13:33 Daşary ýurtda garyndaşyñ barmy? / hekaýa | |
Daşary ýurtda garyndaşyň barmy?
Hekaýalar
«Goňşy oba Owganystandan bir adam gelenmişin» gürrüňi ýaýraly bäri, atamyň ynjalygy bozlupdy. Ol öňküsi ýaly parahat oturyp-turanokdy. Çaýyny hem arkaýyn içenokdy. Birhili içini hümledip, baglaryň arasyna aýlanyp, mal-garalara ser salyp, ýene öýe girip, biziň bilen bir-iki agyz ondan-mundan gürrüň eden bolup, köňlüne basalyk tapman daş çykýardy. Enem oňa: —Beýdip, zowzuldap ýörmän, hanha, goňşy oba gidip geläýseň bolanokmy? Belki, aga-inileriňden dogaýy salam getirendir –diýse: —Häý, kempir, düşüneňok-da... –diýip, köp manyly gürläp, başyny ýaýkaýardy. Atamyň özi aýtmasa-da, enem bize onuň ýedi sany doganynyň bolandygyny, gaçha–gaçlyk ýyllary serhetden aňryk aşmaga baranlarynda serhetçilere gabat gelendiklerini, atyşyk bolup, atamyň bäri ýüzde galandygyny, olaryň bolsa, serhetden aşany ýa-da ýogalany näbellidigi barada gürrüň beripdi. Atam şondan yzyna —oba gelip, kolhoza giripdir. Öz döwrüniň öňdebaryjy adamsy hökmünde basmaçylara garşy göreşipdir. Partiýa agzasy bolupdyr. Jogapkärli işlerde işläpdir. Ýöne oňa ýokary wezipe ynanmakçy bolanlarynda, döwlet howpsuzlygy komitetiniň etrap bölümine çagyryp, daşary ýurtda dogan-garyndaşynyň bardygy-ýokdugy barada juda dykgat bilen sorapdyrlar. Ol, ahyrsoňy, anyk bilmese-de, ýalan sözlemeli bolupdyr. «Serhetden aşjak wagtymyz, atyşyk bolup, ähli doganlarym gözümiň alnynda ýogaldy. Bir men aman galdym» diýipdir. Ondan bu aýdanlaryny ýazdyryp, gol çekdirip alypdyrlar. Diňe şondan soň, ýokary wezipe beripdirler. Ýöne, barybir, Beýik Watançylyk urşuna welin, «Meni hem iberiň» diýip, hernäçe dyzasa-da: «Seniň aňryň gär-güm. Daşary ýurtda garyndaşlaryň bolmagy mümkin» diýip goýbermändirler. Ol uruş ýyllary oba şurasyna ýolbaşçylyk edipdir. Uruşdan gaçgak bolanlary yzarlap tutup, hökümede tabşyrypdyr. Orden-medallary hem bar. Emma terjimehaly bilen baglanyşykly resminamalaryň «Daşary ýurtda dogan–garyndaşyň barmy?» diýlip, soralýan ýerine, elmydama «Ýok» diýip, ýazýandygyna seretmezden, hiç haçan ony ýurduň daşyna iş sapary bilen ýa-da syýahata goýbermändirler. Atamyň bu syryny bütin maşgalamyz bolup ýüregimizde göterip ýördük. Enemiň bize muny gürrüň berendigini bilensoň, atam, käte-käte bu wakanyň üstüni ýetirip, eger doganlary häzir diri bolsalar, näçe ýaşdadyklaryny biziň bilen hasaplap, olary birin-birin ýat edip ugrady. Ýöne başgalaryň ýanynda welin, dilimize bek bolmagy, şu babatda sorasalar, «Ählisi serhetden geçjekkäler bolan atyşykda ýogalypdyrlar» diýmegi tabşyrýardy Enem oňa: —Indi sen hormatly dynç alyşda. «Işden aýrarlar» öýdüp gorkaryň ýaly wezipäň ýok. Näme beýle basga galýaň? Onsoňam, ol wakalardan bäri nijeme ýyllar geçip gidipdir. Häzir hiç kimiň ýadyna-da düşýän däldir –diýse, atam: —Sen bileňok. Olar hiç bir zady unutmaýarlar. Maňa zelel etmeselerem, agtyk-çowluklarymyň aýagyna badak atmaklary mümkin –diýýärdi. Ine, Owganystandan bärik bir adamyň görme-görşe gelendigi, onuň ýanyna göçhä-göçlükde giden garyndaşlary hakda bilmäge barýandyklary barada gürrüň çykansoň, atamyň ynjalygynyň gaçmasy şonuň üçindi. Ol ahyrsoňy enemiň pikirini makul gördi: —Dogrudanam, men nämä beýdip zowzuldap ýörün? Şol bir wagt çagyryp, ýüregime dowul salandyklary üçinmi? Kim keýpine dogduk ilini terk edip, özge ýurda göçer? Hiç kim. Diýmek, adamlarda günä ýok. Günä döwürde. Günä parahat oturan halkyň başyna salnan düşnüksizlikde. Şunça ýyl «Doganlarym dirimikä?» diýip, içimi «hümledip» gezip, indem olar barada bir zat bilmäge mümkinçilik dörände, ýaýdanyp durşum gülkünç –diýip, atam ýola düşdi. Ol giçlik, öňküsinden-de ýüzi salyk dolandy: —Biziňkiler barada ol owganly türkmen hiç bir suwytly zat bilmeýär ekeni. «Şonda serhetden aşanlaryň köpüsi ýerli dikmeler bilen oňşup bilmän, soňundan Päkistana, beýleki ýurtlara gidipdirler. Belki, siziňkiler şolaryň arasyndadyr» diýdi. Belki-de, meniň «Olar araçäkde ýogaldylar» diýenim çyndyr... Hemra ŞIROW | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||