22:47 Daýymyñ gyzy / hekaýa | |
DAÝYMYÑ GYZY
Hekaýalar
Şonda siziň derýaýaka jeňňellikde ýerleşýän çaklaňja obaňyz bardy. Asla, oňa oba diýip hem aýdyp boljak däldi. Her hojalygyň biri-birinden ep-esli uzaklykda ýerleşýän öýi boýy ýetik hyşadyr toraňňylaryň arasynda görnenokdam. Diwaryna örme gamyş çykalyp, üstünden suwag edilen jaýlaryňyz daryşgan hem bolsa, ýaşamak üçin amatlydy. Tomus gijeleri olaryň üstüne çykyp, daýzamyň gurup beren peşehanasynda ýatmagy halardyk. Şonda siziň golaýyňyzdan akyp geçýän derýanyň gulagyma siňen üznüksiz şaggyldy sesi, her hili mör-möjekleriň jyrryldysy, gündiziň tüp yssysynda gyzan jeňňel otlarynyň, agaçlaryň agşam salkyny aralaşmagy bilen töwerege ýaýradýan garym-gatym ysy, şagallaryň käte ýakynjakda, käte bolsa alys bir ýerlerde uwlaşýan sesleri, Goňurjanyň haýbatly lowhuldysy, daýymyň haçjadan asyp goýan panus çyrasynyň uç-gyraksyz jeňňel gijeliginiň birazajyk bölegini ýagtylandyrmaga zordan erki ýetýän öçügsije yşygyna gelýän kebelekleriňdir çekirtgeleriň gaýda-gaýmalaşygy, agyldaky goýun-geçileriň käte bir mäleşmesi –bu zatlar meniň hiç haçan ýadymdan çykmasa gerek. Şonda eliňi uzatsaň ýetäýjek ýaly bolup görünýän balkyldaşyp duran ap-ak ýyldyzlar, içi gatykly tabaga çalym edýän tes-tegelek hem nurana Aý, daňdan bolsa derýanyň aňyrsynda, alys bir ýerlerde ýaňy gyzaryp, onsoň kem-kemden arşa galkyp barýan, özem şöhlesi barha ýitelip, gyzgyny artyp tamyň üstünde uzak ýatmaga maý bermeýän Gün –bularyň barysy, göwnümize bolmasa, diňe biz üçin ýaradylan ýalydy. Şonda ir säherler, daýym sürini agyldan çykarmanka, daýzam geçi sagardy. Men oňa sagýan geçisi tasanjyrap süýt gabyny dökmez ýaly, şahyndan mäkäm tutup durup kömekleşerdim. Sen bolsa enesini emmekçi bolup dyzaýan owlagy saklardyň. Geçini sagyp bolansoň, daýzam onuň süýdüni hasadan süzüp, herimize bir käse içirerdi. Munuň sagatlyk üçin haýyrlydygyny aýdardy. Biz ilkibaşda çig süýdi içmegi halamandyk. Daýzam şonda geçisini emip daýaw hem edermen bolup ýetişen Geçemen baradaky ertekini aýdyp beripdi. Şonda daýym mallary agyldan çykaryp, Goňurja ynanardy. Eger-de ol jabjynyp üýrüberse, habar tutmagymyzyň gerekdigini, ýogsam süriniň öz maýdalyna otlap, başyny çarajakdygyny aýdyp, çaýyny içip, gozakly motoryny pyt-pytladyp dessine işe giderdi. Ol buýan köküni ýygnaýan birleşigiň on-on iki adamlyk toparynyň ýolbaşçysydy. Şonda biz hem daýzamyň ojakda gyzdyryp beren çöregini, üstüne çaý guýnup bir çümmüjek duz atynyp gowurmadan edinen çopan çorbamyz bilen iýemizsoň, gyşotulyk buýan ýatyrmaga ýa-da odun ýygmaga giderdik. Odun boldy. Toraňňydyr ýylgynlaryň guran şahalaryny döwüşdirip, dessine iki-üç güne ýeterlik ýygnap, eşegarabaly alyp gelerdik. Onsoň, daýzam bizi öz günümize goýardy. Şonda daýymyň eken dümesine gidip görmegi gowy görerdik. Ol siziň öýüňize golaýjak bir ýerde –derýanyň ýakasyndady. Daýym, esasan, gawun ekerdi. Garpyz ekmegi halamazdy. «Azabyňa degenok, garpyz iýeniňden, guýudan çekip bir kürüşge sowujak suw içeniň gowy» diýerdi. Guýyňyzyň suwunyň süýjüdigi üçin aýdýarmy ýa-da başga sebäbe görä, düşünmezdim. Şonda daýymyň ekýän her pisint gawunlarynyň ir bişýänleri-de, gyş üçin goýulýan gülabydyr garrygyz diýilýän görnüşleri-de bardy. Köpüsi bir tapgyr ýetişýän gawunlardy. Ine, şolary dilip kak sererdiňiz. Şol döwürde siziňkide bolmagy has-da halardym. Ilki bilen uzyn-uzyn gamyşlardan orup, daşyny ardyp tämizlärdik. Onsoň, birnäçe ýerinden ýüp goýberip örüp, daýzam olardan üstünde kak sermek üçin «düşekçe» ýasardy. Ine, şol ýörite düşekçäniň üstüne ýitije pyçak bilen usully dilimläp kak sererdik. Üstüni bolsa, mör-möjek gonmaz ýaly, tämizje hasa bilen örtüp, ýel açmazlygy üçin gyralaryny berkiderdik. Serlen dilimleri her gün bir-iki gezek eýläk-beýläk öwrerdik. Olar Günüň ýiti gyzgynyna myllaryp, sargylt öwüşgin alyp iýeniňde hezil etdirýän hoşboý ysly kaka öwrülerdi. Her ikisini-üçüsini bile burup, gyş üçin saklamaga taýynlardyk. Onsoň, gyşa garaşyp ýörmän, islendik wagtam iýesiň gelse, alyp iýibermelidi. Indiki hasyla çenli arkaýyn ýeterdi. «Bu siziň paýyňyz» diýip, daýzam ondan öýümize gaýdanymda ep-esli beribem goýbärdi. Şonda daýym düme gawunyň arasyna mazy hem ekerdi. Çaga pökgüsi ýaly togalajyk, özem täsin reňkli keşdeler bilen zynç bezelgi, eliňden goýasyň gelmeýän hoşboý ysly mazylary daýzam «Howasyny tämizlär, öýüňizde goýuň!» diýip, ejeme-de, beýleki gatnaşýan ýerlerine-de berişdirerdi. Şonda guýyňyzyň başyna bolsa, daýym her ýyl ürç edip suwkädi ekerdi. Olar tomsuň yssy günleri, üstüne örme gamyş atylan tälere dyrmaşyp, gözüň hezil edinýän gözellik dörederdi, kölegäniň goýry bolmagyna haýry degerdi. Suwy guýudan çekip, düýbüne iki-üç bedre döksek oňardy. Birkemsiz bişensoň, agzyny ýarpylaýyn kesip, tutawaç dakyp, daýym ol goçak-goçak suwkädilerden gawun tohumyny, hojalykda zerur ownuk-uşak zatlary saklamak üçin birgeňsi gaplary bejärdi. Derýadan balyk tutmak üçin gijesine gurup gaýdýan çeňňekleriniň ýüpüne dakardy. Biz bolsa olaryň bäş-alty sanysyny tora salyp, arna suwa düşmäge gidenimizde äkidip, üstüne münüp oýnardyk. Şonda suwkädiler entek gökkä, biýarasynda sallanyşyp durka, olaryň ýüzüne çöpjagaz bilen çyzyp keşde çekerdik, haýsydyr bir suratlary çyrşardyk, atlarymyzy ýazardyk. Olar biziň bu hokgamyza tap getirip, sagdyn ulalardy. Güýzüň aýaklaryna saralyşyp bişende, şol keşdedir suratlarymyz, adymyzyň ýazgylary suwkädiniň gabygyna syrç bolup juda owadan görnerdi. Bu tär entek hiç bir ýerde ýokdur, ony özümiz taslandyrys öýderdik. Şonda tomsuň tüp yssy günleri kök ýygymy başlanardy. Biz hem janymyza dözüp işlärdik. Juda ýadardyk. Ýöne bu lezzetli ýadawlykdy. Daýym her gün irden haýsy atyza barmalydygymyzy aýdyp giderdi. Täze sürülen ýerden köküň süýjümtik ysy kükäp duran howa ýüzümize urardy. Aýaklarymyz küpürsäp duran guma çümerdi. Üst-başymyza, ýüz-gözümize hem buýanyň şiresi gatyşan çaň siňerdi. Ep-esli işläp, gujak-gujak kök ýygamyzsoň, boýy ýetik ýylgynyň ýa-da toraňňynyň saýasynda oturyp, çöplemä gaýnadynan çaýymyz bilen ýanymyza alyp baran günortanlygymyzy edinerdik. Çaý-çörekden soň sen içi dürli-dümen ýüpekli düwünçegiňi çözüp, keşdä imrinerdiň. Men bolsa bişendigi gyzaryp görünýän golaý-goltumdaky jigdelerden ýygmaga giderdim. Şorjumak tagamly, igdä görä ownuklaç jigdeden jübülerimi dolduryp gelip, saňa hezzet ederdim. Bir gezek jigde ýygmaga gidenimde, sülgüniň höwürtgesiniň üstünden barypdym. Şol ýere eltip, ony saňa hem görkezipdim. Ol bizden gorkup, geň-enaýy reňkli ganatlaryny pasyrdadyp uçup gidipdi. Onuň höwürtgesinde üç sany ýumurtga bardy. Sen gözegçisiz galan ýumurtgalaryň gaýgysyny edip «Sülgün yzyna dolanarmyka? Men onuň höwürtgesine gelenini görmesem, ynjalmaryn» diýipdiň. Agşam kök ýygmak işimizi aýaklap, sülgüniň yzyna gelen-gelmänini görmäge gidipdik. Ol täsin käkilli başyny dik tutup, töweregine howatyrly keýerjekläp, höwürtgesinde otyrdy. Ýaşyp barýan Günüň soňky şuglalary düşüp, onuň ganatlary birgeňsi öwüşgin atýardy. Ol diýseň owadandy. Şonuň üçinem biz ony «şa sülgün» diýip atlandyrypdyk. Şondan soň her gezek jeňňele kök ýygmaga gidenimizde, «Ýör, şa sülgünimizi görüp gaýdaly!» diýerdiň. Günortan çaýdan soň, onuň höwürtgesi ýerleşýän hyşalyga giderdik. Ony öz sülgünimiz hasaplardyk. Ýumurtgasyny garga ogurlatman, jüýje çykarmagyny islärdik. Şonda biziň üçin bar zat gyzykly hem gülala-güllükdi. Ýöne soň gussaly waka boldy. Jeňňeldäki ýekegapanlary üstüne getirip awlamak üçin kimdir biri hyşalygy otlady. Bu bize agyr degdi. Şonda sen aglapdyň. «Men indi bagtly bolmaryn...» diýipdiň. «Näme üçin?» diýsem: «Şa sülgünimiz sag-salamat jüýje çykarsa, meniň bagtly boljagym» diýip, içimden şert edipdim» diýipdiň. Men: «Goýsana, daýymyň gyzy, seniň bagtly boljak-bolmajagyň haýsydyr bir sülgüniň täleýine bagly däldir ahyryn!» diýipdim. Sen: «Belki-de baglydyr...» diýipdiň. Şonda biziň nurana dünýämize gussa getiren bu ahwaly wagtal-wagtal ýatlaýardyň. Beýle iş gozakly traktor sürýän Gurban garadan çykandyr öýdýärdim. Muny saňa hem aýdypdym. Aradan biraz wagt geçensoň, jeňňeliň beýleki bir ýerinde jigde ýygyp ýörkäm, men ýene-de sülgüne gabat gelipdim. Bu şol öňkä—biziň şa sülgünimize meňzeşdi. Onuň hem höwürtgesinde üç sany ýumurtga bardy. Seni eltip görkezenimde: «Bu başga sülgündir» diýipdiň. Men: «Şoldur» diýipdim. Biz jedelleşipdik. Sen meniň bolşuma gatyrganypdyň. Şonda öýlän, Günüň bady biraz gaýdyşansoň, biz ýene-de kök ýygmaga başlardyk. Howa yssydygy üçin derimiz köýnegimize çykardy. Barybir, ýadandygymyzy birek-birege bildirmejek bolşup, ýyglan kökleri alyp gidýän yzy gozakly traktor gelýänçä haýdap işlärdik. Ony elmydama ýylgyryp duransoň, dişleridir gözüniň agy akjaryp görünýär diýmeseň, edil nilgäriň gara boýasyna batyrylyp çykarylan ýaly, hyşalygy şol otlandyr diýip çaklaýan ýigidim Gurban sürýärdi. Ol gelende, meni iň eziz zadymdan jyda düşürjek deýin howsalaly duýgy kalbymy gurşap alýardy. Sebäbi onuň seni göz astyndan assyrynja synlaýanyny aňýardym. Beýtmegini halamokdym. Basymrajyk gitmegini isleýärdim. Haýsydyr bir kemter taraplaryny agzap, ony saňa ýigrendirmekçi bolýardym. Jeňňeli şol otlandyr diýlen pikir hem mende, belki, şonuň üçin dörändir. Bu meniň seni ondan gabanýandygymyň alamaty bolsa gerek. Şonda biz ýygan köklerimizi giňiş gozaga üç bolup oklardyk. Öljümekdigi üçin olar agyrdy. Gurban seniň işlemegiňi islemezdi. Mylaýymja äheň bilen: «Göwher, sen ýadama, Myrat ikimiz ýükläris» diýerdi. Sen welin, onuň sözüne ähmiýet bermän, işlemegiňi dowam etdirerdiň. Onsoň, Gurban gara kökleri derýa ýakasyndaky giňiş meýdança, guradylyp, barja ýüklenilip welaýat merkezine iberilýän ýere alyp giderdi. Biz bolsa agşam salkyny aralaşmagy bilen mör-möjekler örüp, jyrryldaşyp başlan jeňňelligiň egrem-bugram ýodasyny alagaraňkylykda ýitirmezlige çalşyp, müň gepiň başyny agyrdyp, käte-de bilýänje aýdymlarymyzy ses goşup aýdyp, öýe gaýdardyk. Şonda sen ýüpekli düwünçegiňde göterýän mazyňy wagtal-wagtal ysgap: «Men hem şu mazynyňky ýaly nepis keşdeler edip bilermikäm?» diýýärdiň, «Elbetde, edersiň» diýýärdim. Seniň uzyndan ak barmaklaryň ot ýatyryp, odun ýygyp, kök çöpläp gödeňsileşýänini, eliň kä ýerinde sypjyryk yzlarynyň bardygyny, ýüzüň Güne gaýzygyp, garört bolanyny görüp gynanýardym. Seniň özüň bu zatlara ähmiýetem bermeýärdiň. Sebäbi sen jeňňel gyzydyň. Tebigat bilen ýüzbe-ýüzlüge, hojalygy dolamagyň kynçylykly şertlerine taýyndyň. Möjek ýa-da şagal sesini eşidip tisginip durmaýardyň. Gündiziň tüp yssysyna, jeňňel gijesiniň ýüregiňe gorky aralaşdyrýan tümlügine adaty bir ýagdaý diýip düşünýärdiň. Şonda sen 6-njy synpda okaýardyň, men bolsa 7-njide. Ýanyňyzda mekdep ýokdugy üçin kök hojalygynyň ýörite berkiden maşyny sizi goňşy oba gatnadýardy. Men mekdepden soň goşun gullugyna gitdim. Gullugy bitirip baranymda: «Seni göresim gelip tas ýüregim çat açypdy» diýipdiň. Sen indi ol öňki çepiksije Göwher däldiň. Iki ýylyň içinde görmegeý gyz bolup ýetişipsiň. Men gullukda döwrüm kökçüler üçin ýörite amatlyklary bar öýleri hem gurup beripdirler. Indi şonda ýaşaýardyňyz. Birbada başga işe ýerleşip bilmänimsoň, daýym meni ýanyna alypdy. Sen muňa juda begenipdiň. Şonda ilkinji aýlygyma öýden berlen puly hem goşup, örän ýyndam «Ýawa» diýilýän motory edinipdim. Daýymyň «Bizde ýaşap işläber» diýenine seretmezden, daş hem bolsa, işe öýümizden gatnaýardym. Munuň üçin ir turmaly bolýardym. Siziňkä iş arasynda barýardym. Sen näme üçin özüňiziňkide ýaşamaýanymy geňirgenýärdiň. Men welin, alys hem bolsa öýümizden gatnanymy dogry hasaplaýardym. Sebäbi indi biziň oglanlyk döwrümiz yzda galyp, başymyza ýaşlyk heseri urupdy. Onsoň hem, biziň obamyzdan Haknazardyr Maralyň gussaly täleýini-de men bilýärdim. Maňa ahyrsoňy başga iş tapmak başartdy. Guma gidip gaz känine buraw ussasynyň kömekçisi bolup ýerleşdim. Öýüňize barmamy has-da seýrekletdim. Ejemden meni ürç edip soraýanyňy, «Ýitip gitdi» diýip, til etseň-de almaýanymy, SMS-e jogap bermeýänimi aýdyp zeýrenýäniňi eşitdim. «Seniň näme üçin beýdýäniňe düşünemok?» diýip, ýekeje jümleden ybarat hat ýazyp iberipsiň. Şol hatyňa, ine, şu giňiş jogaby ýazmaly boldum. Bu asla jogap däl-de, biziň bigam çagalygymyz baradaky ýatlama bolup çykdy. Belki, men muny saňa ýollamarynam. Biziň ahwalymyzy wagtyň çözmegine goýaryn... Şonda men saňa Gurbany ýigrendirmek üçin yhlas ederdim. Indi şeýdenime ökünýän. Eşidişime görä, ol entegem öýlenmändir. Elbetde, seniň ýetişmegiňe garaşandyr. Onsoň, öýüňize sawçy ýollapdyr. Sen olara «Ýok» diýipsiň. Belki, «şa sülgünimiz» üçindir? Ýöne ol bimakul işi Gurbanyň etmändigini, jeňňeli otlanyň başga kişidigini bildim. Gurbanyň asla erbet adam däldigini indi, ynha, saňa tekrarlamakçy. Şonda bolan bir waka ýadyňdadyr. Daýym irden işe ugramakçy bolanda, bize: «Derýa joşýarmyş, siziň derýaýakadan ýatyran gyşotulyk buýanyňyzy suw basmagy mümkin. Eşegarabaly gidiň-de, dessine alyp gaýdyň!» diýipdi. Biz howul-hara ertirlik edinip, daýaw ak eşegiňizi araba goşup, jeňňele ugrapdyk. Arnanyň köprüsinden aýlanmagy alys görüp, wagt utmak niýeti bilen onuň ýalpak suwly ýerinden geçmekçi bolanymyzda, eşek batga batyp, ony çykarýançak görgi ýamanyny görüpdik. Üst-başymyzy garaläbik edip, arabanyň yzyndan ite-ite, teý-ahyry aňry ýüze geçipdik. Onsoň, ýadaw eşegi mümkingadar gaty haýdap, buýan ýatyran ýerimize barypdyk. Görsek, derýa şaglap-güwläp, ol ýeri eýýäm holtumyna dolap alypdyr. Lapykeç bolup yzymyza gaýdypdyk. Öýe barsak, daýzam agylyň gapdalyna düşürilgi buýany guratmak üçin, gujak-gujak edip serip ýör. Ol biziň üst-başymyzy görüp, derýa ýakasynda heläkçilige uçrap zordan aman galandyrys öýdüp allaniçigsi boldy. Ýöne arnada eşegi batga batyryp kösenenimizi eşidip köşeşdi. «Ynha, buýany Gurban gara getirip gitdi» diýip, biraz dem-dynç alyp, çaý-çörek edinip özümizi rastlamyzsoň kömekleşmegimizi sorady. Şonda men Gurbanyň abraýynyň artyp barýanyna gynanyp, «Ondan daýym haýyş edendir» diýipdim. Emma agşamlyk daýym işden gelende sorasam, «Özünden bilip getiripdir, sag bolsun!» diýip, haýyş etmändigini aýdypdy. Şonda siziň süriňiziň serkeri, şahlary diýseň epeý tekäňiz ýitende hem ony ertesi: «Şahy toraňňa ilişip galypdyr» diýip, Gurban tapyp getirip beripdi. Onuň diňe siz babatda däl, beýleki adamlara-da başaryp bilse ýagşylyk edýändigini eşitdim. Muny sen hem bilýänsiň. Ýöne nämeüçindir onuň sözüni almansyň. Maňa garaşýan bolsaň gerek. Dogrymy diýsem, Haknazardyr Maralyň uçran betbagtlygy meni aljyratdy. Olar hem ikimiz ýaly daýy-ýegen garyndaşdy. Toýdan soň birek-birege mähriban hem süýji ýaşaşýardylar. Ýöne ilkinji perzentleri kemis doglanda, durmuşlaryna gussa aralaşdy. Lukmanlar «Çagadaky näsazlyk garyndaşlar arasyndaky nikanyň netijesi bolaýmasa» diýipdirler. Elbetde, öz ýakyny bilen toý tutup, gül ýaly önüp-ösüp ýörenler bar. Ýöne şeýle-de bolsa... Şonuň üçin men saňa siziň çaklaňja obaňyzda, saýlap-seçerlik üýşüp ýatan ýigidiň ýok ýerinde «Gurban erbet oglan däl» diýmekçi. Elbetde, ýürege buýrup bolmaýar. Onuň maňzyňa batmaýan tarapy bar bolsa, onda men saňa «Nesibeliň duşar» diýmekçi. Biz ikimiziň garyndaşdygymyza görä, uzagyndan birek-biregiň çagalarymyza guwanyşyp, toýumyzy-aladamyzy arkalaşykly sowup, mähirli gatnaşarys. Kalbymyzda dörän, ýöne onuň çäkden çykmagyna ýol bermedik süýji duýgulary başdan geçirendigimiz bolsa ikimiziň pynhan syrymyz bolmagynda galar. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |