12:37 Dirilik suwy -23: romanyň dowamy | |
5. «Böwregiň, peşew ýollaryň dertlände, göbegiň aşagyna süle unundan hamyr edip ýapsaň, derdiňi ýeňleder» Gündogar tebipçiliginden. «Sarylamanyň alamatlaryny gözüň agyndan, dyrnakdan, peşewiň reňkinden, bedeniň gyzgynlygyndan, sowuklygyndan kesgitläp bolar» Türkmen tebipçiliginden. «Ýiti guragyryly ýeriňe bal arysyny çakdyrsaň. derdiňe şypa taparsyň» Türkmen tebipçiliginden. «Çöl alakasynyň eti süýji keseliniň bire-bir emidir» Türkmen tebipçiliginden. Ondan bäri bir aý geçdi. Dawut henizem işine baranokdy. Onuň esasy işi, ilki bilen Gargyly gysynyň çagylly böwründe Taýlynyň ýolbaşçylygynda uly depgin bilen gurulýan jaýydy. Oglanlar jaýyň boýuny eýýäm ýetiripdiler. Taýly Büzmeýin şäherine gatnap-gatnap, on tonna gaty gowy sement getirdipdi. Soňam birki sany oglan bilen gidip, şifer, polluk, potoloklyk tagta, faner, gapy, penjire, beýleki zerur gerek boljak materiallary satyn alyp gelipdi. Dawut jaýynyň öz göz öňüne getirişindenen gowy bolup, bitip barşyna çaga ýaly begenýärdi. Ol gurluşykçy oglanlaryň azyk-suwlugyny kem edenokdy. Ol obadan öz ejesini alyp gelip, olaryň naharyna, çaýyna seredýänçi edip goýupdy. Açyk howada, täzeje naharlary bişirip, iýip-içmesi Annajemala gowy ýarady. Ol derdinden açylmag-a däl, etine, ganyna gelip, owadan zenana öwrülip gidipdi. Dawut bir gün obadan gelse, gurluşykçylaryň töwereginde ep-esli ýetginjek onuň gelerine garaşyp, ýoluna garap otyrdy. Ol maşyndan düşen badyna bir ýerlerden Taýly ylgap geldi. – Dawut, salowmaleýkim. – diýip, ol gapdalda uly tamakinçilik bilen garap duran oglanlara seretdi.... – Bular kim?! Näme? Taýly boýnuny burdy. – Sen oglanlaryň aýlyk hakyny berdiň welin. Gürrüň tutuş obalara ýaýrapdyr. Bu oglanlar hem, «Bir işjagaz tapylmazmyka?» diýişip, daňdandan bäri ýoluňa garaşyp otyrla-däý. Dawut näme diýjegini bilmedi Taýly gaýta ondan ekabyr bolup çykdy. – Sen jaýyňy şeýle goýjakmy, ýa-da onuň daşyna haýatam çekjekmi?! Dawut ýylgyrdy. – Wah, näsini aýdýaň, bolsa men tutuş şu bagyň, jaýyň daşyna belent haýatam, onuň içindäki baglaryň arasyna ýodajyklaram, üsti basyrylan aşagy sekilije dynç alyş meýdançalarynam gurdurjak-la. Ýöne, hany, oňa harajat! Taýly onuň ýüzüne dogumly çözgüt bilen garady. – Dawut, dogryňy aýt, şu bir aýda bize, gurluşyk materiallaryna, nahara-beýlekä näçeräk çykdajy çykdy. Dawut: – Edil bir müň sekiz ýüz manad-a çykdy. Taýly baş atdy. – Ana, gördüňmi, hiç zadam däl eken. Indem semendiň, tagtaň, şiferiň bar. Oglanlar ýene on-on bäş gün işleseler jaýy gurup tabşyrarlar. Soň galan semendi, tagtany nätjek. Sen ýene bir iki müň manat taparsyň. Bu oglanlardan Kulyny brigadir belle-de, haýata başlat. Jaýy gurup bolanymyzdan soň, ýodajyklaryňy, bassyrmalaryňy Metjigiň brigadasy eder. Dawut öz pul ýagdaýyny ölçerip-döküp gördi. Onda häzir kyrk bäş müň manat bardy. «Goý, jaýyň galan bölegine, haýatyň, sementine, derwezesine, oglanlaryň hakyna, naharyna ýene üç müň manat gitsin, ol-a hiç zat» diýip, Dawut gyssagly oýlandy. – Bolýa, ýöne, şu gün başlasynlar. Ejeme-de aýt, gazanyny ulaltsyn.... Soň olar soňky gurluşykçylaryň täze brigadiri Kulyny, oglanlary alyp, haýatyň çekilmeli ýerlerine aýlandylar. – Ýöne haýat dogry burç bolsun. Ulanjak daşyňyz, serediň, edil jaýyňky ýaly, owadan, gelşikli bolmalydyr. – diýip, Dawut olaryň ýüzüne garap ýylgyrdy. Taýly muny gaty gören ýaly etdi. – Nätdiň-äý, klasdaş, meni näme üçin bellediň, haýat gyşyk boljak bolsa. – Bolýar. Men gitdim. Daş çekmek üçin maşyn meselesini özüň oňararsyň-da. Taýly ýylgyrdy. – Bolýar, bolýar. – Näçeräk pul gerek bolsa, çekinme.... Taýly baş atdy – Öňkem gutaranok-laý. Dawut şondan soň atasynyň goşuna bakan ugrady.... Onuň ikinji, has möhüm işi, obalaryň hassalaryny özünde bar däri-dermanlar, ýörite taýýarlan şerbetleri, mürepbeleri bilen bejermekdi. Ol özleriniň howlularynyň töründäki öňki köne jaýlaryny lukmançylyk otagyna öwüripdi. Goňşy şäherden lukmançylyk koýkasyny getirdipdi. Yşygy gowy berýän dury çyralary, derman goýulýan ýörite, gapylyja tekjeleri, eşik asgyç, alty oturgyç, özüne stol, stul, diwan alyp goýupdy. Aýaguja, töre haly ýazypdy. Asgyçdan onuň täzeje halady, el süpürilýäni asylgy durdy. Burçda içi suwly, gapdaly sabynly, diş ýuwulýan şotkasy bilen el ýuwulýan, onuň aşagynda syrçaly bedre durdy. Olaryň gapdalynda bolsa, agaç oturgyjynyň üstünde nebit bilen ýanýan üç peltelije peçjagaz, onuň üstünde, güni bilen gaýnap duran içi iňňeli, sanjym enjamly demir gapjagaz goýlupdy. Dawut howlyny öňardy. Pelleri depip, dersläp, göreniň höwesi gider ýaly edip goýdy. Daşky derwezeden lukmançylyk otagyna çenli dagyň gowy, tekiz daşyndan iki maşyn getirdip, ýanýoda etdirdi. Lukmançylyk otagynyň daşyny, içini öňki suwagyny sypyryp aýryp, täzeden ussa çagyrdyp suwatdy, Poluny, potologyny, üstüniň şiferini täzeden urduryp, reňkletdi, şondan jaýyň içini, daşyny iki, üç sapar agartdy. Soň dizinfeksiýalatdy. Indi lukmançylyk otagyna gireniňde, göwnüň göterilýärdi. Ol jaýyny oňaransoň, esasy işine durky bilen girişdi. Ilki öz öýlerinden ejesinden, kakasyndan, jigilerinden başlady. Soň Artyk agany, onuň ejesi Aýşa mamany, aýaly Senem gelnejäni bejerdi. Şondan soň Saparaly mugallymynyň aýaly, Sona gelnejäni, daýzasy Ejebaý gelnejäni bejerdi. Diňe şondan soň akly üýtgän diýilýän Weýsel tentegi, Salyh keri, Alty dälini, Gyzyl daýzany ýeke ýekeden lukmançylyk otagyna alyp gelip, bejergi edip goýberdi. Dälileriň sagalyp gitmegi, bir aýyň dowamynda inçekesellileriň, bagyr, öt, dertlileriň, süýji kesellileriň aşgazany näsaglaryň, başy çakyzalylaryň derdine şypa tapmagy, Dawudyň adyny çar tarapa ýaýyp başlady. Ol sähel wagt başga bir näsagyň halyndan habar almaga gidip gelse. lukmançylyk otagynyň işigindäki skameýkalarda dertli bendeler hatar boluşyp oturýardylar. Ony gören bendeler ýerlerinden turuşyp, onuň bilen gujaklaşyp görüşýärdiler. Bu günden şeýle boldy. Ol Gargyly gysyda işleri ýola salyp, atasyna däri-derman edip gelse, howly adamdan doludy. Ol adamlar bilen salamlaşdy. – Adamlar, hany ýer tapan ýerleriňizde oturyşyň, men sizi bir göreýin. Men kimiň ýagdaýy agyrrak bolsa, ilki bilen şoňa seredeýin. – Bize-de, şu gün nobat ýetermikä? – Gürrüňi bolmaz. Men gündizi, gijesi bilen siziň hyzmatyňyzdadyryn. – Haky nähili bolarka? – Hak barada gürrüň bolup bilmez. – Aý, berekella, köşegim! Adamlar oturyşdylar. Dawut adamlaryň gözlerine, dodaklaryna, meňziniň nähilidigine, dyrnagyna seredip, bir ujundan olaryň derdini aýdyp berdi. Soň bir gyrada garryja aýal bilen bükülip oturan ulygyzy gördi. – Näme, mama jan, bu jigimiň özi çekinip, seni alyp gaýdyberdimi? – Gary mama haýran galyp güldi. – Bildiň, balam, bildiň.... Dawut başyny galdyrdy. – Adamlar, men häzir şu jigimi kabul edýän, siz oturyň. – Ol daşardakylara seredip ýören Çotuga gygyrdy. – Inim, başga işleriňi goý-da şu agamlara, çaý, käse. süýji, mürepbe, çörek getir. Men şu jigime seredip çykýançam. – Ol turjak bolup başlan garry aýaly köşeşdirdi. – Mama jan, sen otur, men häzir, ilki seretjek, soň sen onuň bilen bileje gelersiň. – Garry mama närazy bolsa-da, alaçsyz ýerinde oturşyna: – Ol soňy turan etmez, ol Hudaý uran-a – diýip, hüňürdedi oturdy. Dawut edil bäş-on minutdan ol gyzy işige çykardy. – Mama jan, boldy. Gaýdyberiň. – Ol eli hasaly Kiçjik aga diýilýän gojany içeri çagyrdy. Goja lukmanyň garşysyna geçirip, ellerini saňňyldadyp, öz halyny gürrüň berp başlady. Emma Dawut ony saklay. – Kiçjik aga, bilýän, bilýän, sen otur, derdiňi men aýdyp bereýin. Seni babasili horlaýar. Ödüňde-de sowuklama bar. Saryň gaýnaýar. Olam ýüregiňi agyrdýar – Ýaşuly baş atdy. – Diňe bular däl, Sen peşewiňem alyp bileňok! Kiçjik aga heziller etdi. – Han-a, han-a meniň derdim şol. Men seniň ýanyňa şonuň üçin geldim. Babasilini, sary gaýnamany aýtmaga-da utanyp ýörendirin. Tüweleme, ömrüň uzak bolsun, baryny bilip otyrsyň, oglum. Lukman Kiçjik aga em buýurdy. – Men häzir ýüregiň üçin ATF sanjaýyn, her günde, irden bir nahar çemçesi ary balyny, çaýa, ýa-da, suwa garyp iç. Soňam mäkýanyň iki sany ýumurtgasyny bir käsä guýup, onuň üstüne iki nahar çemçesi nahar duzuny gowja garyp, ýumşak ýassygyň üstüne klýonka, ýaglyk ýazyp, şoňa dök-de, üstünde iki-üç sagat otur. Ýadyňdan çykarmazmyň. – Aý, näbileýin-dä, bala. Dawut ýaşulynyň ýüzüne garady; – Kiçjik aga, ýaşasyň gelýärmi? – Ýaşuly eşitmezlige salan bolup – «Ä-ä-ää!» – diýdi. Dawut ýene gaýtalady. – Wah, hawwala, şonuň üçin daň bilen işigňi kakyp durun-a. – Onda, meniň diýenimi hökman et. – Bolýa, bala, ederin Lukman gojanyň ödi, bagry üçin oňa, «allahol» ýazyp berdi-de, özünde baryndanam bir çemçe içirdi Oňa peşew çykaryjy derman berdi.... – Sen ödüň üçin geljek hepdäniň ikinji güni meniň ýanyma gelersiň–diýip, onuň adyny žurnalyna belläp, elini ýuwup, ýaş gelini içeri çagyrdy. Ýaş gelin burulyp otyrdy. Lukman onuň gözlerini, dilini, dyrnagyny, ýüz-gözüni gaýtadan synlap, oňa: – Sen dogan, keselhana, onda-da Aşgabadyň, «Gyzyl haç « keselhanasynyň urologiýa bölümine gitmeli bolarsyň – diýdi. Gelin ör-gökden geldi. – Meniň ýaşajyk çagam bar. Şony götermäge halym bolmansoň, birine goýup, geldim, dogan. Sen, gaýrat et-de, meni özüň bejerjek bol. Dawut başyny ýaýkady. – Ine, men seredip otyryn, ýüregiň, gaty gowy, bagryň, ödüň, gowy, aşgazanyň, gözüň, gulagyň, dalagyň gowy. Ýatgyň arassa. Bir kemiň böwrekde. Men ýalňyşmaýan bolsam, seniň böwregiňde kist bar, ýagny başga bir damara meňzeş ösüntgi bar. Ony diňe böwregi aýyrmak bilen ýok edip bolýar. Men onuň agyrmasyny aýyrmaga, onda-da birki günlük aýyrmaga kömek edip bilerin. Ýöne, has ygtybarlysy, operasiýadyr. Belki, men ýalňyşýan bolaýyn. Ýaş gelin aglap çykyp gitdi. Dawut bu geliniň derdi barada gelen netijesini gaty köp gün ünji edip gezdi. Ýöne bir aý töweregi geçenden soň, «Şol gelni Aşgabatdan ýörite sanitar uçar çagyrdyp, Merkeze äkidip, bir böwregini aýrypdyrlar» diýen habary eşidip, ýüregi ynjaldy. Häzirki wagt ellinji, altmyşynjy ýyllar bolany üçin, SSSR diýen ýurtda derman beýlekem beýle bir kän däldi. Iň ýörgünli dermanlar, analgin, sitiromon, aspirin, lewomisin, korwolol, sanjymlyk dermanlardan gyzgyn ukol, glýukoza, penselin, Atf, kakarbaksalaza, analgin, demidirol, witominlerden birki sanysy diýäýmeseň, başga bir üýtgeşik dermanam ýok diýerlikdi. Ýaman ýeri, ýüregem bolsa, bagyram, ödem bolsa, ysgynsyzlygam, guragyrydyr, ýoňlama-da bolsa şu dermanlary ulanmaly. Tebigat bolsa däri-dermanlardan ýaňa, parç bolup ýatyr. Emma, şol bellenen dermanlardan başgasyna eliňi degirmäge miltiň ýokdur. Elbetde, daşary ýurtlara gidenler, şol ýerlerde bir derdiň on-onbäş dermanynyň bardygyny aýdýardylar. Onam, näme, gözüň bilen görüp, hut şol derdiň dermanydygyna ynam edip bolanok-da. Dawut tä ýanwaryň ahyryna çenli, «Gargyly gysydaky» jaýy ýetýänçä lukmançylyk etdi. Ol her gün sagat sekizden gijäniň bir wagtyna çenli özleriniň howlularyndaky lukmançylyk otagyndan çykman, hassalara seredýärdi. Onuň ýanyna ýakyndaky bäş obadan her hili keselli adamlar gelýärdi. Dawut olary döwlet tarapyndan çykarylýan dermanlar bilenem, özüniň itburundan, garamykdan, garalydan, alyçdan, mumyýadan, şetdaly şipbiginden, sarytikeniň gabygyndan, andyzdan, gamak mumyndan, keýgiň garnyndan, bal arynyň zäherinden, ary balynyň özünden, göknaryň şiresinden, gyr alakasynyň, jeňňel syçanynyň, kirpiniň, ýylanyň etinden, ganyndan, gara möýüň zäherinden ýasan melhemlerini, şerbetdir, mürepbe emlerini batyrgaýlyk bilen ulanýardy. Ol däri-dermanlar, melhemler, elbetde, Allanyň kömegi bilen adamlaryň derdine derman bolýardy. Şondandyr-da, onuň ýanyna gelýänler gün-günden köpelmese, azalar ýaly däldi. Ol bu günem, gaty ir turdy. Täret alyp, namazyny okap, mellek ýeriniň iki pelini ýene bir sapar depip, depenje ýerine ders döküşdirip, soň sowuk duşa girip, ýuwundy, ertirlik edindi-de, lukmançylyk otagyna bardy. Nebit bilen ýanýan üç pelteli peçjagazyny otlap, onuň üstüne sanjym esbaply gapjagazy goýdy. Soň Ejebaý daýzasyna, ejesine, Gülsüme gaýnatdyran dermanlyk mürepbesini, şerbetini gözden geçirdi. – Entejik ýeterlik bar–diýip, begenip aýtdy. Bu howluda soňa baka hajathana meselesi, özüni bildirip başlady. Gyşyň güni bolansoň, bu ýere dertli garrylaram, göwreli aýallaram, çaga-çolugam gelip dur. Olar lukmandan bejergi alanlaryndan soň gyssanyşyp, hajathana isleýärdiler. Dawut bu meseläniňem bir çözgüdini tapdy. Ol geçen dynç güni oglanlary ýygnap, howlynyň günbatar burçundan iki gözli, birbada aýal-da, erkek-de gelip biläýer ýaly kaşaň hajat jaýyny dikeltdi. Jigisi Çotuga bolsa, ýörite hak berip, gelenlere çaý gaýnadyp berdirýärdi. Soňabaka bu ýere gelýänleriň kimisi tamdyrdan çykan, bir, ýarym çörek, bişen ýumurtga, delje köke, kemput alyp gelip ortada goýýardy. Bu bolsa adamlaryň garaşmaly wagtyny gysgaldaýan ýaly bolýardy. Emma Dawuda öz ýanyna barýanlary kän saklanokdy. Ol asyl fenandoskop bilen gyzgyn ölçenýänem kän bir ulananokdy. Onuň nazary, eli, gözi, duýgusy, pähim-paýhasy edil adam derdini bilýän rentgene öwrülip gidipdi. Işik açyldy. – Lukman jan, oglum, barmysyň? Dawut ýerinden turdy. – Geliň, garry ene, geliň. Garryja aýal işigi ýapdy-da, kimdir biri bilen madyr-madyr gürleşip, ýene işigi açyp, içeri girdi. Dawut ol garry aýaly tanamady. – Geliň, garry ene, geçiň oturyň. – Ol gapdalda duran oturgyja elini uzatdy. – Meni tanadyňmy? – diýip, garryja mama aýtdy. – Ýok, garry ene jan, ine, tanyşar oturarys. Başga näme işimiz bar. Şeýle dälmi?- Garry aýal oturgyjyny stola bakan, öňe süýşürdi. – Maňa Balyk diýýendirler. Ejeňden sorasaň biler. Men seniň göbegeneňdirin. Seni ýerden göterendirin. Ata-babalarymyz: «Ýedi pyştyma çekmerin, ýerden göterenime çekerin» diýendirler. Sende keçjelik damary bar bolsa, ýalançylyk, köbilmişlik, ýalym-ýulumlyk, gysyklyk, içigaralyk, gepçilik bar bolsa, meniň edil özümsiň. Ýöne, sen maňa çeken bolsaň, gowulyk, sahylyk, adamkärçilik diýen zat sürtseňem ýokmaly däl. Emma, sen maňa çekmänsiň. Sen juda mährem çaga diýýeller-ä. Sen onda daýylaňa çekensiň. Dawut bu garry enäniň sözüne ýylgyryp oturşyna: – Garry ene, sen meniň göbegenem bolýan bolsaň, men saňa öz elim bilen bir çaý demläp bereýin. Häzir sagat sekizem bolanog-a. ýarawsyz adamlar gelýänçä, ikimiz bir çaý içeli.... Balyk mama kesewi ýaly gara, horja elini daldalaty. – Wah, diliňe döneýin, mana, munyň agyn men-dä. Men çaý içmaýin. Meniň bir maslahatym bar – diýip, ol ilki işige seretdi. Soňa ynjalman, baryp gapyny berk ýapyp gelip, ýerinde arkaýyn gürledi. – Lukman jan, oglum. Seniň syr saklamak häsiýetiň nähili? Dawut ýylgyrdy. – Garry ene, aýdyber. Syryňy berseň, men şony ytygsatman saklap bereýin. Garry mama begendi. – Agyn özüm-dä. – Ol ýene işige ynamsyzlyk bilen seretdi-de, ynjalman baryp işigi açdy. Soň koridora çykdy. Ol ýerde galmagal etdi. Soň içeri girip, işigi berk ýapdy. – Haý, köki ýanan. Işigiň ýanynda durma diýsem, gelip işige ýaplanyp durýa. Haý, seniň köküň ýansyn diýsäni köki ýanan. Ol lukmanyň gapdalyna baryp oturdy. Soň Dawudyň gulagyna diýen ýaly: – Balam, sen meniň özümiňkisiň. Şonuň üçin, diňe saňa aýdýandyryn. Del kişi bilmeli däldir. Saňa-da aýtjak däl welin, sen ony görmeli boljak-da. – Garry düwündi. Soň jübüsinden akja ýaglyk çykaryp, agzyny süpürdi. Dawut bu garry aýalda inçekeseliň ötüşen görnüşiniň bardygyny güman etdi. Ol aňynda garry mama etmeli emler barada ýyldyrym çaltlygynda oýlandy-da stolunyň çekerinden hasa maskajygyny alyp burnuna geýdi. – Howa, «Saňa-da aýtjak däl welin, sen ony görmeli...» diýdiň. Garry buruljyrap, Dawudyň burnundaky ak hasa seredip gepledi. – Sen ony hökman göräýmelisiň, obam. Meniň ýagdaýym, ine, şunuň ýaly-da, saňa gitmesem, kime gidip, derdimi aýdaýyn. – Garry has mysapyrlandy. – Uruşyň ortalarydy. Biziň obamyza iki sany türkmen gyzy geldi. Olar şu ýere garahassaçylygyň öňüni almaga gelip, meniň öýümde ýaşadylar. Adamym görgüli ýaman, obanyň gara malyny bakan bolýady. Näme uzak bir ýerlerde nimis diýen äjit-mäjit bilen uruş-gowga gidip dursa-da, bu ýerler asudalyk-da. Näme diýseňem okuň sesi, tark-turk, däriniň ysy gelenok. Ýöne agysy-hasraty gelip dur-da, Meniňem Kerim diýen ýekeje oglum bardy. Zalym uruş onam ýuwutdy, balam, kökümi gyrdy, şeýdip. Ylahym, şu bara, uruşyň özje kökem üzüm-üzüm bolup gyrylmasa, Alladan razy däldirin. – Garry mama horja eli bilen ýer ýumruklady. – Razy däldirin, razy däldirin, balam. – Ol hälki akja ýaglygy bilen gurap giden gözleriniň owasyny süpürdi – Men nirde galdym-a. – Iki sany gyz geldi.... Garry mama dikeldi. – Hawa iki sany gyz gelip, meniň öýümde boluberdi. Olaryň birisi, lukman jan balam, peri diýsem agzy bar, surat diýsem sepi bar. Edil bir Allahy jennetiň ediljek hüýri-dä. Iýenem, görk bolup, janyna ýaýrap barýar. Bu gün görk-görmegi, ýüz esse bolsa, ertir turupjyk görseň müň esse bolup durandyr. Men indi segsenden geçdim, emma bu köki kesilmiş urkaçynyň arasynda beýle owadan maşgalany görenem, eşidenen däldirin. Özem, edil bir ýüpegiň bar-da, «Ene jan!» diýip, eddil, sözi, äheňi, demi, görki bilen janjagazyňy alyp barýar. Özüň heleý bolsamam, ediljek ezipler içiberesim gelibirdi, lukman bala-am! Ol gyzlaryň bar işi akar suwdan barmak ýaljak çüýşeleri dolduryp getirip, şoňa saplyja dürbüde seredip oturmak. – Asyl-Garry mama barmagyny işige uzatdy-da, Dawudyň gulagyna: – Göwreli bolsa nätjek?! Bir görsem, garny elek ýaly bolup gidip barýar. Meniň ýüregim ýaryldy. – A gyz, sen: «Men gyzdyryn diýen bolup, bu nämäniň masgaraçylygy?» diýip, tutdum şerraýçylyga. Wah, ol köki kesilen bedibagt, meniň «Kerim janym dolanyp gelse, şu gyzy gelin edip toý tutup alyyp berein» diýip ýören tulam bolsa näme? Wah, lukman bala, janlarym köýdi. Janlarym köýdi. Içimden ýöne garagurumlar zygdyrlyp gidiberendir-ä, ýöne, hany, saklap bilseň sakla-da. Tas ölüpdim. Ýöne ölmän galdym. Bu iki gyz tä sagalýançam ýanymda boldy. Soň näme ol tulanyň gyzjagazy boldy. Ol ony ilki alyp gitjegem bir boldy. Ýöne, ol çagajygyň iki aýagam şikesli-dä, aýaklary ters, ters biten. Aýaklarynyň her penjesi bir ýaňa bakyp dur-da. Şonuň üçin, «Ene jan, sen meniň gyzjagazyma bir azajyk göz-gulak bol. Nesip bolup, elim agzyma ýetip, uruş gutaryp, ýoldaşym sag-aman dolansa, gelerdejik alar giderin. Häzir men institutyň umumy ýaşaýyş jaýynda. Gahatçylyk. Özümem oňaryp bilemok. Azajyk kömek et...» – diýip gözünden boýur-boýur ýaşyny döküp dur-da. Dözmedim, obam. Ýöne, bujagaz gyzam, ejesindenem müň esse owadanam, namys-arlam, eli işlem bolup ýetişdi. Diňe didary, sulhy däl, elem, dilem ýüregem edil bir Allajanyň «Me, bendäm» diýip, yhlas bilen bereni-dä. Şu bar-a, lukman jan balam, «Eje jansyz adymam tutýan däldir. Allajan oglumy alyp, müň kerem mähriban çaga berdi. Ýöne, şikesli-dä. – Eje jan, bu şikes maňa Allanyň beren nygmatydyr. Onuň hiç aýby ýok – diýse-de, gyz indi ýetişdi. Men ony mundan artyk ile çykarman biljek däl. Ýöne, dadymy kime aýdaýyn. Kime baryp: «Mende şeýle-şeýle bir gyz bar, şony ogluňa gelin edip al!» diýeýinmi? Bu meselede, gyzyň bolandan ogluň bolany müň esse. «Sagry ädilkim sag bolsa, mawy kürtelim sallanyp geler» diýmänmidirler. Indem, saňa baryny aýtdym. Syrymy sakla-da, segsen ýaşyna çenli ýüreginde huwwalap göterip ýören ýalňyz garryja göbegenäň hormatyna, şu gyza howandarlyk edip, onuň derdini birje görüp, näme etseň gowy boljagyny aýtsaň. Howlugýanymyzyň sebäbi, meni dert halys alyp barýar. Syrymy şunça bildirmejegem bolsam, surym meni açyp barýar. Dawut garry mamanyň elinden tutdy, – Mama jan, sen haýsydyr bir gyzyň aladasyny edýäň. Seniň özüň barada alada etmeli. Ilki saňa em edeli. Ol gyzy soň görer ýöreris. Garry syçyrap ýerinden turdy. – Wah, Magtymguly jan-eý. Sen nädip «Obasyna pirdir diýip baranym, etegne el ursam a.... çykypdyr» diýdiň. Ine, alymda otyr-a ol bedibagt. Ah, Magtymguly janym, gurbanyň gideýin, sen şeý diýewoýmalymy. – Ol, ýüzüni çytyp, zordan ýerinden turdy. – Bolyýe, boliýe, wah, wah, indi ne alaçlar edeýin, Allam. Indi ne alaçlar edeýin, Bossanym !? Ol yra-dara bolup işige ýetmänkä, Dawut ol garrynyň yzyndan ýetip, ony göterip diýen ýaly, oturgyçda oturtdy. – Hany, çagyr ol gyzy. Garry aglap oturşyna, sözüne bogulyp, başyny ýaýkap otyrdy. Dawut garry aýala bir bulgur suw içirdi-de, işigi açyp daşary seretdi. Daşardaky oturgyçda jigisi bilen bir gyz otyrdy. Dawut ol gyzda beýle bir üýtgeşiklik görmän: – Bu garry mama bilen gelen gyz senmi–diýip, oňa habar gatdy. Gyz ýerinden galdy-da, kynlyk bilen ýöräp, içeri girdi. – Geçiň, oturyň. Ol gyz garry mama tarap okduryldy. – Eje, eje jan, saňa näme boldy. Ýör, gaýdaly. Ýöri, men seni öýe elteýin. Dawudyň bir gören zady gyzyň ýüpek seçek ýaly aý-ak zulmaýy barmaklary boldy. Ol «Barmaklar-a hakykatdanam owadan eken» diýip oýlandy-da, gyzy ýene oturgyçda oturmaga çagyrdy. – Ýok, sen şu kuşetka geç. Gyz utanyp garry mama seretdi. – Geç, geçiber. Lukmandan utanyp durmazlar. Olar Allanyň adamlarydyr. Olar biziň ýaly däldir. Görkez kemiňi. Gyz kuşetka geçip, aýaklaryny uzadyp oturdy. Dawut gyzyň aýagynyň hersi bir tarapa bakyp duran penjelerini synlady. Hany, dogruja tut. Hany, indi iki aýagyňam ýere goý, Ol gyzyň biri gapdala, birisem yza bakyp duran aýaklaryny, baldyryny, basyşdyryp, çekişdirip, kiçijik çekiçjagazy bilen uruşdyryp gördi. Soň baryp el ýuwulýanda ellerini sabyn bilen ýuwup, akja plotensa süpürip, ýerine geçip oturdy. Soň hasrat çekip oturan garra ýüzlendi. – Mama jan, eşidýäňmi! – Aýdyber, ker däl. – diýip, garry kine bilen, tutuksy gepledi. – Iki gulagym sende. – Iki gulagyň mende bolsa, agtygyňy özüm bejererin. Ýöne ilki senden başlamaly bolar. – Garry üşerildi. – Bejererin!Hä, bejererin diýdiňmi! – Ol birden janlandy. – Balajygym, Lukman oglum. Şu gyzy ilki bejer. Meniň bilen işiň bolmasyn. Men indi Allanyň ýanyna gitmäge taýýarlanyp ýörün. Bu gyzy bu durşuna goýup gitsem, men görümde nädip rahat ýataýyn, balam, iki sany bakypjyk oturan saglyk sygyrym bar. Ýedi müň manat nagt pulum bar. Baryny al, ýöne gyzymy bejerip bilseň, bejer.... Dawut ýerinden turdy-da, izoniazidiň ergini bilen arkasyndan göni öýkene sanjym etdi. Soň ATF, dürli witaminlerden guýrugyndan, damaryndan sanjym edip, bir bulgur, ajy ýowşan şerbetini, ýarym bulgur itburun toşabyny içirdi-de, elini ýuwup ýerine geçdi. – Indi gyzyň barada. Onuň ady, atasynyň ady näme. – Ady. Bossan. Kakasynyň ady, Sary ker. Özem ýalňyşmaýan bolsam, kyrk bäşinji ýylyň birinji ýanwarynda doglan. Ýaşy ylaýyk on ýedi. Dawut gyz üçinem, garry üçinem medisina kartasyny tutup, geçiren barlagynyň esasynda gelen netijelerini, eden derman, sanjymlaryny ýazdy. Soň gyzyň ýüzüne seredip, doňup galdy. Gyzyň meýli pyýala ýaly gözleri, edil bir bişen garaluw ýaly bolup, mylgyrap, ondan bur dökülip durdy. Aslynda gyzyň ýüzi, gözi keramatly, bürülip duran şuglaly nurdan ýaňa görünmeýärdi. Onuň kirpiklerinden nur pürkülip, gabaklaryndan şygla bölünip ýüzüňe-gözüňe çabyraýady. Ýüzi ýüpek deý akja, näzikjedi. Dawut özüni ele aldy-da, ýene gyzyň ýüzüne garady. – Bossan, sen barada!–Ol edil silde, gark bolup barýanyňky ýaly delminip, uludan bir demini aldy-Seniň aýagyňy bejereris. Ýöne, mama jan, pulam diýmäli, malam diýmäli. Sen şu gyzyň ýagşy aýak üstüne galansoň, maňa kömekçi ber. Garry edilen sanjymlardan ýaňa meýmiräp oturşyna: – Al, sen alsaň, maly, puly, jaýy bilen bereýin, al.... Dawut bejergä bir hepdeden başlajagyny, onuň üçin, gyz lukmanyň ýanyna gelende köýneginiň, aýak geýiminiň nähili bolmalydygyny düşündirip aýtdy. Gyza özüniň içini ýuwmagy öwretdi. – Nesip bolsa, gül ýaly bolar. Ol gyz ýüzüni şuglaly nur bilen ýapyp, mamasyna hemaýat berip, daş çykdy. Dawut olary maşynyna mündirip, öýlerine eltip gaýtdy. | |
|
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |