01:39 Dirilik suwy -25: romanyň dowamy | |
7. «Ýykylan çaganyň kellesi düşendir öýtseňiz, kellesini kakdyryň» Halk lukmançylygyndan. «Ýüregi düşen adamy kellesini aşak edip galdyryp, ýüregini sypalap-sypalap, ýerine getirip aşagyndan gaty zat bilen tekýe berip berk daňmaly» Halk lukmançylygyndan. Gorkan kişiniň gulagyna uwlap, soň sowuk suw içiriň» Halk lukmançylygyndan. Lukmançylygy Alladan bolmadygyň, lukman bolmany ýagşy» Gündogar pähimi. Dawudyň ömründe eden ýalňyz islegi hasyl boldy. Ol Taýly, Meret ýene birki oglan bolup, indi telim aý, telim ýyl bäri pikirinde her günde telim gezek janyny, pikir-paýhasyny, tutuş zehinini goýup eden işini – «Gotur gowagyň» suwuny durmuşda, täze jaýa çekdi. Täze jaýyň iň gündogarky otagyndan edil ýeriň astyndaky ýaly içinde bir adam oturyp, ýuwunaýar ýaly howuzjagaz gurdy. Ol howuzyň daşyny ýeriň astyndaky howuzjygyň gyra töwereginden kesip alynan daş bölejikleri bilen ýagşy gurşadylar. Ýeriň astyndaky çüwdürimleriň hersiniň suwunyň guýulýan ugruna ýörite, içi suw sorýan mini motorjykly bedrejik berkitdiler. Bedreler Dawudyň pikir edişindenem berk, ygtybarly boldy. Şol mini motorjyklara juda ygtybarly şlanglar berkidildi. Şlanglar edil täze jaýyň gündogar, gapdalyndan açyk meýdana çykaryldy. Görlüp oturylsa, Dawudyň suwa düşen ýerasty çeşmejigi asyl uzakda-da däl eken. Ýöne ony Taýly ýaly tebigy zehiniň bolmasa, nädip biljek. Elbetde, Taýly Dawudyň bu işleri, azaplary, çykdajylary näme üçin çykarýandygyna kän bir akyl ýetirjegem bolup duranokdy. Ýöne, ol Dawudyň diýenine ýogam diýenokdy. Dawut diňe iş doly tamam bolanyndan soň, oglanlara bu işleriniň syrlaryny doly açdy. Şondan soň, oglanlar maňlaýlaryny gijä tutup, Artyk agany, Aýşa mamany, Senem gelnejäni. Dawudyň atasyny, kakasyny, ejesini, jigilerini, Aýdogdy daýysynyň tutuş maşgalasyny, Balyk mamany, Bossany, Taýlyny, Meredi ilki bolup suwa düşürdi. Soňam, ilki bilen Dawudyň lukman hökmünde hasaba alan inçekeselli, bursulýozly, bagyr, öýken, böwrek, ýürek keselli adamlaryny maşyn bilen ýörite getirip, suwa düşürip başladylar. Dawudyň begenjiniň iň buýsançlysy, Bossanyň aýaklayny bejermegidi. Bu gyz ilki-ilkiler eli pişekli gezenem bolsa, indi pişeginem aýryp, arkaýyn ýöräp ýördi. Özem suwa düşeninden soň, gün-günden özüni tutup barýardy. Diňe Bossan däl, bu suwa düşürilenleriň ählisi suwa düşenlerinden soň, täze bir ömür bilen ýaşap başlapdylar. Dawut şol begenji, buýsanjy bilen Gün öýläne aganda Kelte çynara bardy. Ol maşynyndan düşüp, howla girjek bolanda töwerekdäki maşynlary görüp haýran galdy. Ol howla girensoň-a, howsala batyp başlady. – Ýa, öýmüzdäkilere bir zat bolaýdymyka? – Ana, onuň özem gelýe! – diýip, kimdir biri gygyrdy. Onuň lukmançylyk otagynyň işigindäki topar tutup duran adamlar oňa tarap gozganyşyp başladylar. – Näme boldy? Näme boldy!–diýip, ol duranlardan sorady. Birdenem gözi etrap keselhanasynyň baş lukmany Emir aga, onuň ýanynda duran Aşyr aga, Myratgeldi aga düşdi. Ol olar bilen howsalaly salamlaşdy. Emir aga babasilisiniň beterlän görnüşiniň sanjysynyň ejirinden ýaňa bir agaryp, bir gögerip gidýän etlek, gapgara ýüzüni, jüçjerilip duran mawdar gözlerini aladaly gyrpyldatdy. – Şeýtjekdiň, şeýdibem dyndyňmy?! – Ol ýaş lukmanyň geplärine-de gezek bermän, – Sen, näme, ýurdy keleçe soraýandyr diýýeňmi? Ine, Aşgabatdan, Krasnowoddan, etrapdan uly komissiýa. Indi ber jogabyny. Ol Dawudyň golundan tutup, orta boýly, ak ýüzli, gazak keşp adamyň ýanyna eltdi. – Ine, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ministriniň bejeriş, lukmançylygy boýunça orunbasary, Aýly Taýmazow. Ol daýaw pyýada-da Krasnowodsk oblast saglygy saklaýyş bölüminiň orunbasary Balkan Pomanow, gapdalyndaky pyýada-da, «Sowet Türkmenistany» gazetiniň oblast boýunça öz habarçysy, Satlyk Guljaýew. Etrapdakylary özüň tanaýaň. – Ol Dawudy olara tanytdy. – Ine, şol ilden çykan lukmansumak. Özbaşyna eden etdilik edip ýören şu. Näme sowalyňyz bolsa, özünden soraberiň. Aýly Taýmazow diýilýän adam lagtalanyp başlan bagrynyň sarysyny meňzine ýaýradyp, günortan naharynda içen aragynyň heniz bedenine siňmedik güýjüniň bady bilen inisiatywany öz eline aldy. – Hany, han ogul, otaga gireli. – Onuň özi öňe düşüp, içeri girdi-de, Dawudyň ýerine geçip oturdy. – Sen medinistituty haýsy ýylda tamamladyň? Emir aga ýüregi ýarylan ýaly bolup: – Şü ýyl – diýdi. Aýly Taýmazow agzyndan gelýän ýakymsyz ysy daşyny kükedip, durşuna, ony saklady. – Näme, onuň dili ýokmy? Özi aýtsyn. Dawut ýüzüni sallady. – Aýdyl-da, şu ýyl – diýip. – Sen ugradyş boýunça haýsy etraba iberildiň. – Şu etraba – diýip, Dawut Emir aganyň ýüzüne garady. – Häzir nirede işleýäň? Dawut ministriň orunbasarynyň göni ýüzüne garady. – Häzir işlämok. – Näme sebäbi? – Sebäbi kän. – Birinjisi? – Birinjisi – Dawut elini owkalady. – Birinjisi, şeýle iş ýagdaýynda işläsim gelmedi. Men işlär ýaly iş ýok. Emir aga ýerinde oturyp bilmedi. – Ana, gördüňmi? Şeýle-de, hut şeýle. – Ikinjisi? – Ikinjisi. – Ikinjisi, maňa «Seniň öz obaňda etrap saglygy saklaýyş keselhanasynyň bölümi açyljak. Şoň sen müdir bolup gidersiň. Şonuň üçin ilki öňünden baryp şol ýerlerdäki obalaryň sag, kesel adamlaryny, çagalaryny hasaba al» – diýdiler. Menem, iki aý iş edinip, olary hasaba aldym. – Hawa, olar näçe eken? Dawut olary bolşy ýaly gürrüň berdi. – Men bu barada etrap saglygy saklaýyş bölüminiň baş lukmany Emir Kulyýewe aýtdym. «Ol adamlara saglygy saklaýyş hyzmaty zerur» diýdim. – Ol näme diýdi – diýip, ministriň orunbasary halys sanjap başlan bagyrynyň yzasyna dözmän, ullakan garnynyň aşak ýüzüni sypalap, gyssanyp sorady. Dawut häzir Emir aganyň agyryp duran ýüreginiň, ministriň orunbasarynyň bagyr awusynyň, Meret aganyň, Myratgeldi aganyň, habarçy ýaşulynyň ýekeje dermanynyň, ýeke çüýşe aragyň ýetmezçilik edýändigini, ýöne olaryň içini ýakyp çaýa çagyrman durşuna: – Emir Kulyýew näme diýer öýdýäň, ol: «Han ogul, men seniň obaňda bölüm açjak bolsam, köp çykdajy etmeli. Näme üçin, seniň üçin özümden harç çykaraýyn. Getir puluň bolsa, men saňa bölüm açyp bereýin» diýdi. Emir aganyň ebti, agdy. Onuň babasilisiniň reňki ýüzüne urdy. – Haýt, jiji, bu ýerde resmi adamlar otyý. Sen agzyňy ondak-mundak urma-da, düzügilje keple. Nämä gerek ýalan sözlemek.... Dawut onuň yňňy-çyňňysyna seredip durmady. – «Seniň ýeriňe, maňa iki öküzçe bermäge razy bolýan ýegenim Arazdurdyny müdir etjek diýdi. – Men razy boldum. «Bolýar. Menem şonuň işgäri edip belläýiň» diýdim. Ol razy bolmady. Onsoň menem «Beýle ýagdaýda işleşip biljek däl» diýip işden çykmak üçin arzamy ýazdym. Ministriň orunbasary eňki gitmeden halys bolan ýüzüni eňşidip: – Indi, şol kesellilere näme boldy? – diýdi. Dawut ýüzünde Aý dogan ýaly bolup seredişýänlere garap: – Bary gutuldy! – diýdi. Ministriň orunbasary bagrynyň agyrsyna halys çydap bilmän ýerinden turdy-da gygyrdy. – Amanow, sen at oýnatma! – diýdi. Dawut onuň ýüzüne garady. – Men, ýoldaş ministr, dogrymy aýdýan. Häzir olaryň birem kesel däl. Ynanmasaňyz, barlap göräý. Aýly Taýmazow janyna dözüp, Emir aganyň ýüzüne garady. – Bu çynmy?! – Näbileýin. Şu oglan bäri geleli bäri. Şu bäş obadan bir adamam etrap keselhanasyna baranok. Biz näme, munuň bu taýda näme edip ýörenini nireden bileli. – Bilmeli ekeniň! –diýip, Aýly Taýmazow halys sabyr käsesi dolup, iş otagdan çykmaga taýýarlanyp başlady. – Bilmeseň bil-de, bir hepdeden hasabatyň meniň stolumyň üstünde bolsun! Düşündiňmi! – diýip, welaýat saglygy saklaýyş bölüminiň ýüzüne gyňyr nazaryny aýlady. – Bolmajak zat, bolmajak. Çypdyrma.... Olar maşynlara bakan gitdiler. Emma gazetiň welaýat boýunça habarçysy, güýçli gan basyşdan dert çekip oturan Guljaýew aýak çekip yza galdy. Ol Dawuda: – Bally, häki akly üýtgänleri bejerýen diýen kepiň nähili? Meniň bir oglum ba. Onuň şol ýakymsyz keseli ba. Şony alyp geläýsem nähili bo. Dawut oňa ünsem bermän: – Alyp geliber. Onuň gürrüňi bolmaz – diýdi. Guljaýew Dawudyň elinden tutdy. – Bally, sen maňa düşünmediň öýdýän – diýip aragyň ysy pöňkäp duran demini ýaş lukmanyň ýüzüne üfledi. Dawut özüniň gelerine, eliniň boşaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturanlara garady-da: – Ýoldaş habarçy, siziň akly kem ogluňyz bar. «Ony ýanyma alyp gelseň nähili bolar» diýdiň. Menem getir, onuň gürrüňi bolmaz» – diýdim. Başga gürrüňiň bolmasa, maňa näsaglar garaşýar. Emma habarçy ony sypdyrmady. – Ertir getirsemem bolarmy? – Eliňden gelse, şu gün getir. – Wä-ä! – diýip, ol derwezä çenli lap-lap edip, yzlyn-öňlin ýöräp, büdräp barşyna, özüni derwezä urdy-da, çykyp gitdi. Dawut gijäniň bir wagtyna çenli ýerinden galman adamlary kabul etdi. Ol näsaglary kabul edip otyrka, indi özünde gaty berk ynamyň takyklygyň, aýgytlylygyň – diýip bolmajak duýgyrlygyň emele gelip, berkäp, kämmillik derejesine ýeip gidendigini duýýardy. – Elbetde, rentgen, kordiogramma, barlaghana bolan bolsa, mundanam gowy bolardy. Onda-da bähbit boldy. Olar bolan bolsady, men munça kämil bolubam bilmezdim – diýip, ol iň soňky näsagy gaýtaryp barşyna içini gepletdi. Soňam – Garry ene, şol emleri bir kabul edip gör. Ol bolmasa, ýene bir sapar göreli! Garry ene, yzyna öwrülip, naýynjar gürledi: – Köşegim, bu dert meni halys etdi. Ne bir gyzgynym galýar. Ne-de bir ýatyp-turup, iýip-içip mazam bar. Ýöne ysgyn-mydardan aýrylman, dert çekip galan men boldum. Dawut oňa dözmedi: – Şol emleri al, onsoň meniň çakym dogry bolsa, ýekeje günde bary tut ýaly bolar ýaly ederis. Garry başyny atdy. – Şeýt bala, Allam seniň ömrüňi uzak etsin. Garry gidensoň Dawut agyr oýlandy. «Men ýapyk sarylamadyr öýtsem, olam-a däl ýaly, Garry adam-da, onuň reňki-roýam ýürek derdine meňzeýär. Ýa. Şol bela ýene örňäp ugradymyka? Ol boljak bolsa, ýaz, tomus möwsümlerinde başlamaly welin. Ýa bu ýerlerde, gyşam ýaza sapyp gidensoň, ýene möwjäp ýörmükä? Ol elini sabynlap ýuwup, süpürdi-de, daş çykdy. Göwnüne bolmasa, eýwanda oňa ýene bir näsag garaşyp oturan ýalydy. – Ine, sen näme, girmän otyrsyň, dostum?! – diýip, uzyn oturgyjyň bir burçjagazynda iki dyzyny gujaklap gagşap oturan pyýada ýüzlendi. – Hany, gir, ýagty ýere bir geç. Üşemekden ýaňa ýüzi gögerip, şu sowukda aýaklaram ýalaňaç sandyrap oturan ýaş ýigit oturgyjyň öl bolan ýerine, utanmak bilen bir garap, otadga girip, lukmanyň oturgyjynda oturmaga ýaýdanyp, aljyrap durşuna, lukmanyň ýüzüne utançly seretdi. – Salowmaleýkim, Dawut dide! – Ol salamdan soň erbet titräp aglady-da, iki satanynyň arasyny tutup egildi. Dawut düşünmedi. – Hany, gowja otur, hany. Ýaş ýigit jalbarynyň içinden üşemekden gyp-gyzyl bolan aýaklaryndan syrygyp, poluň ýüzünde kölçe bolup duran sadyra seredip, töwereginden nähilidir bir esgi agtardy. Eger esgi bolsa, ol haý diýmän ol çaýpanyp ýatan siýdigi syryp-süpürip, aýrjaga meňzeýärdi. – Hany, otursana – diýip, Dawut oňa dözmän aýtdy.-Näme, peşewiň sakladanokmy?! Ýaş ýigit erbet tisgindi-de, gözýaşyny ýumrugy bilen çalyp durşyna hykylady. – Men oturman, dik duran ýerimde aýdybereýin? Dawut ýerine geçip jaýlaşykly oturdy-da, bu dertli ýigide garady. – Özüňe nähilisi amatly bolsa, şoňa görä bol. Ýaş ýigit ýaşly gözlerini delmindirip howsala bilen töweregine seretdi. – Gaty giç däl gerek? Dawut ýylgyrdy. – Nirä howlugýaň. Meniň-ä öýüm üstümde. Gyssanmasaň, senem meniň ýanymda ýatarsyň. Howlukma, häzir bileje çaý, çörek iýeris. Soň ýene dowam edibereris. Ýigit ynjalan ýaly boldy. – Dide, dide jan, men bir ýetim oglan, adym Gulça. Hudaýdan başga hiç kimim ýok, düýşümde Allajan seni salgy berdi. Sen meniň derdimi bir görüp ber! Dawut ýerinden turdy. Gelip ýaş ýigidi gujaklady. – Hapa bolmasana, hany, aýtsana. Näme derdiň bar. Hudaýa şükür, ýüregiň, bagryň, öýkeniň gowy, aşgazanyň, ödüň, gyzylödegiň gül ýaly. Ödüňde, dalagyňda, böwregiňde kemiň ýok, Eliň aýagyň, gözüň-gulagyň gowy. Men diýen ýaşyňda. Sende näme keseliň bolup biljegini, şu wagt aklyma aýlandyrtyp bilmän otyryn, men. Ýaş oglan dymyp durdy-da, başyny atyp, poluň üstünde çaýpanyp ýatan sadyr suwa uýatly garady. – O diýýäniň dogry, dide. Ýöne meniň keselim, doga. Ol adam oglunda boljak kesel däl. Meni agladýanam şol-da. Dawut ony birneme gyssady. – Hany, gyz ýaly myllaryp durma-da, çaltyrak aýt, derdiňi. Hany bol! Gulça Dawudyň ýüzüne aljyraňňy seretdi. – Meniň ho ýerim iliňkä meňzeş däl. – Ujydyňmy? – Hawa, ujydymda deşik ýok. Deşik onuň düýbünde, ýumurtgalaryň düýbünde. – Sen hem oglan hem gyzmy? – Hawa! – Ýok! Men oglan, ýöne mende siýdik akmaly ýol ýok. Ujydym bitik. Siýdik, ýumurtgamyň düýbündäki temeniň gözi ýaly deşikden gidýär. Bu bolsa, meniň jalbarymy gyşyn, ýazyn şalpy-şaraň höl edip, siýdik ýollary indi işlänok. Siýdigimi saklap bilemok. Men indi bäş-alty gün bäri hiç zadam iýemok. Adamlardan utanýan. Çörek dilemäge ýagdaýym ýok. Öten agşam aglap ýatyrkam düýşüme Allajan giripdir.... – Sen obaňyzdaky lukmanyň ýanyna bar. Men oňa tabşyrandyryn – diýdi. Onsoň, näme bolsa bolsun diýip, maňlaýymy garaňka tutup, şu ýere geldim. –Ol Dawudyň ýüzüne uly howsala bilen garady – Ýa Hudaý jan saňa aýdandyr-a, men barada!.... Ýa aýtmadymy, hä?! Dawut baş atdy. Ýerinden turup, işigi içinden pugta ýapdy. – Hany, jalbaryňy aşak düşür. Ol eline lukmançylyk çemçejigini alyp, Gulçany ynjalykdan gaçyrýan derdi gördi. – Bary, düşnükli. Bu doga şikest. Juda ýakymsyz dert bolmaly. Ýöne, muny, Alla janyň keramaty bilen bejerip bolar. Indi jalbaryňy galdyraý. Lukman işikden çykdy-da, bir salym Gulçany ýeke goýdy. Soňam özüniň täzeje sport kostýumyny, tursy. Maýka alyp geldi. – Me, şulary geý. Häzir naharam geler. Indi, sen maňa özüň barada gürrüň ber. Gulça ýyljak, täzeje sport kostýumy geýip, ýalaňaç, kirli, häli daman siýdigiň yzgary henizem gitmedik aýaklaryna seretdi. – Şikesiň şikes welin, sen jigim, beýdip, gyşyň güni aýagyň ýalaňaç, iki satanyň arasy öl-myžžyk gezip ýörüşiňe, herne, ölmänsiň. – Nädeýin? Hiç kimim ýok. Ýazda, güýzde, tomusda Artyk aganyň çekene malyny bakýan. Ol malyny baksam-a, el ýaly gaty çörek berýe. Malyny bakmasam onam berenok. Häzir-ä ol ýarawsyz, maňa elem deger ýaly däl-ä, dide jan. – Sen bir-ä maňa diri käkilik tapjak bol. Ikinjidenem, wagtynda buşugjak bol. Gijä galma. Ikije gün gaýrat et. Men seni, nesip bolsa, edil özüm ýaly owadan, gözel ýigit ederin. Sen her sagatda, buşugyp gel, oturyp buşug. Her sagatda, düşündiňmi, gijä galsaň. ýene şalpy-şaraň bolar ýörersiň, meýdana gitmäge gyssansaň. Ýanyňda ýarym litrlik banka sakla-da, şoňa buşuk, bolýamy. Dawut haý diýmän Gulça gyzgynlyk sanjymyny, witaminleri, müňlük penselini sanjym etdi. Soň oňa täzeje köwüşleriniň birini, jorap getirip berdi. Ertesi ol täze jaýa baryp, Gulçany tutuş günläp iş edindi. Onuň getiren käkiliginiň gyzylödegine barýan ketirdewik içegejigi alyp, arassalap, özüne gerek bolaýjak derejede bejerip, taýýarlap, spirtli banka salyp goýdy. Ilki Gulçanyň o ýerini, bu ýerini spirt bilen, päki bilen arassalady, soň spirt bilen gaýtadan ýagşy tämizledi. Diňe şondan soň ony operassion stolda ýatyryp, ujydyndan nowakainiň doly dozasdyny sanjym etdi. Gulçanyň azy dişleriniň arasyna lukmançylyk çekiçjiginiň sapyny salyp, ony berk dişletdi. Soň onuň ujydynyň düýbündäki deşikden tä ujudynyň ujuna çenli skalpel bilen dildi. Şol ýere-de käkiligiň bokurdagyndan daşlygyna barýan gemirçekli içegejigi spirtli çüýşejikden alyp, oturtdy. Soň ony berkidip tikdi. Indi Gulçanyň öň yzgar ötmeýän ujydynyň ujundan käkiligiň gyzylödeginiň ujy sallanyp durdy. Ol gulçanyň dişleriniň arasyndaky çekiçjigi aýyrdy. – Sen entejik, dynç al-da ýatyber. – Ol ýylgyryp Gulça seretdi. – Gaty agyrtdymy? Gulça başyny ýaýkady. – Çydasaň boljak. Dawut elini, gurallaryny, sanjym enjamlaryny ýuwuşdyryp ýygnamalysyny ýygnap, gaýnatmalysyny üç peltelkije gapyrjaga salyşdyrdy. – Indi, ýagdaýyňy göreli. Hany, aýt agyrýan-ynjaýan ýeriň barmy. Çekinme, buşugasyň gelýärmi? Gulça başyny ýaýkady. – Agşamky sanjymlardan soň bir saparam buşugamok. Ýöne aýdanyň ýadymda. Dawut ony arkaýynlaşdyrdy. – Indi, gutardy. Senem indi, edil beýleki adamlar ýaly. Ýöne, operasyýadan soň, birneme seresaplyja bolgun. Entek-entejikler iginip, çygynyp ýörmegin. Aňry gitse, ýene ikije gündür. Olar ikiçäk oturyp çaý içdiler. – Dide, meniň ýokarda Alla, Ýerde özüň, şu ikiňizden başga hiç kimim ýok. Men okap bilmedim, sowadym, bilimim, düşünjäm ýok. Indi sen meni öz ýanyňa alaýsaň, bütin ömrüme, guluň bolup gezeýin. Ýeriňi depeýin, çaýyňy demläp, malyňy bakyp bereýin. Ýöne maňa el ýaljak çörek berseň, tenimem ýalaňaç bolmasa bolýar, maňa. Bir üýtgeşik alada gerek däl maňa. – Ýigit aglap, Dawudyň elinden tutup özelendi. – Meni indi taşlama. Dawut kakylýan işigi açyp, kimdir bir aýal adam bilen nämedir bir zat barada gürleşip, gaýdyp geldi. – Guljça, sen görüp dursyň. Men bir atadan ýeke ýigit. Iki uýam bar. Olaram kişi maşgalasy. Şonuň üçin, sen garşy bolmasaň, ikimiz dogan bolaly. Tä ömrümiziň ahyryna çenli birek-birege arka bolaly. Meniň janym sag bolup ýörsem, seni hor-zar etmen. Senem meniň buýran ýumşuma «ýok» diýmeli dälsiň. Sen hemişe meniň bilen bile bolarsyň. Men özümiň ähli bilýänimi saňa öwrederin. Ýöne gaty ünsli, pähim-paýhasly bolarsyň. Meniň atam, kakam, ejem doganlarym seniňem ataň-eneň, doganlaryň bolmalydyr. Düşünýäňmi?! Gulça aglap ýatyşyna, sesinem çykaryp bilenokdy. Dawut ýarym litrlik bankany getirip, Gulçanyň ýatmaly krowadynyň ýanynda goýup, ony şol krowata geçirip: – Sen, ýat. Men häzir Balyk mamany görüp gelerin. Agyrmyş. Buşugasyň gelse, ine, banka. Eger daşyna dökülse, alada etme. Özüm gelerinem, arassalarynam.... Bagyň derwezesiniň ýanynda Taýly, Meret, beýleki oglanlar üýşüp durdy. – Dawut, bize näme ýumuş bar–diýip, Taýly onuň ýanyna gelip eýemsiräp aýtdy. Dawut lukmançylyk çemodanjygyny göterip barşyna, az-kem aýak çekdi-de: – Taýly indi ulanylan suwlar guýular ýaly çukur gazmaga başlaberiň. Meredemolaryň ýanyna geldi. – Şol çukuryň ini boýy, çuňlugy näçe bolsun–diýip, Meret Taýlydan öň aýtdy. – Iki metre çenli ini iki, boýy iki metr bolsun, şondan soň üç-üç bolsun, çuňlugy bäş metr bolsun. Tagtamyz, sementimiz bardyr-a. – Bar! – diýip, Taýly aýtdy. – Ony alada etme. – Bolýar, başlaberiň – diýip, Dawut gyssanyp, maşynyna münüp, Balyk mamalara bakan gitdi. Balyk mamalaryň tamynyň öňünde oba adamlary üýşüşip durdylar. Olar Dawudy görüp: – Hana, lukman geldi-de, geldi –boluşdylar, Dawut olar bilen elleşip salamlaşyp, içeri girip gitdi. Içki otaglaryň biriniň ortasyna ýazylan düşegiň üstünde Balyk mama ýumruk ýaljak bolup ýatyrdy. Dawut ony indi bir aýa golaý görmändi. Ol baryp, hassanyň çep ýanynda ýekedyza galyp oturdy. – Mama jan, salam! Balyk mamanyň sesi edil bir dilli tüýdügiň sesi ýaly ýakymly çykdy. – Jan-a balam. Geldiňmi, gara gözüm, eziz bala.... Ol ejesiniň başujynda bir gysym bolup, gözleriniň ýaşyna bogulyp oturan Bossana: – Näme iýen-içen zady bar! – diýip sorady. – Indi on-on bäş gün bäri duzam dadanok.... Dawut başyny bir ýaýkady-da gyssandy. – Mama jan, näme bolýar saňa, näme seniň, agyran, ynjan ýeriň bar. Näme üçin iýip-içeňok. Özüňe beýle jebir eder ýaly, näme bolýar saňa? Balyk mama kepän dodagyny husur bilen ýalady. Dawut onuň dodaklaryna, gözlerine, elleriniň, ýüzüniň reňkine, roýuna dykgat bilen seretdi. – Meniň balam, agyrymam, ynjymam, derdimem ýok. Ýöne indi men halys garradym, balam. Halys boldum, bihuda, dereksiz, bu dünýä, ile-güne ýük bolup ýaşap, ýaşap ýörmekden. Şondan bolmasa. – diýip, halsyz, zordan gepledi. Indi meni goýber, balam. Meniň göwnim gidenlerimiň arsynda. Bu ýurtda şu gyzymdan başga hiç kimim ýok. Ejem, dädem adamym, oglum, doganlarym, kileň tanyş-bilişlerim «Gel, indi, gel indi!» diýip goýman durlar. Ýaş bolsa, indi men saňa syrymy açaýyn, togsandan geçdi, balam. Seni çagyrdanymyň sebäbi, ine, meniň ýeke balama, onuň kemini düzedip, ile-güne goşduň, Onuň üçin Alla seni ýalkar. Indi gözýaşyndan başga iňňäniň ujy ýaly kemi ýok. Indi, diňe özüň oňa eýe çyk. Onuň jaýam, malam, pul-püçegem, baýlygam ýeterlikdir. Iň esasy, ýüregi gowudyr, özüň ýaly. Sen oňa hssar boljagyňa maňa, düşünýäňmi, bu dünýäden gitmänkäm oňa hossar boljagyňy wada ber, lukman balam. Soňam, meni goýber indi.... Dawut halys garrap, lagary çykan aýalyň halyny görüp: «Beden halys tapdan düşüpdir. Gan garyplaşmakdan, halys gurpdan düşüpdir. Kesella glýukozadan, witaminlerden sanjym etmeli. Belki oňa tirýek suwuny içirmegem gerek bolar. Soň, täzeje towuk çorbasyny berseň, nesip bolsa, gutular gider...» diýip, gyssagly oýlandy-da, lukmançylyk çemodanjygyny açyp başlady. Balyk mama ony görüp: – Ýok, balam, açma sandygyňy. Maňa em derkar däl. Ýöne sen, hany, bir zat aýt. – Dawut ejesiniň başujynda, onuň guran kök ýaly bolup giden elini tylla ýüpegiň seçegi ýaly barmaklarynyň arasynda saklap duran Bossanyň awara, hasratdan gussadan gorkudan ýaňa püre-pürlenip duran pyýala ýaly owadan gözlerine garady. Gyzam naýynjar seretdi. – Men Bossana hossar bolaryn. Ony janymyzdan eziz saklarys! – Garry bu sözleri eşiden soň, gyzynyň gaýgy-gussaly gözlerine bir garady-da, nämedir bir zatlar diýjek bolup, bäbejigiňki ýaly ýumşak dodaklaryny tirpildedip, gözlerini ýumup, çalaja tisginip gitdi. | |
|
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |