03:22 Bolmaz-a beýle! | |
BOLMAZ-A BEÝLE!
Taryhy makalalar
On iki ýyl mundan öñdi... Öýüniñ köçesiniñ ugrunda köne kitaplar satylýan jygyllygy aýlanyp ýörkä, Namyk Kemalyñ 1955-nji ýylda çap edilen "Osmanly taryhy-1" kitabyny satyn aldy. Şol güne çenli taryh bilen onçakly gyzyklanmandy. Ol taryhyñ labirintine şu kitap bilen aralaşdy. Dowamy-da geldi. Emma Çanakkale söweşi beter ünsüni çekdi. Munuñ aýratyn manysy-da bardy, onuñ garry atasy Burhaneddin Ölçer nemes serkerdesi Liman fon Sandersiñ uruşda dilmajy bolupdy. "Hemmelere Çanakkale uruşyny gürrüñ bermäge başlapdym. Emma geñ galmaly bir zady gördüm, bu boýunça umuman alanda hiç kimse hiç zat bilenokdy, bilýänlerem kemter bilýärdi!" Iñ bärkisi deñizden edilen çozuş (19.02-18.03.1915) bilen guryýerde bolan uruşlaryñ (25.04-09.01.1916) tapawudyny bilýän ýokdy! Beýleki bir ýandan käbirleriniñ Mustapa Kemalyñ Çanakkaledäki pähim-paýhasynyñ üstüne atanak çekjek bolmasy bilenem ylalaşar ýaly däldi... "Kitap ýazmak mende heýjan, hyjuw, buýsanç we eždatlarymyza haýran galyjylyk, minnetdarlyk, çäksiz hormat oýandyrdy. Bu uruşy dowam etdiren eždadyñ nesili bolmak mende söz bilen beýan edip bolmajak buýsanç döretdi. Hemmeleriñ atasy şol ýerdedi, hemmeleriñ genine bu göreşiñ ruhy siñipdi". Ýeñini çyzgap işe girişdi. Emma: * * * Çeşmeleriñ azlygyna haýran galdy. Aýratynam duşmanyñ deñizden eden çozuşlary hakda hiç hili maglumat ýokdy... Ilki fransuz we iñlis dilinde ýazylan gollanmalara ýöneldi. "Iñlisleriñ, fransuzlaryñ haýsy gämileriniñ nirä, haçan hüjüm edendigini, haýsy serkerdäniñ nirde bolandygyny we näme diýendigini anyklamak mümkin bolsa-da, goranyş pozisiýasyndaky Osmanlynyñ serkerdeler düzüminde kimiñ bardygy, nirde bolandygy, nähili goranyş taktikasyny ulanandygy hakdaky maglumatlary tapmak mümkin däldi". Bu gezek nemes dilinde ýazylan çeşmelere ýüzlendi. "Şeýdibem bir pursatda ýüz ýyl ön Germaniýada ulanylýan gotiki ýazuwda ýazylan ýatlamalary okanymda isleýän zatlarymy tapdym". Dört dil bilmeginiñ peýdasyny gördi. Munuñ bilenem gutarmady. Meselem: "Karta meselesi-de aýratyn uly iş boldy. Birnäçe aýlap ulanara karta gözledim, tapmadym. Özüm üç ölçegli fotosurat bilen işe başlap, karta çyzmagy makul bildim". Hünärmenlerden kömek sorady. Onsoñam ol bu meselä ýat hem däldi: atasy Mahmyt Nedim Sabjy kartograf ofiserdi... * * * Ýaragly Güýçleriñ elindäki eskizlerdenem tehniki taýdan düşüner ýaly zat çykanokdy. Köpüsi öçügsidi. Bulary üç ölçegli karta geçirdi. Düşündirişli 69 eskiz, 66 karta çykardy... Uzatmaýyn: * * * Dostum Sina Kologly "hökman okagyn" diýip, M.Newra Ölçeriñ üstünde on iki ýyl işläp ýazan kitabyny getirdi: "Çanakkale legendasy. Bogazlara çozuş we guryýer uruşlary". Azap barsy siñdirilen bu saldamly işi häzir agzap geçmegimiñ sebäbi, size Çanakkale söweşini gürrüñ bermek däl... Öññin... Nurjysyndan "milli görüşçisine" çenli käbirleri ýeke sagdyn çeşmä, ýeke sagdyn maglumata salgylanmazdan, bilmezden öñden halamaýandygy üçin Çanakkale söweşindäki Mustapa Kemaly ýok saýdy! (Açyp serediñ: diñe şu söweşdäki gazanan üstünligi mynasybetli Mustapa Kemala soýuzdaş nemesler we bolgarlar bilen birlikde bäş medal, bir hormatly nyşan gowşuryldy!) Käbirleri diñe bu deñsiz-taýsyz gahrymany däl, beýik Türki-de göresi gelmeýär. Serediñ: halaman bilersiñiz, garşy gidibem bilersiñiz. Kime gyzykly siziñ bu bolşuñyz. Emma şeýlekin ýöntemlige, bisowatlyga takat getirip bilemok. Hasam erbedi: "Halk öýleri" ("Halkevleri") otuzynjy ýyllarda Çanakkale söweşini ýatdan çykartmazlyk üçin ýatlama çärelerini geçirip başlady. Kitaplar çap etdi. (Diñe 1930-1940-njy ýyllarda 17 kitap). Gahrymanlar halka tanadylmaga başlandy. Maksat - çetin geçen göreş ruhuny ýatdan çykartmazlykdy. Mustapa Kemalyñ Çanakkale söweşinde mehmetjige (türk esgerlerine) "Size garşylyklaýyn hüjüme geçmegi buýramok, ölmegi buýurýaryn!" diýen sözüniñ ýatladylmagynyñ sebäbi, milli taryhy hakydany kemala getirmekdi. Çanakkale - Milli-azat edijilik göreşiniñ başlangyjydy... Ynha... Biziñ günlerimizde käbir betpygyllar Çanakkale epopeýasyna-da ala seredip, jemgyýetçilik agzybirligimizi, bitewi milli ruhumyzy ýok etmäge synanyşýar. Bolmaz-a beýle! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |