasy degjek däldi. Onuň içi-bagry ýanyp, köze goýlan gurşun ýaly, eräp barýardy.
- Men öýe gaýtjak! - Hojanyň bu sözi Italmaz şahyry serpmeden gaýdan ýaly etdi. - Ýokmy?!
Italmaz alňasady.
- Gaýtma, duzjan çapsyn, häzir taparys, ýöne öý diýme.
Hoja aşgazanynyň ot alyp barýan yzasyna erbet yrandy. Häzir ol ýüz gram arak içmän öldürseňem öýüne gaýtjak adam däldi. Ýöne onuň aragy Italmaza tapdyrmak üçin guranja hilesidi. Ol gara dere batyp durşuna, elini agzynyň töwereginde ýelpeletdi.
- Göreňokmy, öýe barmasam, ölýän-ä.
Bu ýagdaý Italmaz şahyryň derdini biraz ýeňleden ýaly boldy.
--Taparys, taparys, Balagymyzy satarys welin, taparys. Ýöne öý diýme, öý bolmaz...
Häzir Hoja öýe gaýdaýsa, Italmazyň bagtynyň ýatdygydy.Ol hem-ä ýoldaşsyz galjakdy, hemem ýüz tutara ýoldaşsyz.
" -Hoja gerek, ol ölüp barýar, kömek ediň!“ -diýip, islendik adamyň ýanyna baryp, oňa dileg salyp bilýärdi.Hoja içegenligi bilen indi birwagtdan bäri ile ýakasyny tanadan adamdy.
Italmaz şahyr neşirýatyň kyssa bölüminiň oglanlarynyň ýanyna ylgady.
- Hoja ölüp barýar, içer ýaly zadyňyz ýokmaý! Gara dere batyp, titräp otyr, bir owurt zadyňyz bolsa, gaýrat ediň, dost janlar!
- Näme, bu gün gonarar berilmdimi?
Italmazyň jany ýandy. Gonarar-ha däl, ol Hoja bilen aýlyklarynam birwagt ýalan-ýaşryk sözläp alyp, çüýşeden geçiripdiler.
- Ýokmy?
- Ýok-la, öz günümiz Hojanyň gününjden gowy däl-ä, biziň.
- Wah, ýogsa, kolbasa bolen nebir çöregem bar-la. Bir şol içigara ýok-da. - Onuň hiç zady ýokdy. Häzir ol ýalan sözleýärdi.
Ol terjime bölümene, hasabat bölümine boýnuny süýndürip baryp, ýalbaryplar çykdy. Netije bolmady.Ýogsa, özünde tutuş bir manat pulam bardy. Şonuň üstüne sähelçejik bolsa, ýetne bolup durmal-a. Ýöne, haýyp. Özüňde bolmasa, älemde ýok diýleni-dä...
Ol ýene-de Hojany ýanyna eňdi. Hoja titreýän uzyn elleri bilen haýsydyr bir şahyryň golýazmasynyň daşyny daňjak bolup, azara galyp otyrdy. Italmaz şahyryň kellesi işledi.
- Kimiňki?
- Gurbasähediçiňki-läý!
- Boldy! Italmaz şahyryň aýlawda aty çykan ýaly boldy.
- Hoja oňa düşündi.
- Plada-da bar! Gutlan bolarys.
Olar özleri ýaly aşgazanlaryna leňňeç girenleriň ýene-de üçüsini aldylar-da Gurbansähediçleriňkä ugradylar.
Gurbansähediç Italmaz şahyry görüp, gaty begendi. Olary öýe mürehet etdi. Oglanlar baý, tämiz otagdaky ullakan stoluň daşynda molla oglan ýaly bolup, tegelenişip, gol gowşuryşyp otyrdylar. Italmaz öý eýesiniň öňkülere görä agras ýüzüne garap, köp oturyp bilmedi.
- Gurbansähedowiç, biz-ä bir...
Öý eýesi görmegeý didaryny merdemsi tutup, iiki elini salyhatly galgatdy.
- Otur! - Ol işige bakan gygyrdy. - Akja! Gel, munda...
Akja gelnje başy gara çargatly, öňem ak,owadan ýüzi gara çargada girensoň, bulutdan çykan Aý ýaly bolup ýalpyldap, ýüzüni emeli gamlandyryp, içeri girdi-de, çetdäki oturgyçlaryň birine geçip, ýüzüni sallap oturdy.
Gurbansähedowiç ýüzüni has agraldyp, ýere sallady
- Akla! Ine, seniň agaň pahyryň ýogalanyny eşidip, biziň oglanlar seniň göwnüňi soramaga ýörite gelipdirler.
Italmaz aşgazanyny otly dyrnaklary bilen dyrmaýan leňňeçleriň biri aýagynyň astyna gaçan ýaly, zöwwe ýerinden galdy.
- Biz-ä bil.. Bil..-- Ol: "biziň bu zatlardan habarymyz ýok, ýogsa birwagt gelerdik" diýjek boldy. Emma öý eýesi öňürtiledi.
- Dogry, dogry! Siz eşiden badyňyza gaýdypsyňyz. Siz şeýle ahyryn. Biziň oglanlarymyz başga nähili bolsun. Siziň abraýyňyz, gadyryňyzam... Şonda-da.
Italmaz ýene-de oturyp bilmedi.
- Biz-ä eşi...
Öý eýesi ýene öňürtildi.
- Oňarypsyňyz, eşiden badyňyza gelipsiňiz. Näme, adamyňky bir göwün-dä, ana, gelnejeňiziň göwni bitdi.
Ol aýalyna garady.
- Akla - diýdi. - Agaň Sapar neresse-de şeýle boldy. Näme, dünýäde baky galjagam, baky gelenem ýok. Sapar pakyr az-kem içerdi diýäýmeseň, gül ýaly adamdy, pakyr. - Ol Italmaz yene-de bulaşdyraýmasyn diýip, howlukdy-da: - Hudaýa-da gowusy gerek-dä - diýdi. - Nätjek-dä...
Akla gelneje Aý ýaly ýüzüni çargadynyňujy bilen ýapdy.
- Aglaý, birnemejik aglaý!
Soňra ol iki elini kükregine goýup, bir zatlar mydyrdady-da, omyn etdi.
-Ine, boldy. Bes edäý, Akja, indi.
Akja gelneje adamsyna tabyn bolup, ýüzüni açdy. Sözi öý eýesi aldy.
- Akja, şunuň ýalyda orslar dagylaryň "pominka" giýip elli gram, ýüz gram içäýmelerem barmy? Getir, aragam getir, naharam getir. Oglanlar Sapar agalaryny ýatlap goý, içsinler. Bular öz oglanlrymyzdyr. Ol kellesini diwara urup ýörenler ýaly däldir.
Stoluň üsti nahardan, arakdan doldy.Ýüz gram aňyrsyna goýberip, jany gönenen Italmaz şahyr ahyry ýüregindakini diline aldy.
- Walla. Gurbansähedowiç, duz jan çapsyn, eşidemizok, walla, ynan, duz jan çapsyn...
Öý eýesi işige garady. Aýalynyň ýoklugyna göz ýetirenden soňam ähli gaharyny dodaklaryna jemledi-de:
-- Otur! Harap! - diýip, dişlerini jygyrdatdy. – Senöz samsyklygyň bilen tas meni masgara edipdiň-ä. Otur, gaýdyp demiň çykmasyn!..
Şondan soň çemçäniň, çarşaklaryň, bulguryň bulgyra degýän sesinden başga ses eşidilmedi.
16-iýun 1998 ý.
Hekaýalar