19:51 Ak guwlary atmaň -5: romanyň dowamy | |
16. Ata maşynyny saklady. – Şu jaý bolmaly, Ýazyjylar soýuzy. Garyp maşyndan düşdi. – Seresap bol, maşyn. Düýn Ata Garybyň goşgularyny birnäçe nusgada maşynkadan geçirdipdi. Ol goşgulary soňam birnäçe sapar okany üçinmi, ol indi olara başgaça seredýärdi. Garyp goşgularyň käbir harpjagazlaryny düzedende-de, onuň aşagyna goluny çekende-de, Ata eddil, wawwasy bar ýaly, onuň ruçkaly eline ýapyşybeýärdi. – Indi el degirmäli. Indi el degirmäli!.. Ata begenýärdi, göterilýärdi. Eline bir üýtgeşik hazyna düşen ýaly, essinden çykyp, badyhowa gürläberýärdi. – Hersinde bir gowy pikir bar, pikir! Hersinde bir näzik filosofik öwüşgün Ylaýta-da türkmen poýeziýasy bilen deňeşdireniňde, hyjuw, pikir, täzeçilligi bar, düşünýäňmi? Men beýle täzeçilligi öz poeziýamyzda göremok. Ine, şonuň üçinem gowy görerler. Bu goşgulary ýat tutmaly, ýat... Garyp öz goşgularyna sowuklaç garaýardy. Sebäbi, ol sarç mal ýaly, goşgulary ýazsa-da, olary mähir bilen apalamady. Onuň goşgularyna bolan pynhan mähri, gursagynda uýap galypdy... Olar Ýazyjylar soýuzynyň Azady köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýyna, tirkeşip girdiler-de ilkinji işigiň eltutawajyny çekdiler. Işik gulplydy. Soň ikinji işigi çekdiler, gapy açyldy. Kellesiniň gytykrak saçy ýokarrak galdyrylyp bejerilen, ýüzi ullakan ilik ýaly, gulaklary hekgerip duran ýaşuly adam stoluň aňyrsyndaky kreslo çümüp oturyşyna, bir zatlar ýazýardy. – Salam! – diýip, Ata içeri ätledi. – Salam! Geliň, geçiň. – Ol adam Atany tanady, şonuň üçin bolsa gerek, ýerinden söm-aýak turup, Ata bilen hal-ahwal soraşdy. Garyp töweregini synlady. Ýaşulynyň töwereginde kitap görünmeýärdi. Garyp geň galdy. Ýaşuly ýazuw işini goýdy-da, gelenler bilen elleşip görüşdi. – Oturyň! Näme ýumuş bilen geldiňiz? Ata näme üçin gelendigini aýtdy. – Ha-wwaa-ýt! – diýip ýazyjy stoluň bir çetinde «Kazbek» çilim gabyndan bir çilimi aldy-da, ony eliniň aýasyna alyp ençe wagt, yzygyderli, hut, iş edinip, käte-de aýasyny dilini degirip, ölläp, owkalady, soň müşdügini telim sapar üfläp, onuň howa geçirýänine ýagşy göz ýetirensoň, müşdüginiň deşigine çiliminiň yz tarapyny dykdy. – Dogry, şeýle bildiriş-de berildi, dogry. Ýaşuly müşdügini agzyna saldy-da, çilimini otlaman, ýene çilimini aýasyna alyp, ony sypalap başlady. – Bizem, şoňa gatnaşaýsak diýip geldik. Aý «Ýatyp galandan, atyp gal!» diýipdirler. – Dogry. Ýöne gatnaşýan kän. Bir hat gelýär, bir hat gelýär, ýöne çeniň, çakyň däl. Eddil, öňünde durar ýaly däl. Ýöne ýörite bir komissiýa, saýlap-seçme işini alyp barýar. Oňa Moskwadan gelenler, Kerbabaýew dagy gatnaşýar. Ýamman düýpli, berk! Ýöne, näme, sizem goýsaňyz goýaýyň, bagtyňyzdakyny görersiňiz-dä. Ol bir bagt işi-dä. Meniňkä, bir hälki duýdurmak... Ol çekerinden ullakan bir depder çykardy-da, müşdügini töwekgellik bilen dodagyna gysdyrdy. Soň iki eliniň aýasyny, kotýumynyň ýakalaryny emaý bilen kakyşdyrdy. Soň jübüsinden otluçöp çykaryp, ony gulagyna tutup, şykyrdadyp, çilimini juda seresaplylyk bilen otlady. – Özüňmi? – diýip, ol Atanyň ýüzüne köpmanyly garady. Garyp az – kem öňe süýşdi. – Ýok, men. Ýaşuly Garyba geň galyp, seretdi-de, mäşdügini eline aldy. – Ana, gördüňmi? – diýdi – Adyň, familiýaň, adresiň? Garyp baryny düşnükli edip aýtdy. Ýaşuly bulary ýazdy-da, başyny galdyrdy. – Sen, oglanjyk, näçe ýaşyňda?! Ata Garyba seretdi. – On ýedi. Ýaşuly birhilije seretdi-de «hih – hih» edeip güldi-de: – Men-ä on ýedem ýokmuka diýýän – diýdi. Soňam: – Moskwa gitjekleriň diňe eserine däl, ýüz-gözüne, boýuna syratyna-da serediljekdir – diýdi. – Olar orta mekdebi gowy gutaranam bolmaly. Ata-da ara goşuldy. – Bul oglan Oba hojalyk institutyna diňe bäşlik bilen girdi. Ýöne gaýybana! – Ýaşuly kükäp duran «kazbegini» aldy-da, demine dartdy. – Gül ýaly okuw-a. Okabermel-ä şony... – Sen ýaş, ejeňe, kakaňa ýakyn ýerde, Moskwa kyndyr. Ýam-man kyndyr. Üstesine, sowgam bir gazab-a. Ýöne, meniňki, konkursdan geçmäň gürrüňi. Soň, Moskwada agyr ekzamenem bar. Olam rus dilinde. Gidenler, sapsim, yzyna dolanyp gelýär. Bir topar horluk, bir topar biderek çykdjy. Garyp sesini çykarmady. – Bolýar, sag boluň, netijesini şu ýere gelip bilmelimi? Ata ýerinden turdy. – Aý, dogry, ýaşuly ýene güldi. – Netijesi bolup, oňa goşgy boýunça, ýekeje adam alynýar. Olam belli däl ýaly. Gazetde, žurnalda, radioda, telewideniýede yzygiderli çykyş edýän, kitaby çykjak bolup duran Köşekguly Kössekow diýen ýigit bar. Owadan, görmegeý, özler-ä şony diýýärler. Ol bolmaýanda-da, ýene on-on bäş dagysy bar. – Ol adam kazbegibi lezzet bilen sordy-da, tüssesini gapdala tütedip goýberdi. – Hawa-la, getirisiňiz, indi durubersin. Konkursdan soň gelip alaýarsyňyz. Atanyň bar keýpi gaçdy. Garyp welin ýaşulynyň bu sözlerine ünsem bernedi. – Aý, biziňki bir synanmak! Olaryňky saýlap-seçip almak. Galany, esasy zat dälle. Garyby maşynda oturtdy-da, Ata ýene, Ýazyjylar guramasynyň jaýyna girip gitdi. Bir salym eglenip, ýene çykdy. – Kerbabaýewi soradym. Çalarak tanaýan. Onsoň öz adresimem familiýamam ýazdyrdym. Sen, sen birden göwnemeseň, men gidiberer ýaly. Не может выть-laý, şu goşgularymyz, ine, görersiň, bir ýerden, urup çykar. Ol maşynyny otlady-da, Oba hojalyk institutyny nazarlap, sürüp başlady. 17. Garybyň okuwa girendigi baradaky habar edil bir, ýyldyrym ýaly bolup, oba ýaýrady. Oňa kim begendi, kim gynandy. Oba bu gürrüňi ede-ede, köşeşdi. Garyp oba eli gipssiz bardy. Ol indi aý ýarym bäri bagda işläp ýördi. Institutyň rektorynyň teklibi geçmedi. Ogulsona daýza oňa kes kellämi razy bolmady. Oňa sebäp bolanam, Myrry boldy. Myrry Garyp okuwda wagty onuň ejesini Gyzylarbat şäherini doktora görkezmäge alyp giden eken. Bu şäherde onuň aýal dogany Jeren ýaşaýardy. Jeren şäheriň demir ýol keselhanasynda tam süpüriji bolup işleýän eken. ...Jeren indi on-on bäş ýyl bäri girip-çykyp ýörensoň, keselhananyň wraçlaryny, bölümlerini, baş wraçyny tanaýan eken. Jeren Myrrynyň öňüne düşüp, Ogulsona daýzany baş wraçyň ýanyna eltipdir. Ol hem iç keselleri ugrundan Gulpak diýen wraça tabşyrypdyr. Gulpagam ol keselhanada belli doktor eken. Ol: «Wah, şu gün elime bir gowja keselli düşäýsedi!» – diýip ellerini owkalap oturan eken. Ogulsona daýzanyň gelenine, ol şeýle bir begenipdir, şeýle bir begenipdir, asyl, ol begenjinden, tas aglan eken. Gözlerine ýaş aýlanyp gidipdir. Onsoň ol gollaryny çermäkgetdin, şeýle bir barlag geçiripdir, gan basyşmy, gan, peşew, ýürek, bagyr, böwrek, nerwi, aý, garaz barlamadyk keseli galmandyr. Ahyram, netije, – «birsulýoz!» Olam maldan geçipdir. Onsoň, hälki Gulpak doktor şeýle bir bejeripdir. Ogulsona daýza, edil, tut ýaly bolaýypdyr... Bular Myrrynyň gepi. Myrry janyňam, Jeren janyňam, dohtor Gulpak janyňam, ylahym, ömürjikleri uzak bolsun. Ozal-a Alla, galyberse-de, şol meni aýak üstüne galdyrdylar. Ejesiniň ertir-agşam aýdýan sözleri, Garybyň hem gulagynda galdy. – Eje jan, saňa ýagşylyk edene Hudaý ýagşylyk eder. – Hawa, balam, şeý diý, ýagşylyk edewersin, Allam! Men indi kän gow-a... Bahar bu ýyl gowy gelipdi. Älem-jahan gül-gülälek bolup ýatyrdy. Baglar paşyrdap, şeýle bir gülläpdi. Guşlar ýazyň demine, gülleriň ysyna guduraşyp, dünýäni hoşboý owazdan dolduraýjak bolýardy. Ýazyň demi Garyba-da täsir edip başlady. Ol ejesine duýdurman, Selbi Ataýewa iki sany hat ýazyp iberdi. Ýöne jogap ýokdy. Ol Myrrydan özüne Aşgabatdan hatyň baryny, ýoguny soramaga-da çekinýärdi. Sebäbi, Myrry nämüçindir, ondan birhilije sowaşýan ýalydy. Onuň sebäbi, Bibigüldi. – Häk, Ditjan, oňarmansyň, men bolan bolsam hökman, hökman hatam, sowgadam bererdim. – diýip Myrry öýkeledi. – Men eçjanyňy Gyzylarbada alyp gitdim-ä. Şoňa näçe günüm, näçe pulum, näçe azabym gitd-ä... Men etdim-ä, a sen etmediň... – Myrry, agam, sen meniň ýanymd-a däl. Öz ýanyňda-da şonuň adyny tutma. Onuň göwni ýokary, gat-y ýokar-a, gaty, düşünýäňmi? Sen, men, Garaböwür onuň topugyna-da çykanok. Onuň göwni Moskwada. Ol meniň salamymam almady. Meni görse, maňa görkezip, agzyny, burnuny towlaýar. Myrry şol bir depen ýerini depdi durdy. – Men almasam, sen almasaň, ol dagy nätsin? Gider. Ýöne süýtli sygyry öz obaňdan çykarmaly däl. Şonuň ýaly owadan gyzy Moskwa ibermeli däl. Garyp boýun aldy. – Ol owadan, gaty owadan. – Ol janyny ýakyp gürledi. – Ýüzi owadan bolandan, häsiýeti owadan bolsun. Ol häsiýetsiz. Men onuň boluşlaryny saňa aýdyp bilemok. Aýtsam, ol gelşiksiz bolar. Sen perişde ýaly oglan, ol gyz saňa mynasyp däl, agam. Myrry yzyny diňlemän: «A-aý! – diýip elini silkdi-de, yzyna garaman gitdi. – Sen, sen, onda, bende gidersiň. Galanlaryňyz ýap arçamaga. Bu hojalygyň adamlary şeýledi. Her gün ertir ir bilen adamlar hojalygyň kontorynyň işigine ýygnanar. Obada, her öýde, maşgalada näme hekaýat bolsa, eşiderler. Oňa çenli brigadir gelip, her kime, şu günüň dowamynda etmeli işini tabşyrar. Oňa-da bu obada «narýad» diýýärdiler. «Nirä barýaň?», «Narýada», «Nareden gelýäň?», «Narýaddan!» Bu düzgün, baryp-ha, otuzynjy ýyllarda, bu hojalyk açylaly bäri bardy. Brigadir Nyýazgeldi aga it ýylgyryşyny edip gülýän, gözleri nar ýaly gyzyl adam bolansoň, onuň çyny näme, ýalany näme, düşüner ýaly däldi. Garyp pilini alyp, adamlar bilen maşynyň kuzowasyna mündi. Onuň ýüzi, gözleriniň aşaga göm gök, gan-gabaçakdy. Aýagynda bolsa, Bir tarapy sürüle-sürüle, ýere ýetip, garylyp duran şo-ol köne ädigidi. Adamlaryň onuň bilen gepleşesi gelenokdy. Bary, onuň düýnki uruşy üçindi... Garyp özüni günäli saýýardy. Ýöne ol bir kän, günäkärem däldi. Üstüňe gelseler, nätjek? ...Olar oba gaýdýan ene ýabyň bendinde düşdüler. Brigadir Garyba barmagyny çommaltdy-da – Sen, – diýdi. – Şu gün şu ýeriňi bol. – Ol bentden günbatarlygyna, on bäş ädim ädimledi. – Belle, şu ýere çenli... Garyp sesini çykarman, ýöne başyny atdy-da, brigadiriň yzyna düşdi, sürrenikleşip barýan adamlara garap, bir salym durdy. Bendiň üstüne jaryň üsti bilen däl-de, ilerden sil gelip urupdyr. Sil äpet-äpet daşlary ene ýabyň akabasyna gapgarypdyr. Ene ýap, gözbaş bolansoň, çuň däldi. Daşlar bolsa ol diýen, az hem däldi. Şonuň üçin bu iş azaby, onda-da jebirlije azaby talap edýärdi. Bu işden başy çykýanyň ony boýun aljak gümany ýokdy. Garyp entek sadaja çagady. – Jemi kyrk bir sany uly daş bar. Şolary aýyrsaň, iş kyn däl. Garyp agyrdan-agyr daşlary azap-jepa bilen aýryp başlady. Gün guşluga çykýança, ähli daşy aýyrdy. Soň sil, läbik, çagyl basan silewelije akabany arassalamaga başlady. Agyr, uly-uly daşla onuň halys ysgynyny alypdy. Oňa işlemek juda agyr düşýärdi. Garyp, bendiň üstüni basan gara daşyň biriniň üstünde jaýlaşykly oturdy. Aýallar taňkalaryny göterişip, bentden suw almaga gelýärdiler. Olar gumak ýol bilen agyr tozan turzup gelýän ýük maşynyna seredişdiler. – Sapynyň maşyny-la. – diýip aýallaryň biri aýtdy. – Bu wagt nirä barýarka? – Eýgilik bolawersin-dä, hernä. – Hawa-la, gyz. Olar maşyn deňlerine ýetýänçä gymyldama durdular. Maşyn bendiň gapdalyna gelip saklandy. Ondan kiçi agronom bolup işläp ýören Baýramdurdy hasanaklap çykdy. Ol tutuş töweregine bir garady-da, ýüzüni Garyba tarap öwürdi. – Eý, sen, seni başlyk sroçno, çagyrýar. Bol, mün maşyna, çaltyrak bol. Aýallar aňk bolup galdylar. – Han-a, öz garyp günüňe gezmeseň, boljagyňdyr! – Indi başlyk ony obada goýmaz. – Düýn, masgara bolanmyş-a. Indi, ili ýygnap, ýygnaga salyp, masgarasyny çykarmasalar biridir! Maşyn Garyby alyp ugrady. Garybyň ýüreginiň pynhan çuňlugyndan bir gorky bulutjygy ördi. – Ýamanyň zeleli ýedi ýere ýeter diýmänmidirler. Öz günüňe gezip ýörseňem, boljaga çäre ýok öýdýän. Baryna Hutdy günäkär ahyry. Gelip, urup dursa, men ne alaç edeýin. Hutdy diýenleri, şu töweregiň oglanlarynyň ýowuz ýagysydy. Onuň ýalňyz dosty – Garypdy. Onuň Garyp bilen dost boluşam bir geňsidi. ...Garyp mekdepde okaýarka, juda ejiz hem ýuwaşja çagady. Mekdepde çagalar ejizi, ýuwaşy gorkak hasap edýärler. Bir sapar Garyby ýedinji klasdan Anna diýen ekabrja oglan hiç zat ýok ýerden, yrsarap, erbet ýençdi. Garyp oňa gahar bilen topuldy. Şol wagt, niredendir, ýetip gelen Hutdy ara düşdi-de, Annanyň ýüzüne urup, onuň burnuny gara gan etdi. Hutdy muny Garyba rehmi inip edenokdy. Onuň Garyby özüne bagly edesi gelýärdi. Sebäbi Hutdi ýedinji synpda indi iki ýyl galýardy. Bu ýyl onuň sekizinjä, çyny bilen geçesi gelýärdi. Indi Garyp bu meselede oňa kömek berip biljekdi. Sebäbi Garyp mekdepde, diňe bäşlige okaýardy. Garyp ýaly zehinli okuwçy bu mekdepde başga ýokdy. Hutdy şol gün mekdepden Garyp bilen bile gaýtdy. – Gyz ýaly, müzzerip ýörme-how. Eliň bilen urmasaň, dişläp gulagyny gopar. Ýa-da, dişläp, burnuny deş. Gaýdyp, adam ogly saňa el degirip bilmez. Hutdynyň özüniň ýüreginiň ýerine, bir tokga daş goýlan ýalydy. Ol garadangaýtmaz dogumlydy, güýçlüdi, batyrdy. Bir sapar mekdebiň jaýynyň üstüni saman suwag bilen suwamaly boldy. Şonda Hutdyny, güýçlüje bolansoň, samanly palçygy bedre bilen aşakdan ýokary çekmeli etdiler. Şonda ol zähmet mugallymynyň depesinden palçykly, agyr bedräni taşlapdy. Ol munuň bilenem köşeşmän, üstüne heňkirip duran mugallymyna topulanda, mekdebiň tamyny süpürýän aýallar, mugallymy onuň elinden zordan alypdylar. Soň bir gün ol mugallymy mekdebiň guýusyna-da taşlajak bolanda, birki sany mugallym ýetişäýipdir. Hutdy şonuň ýaly doňbagyrdy. Ol bir sapar ejesine kilçik söz aýdan epeý adamy, suwa salma ýenjipdir. Oba adamlary şol wakany heniz-henizlerem gürrüň edýärdiler. – Bilýäňmi, näme, men saňa batyr bolmanyň syryny, uruş tärlerini öwredeýin. Şondan soň, adam ogly, saňa barmagyny batyryp bilmez. – Haçan? – Maňa tapawudy ýok – diýip, Hutdy, göwnübir ýaly edip aýtdy. – Okuwy gutaransoň ho-ol bagyň içine, çola ýere baraly. Bolmasa ertir irden şol ýere gel. Garyp okuwdan soňa razy boldy. Ilkinji tälim, ýüze urmakdy. Hutdy Garybyň ýüzüne ýumrugyny çalyp goýberdi. Garyp ýüzüni tutyp oturdy. Hutdy, ýene, ýene, ýene urdy. Bäşinji sapar Hutdy ony urjak bolanda, Garyp aşak egildi. – Oh-ho! – diýip, Hutdy has möwjedi. Garyp özüni gorady. – Diňle, sen, özüňi gorama. Ýüzüňe urlan badyňa, gaharyňa oňa topul-da, burnuna, ine, şeýle ur! Garyp Hutdynyň burnuna eliniň tersi bilen bir ýelmedi welin, Hutdy ýüzüni turup, aşak oturdy. Olar tutuş günläp, ýüze urmagyň, bu usuldan nädip goranmalydygynyň syryny ürç ede-ede öwrendiler. Hasapda, Hutdy utdy... Ertesi Hutdy Garyby depesinden aýlap ýere çaldy. Şonda Garyp onuň iki satanynyň arasyna jaýdar depdi. – Ýok! – diýip, Hutdy, iňläp ýatyşyna aýtdy. – Gulagyny gopar, ýa-da, ökjäň bilen urup, onuň burnuny döw-de, çalt tur-da, onuň garnyna mün-de, kellesini güýçli ur. Olar bu usulam, edil, agşama çenli türgenleşdiler. Üçünji gün, dördünji gün, göreş, badaklap ýykmak, maşyklaryny geçdiler. Bäşinji gün Hutdy, Garyba nädip, öz duşmanyňa doňbagyr bolmalydygyny gaty gowy öwretdi. – Şol oglan seniň ejeňe, bajyňa sögüp, namysyňa degipdir – diýip, pikir et. Asyl, çigit ýalam gorkma. Gorkmasaň hemmeler seni sylar. Ol Garybyň iki gapyrgasynyň, garnynyň ýokarsynda birleşýän ýerine duýdansyz bir urup goýberdi welin, Garyp, demsiz-düýtsüz ýere ýykyldy. Bu Hutdynyň azaryna-da däldi. – Hany, ýatma, indi, tur – diýip, Hutdy, onuň aýagujynda arkaýyn durka, Garyp onuň ýüzüne jaýdar depdi. Hutdy, diň arkan düňderildi. Garyp, baryp, onuň iň howply diýilýän ýerine güýçli urdy welin, Hutdynyň ýüzi ak tam boldy galdy... Olaryň ikisem bu gün şondan aňry oýnamaga ýaramady. Hutdynyň ýalan sözlemek, hilegärlik, hile salyp, ýykyp, aýakdan süýremek ýaly emelleri Garyba ýarady. Ol bu okuw bilen örňeşen bir aý wagtyndan soň, Hutdudan kem kem galanokdy. Onuň bir artykmaç ýeri, bu emelleri, pikirinde has berkidýärdi. – Indi bir zat edeli! Mekdepde, uly arakesmeleriň birinde, hiç emelimizi gaýgyrman urşaly. Öýne gaty çynymyz bilendir. Sen meni ur-da, süýräp, guýa taşla. Ýöne, gara çynyň bilen bolsun. Garyp Hutdynyň gepine geň galdy. – Näme üçin? Hutdy geň teklip aýtdy. – Sen ertir meniň doganym Bibigüli ur, oňa sög. Ýöne, ony gowja ur, ol gaty azypdyr! Olam gelip maňa aýdar. Menem barar-da, seni uraryn. Şonda senem gaty dogumly uruş. Men gaçaryn, sen kowalap ur, gaýgyrma. Men gaçyp-gaçyp mekdebiň guýusyna golaý bararyn. Men guýa sallanyp duran bedräni aljak bolup egilerin. Şol wagtam sen ýetiş-de, meni guýa taşla! Soň üstümden bedräni okla. Özem, uly arakesmede bolsun. Tutuş mekdep görer ýaly. Bormy?! Garyp razy boldy. Ýöne agşamsy bilen maşk edip çykdy. Ertesem ejesiniň ýüň guşagy bilen bilini berk, çekip guşandy-da üstünden köýnegini goýberdi. Ertesi ol mekdepde Hutdyny görmedi. Ýöne welin, Bibigül bu gün eddil, guduz açan ýalydy. Garyp, Bibigül ýanyndan geçip barýarka, gyzyň aýagyna aýagyny goýdy. Bibgül partanyň üstüne güpürdäp gaýtdy. Garyp ömründe birinji gezek hahahaýlap güldi. Beýle-beýle urga garaşmadyk, agasynyň arkasyndan mekdepde, «Towguna tok» diýilmän ýören gyz, şerraý ses bilen, çyňsap aglady-da, Garybyň kakasynyň mazaryna, ýarawsyz, haly harap ejesine agza alynmajak sözler aýdyp, şeýle bir sögüp başlady welin, Garyp, ylgap baryp, Bibigülüň nogta ýaly saçyndan tutdy-da, onuň ýüzüne, ýüzüne gazap bilen urup başlagy. «Ýöne, çala, rehimdarlyk bolmasyn!» diýip, Hutdynyň sowuk, gaharly sesi onuň gulagynda ýaňlandy durdy. – «Gaty ynamly bolsun!» – Me, saňa, – diýip, ol Bibigüli depibem goýberdi. – Hany, ýene bir agzyňy porsatsan-a. Klasdaşlary syçan ýaljak bu oglanjykda beýle güýjüň, gazabyň nireden peýda bolanyna aňk bolup galdylar. Ýöne hiç kim onuň öňünde Bibigülüň tarapyny çalmady. Sebäbi bu klasyň okuwçylarynyň her biriniň öňünde Bibigülüň kiçirägem bolsa günäsi bardy. Olar, taýagyň bir ujunyň özlerine degäýmeginiň ahmaldygyny unudanokdylar. – Hutda bir aýdaýyn, ol seniň ata-babaň bilen bilelikde, meýdiňi yrar... Garyp Bibigüli dözümli depdi. – Ine, Hutdyň, bar, bar aýdyp geç. Bibigül waý çekip, tasanjyrap, klasdan çykyp gitdi. «Hutdy» diýenden tutuş klas özüne geldi-de, bagyryp başlady. Jaň bolan badyna matemaika mugallym bilen mekdebiň direktory bosuşyp geldi. – Nurullaýew, tur, näme boldy? Garyp ýüzüni sallady. – Mugallym, onuň kakasynyň, mazaryna, ýarawsyz ejesine gaty erbet sögdi. – diýip, klasdaş gyz aýtdy. Bibigül hem ýüzüni şumjartdy. – Ilki özi aýagyma depdi. – Ol aglady. – Endamymda gögermedik ýerimi goýmady, meýit. – Ol gyz mydam şeýle. Garyba gün berenok. – diýip, başga bir gyz aýtdy. Direktor oňa çiňňerildi. – Otur sen. Senden soralanok. – Ol Garyba barmagyny çommaltdy. – Gowja bol, mekdepden gümüňi çekip, kowaryn. Garyp ýene-de sesini çykarmady. – Gyz maşgalany urmaga neneň eliň barýar. Uruşsaň, bar, oglanlar bilen uruş, külüňi çykarsynlar... Okuwçylar güwläp başlady. – Mugallym, Bibigül bar-a, dogany Hutda eýeäm aýdyp geldi. Ol häzir onuň külüni çykarar! «Bul-a aýdylyşyndanam gowy boldy – diýip, Garyp oýlandy. Gelsin Hutdysam, gelýän bolsa. Ol dözmez diýýändir. Enşalla, görübereris!». – Boldy, senden soralanok, başlaň okuwa. – direktor haýkyryp, käýinjiräp, haýbat baryny atyp çykyp gitdi. Indiki arakesme nähili bolarka?! Arakesme bolan badyna, okuwçylar heniz klasdan çykmanka, Hutdy edil bir arslan ýaly bolup, kükräp geldi. Garyp klasdaşlarynyň sandyrdaşýanyna bakman, başyny galdyrman nämedir bir zatlar ýazyp otyrdy. Klas dym-dyrslyk bolandan, ol Hutdynyň gelenini aňdy. Hutdy yzky parta geçdi-de, Garybyň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Ol Bibigüle seredip, Garybyň ýüzüne meçewli gürledi. – Ýöri, daşary çyk! Näme, ejeň dogrup goýan çagasy barmy? Meniň doganymy näme üçin urduň?! – Özünden – diýip, Garyp müzzerilen boldy. Hutdy Garybyň ýüzüne urdy-da, ony daşary çekjek boldy. Bolmalysyna, uruş tagtanyň öňünde bolmalydy. Emma Hutdy howlukdy. Ol ýene bir sapar urjak bolanda, Garyp onuň howply nokadyna duýdansyz, gaty batly urdy. Hutdy ýere çökdi. Garyp onuň garnyna mündi-de, kellesini gaty pola birki sapar batly urdy. Geň galmaly ýeri, Hutdy özüni düresedi-de, garnyna münüp oturan Garyby işige bakan zyňyp goýberdi. Garybyň kellesi işige deňdi. Ýöne, olam Hutdy gelip ýetmänkä, ýerinden turdy. Hutdy Garyba topulyp, ony arkasyna aljak boldy. Garyp onuň gulagyndan dişläp, aýaklarynyň ökjesi bilen onuň gasygyna depdi. Hutdy ony goýberdi-de, egildi. Garyp onuň arkasyndan erbet depdi-de, guýa bakan süýräp başlady. Hutdy onuň elinden sypyp. Nämedir bir zat gözleýän ýaly bolup, mekdebiň öňündäki suwly guýa bakan ylgady. Emma eline iler ýaly hiç zat tapman soň, guýynyň agzyndaky kerpiç kertlezde duran bedrä bakan ylgady. Bedre suwdan doly eken. Hutdy ony aljak bolup egilenden, Garyp ýetişdi-de, ony güýçli depdi. Hutdy yzyna öwrüljek bolanda, guýynyň ýanyndaky palçykly ýerde aýagy typyp, ýykyldy. Garyp, bir bökende, ýetişip, çäşerip ýatan Hutdyny süýräp, guýynyň agzyna eltdi-de bar güýji bilen guýynyň içne bakan depip goýberdi. Hutdy güwläp guýynyň içine gitdi. Bularyň bu söweşine tutuş mekdebiň ähli okuwçysy, hat-da mugallymlary-da aňk bolşup seredişip durdy. Oňa çenli mugallymlar Garyby tutdylar-da, Hutdyny guýydan çykarmak bilen boldylar. Bu gürrüň derrew oba ýaýrady. Ýöne, beýle agyr urga, agyr masgaraçylyga sezewar bolaryn öýtmedik Hutdy, tutuş bir hepdeläp, mekdebe gelmedi. Soňam, tä kanikula çykylýança, Garyp bilen gepleşmän gezdi. Ýöne, matimatikasyny, dilleşişleri ýaly, Garyba işletdi. Şeýdibem, ol sekizinjä geçdi. Sekizi tamamlabam, Kaka etrabyndaky oba hojalyk maşynlarynyň sürüjiligini öwreýän uçilişä okuwa gitdi. Garyp ony indi köp wagt bäri görenokdy. Hutdy semräp, garynjagaz çykarypdyr. Birneme salyhatlaşypdyr. Ol obanyň ortasyndaky skwažinanyň ýanynda hekgerip durdy. Garyp ony görenine begendi. Ol Hutdy, özüni görmäge, okuwa girenini gutlamaga gelendir öýütdi. Hudaýa şükür, indi olaryň öýünde naharly gazanyň gulagy gyzýardy. Häzirem, ejesi edil ýaňy, tamdyrdan çykypdy, öýde nahar bişip durdy. – Salam, dost, Ýöri, öýe baraly. – Ol gelşine Hutda elini uzatdy. Hutdy onuň salamyny aljak ýaly etdi-de, howply nokada şeýle bir jaýdar urdy, Garyp içi üzülendir öýtdi. Oňa çenli, Garybyň gytygrak saçyndan penjeläp, onuň öňem-ä, bir idili däl, agyr urga has hem myrtarlanan ýüzüni galdyrdy. – Eý, sen ýetimçe, porsy arwah, Aşgabatda Bibigüle näme diýdiň? Garyp Hutdy bilen şol mekdepdäki gyzyl ýumrukan soň, Hutdynyň uruş dessurlaryny ýekeje pursadam ýadyndan çykaranokdy. Onuň her gün, hiç bolmanynda hyýalynda, oýunda, birden, zerurlygy çykaýjak ýaly, telim gaýta gaýtalaýardy. Aşgabatda, wokzalda bolan wakadan soň bolsa ol öz çilik ýaly bedenini, edil bir kök ýaly gataldyp, agyr-agyr daşlary gün yrman göterýärdi. Meýdanyň agyr pil işi, yzygyderli türgünleşikler ony diýseň taplapdy. Özi horam bolsa, çiginleri burum-burum bolupdy. Ol Hutdynyň okuwa gidip, öňküsinden on esse dagy horlanandygyny duýdy. Onuň üstesine, onuň üstünden çilimiň ysy pörsap durdy. Ol şujagaz hereketine-de, has-has edip, ýüregi agzyndan çykyp gelýärdi. Ýöne, ol gazaplydy, ýüregi erbet çişirilen bolmaga çemelidi. Onuň gany gaýnap durdy. Ol gan görmese köşeşjege meňzemeýärdi. Garyp onuň hilegärlik, ýalançylyk pirimini ulandy. – Jan agam, öldürýäň-ow. Goýber-äý, azajyk, Men baryny aýdaýyn-how. Hutdy elini sähel gowşadandan, Garyp onuň gasygyna kellesi bilen urdy welin, öz kellesi diwary süsülen ýaly boldy. Hutdy ýere ýazyldy. Garyp onuň garnyna münüp, kellesini çagylly ýere gaýta-gaýta urdy. – Bagyşla – diý. Hutdy onuň aşagyndan dyzanyp turdy-da, onuň ýüzüne berk urdy. Garyp yza çekildi. – Ursaň, urularsyň. Başlan özüňsiň. Hutdy erbet sögündi-de, dişlerini jygyrdadyp, Garyba topuldy. Garyp onuň howply nokadyna erbet urdy. Düňderilip barýan Hutdynyň agzyna depdi. Hutdy ony urjak boldumy, ýa-da ondan tutjak boldumy, onuň köýnegini jyrym-jyrym etdi-de badyny saklap bilmän ýere güpüläp ýykyldy. Garyp ony süýräp, skwažnanyň buz ýaly suwuna, güžžüldedip basdy-da, neşelenip ösdürilen saçyndan berk tutup, kellesini suwuň düýbüne gaýta-gaýta çümdirdi. Hutdy urnup-urnup, ahyry, kellesini suwuň ýüzüne çykardy. – Goýber. – Ýok, indi özüň geldiň, özüň degdiň, indem tä öldürýänçäm sypmarsyň. – Ol Hutdynyň kellesini ýene suwa çümdirdi. Soň, bar güýjüni jemläp, ony suwuň düýbünde saklady. Hutdy ölümiň öýünde kellesini suwdan çykardy-da, ellerini galdyrdy. – Şu sapar men ýeňildim, bagyşla, Garyp! Garyp ony suwa itip goýberdi. – Hiç haçanam ýeňen dälsiň. Hutdy üst-başynyň suwuny şalpyldadyp, skwažnanyň howdanjygyndan çykdy-da, yra-dara bolup aňyrda eýýäm üýşüp duran adamlara bakan yra-dara ýöräp gitdi. Ol bir sebäp bilen dodaagyndan akýan gany, aldygyna ýalaýardy. – Gan gördi, indi, köşeşer. Hutdy elini salgady. – Sen, eý, düýnki uçguryny daňyp oňarman ýören ýetimçe, ine, ýene görüşeris. Şonda alaryn, arymy. Arymy köýdürsem, heleý bolaýyn. – Garyp egildi-de, ýerde ýatan ullakan daşy ýerden göterdi-de, yzyna döndi. Ol: – Nä-me, hany, ýene bir gaýtal-a! – diýip, üýşüp duran adamlara bakan ugrady. Hutdy duran ýerinden ökje ogurlady-da, jyrralyp, gaçyp gitdi... Ine, bar bolany... Ýöne obada gaty seýrek bolýan bu waka, tutuş oba şaýat boldy. – diýip. Ol maşynyň üstünde ýelejiräp barşyna, ynjyly oýlandy. – Özi geldi, özi urdy – diýerin. Men näme, özümi goradym. Goranmadyk bolsam, ol meni hökman öldürerdi. – diýerin. – Juda bolmasa, ýalan sözi bir ýerden satyn almal – däl. «Bagyşlaň!» diýmeli bolar-da. Ol ejesiniň gamgyn, ahmyrly sesini eşitdi. – Oglum, sen Hutda meňzejek bolma. Özüňe görä bol. Çymçygyňky ýaly janyň bilen Hutda degýäň. Ol bir çaga däl-ä, ganojag-a, oglum. – Bor, eje, meni bagyşla... Garyp hojalygyň kontorynyň öňünde saklanan ýük maşynyndan keýpsiz düşdi. Kiçi agranom başlygyň jaýyna bakan ylgaşlap gitdi. Gapyny açyp-açmanka-da: – Başlyk, getirdim. – diýip, dabaraly aýtdy. Başlyk oňa rugsat berdi-de, işige gygyrdy. Garyp özüni erbet silterlenmä taýýarlady. Ýöne ýürek oňa boýun bolman, ynjy bilen gürsüldedi. «Men şular ýal ownuk gürrüňi gaty ýigrenýän...» – Gel, gel – diýip, Şyhym aga, çasly gygyrdy. – Salawmaleýkim! Şyhym aga aladaly, hoşamaýja ýylgyryp, onuň hor, emma berdaşly elini berk gysdy. – Salamyň bar bol-a. – Hä? – Garybyň ýüzi ak tam boldy – «Indi başlasa gerek!». – Aşgabatdan Berdi Kerbaba seni gyssagly sorap, iki sapar jaň etdi. – Kim? Selbimi, Atamy? – Ýa Gulýamyka? Kim. – Kerbabaýew, Ýazyjylar soýuzynyň başlygy. Garyp henizem düşünmedi. – A-a-a! – Sen ertir irden Ýazyjylar soýuzyna ýetmeli! Moskwadan gaty uly komissiýa gelipdir. Sen görjek, gürleşjek diýýärmişler. Garybyň ýadyna, bir zatlar, bir zatlar düşjek ýaly: – Kerbabaýew, Ýazyjylar soýuzy?! – Ol ýene aňşyryp bilmedi. – Hutduly mesele – däldir? Şyhym aga Garybyň gum, tozan, palçyk bolan argyn keşbine nebsagyryjylyk bilen seretdi. – Goşgularyňy berdiňmi? Garybyň başynda ýyldyrym çakan ýaly boldy. – Goşgymy? Ýok! Hawa, hawa. Beripdim, şolmyka? – Ol işige bakan ýöredi... – Dur, saňa gowja geýinewersin – diýdi. – Abatja köwşüň, ile çykar ýaly bir, geýim-gejimiň bir barmy! Ol jübülerini sermeläp durşuna: – Şaýyňy gowja tut. Agşam, meniň şofýorym seni otla çykarar – diýdi. – Başlyk jübüsindäki pullary çykaryp, elin sanady. – Me munam al. Ütüklije jalbar, arassaja köýnek geý. – Ol Garybyň buýr – bulaşyk saçyna seretdi. – Häzir bar-da, gowja ýuwun, saçyňy bejert. Bormy, taýýar bol. Garyp işikden yzyna döndi. – Iş nähili bolar? – Bar. Sen öz işiňi et! Sowhozyň işini başgalar eder. – Bentdedim, pilimem şol ýerde galdy. Bolmasa, gidip, agşama çenli işläýeýin. Şyhym aga gapdalyndaky garaja düwmäni basdy. Agranom içeri girdi. – Garybyň pilini alyp eliň. Bentdedir. – Maşynly gidipmi? – Maşynly gidäýiň. Maşyna Garybam mündi. Ol maşynyň çaltlygyndan müň esse tizlikde öňe göwün ýüwürtdi-de, täze bir baharyň, täze bir dünýäniň parlap duran ruhuna garylan ýaly bolup, töweregine göz aýlady. Ol indi öňki Garyp däl ýalydy. Güle çümüp oturan sähra, goja daglar, ondan jülgä akyp gelýän boz bulaklar, ýakymly şemal, indi öňki ýaly däl ýalydy. Olar jenneti, Allahy duýga gaplanan Garyba gujak gerýärdi. Şu ýerde, Garyp, özüne täze bir ykbal, köşgüniň tylla işigi açylan ýaly, täsin duýgulary başdan geçirýärdi. Ol özüne geldi. – Obamyz nähili owadan eken – diýip, gygyrdy. 18. Salam! Men Garyp Nuryllaýew! – diýip, ol «Kazbegini» henizem eliniň aýasy bilen ýumşajyk owkalap oturan ýaşulynyň otagyna girdi. – Salam. – Ýaşuly öňündäki bulam-bujar kagyzlary tertipleşdirip, nämedir bir zatlar gözledi. – Hawa, näme gerek? Garyp bu ýaşulynyň özi bilen bagly habary bilmeýänini aňdy. – Men Garyp Nuryllaýew, Berdi Kerbabaýew maňa irden soýuza gelmeli – diýip, obamyza telefon edipdir. – Ýaşuly birden jana gelen ýaly boldy. – Berdi a-ga-a! Haww-aýt, hawa. Düýn, Berdi aga tilpun eden bolmal-aýt. – Ol Berdi Kerbaba diýlenden ziňkildäp giden ýaşuly, şondan soň oturmady. Kabinetiniň işigini ýapandan soňam onuň gulpuny, telim sapar açyp-ýapyp, ýagşy barlan, bu adam Garyby yzyna salyp, ýokarky gata galdy. – Patma bajy! – Ol maşinkada hata gümra bolup oturan ýaş aýala ýüzlendi. – Berdi aganyň ýanyna girip bolmazmyka? – Gir, gir. Ýeke özi... Ol aýal ýüzüni maşinkadan galdyrman aýtdy. Bu adam diwardaky aýnanyň öňüne baryp saçyny, iliklerini, galstugyny düzedişdirdi. Soň piriniň hüjüresine girjek mürit ýaly bolup, iki eplenip işigi açdy. Çala boýnuny uzadyp – Salowmaleýkim, Berdi Myradowiç, mümkinmidir – diýdi. Idin alybam: – Bir körpe oglanjyk, sizi sorap gelipdir, giräýsinmi? – diýdi. – Geliň, geliň – diýip, törde, stoluň arkasynda dim-dik bolup oturan goja kişi gyryk ses bilen aýtdy. Berdi Kerbabaýew diýilýän adam edeplilik bilen ýerinden turdy-da, ol adam bilenem, Garyp bilenem elleşip salamlaşdy. – Garypmyň?! – Hawa. – Sen, Aşyr, işiň bilen boluber. – diýip, ol gelen adama aýtdy. Soň Garyba oturar ýaly ýer görkezdi. – Ogul, ataň-eneň barmy? – Ol gaty garran ýüzüni hoşamaý ýylgyrdyp, ýumjyk, pökgi gözleriniň çalaja çyzygyndan Garyby, ýagşy synlap başlady. Käte guraşan elleri bilen, gytyk, ak saçyny sypalap goýberýär diýmeseň, janly adama meňzemeýärdi. – Kakam kiçijik wagtym ýogalypdyr. Ejem, gaty garry, keselbent. Ýumjyk gözler gyrpyldady. Ýaşyly gyryljak seslendi. – Sen näme? Näçe ýaşadyň? Müçäň gaty kiçi görünýär-le? Orta mekdebi bir gutardyňmy? Sizi kim ekleýär? Garyp başyny atdy. – Gutardym orta mekdebi, alty ýaşymda mekdebe bardym. Indem, özüm işleýän. Oba hojalyk institutyna gaýybana girdim. – Haýsy bölümine? – diýip, ýaşuly gyryljak sesi bilen sowal berdi. – Agronomçylyk! – Näme baha bilen geçdiň? – Bäş ekzamen. Hemmesi bäşlik boldy. Kerbabaýew janlandy. – Be, diňe bäşlik! Belki kömek edendirler? – Aý, ýok-la. Gaýta tersine kömek etjek boldular, öz-ä. «Bize gaýybanaçylara bäşlik goýmak bolanok!» diýdiler diýip, mugallymlar bäşlik goýmajak bolubam gördüler. Emma goýdular öz-ä. – Döredijilik bilen haçandan bäri meşgul bolýaň? – Hiç haçandan. Kerbabaýew geň galdy-da gapdalyndaky düwmejige basdy. Gapydan giren hälki aýala: – Iki sany kofe getir! – diýdi. – Onda soýuza beren goşgularyňy kim ýazdy? – Özüm ýazdym. – Näme, öň goşgy ýazaňokmydyň? – Ýok, ýazamokdym. Bulary näme üçin ýazandygymy aýdaýynmy? – Hälki aýal eli mejimeli otaga girdi. Içeri oňat, Garybyň burnuna, hiç haçan ysgamadyk, ýöne janyňa hoş ýakýan ysy urup gitdi. Ýaşuly kofeli çaşkalaryň birini Garybyň öňüne süýşürdi. – Garbandyňmy? – Ýok, otlydan düşüp, bäri gaýtdym. – Gaty gowy, häzir garbanarys. Ol bir ýere jaň etdi. – Häzir Ýazyjylar soýuzyna on komplekt nahar getiriň! Bolýar, bolýar. – Ol birsalym diň salyp durdy-da: – Olaram bolsun – diýdi – soňra: – Sag boluň! – diýip telefon trubkasyny ýerinde goýdy. Ol kofesini owurtlady. – Hawa, näme üçin ýazdyň? – Ýaşuly çyny bilen Garyba gulak goýdy: – Hawa, näme üçin ýazdyň? Garyp söze başlady: – Men, ejem ýarawsyz bolany üçin, gündizki okuwa girip bilmedim. Gaýybana geldim. Aşgabatda kim bilen gürrüňdeş bolsam, «Agronomçylykdan okuw bolmaz, Moskwadaky Edebiýat instituty hakyky okuw, girseň, şoňa giräýseň! – diýip dur. Menem, «Gel, menem şoňa synanaýyn» diýdim-de, bir gije oturyp, ine, şu goşgulary ýazdym-da, getirip, soýuza getirip, hälki adama tabşyrdym». Ýaşuly elini uzatdy. – Al, kofäňi iç. Al, şol şokaladlardan al-da, iý. Garyp ilki konfetlerden biriniň kagyzyny açyp, agzyna saldy-da kofe owurtlady. Ol dünýäde şeýle ajaýyp içginiň bardygyna haýran galdy. Gaty gowy içgi eken. Pyýan etmezmi? – Ilkinji sapar içişiňmi? Garyp başyny atdy. – Şeýle konfetem ilkinji sapar iýip görýän. Gaty süýji eken. – Näçe ýaşymda diýdiň? – On ýedim dolanok! Iýulda dolýar. Ýaşuly ýylgyrdy. – Moskwadan gorkaňokmy? Garyp ýaşulynyň sowalyna düşünmedi. – Moskwa gökde, men ýerde entek. Eger, goşgularymy halasalar, çörek bilen suw tapdyrsa, oňaryn. Ekzamenler hiç. – Näme üçin? – Ýaşuly geň galdy. – Ömrümde ýekeje dörtlügem alyp göremok. Şol wagt hälki aýal içeri girdi. – Berdi aga, Moskwadan gelenler, «Şol oglan gelenokmy?» diýip soraýarlar. – Geldi. Häzir barar. Sen şu ýerde on adamlyk nahar – şor taýýarla. Men buýrupdym, on bire getirerler. Men on bire gelerin. – Ol sagadyna seretdi. – Moskwaly terrjimeçiler saýlanan goşgulary terjime etdiler. Olar seniň goşgularyňy haladylar! Özlerem, şu gün gaýdýarlar. Seniň özüňem göräýsek diýip, ýürek üzüşip otyrlar. Men seni şonuň üçin gyssagly çagyrdym. Menem, seniň bilen tanyş bolanyma begenýän. – Ol ýerinden turdy. – Gorkmagyn, arkaňda türkmen halky durar. Ýöne, Magtymgulynyň aýdyşy ýaly: «Döwletliňki ýaşlygyndan baş bolar» – bolgun! – Ol goluny işige tarap salgady. – Ýöri, men seni olaryň ýanyna elteýin. Ýaşuly ikinji gat bilen ýöräp, bäşinji gapyny açdy. Oturan adamlar ýaşulyny görüp, ýerlerinden turdylar. – Inda Mihaýlowna men hemmäňizi sagat on birde, öz kabinetime, nahara çagyrýaryn! Şeýle hem Garyp şahyry alyp geldim. – diýdi-de, ony orta ýaşlaryndaky ak mapraç ýüzli aýala bakan itip goýberdi. Soň özi işigi ýapyp, çykyp gitdi. Inda Myhaýlowna diýilýän aýal işige ýakyn otyrdy. Onuň aňyrsynda birküç adam hata güýmenip hata dümtünipdiler. Olar hem başlaryny galdyranokdylar. Inda Mihaýlowna ýerinden turdy-da aljyraňňy ýagdaýda, Garyba elini durşuna: – Aleksandr Mihaýlowiç! – diýip, seslendi. – Это – Гариб! Ol aýal şeý diýdi-de, Garyby gujaklady. Aleksandr Mihaýlowiç diýilýän, inçeden kelteräk, jüýkburun, kellesiniň saçy göle ýalan ýaly bolup duran açyk ýüzli adam hem gelip, Garyp bilen salamlaşdy. Öz adyny aýtdy. Soňra olar Garyby öz ýanlarynda oturtdylar. Inda Mihaýlowna, Garyby görüp, gözlerine ynanmajak bolýardy. Ol onuň goşgularyny okap, okap, rus diline terjime edip, oňa guwanyp, şol şygyrlaryň duýgular dünýäsine gark bolup, öz ýanyndan bu şygyrlary ýazan adamy başgaça göz öňüne getirýärdi. Asyl, ol öz aňynda onuň sudurynam çekip goýupdy. Ol ak, tegelek ýüzli, garagözelek, gujurly, nurana ýigdekçäni göz öňüne getirýärdi. Ol bu ýetginjege her söz, her setir, bent üçin sowally garanynda, onuň käse ýaly gara gözleri balkyldap giderdi. Emma... Emma gulaklary galkan ýaly, çekgelerinde çepek ýaly bolup duran, egri burny, hor, içine giden gözlerini, arryk ýüzüni, jallyk agzyny, çüri eňegini, ikä bölýän, ilki göreniňde ýakymsyzja duýgy döredýän bu oglanjyk oňa kän bir ýaramady. Şonuň üçin ol göwünsiz sowal berdi. – Köpden bäri goşgy ýazýaňyzmy? Garyp başyny yrady-da rus dilinde: – Нет! – diýdi. – Elim degenok. Bagda işleýän. Irden, sagat altyda turup işe gidýän. Agşam sagat ýedide – sekizde işden gelýän. Gelibem naharymy iýip-iýmän, ýatyp galýan. Inda Mihaýlowna goşgulary görkezdi. – Bulary haçan ýazdyňyz? Garyp Kerbabaýewe beren gürrüňini aýtdy. – Häzir goşgy ýazýaňyzmy? – Ýok. – Maşgalaň nähili? – Garry, ýarawsyz ejem hem men! Aleksandr Alaksandrowiç oturyp bilmedi. – Ýerliksizem bolsa, bir sowalym bar. – Ol ýerinden turdy. – Aýda näçe gazanýaň? – Aýda otuz dokuz ýa-da kyrk bäş manat gazanýan. – Ýetýärmi? Garyp başyny atdy. – Okuwy, mekdebi nähili gutardyň? – Gowy. – Ikilik bar? – Ikilik ýok. Diňe bäşlik. Alekseý Myhaýlowiç birden gyzyp gitdi. – Moskwada okasyň gelýärmi? Garyp Mihaýlowyň bu sowalyna birhilije gümürtik jogap berdi. – Aý, görmeli-dä?! – Näme üçin? Garyp bu oturan Moskwaly belli ýazyjy, şahyr – terjimeçilerde özüne bolan bir sowuk garaýşy duýdy. Şonuň üçin ol göwnüne däl-de, duýgusyna berildi. – Biziň obamyz bagçylyk obasy. Men Oba hojalyk institutyň Agonomçylyk fakultetine okuwa girdim. Maňa öz obamda agronom bolup, ýarawsyz ejeme, seredip, işläbermek gowy. Men goşgyny-da, goşgy ýazmagy-da halamaýaryn. Bu goşgulary jedel üçin, bir gijede ýazdym. Bir gijede şunça goşgy ýazyp bilýärkäm, näme üçin goşgy ýazmak okuwyna, onda-da ýarawsyz ejemi, söýgüli obamy taşlap goşgy ýazmak okuwyna gideýin. Onda-da, Moskwa ýaly uzak, sowuk, nätanyş ýere gideýin. Ol ýerinden turdy. – Sag boluň. Garyp «Häzir geljek» diýdi-de, göni awtostansiýa gaýtdy. | |
|
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |