17:54 «Dag, beýik dag» | |
«DAG, BEÝIK DAG!»
Edebi makalalar
«Pendi diýgen bir ajaýyp düz bolar» diýip hiňlenmäni gowy görýän çopana çola çalmarynda omçanyň jana ýakymly odunda «şyglap mukam çalýan kündügiň» lasyrdysyna goşup, «Şükür bagşyny» okap berýän günlerim ýadyma düşýär. — Äl, bolsa-da göwnejaý ýazypdyr. Her jümlesi ýüregiňe jüňk bolup dur – diýip, Ýagmyr çopan öwran-öwran gaýtalaýar. – Şol daga çykyp: – Ah çekdim, bilim büküldi, Sütünim arşa çekildi, Gözümden sil dek döküldi, Gan bir ýana, ýaş bir ýana. Görogly diýer nädeli? Baş alyp nirä gideli? – diýýän ýerini okasana. Gadym sünnä ussalaryň elinden çykan gülýaka ýaly bir zat bi. Şol düýe bilen kitap çalyşýan adam hakda ýazan dälmi şü. – Hut şonuň üçinem ýazyja “Gündogarda gylyjy azala öwren ussat” diýip baha berdiler. Sowet edebiýatynyň görnükli wekili A.A. Fadeýew ol barada öwgüli sözleri ýazypdy, araky okap beren “Mähriban toprak” kitabynyň awtory, ady äleme dolan Çingiz Aýtmatow hem bu ýazyja uly sarpa goýýar. Hut şonuň üçinem zehinli režissýor Bulat Mansurow bu eseri ekranlaşdyrdy. Sazlary bakylyga ýar Nury Halmämmedow “Şükür bagşa” “ölmez-ýitmez, garrymaz” eseri bilen ebedilik çaýdy. Hut şonuň üçinem Gurbannazar Ezizow ýazyjynyň dagy suratlandyrýan jümlesini sähel üýtgedip, «dünýämiziň örki, gögüň diregi» diýip meşhur goşgursyny başlapdy, hut şonuň üçinem…- diýip, menem bildigimden okadym». – «Şükür bagşy» Pendi çölünde meniň ýüregimiň nagşy boldy. «Ýalňyzlyk – meniň köňlüm üçin şypaly melhemdir» diýp, Gýotäniň sözi bilen telwasdar göwnüme teselli berip ýörkäm meni ýalňyzlykdan halas eýledi. Men bu eseri tas ýat tutupdym. «…Üstünden ençeme asyrlary, ençeme döwürleri geçiren, ençeme galyň garlary ereden, emma garramaýan, hemişe bir görnüşini saklap durýan dünýäniň görki, ýeriň örki, gögüň diregi – dag onuň töwerek-daşyny gurşap dur. Dag, Dag! Nirä seretse – dag!..» Wagtal-wagtal mende şeýle duýgy bolýar. Hamala men Nurmyrat Saryhanow bilen bir obada doglup, bir gumak köçede oýnan, onuň bilen duz-emek bolan ýaly bolýan. Men ony garaýagyzja, horaşaja, gulaklaryny keýerdip duran meniklije oglan ýaly göz öňüne getirýärin. Ýüregime ýakyn saýyp, hemra edinip okan eserlerimi kitapdan okaman, şol oglanjyk gürrüň beren ýaly bolup dur. Bir gezek ol meniň düýşüme-de giripdir. Ol egni şinelli ýylgyryp durmuka diýýän. Özem ol şol çopana “Şükür bagşyny” okap beren çalmarymyň ýanynda şineliniň egnini galdyryp dur. Hoş söze mätäç, dünýede gülmek kän miýesser etmedik pikirli hem manyly gözleri ýanýar. Ol “El degrip, üýtgedip bolýan bolsa, ol hakyky çeper eser däldir. Seniň şu çalmaryňam şoň ýaly, gaty syk, eger-eger ýel syzjak umydy ýok” diýýän ýaly. Näme üçin ol meniň düýşüme şinelli girdikä? Sebäbini soň bildim. Ýedi ýylda ýazdyň ýedi hekaýa Walla, çagalaryň gün görýär nädip? Egniňde henizem köne şineliň Aýagyňda gonjy sürülen ädik. Diýerdiler… ýylgyrardy Nurmyrat: «Duşman ýakjak bolup durka ädiňi, Heý, şinelem oklap bormy bir gyra, Heý-de köwşe çalşyp bormy ädigi?!». Parahat durmuşyň waspyn ýazdy ol, Aýagy ädikli, şinelli egni. “Sen-how, bu dünýeden şinelli ötjek Penjek beri alyn” Dostlary degdi. Söweşdi är kibi döşüni gerip, Yranýança Ýer ýaragyň astynda. Bütin ömrün harby geýimde gezip, Topraga dulandy harby geýimde. Şahyryň oýnam setir goşgusynda türkmen edebiýatynyň läheňiniň pajygaly ykbaly görünýär. Hawa, ol bütin ömrüni şinelli ýaşady, şineli bilenem Moldawiýa toragynda Watan diýip janyny gurban etdi. “Ömürlik ýoldaşy” – şineli bilenem ýatyr. Durmuş nähili ýowuz hem adalatsyz, eýsem ol şeýle kysmat üçin dünýä inipmidi, diş-dyrnak bolup gijesini gündiz edip Gorkiniň, Çehowyň… dünýä klassyklarynyň eserlerini ürç edip okapmydy. Türkmeniň bagtyny ýagtylandyrjak şöhlezar ýüregini duşman güllesine rowa görmek üçin aýapmydy. “Garyplyk – geniligiň öweý enesidir” diýen sözüň bir taraplydygyny ýetde-gütdelikde ýaşap, dünýe dursa durjak türkmenler dursa synmajak genial eserleri bilen subut edipmidi? Ýeňşiň gymmaty çekilen pidalaryň möçberi bilen ölçenilýär. Onuň ýeňşi – halk halar eserleri. Ol öz eserleri üçin öz ilini söýýän pähimdar ýüregini, durmuşyň eşretini, şirin janyny pida berdi. Gursagymda saklap ýören şu jümlelerimi ýazmagyma murgaply mugallym Ata Akbäbäýewiň Nurmyrat Saryhanowyň täsin suratyny bermegi sebäp boldy. Aradan çykandan tegelek kyrk alty ýyl geçenden soň öz zehin siňdirip, bakylyk suwuny uran, poeziýa barabar “dem salan” setirlerini jany-teni bilen söýýän bir adam gussa bilen gaýtalar öýdüp onuň hyýalyna-da gelen däldir. «Dag, beýik dag!». [/b] Gurbandurdy ORAZOW [/b] G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty makalar ýygyndysy" kitabyndan 5-nji makala. (AŞGABAT 2014 ý.) | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||