22:20 Dirilik suwy -14: romanyň dowamy | |
Gyz tasanjyrap çykyp gitdi. Dawut onuň yzyndan çykyp, gyzy tä öýlerine çenli taksili ugratdy. Aýjan Dawudyň taksi bilen hasaplaşýanyny, onuň jübüsinden ep-esli pul çykaranyny görüp, maşyndan tasanjyrap düşüp, hoşlaşman, jaýlaryna girip gitdi. Ep-esli ýere ýetip, yzyna öwrüldi-de, gaharly: – Gorkma, çykaran taksi puluňy okuwda berein – diýdi. – Dawut şol maşyn bilen ýene yzyna baryp, bihuda geçiren wagtynda etmeli işlerini gije ukudan galyp edişdirip, soň bir bulgur erik soguny içip düşegine girdi. Ol ertesi gaty ir turup, galyň depderini eline alyp, adamyň ellinji organy, dalagy baradaky maglumatlary ýazdy. Soň ertirki sapaklaryna gaty berk taýýarlandy. Latyn dilinden ýigrimi bäş nakyl, Napaleonyň dana sözlerini ýat tutdy. Soň fizika, biohimiýa sapaklarynya taýýarlandy. Şondan soň Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň «Mis atly» poemasyny okap başlady. Bu gün ol Teke bazaryna gitmelidi. Şoňa çenli halatlaryny ýuwmaly, iki köýnegini, içki eşiklerini, jorabyny, elýaglygymy ýuwup sermeli. Soň daýysynyň ýanyna baryp gaýtmaly. Daşary heniz ýagtylmandy. Şonda-da Dawut turup, çaý goýdy. Çaýy gaýnaýança sowutgyçdan bir bulgur çiggaýmak guýunyp içdi. Soň, howlukman ýuwunyp, gelip çaý içdi. Bolýanja otagyny ýygnaşdyryp, tertibe salyşdyrdy. Barja puluny hasaplady. Onuň üç ýüz ýetmiş manady galypdyr. – Edil häzir-ä gerek zadym ýok. Şunça pul sessiýa çenli bolar-la. Oba barsamam, ýene bir jaýlyk kerpiç guýaryn-da. Tomusky azaplarym tüýs ýerine düşdi. Bolmasa, bu zatlary nireden alaýyn! Dawut şu ygyp-tozup ýörşüne-de, adamlara gijesi-gündizi, iri-giji ýok, o dur-budur em etmesini, owkalamak, döwük-ýenjik, sanjym diýen ýaly zatlary etmegi goýanokdy. Onuň bolýan ýeri edil, keselhanadan, saglyk öýlerinden sowarak ýerdi. Şonuň üçin goňşy-golamlar «eli ýeňil, arzan alýar, ýakynjak ýerde, «ýogy ýok» diýen ýaly niýet bilen onuň ýanyna gelip durdylar. Edil dek düýni aýtmasaň, Dawudyň bolýan howlusynyň adamsyz wagtam ýokdy. Dawut olardan kän bir hak-heşdegem alyp duranokdy. Hak almalydyram öýdenokdy. Ýöne şu Selwiýe başgady. Bu gyz asyllydy. Gepi-sözi, igenji, sürtenji ýokdy. Birhili, medeniýeti, kämilligi beýikdi. Ol ejesine, kakasytna sähel kömek edeni üçin Dawudy edil iki dogup, bir galany ýaly görýärdi. Özem yzyny kesmän sowgat, serpaý getirip durdy.... Sagat sekizde Lora daýza turdy. Ol oturgyçlaryny takyrdadyp, nämädir bir zada hüňürdäp, ilki aşhana girdi. Soň Dawudyň stola ýapyrylyp, hatyny işläp oturanyny görüp, ýuwaşja basyp onuň ýanyna geldi. – Salam, Lora daýza! Lora daýza enaýyja ýylgyrdy. – Dawud jan, nätdi, rektoryňyzyň gyzy gowjamy? Sen ony sypdyrma, Dawid jan, bilýäňmi, rektoryň güýji, abraýy, puly, «wo-oh!» – diýip, ol gollaryny galgadyp goýberdi. – Özem gowja, him, gordüňmi onuň geýen eşigini, köwşüni? – Men-ä seretmändirinem. Lora daýza güldi. – Ol-a saňa gorkezmek üçin olary geýendir, senem olary göreňogammy?! – Lora daýza oňa has golaý geldi. Başyny aşak, oglanyň gulagynyň deňine getirip –Ýogsa-da, sen Sewiliýäniň köýnegini, koftasyny neneň gördüň-ä. Ol maňa: «sora» diýdi. Dawut başyny galdyrdy. – Haçan, nähili kofta!Nähili köýnek? Lora daýza hezil edip güldi. – Men aýtdym-a. Ol bolsa, tolgunyp, titiräp ýör! Dawut sesini çykarman, ýene okuwy bilen boldy. Lora daýza daş çykyp, sähel salymdan eli galyň bloknotly içeri girdi, geçip Dawudyň krowatynda oturdy. – Dawud jan, meni diňle! Goý, okamaňy. Ine, geçen aýda bolnoýlaryň beren puly. Ine, baryny ýazdym. Gelenleriň milletinem ýazdym. Bu sapar diňe ermeniler däl. Türkmenlerem kän. Jemi bir müň üç ýüz manat boldy. Me, puluňy al. Maňa-da, näçe berseň, özüň ber. Meniňkem aňsat däl. Dawut başyny ýaýkady. – Lora daýza, men näme, bulary pul üçin edýänmi? «Taňryýalkasyn» berseler bolany. Lora daýza ýene şol öňki tükezzibanyna başlady. – Dawud jan, sen student, studente meniň ýurdumda ýöne, şeýe getirip berýärler. Sen adamlara näçe haýyr edýäň. Olar aýaklaryny süýräp, niredesiň, şäher diýip gitmeli edeňok. Gijäniň içinde. Sen olaryň öýüne barýaň, ýa olar meniň öýüme gelýär. Emma olar şeýle bir naýynsap, sähelçe pul berip gidýärler. Onam men zor bilen diýen ýaly alýan. Sen demiňi alma-da, al!.... Dawut garry aýalyň myrtarja, ýakymsyzja ýüzüne garady. – Lora daýza, onda ilki özüň näçe alsaň al! Maňa galanam bolar. Lora daýzanyň ýüzi açyldy. Ol halymsyran bolup: – Wah, men al diýseň, alaýmasam, näme alaýyn. Ol üç ýüz manady aldy. Soň: – Men jaý üçinem häzir alaýaýyn. Onsoň, Dawud jan, elektrik üçin, gaz üçin tölemeli. Olar üçinem alaýyn. – Alyň, alyň, Lora daýza! Lora daýza üýşüp duran puldan ýene ýüz manat aldy-da, galan puly toplap, Dawudyň galyň depderiniň arasyna saldy. – Ýygna, ýygna. Dawud jan, ýygna, düşündiň!.... Dawut işlerini bir ýüzli edip, kir ýuwmaga başlady. Ol sabyn, asgyç, ütük almalydygy barada oýlandy. – Şu gün Teke bazara barsam, hökman alaryn.... Ol Teke bazaryna baranda altyn sagadynyň dilleri on bire golaýlapdy. Bazar ýetjek derejesine ýetip, gyzypdy. Ol nar satýanlaryň hatarynda daýysyny tapdy. – Salowmaleýkim, daýy! – diýip, daýysy bilen, onuň gapdalynda nar satyp oturan adamlar bilen salamlaşdy. Gündogdy aganuň agzy bir garyşdy. Ol begenjini gizlemän: «Görüň-how, adamlar meniň ýegenimi bir görüň-ow!» diýýän ýaly söwda edip oturan ýerinden apaň-apaň basyp, Dawudyň ýanyna gelip, ony gujaklady.... – Ýegen jan, geldiň-mäý? – diýdi. Soň satyp oturan zatlaryna elini uzadyp: – Hany, baryndan iýip otur – diýdi. Dawut daýysynyň satyp oturan zatlaryny synlady. Tekjäniň üstünde obanyň enary, çakyşdyrylyp, başgarak görnüşe giren, her dänesi oba gyzlarynyň gyrmyzy monjugy ýaly bolup ýatan narlary, alçek, alyç, her dürlüje otlar ýaýrap ýatyrdy. Gündogdy aga ýegeniniň seredýänini görüp, birhilije boldy. – Aý, seni göreýin diýip gaýtdym-da, bilaram alyp gaýdyberdim – dä ýegen jan. Ugurly geçibem baranok-la. – diýdi. Soň ýegeniniň oturmajagyny aňyp, onuň juda owadan didaryna, lowurdap duran pyýala ýaly gözlerine, akja, näzik ýüzüne höwes bilen garady-da – Ýegen jan, näme, howlugýaňmy? – diýdi. Soň zatlaryny gapdalyndaky ýoldaşyna tabşyryp, ep-eslije kagyz haltany egnine alyp, ulaglaryň duran ýerine bakan ugrady. Maşynynyň gapysyny açyp: – Ýegen jan, şu maşyn, öz-i, aýagy düşümlije maşyndyr. – diýdi. – Ýadyňa düşýärmi, obadan demir ýol menzilinejik alyp gelendir, telim sapar.... Dawut ýylgyrdy-da başyny atdy. Olar Dawudyň bolýan ýerine barýança gürrüňleşip gitdiler. Lora daýza bu gün çolpusyna ep-eslije düşensoň, Dawudyň daýysynyň öňünde ýalym-ýulum edip, olara öýe girmäge mürehet etdi. – Lora daýza, obadan daýym gelipdir. – Daýym? – Garry Gündogdy aga bilen elleşip görüşdi-de. – Ýagşy ýegeniň bar. Ol halkyň halasgäri. Eli gyzyl gül. Özi tertipli. Akkuratno – diýip, dylym-dylym etdi. Gündogdy aga elindäki kagyz haltany ýegeniniň bolýan otagynyň bir burçunda goýdy. – Ýegen, men kän oturmaýyn. Seniň bolýan ýeriňi gördüm. Wagt bolsa, arkaýynlykda bir gelerin. – Ol goltuk jübüsinden bir petde pul çykardy. – Gel, hany, men saňa puljagaz getirdim. Dawut ör-gökden geldi. – Ýo-ok, ýok, daýy. Maňa pul gerek däl. Gündogdy aga oňa diýýärmisiňem diýmän puluny sanap başlady. – Özüňe bir gowja kassum al. Pul bolsa, zyýany degmez, ýegen, alybirler. Daýyň beren zady halal bolmaly. Me, şuny ýygna. Dawut almady. – Pulum bar, daýy. Ynanmasaň görkezeýin. Gündogdy aga puly stoluň üstünde goýup, işige ýöneldi. – Öýňüze näme aýtsaň, ýetireýin. Men şu gün oba gaýtjakdyryn.... Dawut onuň yzyndan ýetdi. – Daýy, häzir menem bazara barjak. – Ýöri, gitseň, alyp gidäýerin. Olar şähere gaýtdylar. Ýolda Gündogdy aga birden ýalt edip ýegeniniň ýüzüne seretdi-de: – Hä-äk – diýdi. – Ýaňky haltada bişmedik towuk bolmal-a. Daýzaň iberdi. Ýegen, şol zaýa bolaýmasyn. Sen, bir zat et, şäherde kän eglenme-de, yzyňa baryp, olary ýygna. Mazaly, holozilligiň bar eken. – Ol birden ýylgyrdy. – Seniňki hezil-how, ýegen, telewizoryň bar, holozilnigiň bar, ussul, ussolyň, kerebadyň bar. Ýöne, okap ýatmal-a. Hä, ýegen, özüňem, tap ermenileň içine düşüp galypsyň. Olar seni eklärem, hä, ýegen. Bu halk, gaty gowy halkdyr. Men Ýerewanda gulluk etdim. Baý, gowy halkdyr-a.... Dawut maşyndan düşüp, daýysy bilen hoşlaşdy. Soň özüne gerek-ýarak zatlary satyn alyp, taksy tutup, yzyna bardy. Ol eli torly howla girende, işigiň agzynda Aýjanyň durandygyny görüp, birhili boldy. – Salam, näme boldy? Aýjan buruljyrady. – Sizde pulum galypdyr. Dawut geň galdy. – O nähili pul? Aýjan ýere garap mydyrdady. – Ejem birine ber diýip ýüz manat beripdi. Men sizde, gaýtjak bolanymda sumkamy elimden gaçyrdym. Şonda gaçan bolmaly. Ýa sen oýun dagy edip alan bolmasaň!.... Dawut ör-gökden geldi. – Aýdýanyň näm-äý, men näme, seniň puluňy alyp, çagamy? Başga ýerde gaçyran bolaýma! Aýjan it ýylgyryşyny etdi. Dawut şu pursatda bu gyzdan düýrükdi. Bu gyzyň ýüzünde indi gözellig-ä däl, haýa-şerimem ýog-a meňzedi. – Başgaňy bilemok. Meniň ýüz manadymy tap, häziriň özünde. Bolmasa, milisiýä arz etjek. Pul özümiňki däl. Men ejeme näme diýeýin, tap, pulumy! Dawut ýüzüni çytdy-da: – Näçe manat gerek – diýdi. – Ýüz manat bolmaly! – Ýüzmi! Dawut goltuk jübüsinden bir petde pul çykaryp, gyzyň diýen puluny uzatdy. Soň jaýynyň işigini açar bilen açdy-da, otaga girip gitdi. Bir salymdan Aýjan onuň yzy bilen otaga girdi. Dawut oňa gaharly seretdi. – A gyz, çyk otagdan, git şu ýerden. Sen maňa azar berýäň. Git şu ýerden – diýýän, düşünýäňmi? Aýjan onuň ýüzüne jiňkerildi. – Heýt, bu ýerde heleýiň ýok, üstüne heňkirer ýaly. Şu ýerden-ä gidilenok. Sen meniň pulumy näme üçin ogurladyň. Şoňa jogap ber. Dawut daýysynyň getiren kagyz haltasyny burça gaharly eňterdi. Haltadan bir saçak külçe, iki sany ütülen towuk, bäş-on sany ullakan nar, Bir banka müreppbe, ep-eslije gowurdak çykdy. Ol towuklary sowutgyja saldy. Mürepbäni, gowurdagy stoluň üstünde goýdy. Aýjan indi aglap başlapdy. Emma Dawut oňa üns bermän stoluň üstünde häliden bäri duran, daýysynyň goýup giden puluny aldy-da, sanaman penjeginiň jübüsine saldy. Satyn alyp gelen ütügini, sabynyny, asgyçlaryny ýerleşdirdi. Soň gyza seretmän, eşiklerini çalşyrdy, stoluň üstüni ýygnap, iýer-içer ýaly zatlar getirişdirdi. Aýjan işigiň agzynda şumjaryp durdy. – Aýjan, men gitjek, çyk otagdan. Gyz içerä boýdan başa seretdi-de, soň gözlerini oglanyň göni ýüzüne dikdi. – Sen, heýt oglan, düýnkije eden işiň üçin baý puşman edersiň-ä. Ömür ýadyňdan çykmaz ýaly puşman edersiň – diýdi-de, işigi jalkyldadyp ýapyp, budur gitdi. Dawut ylgap onuň yzyndan çykdy. – Dur, Aýjan, dur, düýn näme boldy?Aýt, näme boldy. Men saňa ýagşydan-ýamandan ýekeje söz aýdan däldirin. – Bilemok, sen ine, görersiň, bu gepleriňi başga ýerde-de, tapsaň bolýar. Dawut gyz howludan çykyp gidenden soň, otagyna baryp, çaý goýdy. Lora daýzany çagyryp, oňa daýysynyň getiren külçesinden, naryndan, gowurdagyndan hödür etdi. Lora daýza sowgatlaryny goýup geldi-de: – Dawud jan! – diýdi. – Ol gyz gitdimi? – Gitdi. Garry aýal ýakasyny tutdy. – Eý, Allam, aýtdymy? – Nämäni? – Meni zorlajak boldy. El gatjak boldy. Pulumy ogurlady. Meni masgaralap kowdy diýip, aglap dur. Indi, milisä aýdyp, sud-pud diýip ýörmese-de ýagşy, Dawid jan. Eger onuň ýaly boljak bolsa, meniň howlymda bir galma. Men öňem, sud, türme diýen bela-beterden bez-bez bolan, oglum. Hudaý saklasyn! Indi bir gözüm görmesin. Dawudyň endamy titredi. – Maň-a, seniň otagyňda ýüz manat pulum galypdyr diýdi. – Berdiňmi? – Berdim, diläp dursa näme diýeýin. – Bermeli däl ekeniň, ol aferistka eken. Özem, rektoryňam gyzy däl eken. Hol, pol ýuwýanlaryň başlygynyň gyzy eken-le, püf-fu! Dawut dynç gününiň galan bölegini pikir-alada bilen geçirip, agşam okabam, ugurly ýatybam bilmedi. – Aý, günäm-ä ýok, galanynam görmäge gözüm sag bolsun. Ol birinji gün okuwa keýpsiz bardy. Olara gyşky sessiýanyň haçan başlanýandygyny, haýsy derslerden synaglaryň, haýsy derslerden hasabyň bardygyny yglan etdiler. Dawut okuw gutaran badyna anatomiýa kabinetine diýip urapdy. Ol podwala düşjek bolup, basgançaga basanda aşakda rektoryň hemem bir orta ýaşan türkmen aýalynyň janygyşyp gürleşip duranlaryny gördi. – Geçirdim-le, rentgenem oňaranok şuny, tohtorlaram-giýip, rektor hasa bilen saralan eline çep eliniň süýem barmagyny dürtüp aýtdy. – Bolmasa türkmen tebibine-de bir görkezip görüň. Beýdip, ejir çekip ýörme bolmaz-a, Çary Baýryýewiç! Rektor janykdy. – Çort wozmi, men türkmen tebibini nireden tapaýyn, bu wagt. Agşam halys ýatyrmady. Häzirem Merkezi Sowetinden ýygnakdan gelýän. Edil bir sagatdanam Ministrler sowetinde ýygnak bar. Öz meselämize seredýärler. Günüň şeýdip geçip, onsoň, el-pele elem degenok. Dawut ylgap diýen ýaly podwala düşdi-de, gürleşip duranlaryň arasyny geldi. – Salam!Mugallym, eliňizi menem bir göreýin-le. Rektor bu görmegeý ýigidi birhili tanyş gördümi, ýa onuň näme diýjek bolýanyna düşünmedimi! – Hä, näme habar?! – diýdi. – Men gürrüňiňizi eşidip durun, meniňem döwük-ýenjikden azajyk habarym bar. Isleseňiz, delalatym-a degerdi. Rektoryň gapdalyndaky görmegeý türkmen aýaly owadan, mähriban gözlerini tegeledi. – Sen, kim? Näçinji kursda okaýaň? Dawut eýýäm rektoryň eliniň hasa sargysyny açyp bolupdy. Ol duran ýerinden: – Men birinji kursa şu ýyl girdim. Umumy bejeriş, 16-njy topar. Ol rektoryň elini başam barmagyndan tä elynyň daraklygynyň birleşýänje ýerine çenli ýekän-ýekän, howlukman, dykgat bilen sypalady. Soň ýaşulynyň agyrydan gaşyny çytmagyna garamazdan, onuň dört barmagyny jemläp gysdy-da, duýdansyz silkip goýberdi. – Ana, boldy, mugallym. Gelinhajat barmagyňyzyň ikinji süňkjagazy bogundan çykypdyr. Ony rentgeniň almazlygy-da mümkindir. Rektor barmaklaryny gorka-gorka gymyldatdy. – Çort wozmi! – diýip, başyny haýran galma bilen ýaýkap aýtdy. – Hany, duruň, mugallym. – Bolaýan ýaly, öz-ä, berekella, student! Dawut edil demir ýaly barmaklary bilen mugallymyň elini aýasyna alyp, çep eli bilen öňlün, terslin owkalady. Soň, çekibräk gaýta-gaýta sypalap, syntgylap, bir petde bolup duran hasa sargyny toplady-da, portfeline saldy. Soň, sagbollaşyp öz ugruna gidiberjek boldy. Ýöne ony şol mähriban aýal saklady. – Ýaş ýigit, hany, aýak çek-äli! Dawut olaryň ýanyna geldi. – Hany, aklygyňy al-da, özüň kimligiňi aýt! Dawudyň ýüzi gyrmyza boýaldy. – Men aklyk alamok. «Sag bol» diýseňiz bolar. Men umumy bejerişiň, 16-njy toparynda okaýan. Adym – Dawut, Dawut Amanow. – Toparyňyza kim ýolbaşçylyk edýär. – Professor Abdyresulow! – Sen onda häzir, okuwyňdan soň meniň ýanyma gel. – Nirä? – Ol ylmy işler boýunça professor Saçly Dursunowna ahyryn – diýip, rektor onuň elini mähir bilen gysdy-da, ýokarlygyna bakan ýöredi. Ol şol barşyna özbaşyna barmaklaryny oýnadyp, edil ýap-ýaňam şikesli eliniň barmaklaryna geň galmak bilen seredip başyny ýaýkap barýardy. – Çoirt wozmi! Beýle bir kynam däl eken-ä, men bolsam indi telim gün bäri kösenip ýörün. Özüm Çary Baýry bolup, Çotr wozmi!.... Dawut anatomiýa kabinetinde kän eglenmän ylym işler boýunça prorektoryň çakylygyna bardy. Içerden «Girmäň» diýen ses eşidildi. Sähel salymdan bir wraç aýal çykdy-da, işigi açyp: – Giriberiň! – diýdi. Saçly Dursunowna bir elini maňlaýyna diräp, bir eli bilenem stoluň gyrasyndan pugta ýapyşyp, ýüzüni awulymy, ynjylymy saklap oturgyçda otyrdy. Ol Dawudy görüp, owadan gözleriniň gussa çöken owasyny stoldan boşan eli bilen sypalap goýberdi. – Bir dert halys edýär meni. Onuň sargaran ýüzüne, gözleriniň aşagyndaky halka, birhilije ýalynsow lowurdaýan gözlerine, ap-ak dodaklaryna, birneme galbyrap duran sag böwrüne garap Dawut: «Bagyr çişmesi, megerem lagtalanyp gidýän bolmagam mümkin» diýip oýlandy. Ol bagyr serrozy barada galyň depderine kän zatlary ýazypdy. «Ýok, ekenokok!» – Mugallym, munuň dermany kän-ä, näme alaňyzokmy? Ýa bileňizokmy? Saçly Dursunowna janykdy. – Wah, Moskwadada iki sapar keselhana giribem ýatdym. Başda meni nädogry liçit edipdirler. Ilki ötde daş bar diýdiler. Soň-soňlar serroz peçen diýdiler-dä. Dawut barmagyny ýokary galdyryp bulaýlady. – Siziň keseliňiz, ödem däl, bagyram däl. – Onda näme? – Siziň mugallym, bagryňyzda ekonokok bar! Saçly Dursunowna ör-gökden geldi. – Aý, ýoga. Men et diýen zady asla-da iýmesem, indi bäş-alty ýyl bäri berk berhizde bolsamammy?!. Onsoň mende nireden ekenokok bolsun. Ol bir mal-garanyň, otuň-çöpüň içinde gezip ýören adamda bolýar ahyryn, çagam! – Alamatlar-a şony görkezýär. Galanynam görüň, mugallym. Ol aýal gürrüňi başga ugra sowdy. – Seniň eliň gaty eken. Mümkin bolsa, meniň aýagymy owkalap berermisiňiz-le. Dawut azajyk sägindide: – Baş üstüne! – diýdi. Mugallym ýerinden turup işigi içinden baglady-da aýagyna geýen bejeriji jorabyny, köwşüni çykardy. – Uruşdan bäri maňa gülüp gün görkezmedi, şu aýak. Sen ilki bir ýagjagaz çal. Ol kiçijik çüýşe gapjagazy ýigide uzatdy. Dawut mugallymynyň aýagyny çep eline aldy-da, sag eli bilen damarlary yzarlady. – Damarlaryňyz düwün-düwün bolupdyr. Siz hiç bolmanda birki günjük gymyldamaly däl. Gerek bolsa, men öýňüze ýa, keselhana gidibem owkalap bererdim.... – Aý, ýok. Öýleşip durmaly. Dawut bu aýalyň aýagynyň damarlaryny ýekän-ýekän yzarlap, güýçli barmaklary bilen mum helim etdi. Soň myşşalary bekän-ýekän, gatma-gat elinden geçirdi. Soň umumy owkalama geçdi. Mugallym ynjyly towlanyp başlady. – Bes edäýiň, çydamok, bes et! Dawut diýleni edip, ýerinden turdy. – Indi işigi açaýyň. Eliň-gözüň dert görmesin, oglum! – Ol özüni az-kem ele aldy-da: – Kyn görmeseň, şu ellerimim bir owkalap ber! Dawut mugallymynyň ellerini-de howlykman, damarma-damar, mysşama-mysşa, saçuzynma-saçuzyn, peýme-peý yzarlap, damarlaryny mum-melhem ýumşadyp, saçuzynlaryny gaýta-gaýta syntgylap, myşsalaryny ýumşadyp-dartyp, ep-esli wagtlap owkalady-da, ýerinden turdy. Mugallym aýal alkyş baryny aýda-aýda gapjygyna el ýetirdi. Dawut ony saklady. – Mugallym, duruň, birazajyk?! Siziň çep eliňizde bir nädogry bitigem bar. Ony bejerib-ä bolar. Ýöne eliňizi täzeden döwüp, soň düzedip seýiklemek gerek. Eger isleseňiz-ä, men eliňizi döweýinem, seýikläýinem! Saçly mugallym owadan, mähirden doly ene gözleri bilen Dawudy boýundan başyna çenli gujaklady-da: – Ýok, oglum. Ol bir uruşdan galan miras boldy maňa. Indi, häzirki derdim maňa el-aýakdan beter bolup dur.... Dawut bu aýaly öň hiç haçan görmändi. Megerem, ol uzak wagtlap keselhanada ýatyp, özüni bejerden bolmaly! Dawut: «Ol haýsy keselhanada özüni bejertdikä? Oňa nähili diagnoz goýuldyka? Nähili bejergi buýruldyka?» diýip ýaşaýan ýerine çenli oýlanyp gitdi-Soraýmalydym, ýöne birhili ilkinji gören adamyňdan derdi barada sorap oturmak, onuň derdiniň üstüne dert goýan ýaly bir zat bolaýmasa?!» – diýip içini gepletdi. – Häzir öýe baryp, gowurdagyň üstüne ýumurtga çakyp, gowuryp, külçe, çaý bilen daşyna geçeýin. Şu gün-ä gowy, bir çaý içerligem bolaýdy öýdýän – diýip, ol süýjüje oýlandy. Onuň bolýan ýerinde Lora daýza bilen Sewilýe gürleşip oturan eken. Olar Dawudy görüp, «Ana, gel-di-de, geldi» bolşyp, begenişip, ony garşyladylar. – Dawid jan, salam! – diýip, Sewilýe oňa elini uzatdy.-Sen nähili owadan ýigit bolupsyň-a?! – Ony kim beýle owadan etdikä? – diýip, Lora daýza-da gapdaldan at goşdy. – Seni nahara çagyrmaga gelipdir, Sewilýe. – Kim? – diýip, Dawut boýun gaçyrmak üçin bahana agtaryp, osmakladyp sorady. – Kakam keselhanadan çykdy. Ejem gezip ýör. Olar seni hormat bilen nahara çagyrýarlar, Dawid jan! Dawut Sewilýäniň juda owadan gözlerinden, tolkunyp duran juda näzik, enaýy saçyndan, bu ymmatda görülmedik hoşamat didaryndan gözlerini aýryp bilmän başyny ýaýkady. – Meniň şeýle bir işim kän, ýöne sag boluň diýäýmesem, başga hiç zat aýdyp biljek däl! Sen meni bagyşla, Sewilýe.... Onuň üçtüne Lora daýzadan beter Sewilýe, Sewilýeden beter Lora daýza dik eňaşak eňterildiuler. –Ýok, olar bir garry, ynjyk adamlar-a, Dawid jan. Ýöne bar-da, duz dadyp gaýdyber ahyryn – Sewiliýe kümüş jaňjagazyňky ýaly näzikden kerem-keramatly sesi bilen näzli ýalbardy. – Bolmaz, oglum. Ermeniler göwün edip çagyran adamlary gelmese, itdenem beter ýigrenýändir. Olaryň gargyşyna galaýma, git. Hany, ýör, menem gitjek. Olar Sewilýeleň bolýan howlusyna geldiler. Gyzyň ejesi Dawudy tanamajak boldy. – Bu kim? Sewilýe güldi. – Eje, bu seni bejeren Dawid jan! Men ony gözel ýigit etdim, eje düşüner sen! Ol aýal güldi. – Ah, öz Dawid janymyz eken, ah doktor oglum eken. Dawut stoluň başyna geçip oturdy. Sähel salymdan Sewilýäniň kakasy-da, gelip, salamlaşyp, stoluň başyna geçdi. Aýallar nahar çekip başladylar. Biraz wagt geçenden soň olara täze myhmanlar geldi. – Bu meniň ýegenim, Türkmenistanyň Awtomobil transport ministri Balaýan, bu –da onuň aýaly Swetlana Danilowna – diýip, Sewilýäniň kakasy olary tanyşdyrdy. Dawut olaryň özüne seredişlerinden, nähilidir bir ýumuşlarynyň bardygyny duýdy. Ýöne olar naharyň ahyryna çenli seslerini çykarmadylar. Nahardan soň Dawut turarman boldy. Ministr onuň bilen deň turdy. Koridora çykanlaryndan soň ol adam Dawuda ýüzlendi. – Dawid jan, senden bir zady haýyş edip bolarmy? – Baş üstüne. – Meniň oglum maşynyny awariýa edipdir. Onuň özüne zat bolmandyr. Ýöne maşyn-da. Bir türkmen aýalyny kakypdyr. Ol aýal häzir keselhanada. Onuň döwük-ýenjigini seýikläpdirler. Ýöne, şu aşyklyda bir bela bar. Şolam oňa gaty azar berýär. Sen şony bir görüp berseň?! – Haçan? – Häzir! Düşünýäňmi, sülçi diýip, sud diýdi, prokuror diýdi, olaram ogluma azar berjek bolup durlar. Mesele şo garra bagly. Şonuň bir sesini ýapmaly. Sen gaýrat et, onuň nyrhynyň gürrüňi ýok! Dawut şu ýerden sypsa razy boldy. –Ýöriň, onda gideliň-dä! Olar ministriň «Wolgasynda» trawmotologiýa institutyna bardylar. Garry aýal ýokary galdyrylan krowatyň üstünde bagyryp ýatyrdy. – Daýza, salowmaleýkim! – diýip, Dawut ilerledi. – Näme bolýar, niräň agyrýar. Garry geplemän elini alaçsyz salgady. – Waý, ölýen-eý. Maňa azar bermäň-eý. Onuň başujunda oturan ak ýüzli otuz ýaşlaryndaky gelin bu gelenleri görüp, ýerinden turup, ysgynsyz ýylgyryp durşuna: – Eje, eje jan, köşeşäýsen-e – diýip, özelendi. Garry goýar ýaly däldi. Dawut bada-bat garrynyň aýaklaryny, sypalap gördi. – Maşyn niresinden kakypdyr? Hiç kimden ses çykmady. Ol soň garrynyň ellerini barlady. Eliň, aýagyň döwlen ýerlerini gips bilen seýikläpdirler. Dawut garrynyň hyk-çokuna, zeýrenmesine, aglamasyna garaman, onuň ýeňil göwresini çep eli bilen galdyrdy-da onuň oňurgalaryndan başlap, jüýjükligine çenli barlady. Ol aşyklynyň ýerinden sypandygyny, jüýjülikde döwülmäniň bardygyny duýdy. Garryny berk göterdi-de, bagryna basyp özüne çekdi, dogralyp, ýerine baran aşyklyny berk depdi. Garry bir «Waý» etdi-de, özünden gitdi. – Eje, eje, eje jan saňa näme boldy – diýip, onuň gyzy elewredi. Bu ýerdäki gykylyga nobatçy wraç, medsestralar ylgaşyp geldi. – Näm bold-aý! Dawut olara ýagdaýy aýtdy. – Çüýjüklik döwülipdir. Bäş-on gün gymyldatman ýatyryň! Ol garry özüne gelenden soň, daş çykdy. – Nähili? – diýip, ministr jany durmazlyk bilen sorady. – Çüýjüklik döwülip, aşyklydan aýak çykypdyr. Nesip bolsa, basym gutular. – Ölmez dälmi? – diýip, ministr edil was-was bolan ýaly, howsala bilen sorady. Dawut ýylgyrdy. – Nesip bolsa, bizdenem uzak ýaşar. Ol gijäniň bir wagty bolýan ýerine geldi. Şondan soň, gaýdyp, tä ikinji kursa geçýänçä hiç kimiňkä myhmançylyga-da, oturmaga ýa, görme-görüşe-de barmady. Basymam gyşky sesiýalar başlady. Dawut gyşky sesiýa çenli galyň depderine adam organlarynyň iki ýüze golaýynyň ýagdaýyny, olaryň keselleýşini, olary bejermegiň ýollaryny, olary bejermekde ulanylýan däri-dermanlary rus, türkmen, latyn dillerinde ýazyşdyrdy. Rus dliindäki «Dermanlyk otlary» baradaky kitaplardan, öz bilýän, eşden halk medisinasy, türkmen emleri barada hem ýazdy. Onuň şu döwürde iň gowy eden işi, şäheriň gyrasynda ýerleşýän inçekesel institutynda on gijeläp nobatçylyk etmegi bilen, şol institutyň aşak ýanyndaky ýokanç keseller keselhanasynda on gijeläp nobatçylyk etmegi boldy.... Ol gyşky sesiýada bäş hasap bilen dört synagdan ýüzüniň ugruna geçdi. Institutda agşamlaryna hepdede iki sapardan geçilýän «Hirurgiýa», «Stomotologiýa», «Akuşerkalyk», «Farmaseptika» gurnaklarynda mugallymlaryň berekellasyny alyp, her kružokda iki, üç doklad bilen çykyş etdi. Ol tabşyrmalary, synaglary diňe bäşlige tabşyransoň, bu ýarym ýylda ýokarlandyrylan talyp hakyny alaryn diýip göwün ýüwürtdi. Onuň pula zar ýerem ýokdy. Aslynda ýokarlandyrylan talyp haky bilen adaty talyp hakynyň kän bir tapawudam ýokdy. Adaty talyp haky ýigrimi sekiz manat bolsa, ýokarlandyrylany otuz bäş manatdy. Ýöne, barybir, her kimiň azajyk ýokary bolany ýagşydyr-da. Dawut indi on gün dagy boş bolup, öýe gaýtmalydy. Ol atasynyň, kakasynyň, ejesiniň, jigileriniň daýysynyň, daýzasynyň, olaryň iki gyzynyň, her biriniň aýry-aýry atlaryny tutup, sowgat aldy. Öýde gowy görüläýjek, gymmat süýji-kökelerden ep-eslije satyn aldy. Birigün, şenbe güni öýe gaýdybermeli wagty dekanlary gelip: – Amanow, sen gaýdaýmagyn, ertir sagat onda rektoryň kabulhanasyna barmaly. Haladyň, ýakaň, silindriň, köwşüň gaty arassa bolsun. Özüňem, näme diýselerem sesiňi çykarman oturmalysyň! – diýdi. Dawut şol wagt «bolar» diýse-de, gijesi bilen alada batdy. Ol rektor bilen tanyşdy. Onuň özüniň, aýalynyň, birki tanyşynyň döwük-çykyuwyny seýiklemäge kömek edipdi. Käwagtlar rektoryň ýörite çagyrdyp, oňa-endam-janyny owkaladaýmasam bardy. Ýöne onuň haladyna, kolpagyna, köwşüne üns berýän-ä ýokdy. Bu ýerde başga bir gep bolmalydy. «Ýa ol ketderäk biriniň derdini seýikletmäge äkitjek bolýan bolmaly, ýa-da bir ulurak ýygnagyň gürrüňi bolmaly...» Ol ertit turup ir bilen hammama gidip geldi. Ýüzugra saçyny bejertdi, Soň çaý-beýlekem içmän, garbanman instituta bardy. Ýolboýam: «Men okuwyna, leksiýalaryna ýekeje gün galman gatnan bolsam, gije diýmän, agşam diýmän dört kružoga gatnap, «berekellalar» alan bolsam, hasaplary, synaglary diňe bäşlige tabşyran bolsam, bularyňky, indi nämäniň çagyr-çagyryka?! Ýa Aýjan diýen ýaly, ýa Eke mugallym diýen ýaly biri üstümden arza dagy ýazyp, okuwdan çykarmaly diýip durmykalar?!» diýip, bu çagyrylyşy ýamana ýorup, alada gaplanyp gitdi. Dekan oňa institutyň işiginde garaşyp duran eken, näme üçin çagyrylýandygyny hiç kim bilenokdy. Rektoryň kabulhanasynda institutyň kafedralarynyň ählisiniň müdiri, dekanlar, professorlar, akademik mugallymlar hemem bäş-üç sanam talyp bardy. Olaryňam hiç biri özleriniň näme üçin çagyrylýandyklaryny bilenokdy. Dogry sagat onda rektor ýygnananlary jaýyna çagyrdy. Çagyrylanlar oturan badyna rektor ýerinden turdy. – Salam, adamlar. Bir mesele ýüze çykdy. Sizi şol meseläni maslahatlaşmaga çagyrdym. Kän bir wagtyňyzy aljak gäl.... Rektor köçede duşan ýaly däl eken. Ol juda haýbatly görünýärdi. Ýöne bu adam her taraplaýyn, edil medisina institutyna rektor bolmak üçin saýlanyp seçilen ýalydy. – Studentlerimiz gyşky sesiýanyň ekzamenlerini tabşyrdylar. Kanişne, on student institutdan çykaryldy. On dokuzysy entek tabşyryp bilenok. Ýöne umumy bejeriş fakultetinden elli student bäşlige ýetişdi. Pediatriýadan on iki student, stomotologiýadan bäş student, formaseptikadan sekiz student, gigiýenadan alty student bäşlik baha ýetişdi. Diýmek, şu ýyl okuwa kabul edilen alty ýüz elli okuwçydan ýetmiş bäş okuwçy – Ol güldi-de, gapdala, – Tfu, student – diýip goýberdi-de, sözüni dowam etdirdi. – Bäşlige ýetişdi-Indi, munuň mus-musy bar. Şol ýetmiş bäşe bir sany Lenin stipendiýesi berilmeli edildi. Meniň sizi çagyrmagymyň sebäbi, şol talyp hakyny kime bermeli!? – Ýoldaş rektor. Ony özüňiz çözäýmel-ä – diýip, häliden bäri oturan ýerinden hysyr-hysyr edip agzyny şypbyldadyp oturan, institutyň biologiýa kafedrasynyň müdiri Garry Myradow elini galdyryp aýtdy. Rektor ýüzüni çytdy. – Neme-däräý, ýokardan «adalatly bolsun, maslahatlaşyň» – diýip durlar-dareý. Onsoň bizem iň gowy okaýan diýilýän studentleri çagyryp, şu ýere getirdik.-Student gyzlar ýerlerinden turansoň, bir gyrajykda oturan Dawut hem ýerinden turdy. Olar iki gyz bir ermeni oglan, soňam Dawudyň özi eken. – Oturyberiň. Ine, indi biz bulary siziň araňyzda synagdan geçirip, şu dördüň arasyndan birine Lenin stipendiýesini bermeli. Dawut bu ýere çagyrylmagynyň sebäbini bilip, ýylgyrdy. Onuň süňňüne ýylyjak bir güýç pasyrdap gitdi. Ony ýumşajyk der basdy. – Ine, biz dört sany bije taýýarladyk. Şol bije kagyzlarynda-da edil okaýan dersleri barada bolmasa-da, bularyň bilim, dünýägaraýyş, intellektual derejesini, beýleki ylymlar baradaky umumy düşünjesini seljerýäýjek sowallar bar. Hany, indi kimden başlamaly. Ýa, umumy bejerişden başlabereliňmi?! Garry Myradow oturan ýerinden: – Ýoldaş rektor, gyzlardan, gyzlardan başlalyň! – diýip gygyrdy. Bu teklibi rektor oňlady. – Hany, onda. –Ol äýnegini dakynyp öňündäki kagyzy eline alyp okady. – Farmaseptika fakultetinden Maryýa Akimowna. Hany bar, bijäňi çek. Ol gyz inçejikden gelen sap-saryja gyz eken. Ol dogumlyja basyp bijäni çekdi. Soň aýna bankada togarlanan kagyzjygy aldy-da okady. – «Sowet döwletinde trahoma, mama, gyzamyk, gyzylja, garahassalyk ýaly kesele garşy göreşiň netijeleri» Ikinjisi, «Sowet Türkmenistanynda çagalarda ganazlygyň öňüni almagyň perspektiwasy»... – Hany, bu sowallar barada öz pikiriňi aýdyber. Mariýa sowaly türkmençe zordan patdyk-putdyk aýtsa-da, sowallara rus dilinde pert-pert jogap berdi. Ol gutaran badyna Garry Myradow ýerinden zöwwe turdy. – Eziz rektorym, ine, Lenin stependiýesini şu gyza bermeli. Onuň rus dilinde jogap berişem buýsançl-a.... Soň pediatriýa fakultetinden Güljan Annaýewa diýen dogumly gyz orta çykdy. Onuň bijesine «Düýe çalynyň dermanlyk häsiýetleri», «Molagara kurorty barada düşünje» diýen sowallar düşdi. Bu gyz hem sowallara rus dilinde jogap berdi. Ýöne bu gyz utandymy ýa-da bokurdagyny sowukladypmy, iki sözüniň birinde üsgürinjiredi durdy. Ol söhbetini tamamlan badyna Garry Myradow ýene ýerinden turdy. – Eziz rektorym, bolmasa, geliň şu gyza bereliň. Onuň maşgalasynyň abraýam tutuş Türkmenistana degýär – diýdi. Rektor elini galgatdy. – Garry, Garry, birneme salkykatlyrak bol. Seniň ýeke özüň däl-ä. – Bagşyla, hormatly rektorym.... Üçünji bolup, stamastologiýa fakultetinden Suren Akopýany orta çykardylar. Onuň sowaly. «Latyn dilinde bir goşgy okamak», ikinjisi, «Organiki däl himiýanyň medisina oblastyndaky orny we onuň perspektiwalary» boldy. Suren latyn dilinde goşgy okap bilmedi. Ol organiki däl himiýa barada plastmassanyň ýüze çykmaynyň tutuş adamzadyň durmuşynda uly perspektiw ähmiýetiniň boljakdygy barada aýtdy. – Diş ugrunda nähili perspektiwasy bar – diýip, Garry Myradow oturyp bilmän aýtdy. Süren oňa jogap bermedi. – Ah, şonam bileňokmaý, ýok, muňa bermeli däl, ýoldaş rektor – diýip gygyrdy. Rektor bu adama alaç bolmajagyny halys bilensoň Garry Myradowa seredip başyny ýaýkady. – Indi, ýene bir okuwçy, tüf, çort wozmy, ýene bie student galdy. Olam umumy bejeriş bölümden Amanow Dawut! Hany, Amanow çyk. Dawut orta çykyp, iň soňky bijäni çekip çykardy. – Ýoldaş mugallymlar, men türkmençe jogap bereýinmi, ýa-da rus dilinde, eger isleseňiz, latynça aýdaýyn!.... Garry Muradow elini galdyrdy. – Rus dilinde. – Hany, türkmen dilinem bir eşideliň-le-how – diýip, ýaşuly professor aýtdy. Dawut togalajyk kagyzyň gatlaryny emaý bilen açdy. – Birinji sowal: «Islendik temadaky fiziki çaklama», ikinjisi «Biologik hadysanyň adam bilen ösümliklerdäki deňeşdirilmesi» . Dawut az-kem oýa batyp durdy-da, bir wagtlar ürç edip oýlanan pikiriniň birine gaýdyp geldi. – Ýagtylyk bar ýerde kölege-de bar, Kolegäniň ýagtylyk bilen gatnaşygy heniz hiç ylymda düýpli öwrenilenok. Kölegäniň formulasy. Ýagtylyk, garşylyk, netije. Ol sanlar bilen kölegäniň formulasyny ýazdy. Günüň ýere bolan gatnaşygy. Ýeriň kölegesi. Aýyň kölegesi. Aýyň kölegesiniň başga bir jisime gatnaşygy fizika ylymyny indi çözülmeli uly ugry! Aýyň kölegesiniň Ýer şaryna bolan gatnaşygy açylsa, ylymda täze bir ugry emele getirer. Günüň beýleki planetalara bolan gatnaşygyny açmaga mümkinçilik berer.... Olaryň deňagramlylygy planetalaryň biri-birine bolan gatnaşygyny, netijede älemde bar bolan ýyldyzlaryň, beýleki planetalaryň agramyny, tutýan ornuny, gabarasyny, gyzyp-sowamak prosesini anyklamaga ýol açar.... Kölegäniň ýagtylyga bolan gatnaşygy älem jisimleriniň emele gelişindäki prosesiň esasyny düzýändir diýilip çaklamanyň döremegine esas döredýär.... Bir metr aralykdaky kölegede ýagtylygyň mukdary, şol mukdardaky meýdanda ýagtylyk bolmasa kölegäniň bolup bolmazlygynyň takyklygynyň çözgüdini aňladýandyr.... 2. Ikinji sowalym barada. Aýal adam kämillik ýaşyna ýeteninden soň erkek adam bilen yşk gatnaşygynda, aýala bagly bolmadyk ýagdaýda tohumlanmak bilen, onuň synasynda çaga galýandyr. Şol çaga enäniň synasynda galanyndan soň, ýene enä bagly bolmadyk ýagdaýynda, ösüp başlaýar. Oňa ýürek döreýär, bagyr, öýken, böwrek, kelle, oňurga, boýun, gulak, burun, agyz, eňek, döreýär. El, aýak, olarda barmaklar, dyrnak, saç, oglan boljak bolsa erkek organlary, gyz bolsa aýal organlary, jemi ýüz altmyşa golaý ordan. Soň bir gün hem ol çaga enä bagly bolmadyk ýagdaýda dünýä inýär we ol ýene enä bagly bolmadyk ýagdaýda ösüp, özgerip, ahyry bir gün dünýäden gaýdýar we ýene şeýle ýagdaýda nesiller döräp, olar gidip, beýlekiler gelip dialektiki proses dowam edýär.... – Sen şu ýagdaýy beýleki janly jandar bilen baglanyşdyrmaly. – diýip, Garry Myradow oturan ýerinden gygyrdy. – Garry, hany ýa çyk kabinetden, ýa-da düzüg otur – diýip, rektor gatyrgandy-da – Dowam ediber – diýip, Dawuda ýüzlendi. Dawut rektor tarapa aljyraňňy seretdi-de: – Tutuş ösümliklerdäki nesil öndürmek prosesi hem edil adamdaky ýaly ýagdaýdadyr. Her bir miweli ýa saýaly agaçda erkek we urkaçy düwünçekler bardyr. Baharyň eşretli günleri baglar gülleýärler. Şonda urkaçy gülleriň aýallaryň synasyna meňzeş synasyna olaryň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýda tohum düşýär we ol tohum, şol düwünçegiň özüne bagly bolmadyk ýagdaýda ösüp-ösüp miwe bolýar. Soň şol proses gaýtalanyp başlaýar. – Hany, agajy baldagyndan hem gögerdip bolýar-a?! – diýip, Garry Myradow gygyrdy. – Ol başga sowal – diýip, ýaşuly professorlaryň biri aýtdy. – Hany, oglany gaty kösemäliň! – diýip, rektor – Çary Baýryýew aýtdy.-Indi studentleri goýberip, maslahata başlalyň.... Dawut rektoryň jaýyndan gara der bolup çykdy-da, bolýan ýerine gaýtdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |