DILDÜWŞÜK / dokumental hekaýa
Agy-garany saýgaryp ugrandan çagalary urman, sökmän mylaýymlyk bilen terbiýeledik. Maşgalamyzda üç gerçek kemala geldi, ösdi ulaldy. Birmeňzeş terbiýe aldy. Terbiýe bir bolsa-da, üç häsiýet, üç arzuw, üç isleg emele geldi. Üçüsini birleşdirýän häsiýetlerem aýdaýyn. Çaksyz hakykatçylyk, dogruçyllyk, dözümsizlik, ynsanperwerlik. Çagalaryň biri giň, äwmezmek, ikinjisi çus, gallaw. Körpesi dogumly, hyjuwly, ilgezik.
Çagalar gözýetimi giňelip, dünýägaraýşy artdygyça, eliň aşagyndan çykyp, öz isleg-arzuwlarynyň yzyna düşüp başlaýan eken. Dagy näme? Olaryň özlerini gepletseň indi uly adamlar. Bir dananyň aýdyşy ýaly, megerem bu pursatlar öz perzendiň bilen dostlaşmaly pursatdyr. Ol pursat seresaplylygy elden berdigiň ara düşjek towdan taňrynyň özi saklasyn.
Merdanymyz ýedi ýaşyna ýetende doglan gününi belledik. Myhmançylyga çagalaryň deň-duşlaryndan başga-da olaryň edil özleri ýaly sada päk göwünli, diýseň ynsanperwer, çagalaryňam şeýle eý görýän terbiýeçisi Aleksandra Iliniçna-da çagyrylypdy. Ol çagalarymyzyňam, özümiziňem ýakyn dostumyz.
Aleksandra daýza uzakdan görnenden ala-gykylyk etdi:
— Çagalar, kömege ýetiň, kömege! Beýle ýüki siziň Pilmahmydyňyzam göterip bilen däldir.
Aleksandra daýzanyň elinde ullakan kagyz guty. Allowarrada ýegşerilip göterip bilmedikden bolup aldygyna derini süpürýär, çagalar gülüşýärler. Bulary siz ýöne goýaýyň. Iň körpesem daýzalarynyň ýüküniň agyr däldigini duýup, jykyr-jykyr gülýär. Bolsa-da, Aleksandra daýza kömege ýetildi. Howlynyň gapysynda „Agyr ýüki” elinden alyndy. Ony üç „degenek” göterip gapa getirdi. Ol läheň gutudan näme çykarka? Ony görmän kim saçagyň başyna geçjek. Aleksandra daýza-da agyr göwresini oturgyja goýberipdir. Bir garasak goňşymyzyň ýaňy aýak biten ogly karopkany süýräp gelýär takyrdadyp. Çagalaryň gülküsi howlymyzy göçüräýdimikän öýdüpdirin. Dagy näme? Sowgat getirildimi, ony görmeli bolar-da. „Ýük” Aleksandra daýzanyň gaşyna eltildi. Ol sowgada ýapyşandan çagalar onuň daşyny gallap aldy. Diňe Merdan utanjyrap gapynyň agzyndan bulara tomaşa edip dur.
— „Şakalat” – diýip „hazynanyň” agzy açylandan çagalaryň biri gygyrdy. Süýji paýlandy, diňe bir şert bilen nahardan soň iýmeli.
— Merdan – diýip, Aleksandra daýza oňa ýüzlendi.
— Hany gel, ýanyma, senem sowgatjygyňy al!
Aleksandra daýza naşyja sowgady ýokaryk galdyrdy. Ol kinniwanja samolýotyň şekili.
Merdan çagalykdan aýy-güni, ýyldyzlary synlamagy halaýar. Hatda olara janly zat hökmünde garap gürleşýärem. Şol gün welin, Aleksandra daýza Merdan üçin ýokardan aýy düşürip berene döndi. Gözleri uçganaklap, ýyljyraklap ol modeljigi görene, görmediklere aýlap görkezip çykdy. Çaga-da, öz halan zadyny beýlekilerem halamalydyr oý edýär.
„Uçarjyk” agşam Merdanyň ýassygyna deňje şäriklik etdi. Ertesi ol otaglaryň içinde alagykylyk edip „uçandan” soň, ahyr myhman jaýymyzyň iň görnükli ýerinde gondy. Soňabaka äpet şifonerimiziň üsti dürli-dürli „uçarlary” kabul edýän hem „uçurýan” „aeromenzile” öwrüldi. „Uçarlaryň” täze-täze görnüşleriniň peýda bolup hem köpelip başlamagy bilen bir „aeromenzil” darlyk etdi. Edil sanlyja wagtyň içinde „uçarlar” otaglarymyzyň iň görnükli ýerlerini: telewizoryň, bufetiň, kitap tekjämiziň, üstüni soragsyz hem arkaýyn eýeledi. Beýleki zatlaryň hemmesini hatda gereklilerini-de gysyp çykardy. Soň Merdanyň özi mekdepden haýsydyr bir şähere sport ýaryşyna gitse, esasy ýüki uçaryň modeli boldy. Doganlary, dostlary hem diňe şony sowgat getirdiler.
Bir gün işden gelsek Merdan diwanyň üstünde gözünden buýur-buýur goýberip otyr. Jigisem gapdalyna geçipdir-de, olam agyr ýüküň astynda galan ýaly, ýüzüni asyp, diýseň gamgyn otyr. Ikimizem allaniçiksi bolduk.
Merdan özünden kiçilere has rehimli. Ululara-da degip ýörenok. Onda-da çaga-da, biri ynjydandyr oý etdik. Eýlesine-beýlesine geçip, hoşamaýlyk edip kakasy ony köşeşdirmek isledi. Sorag baryny ýagdyrdy. Lamjim, şol gözünden döküp otyr. Ahyr kiçisini gyssadyk.
— Beýdi uçaryň tigýini gopaýyp gitdi.
Ikimizem uludan bir dem alyp biri-birimiziň ýüzümize seredipdiris.
— Aý, sen-ä utanaňogam, ýigit çykyp bir bolgusyz oýnawajyň agysyny aglap otyrsyň. Gopsa-gopupdyr-da bir tigir, dünýä gapyşaýypmyşmy onsoň. Ýa azlyk edýärmi olar öýde.
Merdan kakasynyň sözüni ýokuş gördümi, uludan demini aldy-da, sesini-üýnüni çykarman turup gitdi. Men welin dek düýn bolan wakany ýatlap gynandym. Berdi ýene bir öýde hars kakýandyr, biljek däl, özüm welin, düýn günortan ejesiniň yzyna düşüp girenden ýaýdandym. Bir edenim gazda çaý oturdym. Ylgaşlap gelsem, Berdi eýýäm sen-men ýok şifonere dyrmaşypdyr. „Aeromenzile” abanan howp hele-müçük däl. Ýapyşdym menem aýagyndan, boldy bir goh. Berdi şifoneri özi bilen alyp gaýdandyr öýdüp zähräm ýaryldy. Ýüzüm pers-ala. Şol penjeleriň modelleri-de näwagt pyzyp ýetişenine haýran galýaryn. Gykylyklap çabalanýan ogluny idirdikledip gapydan çykyp barşyna goňşym kineli hüňürdedi:
— Oýnawaçdyr-da, hazanlar oýnalany bilen zeri gaçýarmyşmy? Dagy bolmanda ýok ediň-dä, sergide goýan ýaly edip hatarlamaňyz näme? Çaganyň göwnüni ýykmany hiç zatça-da bileňzok.
Dünýäde iň eziz zat çaga, olar ynjap bir zada gynansa ynjalygyň bolýarmy? Ýeser ýeri ýeke tigirli naşyja modeljik Merdan üçin eldegrilmesiz baýlyk eken-ä. Ol öý „aeromenzilimize” gonan ilkinji „uçar”. Aleksandra daýzanyň sowgady ekeni.
Merdan şol gün agşam hiç zat iýmän-içmän öýkeläp ýatdy. Uklandan soň elinden uçaryň modelini alyp, doganlarynyň kömegi bilen tigir ýelmäp ýene ýokarda öňki ýerinde hiç zat bolmadyk ýaly edip goýduk.
Bir „uçaryň” hatardan çykmagy „uçarmanyň” gussaly, ýagdaýy onuň doganlaryny diýseň gynandyrypdyr. Ertesi täze sowgadyň hasabyna ýene iki sany şekil artdy. Şondan soň diňe ulular tarapyndan däl, Merdanyň modelleri kiçiler tarapyndanam aýawly saklandy. Ýöne öýümize çagaly myhman gelende welin, ýagdaýymyz has kynlaşdy. Her çaga şol modelleriň oýnawaç däldigini düşündirmek hyllalla hem iş boldy.
Iki başyň dik, eziz balalaryňam daşyňy gallap dünýäniňem iň gözel ýerinde aýlanyp ýörmek, megerem bir ýerde bagt bolsa şoldur. Körpämiz Moskwada Gyzyl meýdanda begenjinden diriň-dirin bökýär. Birden-birdenem peýwagtyna gezip ýören süri-süri kepderilere aňalyp büdreýär. „Biýtjigini tutup bolaýsady”.
— Hä mynçgajak diýsene – diýip, agasy onuň öňünden çykýar.
— Mynçgaýynmy? Sypap göýjek men-ä.
Kepderileri tutmaly däldigini bizsizem agalary körpämize düşündirdi.
Moskwada bolup Halk hojalygynyň sergisini görmän gaýdýan barmy näme? Serginiň magallaklap duran äpet derwezesinden keýplije girdik. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän gözellik älemi, şol bada bizi täsinlikler dünýäsiniň gujagyna oklady. Çagalaryň islegi hemişe olaryň özlerinden öňe düşýär. Göwnümiz göterilip bihuş ýaly bolşup barşymyza ädimimiz haýallapdyr. Bir seretsek, çagalaryň sesi allowarradan gelýär. Zordan yzlaryndan ýetdik. Seretsek, aralarynda Merdan ýok.
— Hany Merdan?
Biziň soragymyza iki dogan eginlerini gysdylar-da, biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Olar Merdan biz bilen galandyr öýdüpdirler. Siz soramaň, men aýtmaýyn, Merdany ýitirip sergezdan bolduk. Biz çagalardan, çagalar bizden beter hasylaşyp girmedik deşigimiz, barmadyk gapymyz galmady. Şol alakjap ýörşümize biri-birimizi-de ýitirdik. Lap edip aýdamok bütin sergini aýaga galdyrdyk. Kimdir biri aglap duran gyzjagazy idirdikledip getirip „siziňkimi” diýýär. Ýene biri gykylygyna bakman, gyrgyz oglanjygyny tapyp geldi. Görüp otursak, oglanjyk azaşan eken. Ile minnetdar körpämizi tapyp getirdiler. Merdan welin gürüm-jürüm. Soňabaka gorkudan hem kejikmekden ýaňa ýadawlygymyzam üstesine goşsaň, aýagymyz göwrämizi götermän başlady. Çökdük skameýkalaryň birine. Ýüregimiz gürsüldäp agzymyzdan çykyp barýar. Gün öýleden agdy. Otyrys otludan galan ýolagçy ýaly bolşup. Birden körpämiz böküp turdy-da, şatlygyndan gygyrdy:
— Hanha, Meýdan.
Barymyz gop berlen ýaly galaýypdyrys.
Merdan bize tarap batly-batly ädimläp gelýär. Keýpem kök. Hut göreşde ýeňen pälwan ýaly bolup ýyljyraklap gelýär. Ol ellerini salgap nämedir bir gyzykly zady gürrüň bermekçi boldy. Ýüz keşbimizden rejäniň geň däldigini aňdy-da, şol bada dymdy. Garşymyza gelip sessiz-üýnsüz ýaýdanjyrap durdy. Soň hiç kimden ses çykmasa-da, gözlenenini duýup, gözjagazlaryny ýazykly gyrpyldadyp, başyny aşak saldy.
— Nirede bolduň?
Kakasynyň batly sesine ol tisgindi-de eşidiler – eşidilmez jogap gaýtardy:
— Kosmosyň pawilonynda.
Biz uludan dem alyp biri – birimiziň ýüzümize seretdik-de, kelam agyz söz aýtman, çykalga tarap ýöredik.
— Hiç zat görüp bilmedik – diýip, ulujamyz Myrat närazy dillendi.
— Merdany goýar-da täzeden gaýdaýarys – diýdim.
— Men-ä galmaryn.
— Galarsyň – diýip, agasy ony gepletmedi.
Moskwadan gaýdanymyzda Merdanyň ýüki halys degnamyza degdi. Ýükümiziň tas ýary dürli-dürli uçarlaryň modelleridi. Dogrusyny aýtsam gyryp Aşgabada atdyk. Şonda Myrat akwarium, körpämiz bir geň küýzäni göterip gaýtdy.
Onunjy klasda okap ýörkä Merdan ýekeje gezek paraşýutdan böküp görmäge rugsat sorady. Ör gökden geldim. Juda ýüregiň atyň kellesi ýaly bolaýmasa, haýsy ene razy bolar. Ol sesini çykarman ýüzjagazyny sallady-da, öwrülip ýalbarmady. Dogry-da, gatnajak bolsa başga kružok gytmyşmy? Jana howp salýan ýerlerden çagaň goralsa ýagşy. Bu meň öz düşünjäm. Çagalar biz ulularyň unamaýan zatlaryny etgiç däl. Biz olaryň höwes edýän zatlarynyň hemmesinde, eger olaryň geljegi üçin peýdalydyr oý etsek, erkinlik döredýäris. Badyny alyp duramzok. Näme üçindir. Merdan paraşýutly gürrüňi ýene gaýtalady. Bu gezek has berk aýtdy. Soň gaýtalamady. Biziňem ýadymyzdan çykdy gitdi. Kružoga welin, gün yrman gatnady; „Haýsy kružok?” Birinji gezek Merdan soragymyza gümürtik jogap gaýtardy. Birinji gezek ol ýalan sözledi. Bu ýagdaý bize örän ýokuş degdi. Sebäbi garaşmaýan häsiýetimiz ýüze çykdy. Ony gyssap her gezek „sud edenimizde” şol bir jogaby berdi. „Bökesim geldi, uçasym geldi. Siz goýbermediňiz”. Elbetde ol „etmişi” üçin soň ötünç sorady. Şonda-da jeza hökmünde Merdany okuwdan soň hiç ýerik goýbermedik. Bilip gizländikleri üçin doganjyklaryna-da käýedik. Seslerini çykarmasalaram, ýüzlerini sallaşyp, olaram bizi bimamla bilýärler.
Bujagaz „etmişleri” çagalaryň özbaşdaklygynyň diňe başlangyjy eken.
Bow, soň nämeler görmedik. Ilki bilen ulujamyz „göz görkezdi”. Biolog bolmakçymyş. Özünem şeýle bir çürt-kesik aýtdy welin ikimizem diýere söz tapman, lam-jim bolup oturyberipdiris. Kakasy Myratdan çaksyz hakykatçyl, il-günüň derdine ýarajak ýurist çykar öýdýärdi. Kanuny öz haýryna bozýan käbir goraýjylardan ol nadyldy. Bilmändiris, asyl ulymyzyň saýlany bilimleriň naýbaşy eken. Ony gürletseň bütin dünýä şol ylyma daýanyp duran eken. Ýogsam söýgetsiz galaýjak eken. Toba tagsyr, şonsuzam çaklaňja jaýymyzda at salşyp ýören dört aýaklylaryň şalygyna indi düşünip galdyk. Gör, nirelerden ýyglyp getirilen, ot-çöpleri-hä hasaba-da alamzok.
Maslahatlaryň, ýalbarmalaryň ýer tutmajagyny duýup durkaň, wagtyndajyk ylalaşan ýagşy. Ýogsam çagalar bilen araňa tow düşjegi ikuçly däl. Mergeniň-ä öz diýenliligi agalarynyň çakam däl. Burunjagazyny derledip eýýäm meýdandan bärik gelenok. Ber-başagaý asyl. Bolsun başagaý, ýöne şonsuzam agalarynyň hazynasyndan gysylan jaýymyzy kä ýarym badyna kakmasaň muzeýe öwürjek. Ýogsam bolmanda edil häzir mekdep okuwçysyna küýze döwüklerdir, ownukly-irili daşlaryň nämä zerurdygyna özümizem düşünmän, gapydan gelene hasabat berip agzymyz ýadady.
Zyýany ýok. Bolmanda Merdanymyz ata kesbini dowam etdirer. Şeýdip, öz-özümizi köşeşdirdik.
Merdanam orta mekdebi üçlüksiz tamamlady. Hünär saýlamakda oňa bada-bat kömege ýetdik. Kakalary taryhçy, taryhy öwüp şeýle bir arşa çykardy welin, aşak düşüp bilse indi. Diýýän sözlerine özi bir ynandymyka? Zerurlyk üçin ýerden aýagyňy üzseňem aýyby ýok, eger ol hiç kime zyýansyz bolsa, edebiýatçynyň hiç bir ylmy, hünäri onuň golaýyndan getirmejegi belli. Saýlan ugurlarymyzyň haýsyna gitse-de, Merdanyň alyp çykjagyny, ilhalar adam bolup ýetişjegine ynanýarys. Ýöne göwnümize Merdanyň küýi-pikiri başga ýerde ýaly. Biz bilen ylalaşjaga meňzemeýän ýaly. Wagtal-wagtal ol böwrüni diňleýär. Birden-birdenem öýden çykyp gidip, ýitirim bolýar.
Wagty bilen yzyna dolananok. Bir syr bolmaly. Ýene ol nämäni bizden gizleýärkä? Erkin ösmedimi Merdan, bu nämäniň alamaty. Perzendimem bolsa göwnüm galdy.
Bir gün agşam işden gelip, onuň bilen ikiçäk „Egri oturyp, dogry gürleşmegi” göwnüme düwdüm. Özünem çaý başynda, gös-göni esasy gürrüňden başladym.
— Sen bizden bir zady gizleýäň, ogul!
Merdan agzyna elten käsesinden bir owurtlady-da ony ýere goýdy, soň bir hili närazyrak äheň bilen ýüzüme seretdi-de: şol bada nazaryny sowdy. Birdenem pert-pert gepledi:
— Gizlemäge mejbur edýäňiz özüňiz, hemmämizi bir galypa salýaňyz. Beýtmäge hakyňyz ýokdur, çaga däl biz.
— Gönel, Merdan! Uly bol, kiçi bol, entek sizi çäklendiren ýerimiz ýokdur. Çäklendirmerisem. Ýöne size zerurlyk ýüze çykanda maslahat bermäge-de, ýola salmaga-da hakymyz bardyr. Sen bize akyl öwretjek bolma! – diýip, men ondan bir hili ynjap aýtdym.
— Gaharlanyp başlaýaň, eje, eýsem şol närazylygyň alamaty dälmi?
— Bolarsyň närazy, edýän işiňizi gizleseňiz.
— Gizlämok.
— Gizlemeseň aýt-da!
Men Merdanyň gös-göni garajygyna garadym. Ol aşak bakdy. Soň ýuwaşja gürledi:
— Gatyrganmasaň aýdaryn.
— Ejeň bilen çekeleşip başladyňmy?
Merdan uludan demini aldy.
— Garaşýan.
— Men awiasion uçilişä ekzamen tabşyrdym. Kabul etdiler.
— Hä!?
Depämden gaýnag suw guýlan ýaly bir erbet bolup, onuň ýüzüne garadym. Ýüzüm üýtgändir-dä. Merdanyň özem bir hili bolup ýerinden turmakçy boldy. Oturdym. Geplänimde sesim sandyrap çykdy:
— Şoňa-ha, gidenok, Merdan eşidýärmiň, iberjek däl. Sürjek bolsaň ýerden tigirlenýän zadam gyt däl, sürüber.
— Goýbermeseňiz, başga okuwa gitjek däl.
— Gitmeseň oturyber.
Şunuň bilen gürrüňimiz gutardy. Ikimizem iň soňkymyzy aýtdyk hasap etdik. Urşup aýrylyşan ýaly bolup stoluň başyndan galdyk.
Merdanyň kakasyny oglunyň habary ör-gökden getirmese-de, onuňam eşiden badyna keýpi gaçdy. Ogluny ýanyna çagyrdy. Erkeklerçe gürleşipdirler. Kakasy oňa harby uçar bolmagyň kyndygyny, agyrdygyny düşündiripdir. Kakasynyň gürrüňiniň netije bermändigini men ikisiniňem salyk ýüzünden aňdym. Soň Merdana iki bolup ýalbardyk, doganlarynam kömege çagyrdyk. Lapymyzy keç edip ulusy-ha bizi gepletmedem. Kiçisi näme, şolam jedirdäp gör, nirelerden çykdy. Merdan uçarman bolmasa, uçarlar uçman galjaga döndi. Janym ýanyp dur:
— Uçmasa uçman eken-dä – diýdim.
Ol şeýle bir haýran galyp ýüzüme seretdi:
— Eje, men seni beýle tanamok.
Sözi däl, körpämiziň şol keşbi soň-soňlaram gözümiň öňünden gitmedi.
Çagalar dana, biz akmak. Boldular biziň başymyza okumyş. Çagalaram urşup aýrylyşan ýaly ýüzlerini sallaşyp ýörler, bizem. Bu ýagdaý haçana çenli dowam ederkä? Ala-ýaz maşgalamyza ýürekgysgynç sustlyk aralaşdy. Ne ýatyp ukym tutýar, ne oturyp kararym ýetýär. Elim-aýagym, hemişe hemaýatçym Merdanym elimden gidip barýan ýaly – alyslara düşse ýyllap görjekmi men ony – näme edip, näme goýýanymy bilemok. Saňsara döndüm. Sähelçe salym uçara münsem bagyr-öýkenim agzymdan gelýär. Merdanym nädip çydar? Häzir ol ýaşlyk edýär, düşünenok. Kimiň öz perzendini göre-bile kyn ýola atarasy gelýär. Ýa eliniň aşagyndan çykarasy gelýär.
Merdan sözümizi ýykyp gidiberermikä? Gitmez, gider. Bu iki pikir meni halys burup ýykdy. Gitmese çagaň göwni ýykyljak, gitse biziň. Bir alyp galyp bilsek, Merdan soň bize alkyş okar. Öz-özümi köşeşdirýärin. Ýene ot alýan. Ýüzüňe gelmän ýören çagalaryň ýüzüňe gelse agyr düşýän eken.
— Men ertir uçmaly – diýip, Merdan agşam barymyz üýşüp otyrkak, hemişeki bolşy ýaly morta aýtdy. Kakasy ardyndy. Çagalaryň hemmesi meniň ýüzüme seretdi. Ýuwdan çöregim bokurdagyma tegek bolup, birhaýukdan soň özüme geldim. Bir seretsem çagalarymyň bary daşymda. Ýeňsäme kakýan haýsy, suw berýän haýsy. Men Merdanyň oturyp turşundan, aljyraňňylygyndan bir zat diýjek bolýandygyny aňyp otyrdym. Ýöne beýle netijä geläýer öýtmändim. Merdandan erbet göwnüm galdy. Gaharyma iň soňkymy diýdim:
— Uç, uç, häzir uç. Ertire galma. Görmedigimiz sen bol, geçenden geçeris.
Garşymda oturan Merdan laňňa ýerinden galdy. Ol edil gaýadan goýberilen ýaly boldy-da, ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi. Dodaklary titir-titir edip özüne erki ýetmän, birhaýukdan soň sojap dem aldy. Özümizem jaýymyzyň içi sarsyp gidendir oý edipdiris. Göwnümize şifonerimiziň, serwantyň üstündäki modellerem çar tarapdan ganatlaryny gerşip, gürleşip üstümize eňip gelýän ýaly hopugypdyrys.
Esli wagtdan soň Merdan uludan bir dem alyp jogap berdi:
— Sizden geçip hiç wagt gitmen, goýberýänçäňiz garaşaryn.
Merdan üç günläp hiç ýerik çykmady. Hatda ýoldaşlarynyň ýanyna-da. Şol bagryny ýere berdi ýatdy. Gijelerine ýatman sermenip çykýandygyny duýduk. Gaharymyz gelýär hem ýüregimiz awaýar. Oňa ýalbarybam, käýýäbem täsir edip bilmejegimizi duýduk. Ile-güne geňeşdik. Her kim bir hili maslahat berdi. Biri oňlady, biri oňlamady.
Bir gün işden gelsek, Merdanyň bir ýerde dostlary bolsa öýe ýygnanypdyr. Hemişe ala-galmagal, hatda otaglary göçürere getirip, garagolluklary üçin kä ýarym duýduryş berilýän ýetginjekleriň hemmesiniň ýüzi salyk. Özümiziňkilerem olaryň arasynda. Özlerem lam-jim. Hamana biz bir uly hata goýberen ýaly, salamymyzam başlaryny galdyrman, zordan aldylar. Biz bir hili bolduk. Asyl bu gaýyň öňündäki ýürekgysgynç asudalyk eken. Heniz garşymyza gurlan şeýle uly „dildüwşige” gabat gelmändik.
Ýene ýarym sagatdan Aleksandra Iliniçnanyň we Merdanyň iň eý görýän mugallymlarynyň biriniň (harby taýdan sapak berýän mugallymy-woýenruk) geljekdigini duýdurdylar.
Biz öz garşymyza „uly hüjümiň” boljakdygyny duýup hakykatdan hem ýaýdanyşyp başladyk. Bir zady bilýäris. Bu „dildüwşügiň” Merdanyň peýdasyna gutaraýmagy gaty ahmaldy. Ýüzüne gelip bilmejek adamlarymyz öýe ýygnanypdy, gelmediklere-de garaşylýardy. Ondanam daş gitse, Merdan bizi bu meselede gowy oýlandyrypdy, hatda synagdan geçiripdi.
„Hüjümiň ilkinji synanyşyklary” garaşylýanlar gelmänkä başlandy. Hemişe sabyrly, hoşgylaw Maksimiň (häzir ol deňizçi) sabyr käsesi dolan bolmaga çemeli, ol bizi şu wagta çenli üýtgeşik sylap gelendigini aýdyp sägindi. Baha berende aşarak baha berendigini yzyny aýtmanda-da düşnükli. Pena batly-batly gürläp, Maksimiň sözüni alyp göterdi. Öterägem geçdi. Ol öňi bilen bize düýbünden düşünmändigini, hatda iňňän geň galandygyny duýdurdy. Merdanyň göwnüne nähak degipdiris. Parasatly ene-ata boljak bolsa, çagalaryň öňünden çykmaly däl. Ol duýduryş berdi. „Heý uçarman, onda-da harby uçarman bolmagy arzuw edýän, oňa ukyby bolan dostuny saklamak bolarmy?” Bisabyr Ahmet soňundan diýjegini öňünden diýdi. Beýlekileriňem edil bizde arlary köýen ýaly. Diňe Merdan dymyp otyr. Gönüsinden gelsek, eger Merdan uçarman bolmasa, dünýä gapyşjak. Hatda Merdanyň özem arzuwyna ýetmese hiç zat, hiç kime gerekmejek boş göwre. Körpämiz Mergen ýetginjekleriň tarapynda jedirdeýär. Diňläp otyrys. Şol wagt bir zat ýadyma düşýär. Merdan harby uçarman bolmasa, ýene biri bolmaly ahyryn. Ol näme özümiz ýaly enäniň perzendi dälmi? Biz gowşadyk. Çagalar welin, muny duýup has bekine tutdular. Perzendiň raýyny ýykýan doňýürek ene-atany olar heniz görmändirler. Gürrüňleri hamana diýersiň esli ýaşy arka atan gojalar ýaly.
Eger Merdan okuwa goýberilmese, ýetginjekler özleriniňem bizden ýüz dönderjekdiklerini, dagy-duwara gapymyzy kakmajakdyklaryny duýdurdylar.
Merdanyň şeýle wepaly, janköýer dostlarynyň bardygyny öňem duýýardyk, şol gün welin, hasam göz ýetirdik. Ýetirdigem däl, guwandyk. Ýüreklerinde kir-kimir bolmadyk, hakykatçyl, adyl ýaşlar toplumy bilen garşymyza çykdylar. Biliňi berk guşasaňam aljak galaň ýok. Juda gözden düşüp, ynamdan gaçmajak bolsaň, sylag-hormatyňam çägi bar-a, ýan bermeli. Biz muny diňe häzir däl, her näçe ýokuş görsegem öňräkden duýup ýördük.
— Gidibersin Merdan, gitsin, rugsat berýäris – diýip, kakasy çyny bilen aýtdy.
Içerde gök gürlänem bolsa, olara beýle täsir etmezdi. Ýetginjekleriň bary doňup galaýandyr öýtdüm. Siňek uçsa duýulmajak ümsümlik. Sada bilesigeliji göreçler bize dikildi. Garaşylýanlar gelmänkä, mesele çözüldi.
— Rugsat berdik dälmi ýene näme gerek? – men gaýtaladym. Bir adam däl, on bäş adam öýden atylyp çykdy. Göwnümize otaglarymyz sarsyp, „uçarlaryň” modellerem duran-duran ýerden olaryň yzy bilen asmana göterilen ýaly boldy.
Merdan uçilişede hakyky uçara erk edip ýör. Emma modelleriň şol eldegrilmesizligi. Olardan ýaňa jaýymyzda dönüp-deprenmäge ýer ýok. Myradyň del-del haýwanlaram barha köpelip, modelleriň örüsini wagtal-wagtal daraldýar. Sebäbi olara Merdanyň „uçarlarynyň” el degrilmesizdigini düşündirip bolanok.
Indi ikiçäk oturyp pikir edýäris. Körpämiz Mergenem hem her gezekki gatnaşan arheologik ekspedisiýasynda tapan zatlaryndan bir eksponatjyk getirýär welin, basym öýümiz janly we jansyz muzeýe öwrüljek. Gynanamzok. Öz perzentlerimiziň höwes edip döreden „muzeýine” birimiz „direktor” beýlekimiz „ekskursowod” bolup bilsek armanymyz näme?
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar