"ÇOPAN ÝOLUNYŇ" USSADY
Nurberdi Gulow 1917-nji ýylyň 1-nji martynda Esenguly etrabynyň Şahman obasynda dünýä inýär. Ýaşlykda obanyň çekene dowaryny bakýar. Beýik Watançylyk uruşy ýyllarynda işçi batalýonyna alynýar we 1941-1945-nji ýyllarda Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtdana işleýän zawodyň düýbüni tutmaga gatnaşýar.
Şol ýyllarda Nurberdi Lebap welaýatyndan işçi batalýonyna alnan aýdym-sazyň muşdagy Begmyrat Çary bilen tanyşýar. Bu tanyşlygyň soňy dostluk bilen utgaşyp gidýär.
Nurberdi nebigi gaýtadan işleýän zawodda Begmyrat Çary bilen işçilere medeni hyzmat etmek üçin döredilen aýdym-saz toparynda bagşy bolup işleýär. Olar birek-birekden köp zat öwrenýarler.
1944-nji ýylyň oktýabrynda Nurberdi Gulow Aşgabada, filarmoniýa işe çagyrylýar we 1945-nji ýylyň martyna çenli şol ýerde ussat bagşy Sahy Jepbarowdan tälim alýar.
Soňra oňa Türkmenbaşy şäherindäki welaýat filarmoniýasyna ýolbaşçylyk etmek ynanylýar. Nurberdi Gulow 1947-nji ýylda Etrek etrabyna göçüp barýar we 1954-nji ýyla çenli etrap medeniýet öýünde hünärmen, direktor, çeper ýolbaşçy wezipelrinde işleýär. 1954-nji ýyldan 1981-nji ýyla çenli Etrek etrabyndaky çagalar –ýetginjekler öýünde aýdym-saz boýunça çagalara ders berýär. Nurberdi Gulow ömrüniň ahyryna çenli Etrek etrabynyň merkezindäki sazçylyk mekdebine ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow öz döwründe ussat bagşynyň döredijiligine: “Türkmen aýdym-saz sungatyndaky dördünji şaha bagşy Nurberdi Gulowa degişlidir” diýip ýokary baha beripdir.
Geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllaryň sepgidinde ussat bagşy “Aşyk-Çaňly” dessanyny taýýarlap türkmen radiosynda ýazgy etdiripdi.
Halkymyzda “Saýramaýan guş, ömründe aýdym aýtmadyk kişi ýok” diýen aýtgy bar. Şol ýyllarda “çopan ýoly” diýseň ýörgünlüdi. Ol ýol Nurberdi Gulowyňkydy. Ussadyň “Bibiniň”, “Ýandyrdyň, Bibi”, “Ýaryndan Bibi” atly aýdymalry halk arasynda meşgurlyk gazanypdy.
Nurberdi Gulowa 1967-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy”, 1977-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň halk bagşysy” diýen atlar dakyldy.
Ussadyň şägirteleri barmak basyp sanardan köpdür. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň at gaznan bagşysy Aşyr Gurbanowy, Türkmenistanyň halk artisty Rejepguly Kerimowy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Orazgylyç Gurbanýazowy,Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Gurbanowany görkezmek bolar.
... Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynyň sepgidinde Bereketden Etrek etrabyna ýolagçy awtobusy gatnanokdy. Çarhandakly, alys ýoly ýük awtoulagynyň üstnde oturup külterlemelidi. Biz şeýle hem etdik. Awtoulagyň sürüjisi bizi salgy beren öýümiziň öňünde düşürip, ýoluny dowam etdi.
Şol günüň ertesi “Agşam toýda bagşy aýtjakmyş” diýen habar küren oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Agşamara tämizje eşiklerimi geýip, deň-duşlarym bilen toýa gitdim.
Heniz Nurberdi Gulow bilen ýüzbe-ýüz bolup görmändim. Ýöne Türkmenistanyň halk bagşysynyň suraty ençeme gezek metbugatda çap edilipdi. Aýdan aýdymlaryny radioda diňläpdim. Şonuň üçin toý ýeriniň töründe oturan üç sany dutarly adamyň içinden bagşy Nurberdi Gulowy tanamagyň müşgili ýokdy. Ol egnine ýukajyk donuny ýelpegi atynypdy, kellesinde gara bagana telpegi bardy, gyrçuw kümüşsöw murty ýüzüne özboluşly gelişiik berýärdi.
Agşamara mähelle toý ýerinde jemlenende, bagşy pessaýja heň bilen aýdym aýdyp başlady. Aýdym-sazyň muşdaklary bilen deişip olaryň göwünlerini galkyn dyrýardy. Ara biraz böwşenlik aralaşanda, toýa gelenleriň biri:
- Aslyýetinde, Nurberdi bagşy näçe aýdymy ýatdan aýdyp bilýärkä? – diýip gyzyklandy.
- Bu sowala ussadyň özünden özge adam jogap tapmasa gerek – diýip, orta ýaşyndaky adam kesgitli jogap gaýtaranda bagşy täze aýdymyna bagyşlapdy.
Şol gün “çopan ýolunyň” ussady joşup, adamlaryň ruhuna ruh goşdy. Ol daň atýança aýdym aýtsa-da, bir aýdymyny ikinji gezek gaýtalamady.
Toý güni bagşynyň ogly Gulmergen bilen tanyş boldyk.
...Iki ýarym asyrdan gowrak mundan ozal Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň çygrynda Öwezhan atly kethuda adam ýaşapdyr. Onuň Çaňly atly oglunyň ýazan goşgularyndan oba adamlary ruhy lezzet alypdyrlar. Ol seýislik käriniň inçe tilsimlerinden baş çykarýan adam bolupdyr. Onuň seýislän, ýaryşa taýýarlan atlary köplenç halatda baýrakly orunlara mynasyp bolupdyr.
Çaňly ýaşlygyndan sart aýala tüýs ýürekden aşyk bolup, yşk derdiniň heserini çekipdir. Durmuş gurmagy wadalaşsalarda, olara maksat-myratlaryna ýetmek, eşretli döwran sürmek nesip etmändir. Bibi atly bu görmegeý gelni doganlary baý adama aýal üstüne beripdirler. Bu waka Çaňly agyr degipdir. Ol tasdanam däli-diwana öwrülip çöle çykan ekeni.
Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulow aşyk-magşuklar barasyndaky hekaýatlary, gürrüňleri we goşgulary jemläp, “Aşyk Çaňly” atly dessanyny döredipdir. Ussat bagşynyň bu dessany ýazgy etdirilipdir. Ol häzir Türkmenistanyň teleradioýaýlymynyň altyn fondunda saklanýar.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyna mynasyp goşant goşan halypanyň “Aşyk Çaňly” atly dessanyndaky “Bibilerini” diňlemedik aýdym- saz muşdagy ýok bolsa gerek. Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulow olary zehin eleginde süzüp—sünneläp, kämillik eleginden geçirdi. Olar “ Ýarymdan Bibi”,” Bibiniň” ady bilen halk köpçüligine hödürlenende meşhurlyk gazandy. Bu ajaýyp aýdymlary diňlän adamyň kalbynda söýgi gorjaw tapyp, ruhy lezzet alýar. Halk bagşysynyň “ Ýandyrdyň, Bibi” aýdymy häzir bu güne çenli “ Teşnit” sazynyň heňinde ýerine ýetirilýär. Bu aýdymlaryň sözlerini ýazan milli sungatymyzy jany-teni bilen söýen, balkanly şahyr Döwletmämmet Balgyzyldyr. Ol ýarym çarwa, ýarym daýhan maşgalasynda ösüp kemala gelen şahyrdyr. Döwletmämmet öz döwrüniň ezber sazandasy, ussat bagşysy bolupdyr. Ýaşan zamanasynyň agyr durmuşyny başdan geçirse-de, şahyr ruhubelentligini saklap bilipdir. Döwletmämmet Balgyzylyň goşgularynyň aglabasy söýgi mowzugyna bagyşlanypdyr. Olarda türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy, belent adamkärçilik sypatlary, nurana keşpleri, ajaýyp gylyk-häsiýetleri joşgunly wasp edilýär. Şahyryň “Aýrylmady”, “Bibiniň”, “Arzyhan” we “Döneýin” ýaly ençeme goşgulary ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Halk aýdymyna öwrülen bu goşgular häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirenok. Olaruzak ýyllardan bäri bagşylaryň dilinden düşmän gelýär. Olar toý-tomaşalarda bagşylaryň dilinde belent ýaňlanyp, şahyryň adynyň bütin türkmen topragyna ýaýramagyna sebäp bolýar.
Ussat bagşynyň ogly, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gulmergen Gulow ata kesbini dowam etdirýär. Onuň bilen Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminde işleşmek we dürli çärelere gatnaşmak maňa miýesser etdi.
Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň kalplara siňen aýdymlarynyň, döreden eserlerimiň gadyr-gymmaty ýyl geldigiçe artýar. Ol ýaşlar üçin ýol ýörelge bolup hyzmat edýär.
Hawa, Türkmenistan döwletimizde il-gün, Watan üçin iş bitiren şahsyýetler unudylmaýar, olar hakydalarda müdümilik ýaşaýarlar.
Şahymerdan Sary Ogly.
Aýdym-saz sungaty