BOLMAJAK ZATLAR
Ol gün bir alamat gün boldy. Professor Allabaý Jorabaýew pökgi ýaljak tos-togalak kellesine saman şlýapasyny ildirip, goltugyna – da gaýmak ýaljak portfelini gysdyryp, ir bilen öýünden işe diýip, çykyp gaýtdy. Aslynda, iş küje, zat küje! Onuň göwni indi dört ýyl bari üç otagly jaýda sopbaş ýaşaýan Şekeriň ýanyndady. Bu owadan dul gelin Allabaý Jorabaýewiçe şu döwürde ýeke sapar hem per bermändi. Emma onuň bir gowy tarapy, Şekeriň ýanynda tikin-çatyn bilenmi, hümürdeşmägemi, üzümiň suwy ýalyjak „perizatjagazlar“ gelýäri. Onsoňam, Şekeriň özem märekesöýer bolup, üstesine, saçagam açykdy. Ol saçagyň üstünde delje nazy-nygmatlar, akly-gyzylly çüýşeler hem ýok däldi.
Jorabaýew onuň bilen baryp-ha mundan on ýyl özal, Biosfera we okanologiýa kafedrasynyň müdirikä tanyş bolupdy. Şonda onuň Ogulsenem diýen owadan laborantkasy bardy. Ýaş professor bu owadan gelne aşyk bolup, ony restorana çagyrypdy. Şonda, Ogulsenem ýeke gitmäge utanjyrap, ýanyna Şekeri alypdy. Restorandan soň hem Şeker olary öz öýüniň otaglarynyň birinde „ myhmanlapdy“.
Ine, şoldur-da, şoldur, Allabaý Jorabaýewiç onuň öýüniň ekdisidi.
Ogulsenem“sahnadan“ birwagt düşüp galypdy. Onuň deregine başga-başga tanyşlar emele geldi. Şekerem kem galmady. Jorabaýewiň üsti bilen, doganlary-ha däl, özüniň obada goýun çopany bolup işleýän garyndaşlaryna çenli Derýaçylyk we gämi gurluşygy institutynyň okean öwreniş fakultetini tamamlatdy.
Arada hasaplap gördi welin, Şekeriň diňe gumuň içinde ýaşaýan garyndaşlaryndan on ýedisi okýan öwreniş fakultetini tamamlan eken. Onsoň Jorabaýew Ogulsenem bilen ilki ýatan düşeginde, näçe gelniň ýatandygyny bir Şekeriň hemem Jorabaýewiň özi bilmese, başga bilýän ýokdy.
Wagt kän geçdi. Indi Jorabaýewiň özem, Şekerem öňküler däldi. Iň erbet ýerem, Jorabaýewe hernäçe möhüm işi bolanda-da, gelinler indi-indiler kän bir göwnäp duranokdy. Sebäbi onuň elinde, aýagynda ekzemanyň gotursaw yzy bildirip durdy. Jorabaýew bolsa gaty, kirli dyrnaklary bilen ot alyp barýan demrewini gaşap, ganjardyp durmasa, halys çydanokdy. Iň ýaman ýeri, ol azajyk içdigi, güýç-kuwwaty möwjäp, ugraýardy. Käte bolsa, şol kuwwat diline geçip, awusyny bile oturanlarynyň üstüne syçyradyp başlaýardy.
Ol bir gün oturylşykda, Ogulsenemiň hem göwnüne degdi.
Indi birnewme bazary sowulyşan gelin ýene-de öňki süýjüje döwranyny küýsedimi, ýa-da „Paýtagtyň biosferasyndaky özgeriş“(1948—1960)“ diýen kandidatlyk işiniň ýagdaýyny gozgap görmek üçinmi, Jorabaýewe şelaýyn habar gatdy. Oňa ilk-ä konýak guýup berdi. Soňam, onuň şanyna öwgülije tostjagaz aýdyp goýberdi.
Bazary sowlan hasap edýzän gelniniň bu bolşy Jorabaýewe ýaramady. Ol ýassygyndan başyny galdyryp, Ogulseneme gaharly garady.
- Sen meni öwen bolma. Öw, öwme, edil janyň çyksa-da, indi sen maňa derkar däl.
- Öň-ä men diýip ölüp barýadyň, ýa indi doýurýanlaň köpeldimi!?
Jorabaýew gözlerini alartdy.
--Nä-me?—Soňam ol ýüzüni-gözüni çytdy.-- Öň gowy wagtyň seniň biliň göwüsleriň bir gysymdy. Indi seniň göwüsleň harman ýaly, syrtyň boçka ýaly. Indi sen maňa gerek däl.
Ogulsenem aglap çykyp gitdi.Şekeriň özem yzy bilen çykyp, ony köşeşdirip bilmedi.Ol gelin şondan soň bu öýe gelmedi.
Allabaý Jorabaýewiň gijesi bilen ýatman, göz öňüne getirişi ýaly boldy.Şekeriň öýünde iki sany owadan gelin aga-ýana ýaýnap ýördi.
- Ýaş professor, habarçy çlen - diýip, Şeker olary tanyşdyrdy. - Bu owadan gyzlar Gulýa bilen Anýa!
- Düşnükli!
Allabaý Jumabaýewiň Anýa suwy gitdi.Ol gelin akjady, owadandy. Özem gaty bir ýaşam däldi. Jorabaýew awuny daşyndan tanaýan garry ýolbarsdy. Özem öz awunu sypdyrýanlardan däldi.
- Näme ederis, gyzlar?! - diýip, ol türkmen goýunitiňki ýaly goçak gözlerini awundan aýryp bilmän, sümege çalymdaş saçlaryny barmaklary bilen saýhallaşdyrdy.
- Çişlik edeliň!
- Ana, bildiň! Et bar-a,
- Et bar, özem taýýar-ja. Duzlanan.
Ol gözüni Anýadan aýryp bilmän oturşyna, agyr ýuwdundy.
- Hany, tanyşlyk üçin ellije gram içsek nädýär. Men gaty köp bolsa, halamok. Azajyk, bormy!..
- Şeker saçak ýazdy-da, agşamdan galan palowynt gyzdyrdy. Soň saçaga gök sogan, pomidor goýuşdyrdy. Ýerinden turup, serwantyndan bir çüýşe arak çykardy.
- Allabaý Jorabaýew ýüz elli gram aragy beýlesine geçirensoň, güýjüne gelen ýpaly boldy. Ol daşary çykyp, meýdandan odun çöpläp, demir ojakda ot ýakdy.Köz üýşýberensoň, gidip, çişlik ediljek eti alyp geldi. Eti çişe düzüp, demir ojakdaky közüň üstünde goýdy. Bir salymda tutuş töweregi oda jyzyrdap bişýän etiň ysy gaplap aldy.
- Allabaý! - Göwüslek kükregini eýwandan sallap gygyrýan Şekeriň sesine ol tisginip gitdi. Ol şol howsalaly bolşuna häli depesinde bogup goýan saçyny düzetjek bolup, açyp goýberdi. Daşarda günbatardan ysgynsyzja şemal öwsüp durandyr welin, birdenem, ol şemal güýçlendi-de, saçy bir tarapýna seçelenip gidgi.Ol elleri bilen saçynyň bogdagyny tutup durşuna, dördünji gatyň eýwanyna garady.
- Hä!
- Bişdimi?
- Bişdi-iý!
Ol çala bişen çişlikli jamy göterip, içeri bakan ýöredi. Oda has hem kokaşan jozzuk ýüzi bir gapdala gaçan sümek saçy, ýadawlyk onu sölpi, sölüte görkezýärdi.
„Häk!" - diýip, ol şonda-da Anýanyň owadanja didaryna maýyl bolup, saçagyň başyna geçdi.
Iýilip-içilensoň, ol Şekeri aşhana çagyrdy.
- Anýa razymy?
Şeker aladaly bolsa-da, syr bildirmedi.
- Razy-la, sen diýip, ölüp otyr. Ol şeýtanja ýylgyrdy.
- Hä, näme!
Şeker näziregn boldy.
- Olaryň içýän içgisi gutarypdyr. Içgi bolmasa-da, olar birhili baş bermejek ýaly-da, galanynam özüň bil!
Allabaýyň depesinde bogan saçy çözülip, tas yene seçelenip gidipdi. Ol ony zordan saklap ýetişdi-de:
- Men näme etmeli? Pulum, pulum...
- Getirmeli. Pulam özüň tapýaň, içgi-de getirýäň. Anýa gowja. - Şeker näzli ýylgyrdy.
Allabaý Jorabaýew zarp bilen köçä çykdy. Barşyna-da jübüsindäki puluny sanady.Ol zordan bir çüýşa konýaga ýetjekdi. Ýöne ýanynda bankdaky pulunyň kitapçasynyň bardygy ýadyna düşdi-de, göni bankyň golaýrakdaky bölümçesine bakan gönüledi.
Bölümçede adam azdy. Ol kitapçasyndaky puldan bir bölegini almak üçin ýörite kagyz doldurdy. Soň kitapçasyny, pasportyny, dolduran kagyzyny bankyň kassasynyň demir gapysynyň goşa ýumruk sygar ýaljak penjiresinden içeri uzatdy. Soň, onuň özem boýnuny uzadyp, penjireden içeri garady. Onuň gözleri garaňkyran ýaly boldy. Kassada Anýadanam müň esse owadan, enaýy gelin otyrdy. Özem näzli ýylgyrjyklaýardy. Ol gelin bir zatlar diýdi.
Gelniň beýle näzeninligine höwesi gitdimi, ýa-da hälki çişlik bilen içilen arak güýç berdimi, professor darajyk penjiräni süsüp goýberdi-de, başyny öwürdi welin, onuň derläp duran pökgi ýaljak kellesi, her günde telim gaýta ýuwulyp, yaglanyp duran ýylmanak uzyn saçynda typyp, penjireden içeri geçdi gidiberdi.
Içerdäki naşyja gelin „Waý!“ diýip, gygyryp goýberdi. Emma, professor entek näme bolanyny aňanokdy. Ol gelin diwar bilen deň işigiň tagtasyndan çykyp duran elhenç takyr kellä, sag gapdalyndan sümek bolup, sallanyp duran bir gulaç çap-çal saça gorka-gorka garady-da - Gol çekiň! diýdi.
Professor gol çekjek bolup, ellerini öňüne getirjek boldy. Ol diňe şonda tutuş göwresiniň, elleriniň diwaryň aňyrsynda galandygyny duýup galdy.
Öz bolşuna düşünmedi. Ilki ol“ meniň pulumyň könligini görüp, talaňçylar meni ele salandyr“ diýibem gorkdy-da:
- Waý! - diýip erbet siltenjiredi, şondi indi az-kem sowan boýny çişip, ony bogup başlady. Ol kellesini zor bilen gymyldatdy.
- Neme, men, men, waý!..
Kassir gelin derrew telefona ýapyşdy.Soňam, aglap başlady.
- Men, men ölýän, meni açyp goýberiň, maňa pulam gerek däl, meni diňe halas etseiz... - diýip, bogulmadan ýaňa essinden gidip barýan pyýada juda ynjyly samyrdady.
Ol bögürip, dyzlary, elleri bilen demir işigi daşyndan bar güýji bilen ýumruklap başlady.
Bankyň içindäki bu başagaýlyk derrew duýuldy. Adamlar koridoryň ugrunda, kassanyň demir gapysynda aýaklaryny şallakladyp duran äpet göwrä haýran galdylar.
Kimdir biri bölümiň müdirini çagyryp geldi. Banky goraýjylar, ýangyn söndürijiler, nobatçy poliseýler, işgärler derrew bu ýere üýşdüler.
- Näme, banky ýarjak bolupmy?!
- Kassa topulanda ele düşüpdir öýdýän.
- Umumy işik açyldy. Emma Allabaý Jorabaýew erbet bögürdi. Onuň köneje köwüşleri koridoryň polunyň üstünde sürpenýäridi. Elleri bolsa işigiň içki tagtasyny sermeýärdi.
- Açyň, derrew, men ölýän! Meni boşadyň!..
Ol ah çekip, erbet zarynlady.
- Ölýän!
Hakykatdan hem, onuň boýny çişip, kllesine gan goýberenokdy. Ýüzi ilki bir erbet agardy, soň bolsa ýakymsyz garalyp başlady.
- Ölý...
- Işigi döwüň, ýogsa ol pyýada öler.
Onuň boguk sesine tisginip giden bölüm müdiri has aljyrady.
- Işigi döwseň, ony soň kim töläp, oturtmaly. Baryp, döwüp, soň getirip, ýerine goýaýar ýaly dökülip ýatan işik barmy. Bilýäňizmi, bu işigiň bahasynyň näçedigini?
Hiç kimden ses çykmady.
- Munuň ýaly pökgi kellesi ýumruk ýaly deşige nädip sygypdyr!..
- Başlygy gyssagly çagyrdym. Özi gelip çözmese, men nädip çözeýin. Bu goýumçynyň özi günäkär!..
Kimdir biri Jorabaýewi galdyryp, onuň kellesini deşijikden çykarjagam boldy. Emma jebir çekýän erbet uwlady. Professor elini jübüsine salyp, ony çöwürdi-de, waýkyryp başlady.
- Waý, kim! Kim aldy. Kim. Meni tala-dylar. Kim, kim aldy, ýetişiň...
Ol ýene-de gopgun turuzdy. Oňa çenli ýörite howpsyzlyk topary bankyň daşyny gabady. Edil, şol wagt uly howsala gaplanyp, bankyň başlygy geldi. Ol bu ýagdaýy görüp, poly depdi.
- Işigi döwmelimi?
- Ýok, ýok, ol işikleriň içinde ýörite signal serişdeleri bar. Ony döwüp bolmaz.
- Seýf açýan ussa çagyrmaly.
- Ony bu wagt nireden tapjak.
- Polisiýa jaň ediň. Olar polisiýada hasapda durýandyr!
- Ýok, näme diýseňizem, işigi döwmeseňiz bolmaz!
- Diňe goýumçynyň hasabyna döwersiňiz. Soň tölejek bolsa, döwüň.
Şol wagtyň özünde hasapçylar tapyldy.
- Näçeräk bolar?!
- Işig-ä bir müň bäş ýüz dollar. Döweni, täzeden goýany, gurany hem iki müň üz ýüz dolar. Tölesin, döweliň. Professor gep-gürrüňe diň salyp durdy. Ol bu sany eşidip, öňküdenem titräp, bögürip başlady. Ol indi öz janyny ýadyndan çykarypdy.
Hudaýberdi aga bularyň ählisiniň ýaşulusydy. Ol bu adamyň ulalyp oňalman ýöreninden habarlyrak bolara çemeli. Professoryň janyna temen bolup dürtüläýjek ýerini tapdy.
Ol:
- Hiç zat etmaň, kinişgesinde öý adresi bardyr, jaň edip, aýalyny derrew çagyryň! Görseň, ol şu pullarynam aýalyndan ogrynça goýandyr.vGelsin-de, görsün äriniň ýagdaýyny. Işigiň bahasynam tölär şol!
Jorabaýew bu sözi eşitdi-de, aýagynyň astyndan ot goýberilen ýaly loňkuldap, bögürdi.
- Ý-ýo-ok!
Kimdir biri:
- Öýüňüze jaň etdik, häzir aýalyň ýetip gelýär - diýip, ony has hem odukdyrdy.
Oňa çenli işikde polisiýa maşyny jygyldap durdy.
- Ana geldi, aýaly.
Işik erbe jygyrdady. Işigiň goşa ýumtuk sygaýmalyja deşiginiň daşyndaky demir germew sypyrylyp gitdi. Boýny demir hamutlyja bu adamy kim gördi, kim görmedi. Ýöne, şu güne çenli bu goja professora beýle güýjüň nireden, nähili gelendigini çak edip bilen ýok.
26-njy iýun 1998 ýyl.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar