14:14 Daş / hekaýa | |
DAŞ
Hekaýalar
1. Daşlar jansyzdyr öýtseňiz, ýalňyşarsyňyz. Ynha, men—daş. Men janly-da. Daş-töweregimde bolýan ähli zady görüp, eşidip ýatyryn. Meniň şu belent depäniň üstünde ýatanyma näçe wagt bolandyr öýdýäňiz? Aýtsam, «bäh» diýersiňiz. Müňlerçe ýyl. Hatda özümem anyk bilemok. Munuň möhümligi hem ýok. Elbetde, men özümiň şeýle uzak ýaşandygyma begenýärin. Ondan hem beter begenýänim—şu diýseň belent depäniň üstündeligim. Bu ýerden pisse tokaýlygynyň aňrybaşlary-da görünýär. Ýagyş ýaganda sil suwy okgunly akýan, äpet ýylanyň yzy kibi egri-bugry jarlar hem. Mahlasy, çar-töweregimi synlap bilýärin. Bu bolsa uly bagt. Hol aşakdaky, jarlaryň içinde ýatan daşlaryň maňa baý gözleri gidýär-ä. Olaryň menden läheňleri hem bar. Ýöne ýatan ýerleri jaryň düýbi bolansoň, özlerini betbagt saýýarlar. Jardan sil akanda bolsa, olaryň dat gününe. Kimiň nirden çykjagy belli däl. Biri-biri bilen çaknyşyp, kül-uşak bolýanlary hem köp. Aý, garaz, şu depäniň üstüne oklany üçin men täleýimden müň keren yrza. Ýöne bäriniň hem kynçylykly taraplary ýok däl. Tomsuna–ha Gün dogandan tä ýaşýança dat edýärin. Şeýle bir gyzýan welin, hammamyň bug pejiniň içindäki daşlar hem mençe gyzýan däldir. «Öwhh», daňdanyň salkynyna çenli özümi ele alyp bilemok. Gyşyna-da çapgyn aýazly ýel süňňüme ornap, üşemekden ýaňa, «çatlamasam ýagşy» diýip dileg edýärin. Bärik adamlar seýrek çykýarlar. Hawa-da, bu ýalaňaç depä çykmak üçin janlaryny emgäp nätsinler. Töweregi synlajak bolsalar, maňa görä pes, çykmasy amatly depeler hem köp. Ine, şolara çykaýýarlar. Meniň ýeke-täk söhbetdeşim garry kelhemeç. Elbetde, ol hapysa. Maslykçy guş bolansoň, üst-başy aňkap dur. Ýöne meniň hem kimdir biri bilen gürleşesim gelýär ahyryn. Şol sebäpli, onuň ýakymsyz ysyna-da, käte bärik getirip iýýän hapa-hupasyna-da çydamaly bolýaryn. Ol maňa, esasan, haýsy jandaryň ölendigini, onuň maslygynyň nirede porsap ýatandygyny gürrüň berýär. Käte anyklap bilse, ol jandaryň nämeden ölendigini hem aýdýar. Keselläp ölüpmi, ýylan çakypmy, gaýadan gaçypmy ýa-da ýöne garrylykdanmy. Bu bir gulaga ýakymly gürrüň bolmasa-da, garaz, täzelik. Bizi—daşlary hem täzelikler, elbetde, gyzyklandyrýar. Ine, şu gün bolsa kelhemeç maňa hol kiçeňräk baýryň aňyrsynda dört sany adamyň pisse tokaýlygynyň arasynda biten otlary ýatyryp ýörendiklerini, olaryň ýanynda bir ýetginjek oglanyň hem bardygyny, onuň örän bilesigelijidigini gürrüň berdi. Gör, nähili gowy habar. Dogry edýärler. Wagtynda ormasalar, ol otlara ot düşüp, pisse tokaýlygyny ýakýan halatlary-da bolýar. Belki, olar bärik hem geler. Oglan bolsa meniň ýatan depäme müner. Eger bilesigeliji bolsa, ýaltanmaz. Ine, şonda meni görer. Üstümde oturar. Biz tanşarys. Belki, dostlaşarys. Her gezek bärik gelende, ol kyn görmän, dostunyň —meniň halymdan habar almaga ýanyma çykar. 2. Çak edişim ýaly-da boldy. Ol adamlar bärik geçdiler. Aşakda —jaryň ýapgydynda ot ýakyp, nahar atardylar. Şeýtmeseler, ýalazy ýerde şemal güýçli. Ýakan otlaryny uçuryp äkidip, ýangyn döretmegi mümkin. Olaryň ýanlaryndaky ýetginjek bolsa töwerekden gury odun çöpläp berensoň, elini boşatdym edip, meniň ýatan depäme dyrmaşyp ugrady. Ine, ol teýahyry bärik çykdy. «Berekella, erjel ekeniň. Ýaltanyp, ýarpy ýoldan yzyňa gaýtmadyň. Biraz ýadansyň. Aýby ýok. Seniň ýaşyňda ýadawlyk tiz aýrylgyç bolýar». Meni synlaýaňmy? Hawa, synla. Birhili gödeňsiräkdigime seretmezden, ýylmanak daşdyryn. Bu wagtyň törpüsiniň işi. Hernäçe bek hem bolsam, ol irniksizlik bilen törpüläp, meni ýylmady. Onuň men deýin läheň daşy hem irde-giçde ýumruk ýaly çagla öwürmegi mümkin. Oňa tap getirip bilýän ýok. Ol kuwwatly. Belki, bu gurluşyň ýeke-täk beýikligi hem şondadyr. Wagta erkiňiň ýetmeýänligindedir. Onuň seni ýoga çykaryp bilýänligindedir. Munuň hemme üçin deňligindedir. Men muňa kaýyl. Entek wagt meni bir gysym çägejige öwrüp, ýele tozadyp goýberýänçä, gör, näçe asyrlar geçer. Meniň bu gürrüňlerime geňirgenme. Daşlar pelsepeçil bolguç. Sen entek beýle pähime düşünibem barýan dälsiň. Sebäbi sen—ýaş. Ýaşkaň ömür hakda, ony wagtyň sarygarynja kibi bilniksiz kertýändigi hakda pikirem etmeýäň. Sen meni göterip görmekçi bolýarmyň? Beýläme öwürmekçimi? Şeýtseň, meniň üçinem kem bolmazdy. Bir böwrüme ýatmakdan ýadadym. Ýöne agyrdyryn. Güýjüň ýetermikä? Gelejekde önüp-ösmelisiň. Meni göterjek bolup, birden biliňi syndyraýma. Tüweleme, seniň zordugyňy. Beýläme düňderäýdiň. Saklan! Bu nä boluş? Sen meni ýene-de düňdermekçi bolýarmyň? Besdir! Beýtmek howply ahyryn. Deňagramlylygymy saklap bilmän, meniň aşak togarlanmagym mümkin. Häý, oňarmady... Işim gaýtdy... Aşaklygyna garşy togarlanyp ugradym... Eden işiniň telekdigine düşünmän, meniň barha batlanyp barşyma, ol bolsa hezil edip gülýär. Akmak diýsänim, aşakda adamlar bar ahyryn. Nirdenem bärik gelip, meniň ýatan depäme mündüň? Ýeri, münüpsiňem, taň edipsiň, meni beýläme düňdermek nämäňe gerekdi. Onda-da, ikinji gezek. Ynha, indi men bir okgunly barýan ajal. —He-e-eý, sowluň ýolumdan! Sowluň! Ýogsam meniň sizi öldürmegim, ýa–da bir ýeriňizi döwüp, maýyp etmegim mümkin! Badym barha gatalýar. Belki, ugrumy üýtgetmek başardar. Biraz sowa geçsem, adamlara zat bolmaz. Aý, ýok, bu agyr göwräm bilen togarlanyp barşyma, ugrumy üýtgetmek hem maňa eýgertjek däl. —He-e-eý, sowluň ýolumda-a-an! Adamlar arkaýyn otyrlar. Meniň bärden atylyp barýandygymdan habarlary ýok. Belki, oglanyň özi gygyryp duýdurar. Ol näme üçin dymýarka? Entegem bir pille. Eden işine gorkup, dili tutulaýdymyka? —He-e-eý, sowluň ýolumda-a-aa-an! Eşidenoklar-da. Ýa bolmasa, men şeýle ýuwaş gygyrýarmykam? Aý, indi «Näme bolsa, şol bolsun» diýäýmesem, çykalga galmady öýdýän... Men olaryň edil alkymjygyna ýetdim. Özem, badym şeýlebir güýçlendi welin, togarlanmakdan ýaňa, hut başym aýlanyp, gözüm garaňkyrap barýar... Dört bolşup otyrlar. Ortada saçak. Gapdalda gazan. Aşagynda ot ýanyp dur. Diýmek, nahar entek bişmedik bolarly... Ine, öňümde ýarym göwresi guma çümüp ýatan bir kiçeňräk daş bar. Belki, şol maňa ugrumy birazajyk hem bolsa üýtgetmäge kömek eder. «Jark!». —Eý, şepe, bagyşla-a-aa. Ugrum üýtgedimikä? Ýa-da öňki barşymmyka? Ynha, soňky pursat... «Jark!». Bäh, indi bu «jarkyldy» näme? Gazany döwüp geçdim öýdýän. Wäg-eý, bişdim. Jähennem. Adam öldürip, ganhor bolmadyk bolsam bolýar... Henizem togarlanyp barýan... Ana, adamlar ol oglana sögünýärler. Ol—ýaş. Telek işine düşüner... Badym barha gatalýar. Jaryň düýbüne düşülýän ýer has-da ýapgytdyr... Aşakda läheň-läheň daşlar ýatandyr. Şolara baryp urulsam, dyr–pytrak bolsam gerek. Onsoň, men ýok... Belki, daşsyz ýere düşüp, jaryň palçygyna çümerin... Ýok, palçyga gömlüp, jaryň düýbünde ýaşanymdan, ölenim ýagşy. «Jark!». —Ba-gyş-la-aň ş-e-e-epe-l-e-e-r... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |