DIRIŽÝOR
Bu gün Aşgabadyň "Ors bazary" hemişekilerinden azajyk şowhunlydy. Bu bazarda göwnüň islän zadyny tapmak mümkindi. Asyl, bu gün bazardaky adamlaryň, ylaýta-da aýal-gyzlaryň ýüzi öňkülerdenem owadanlaşaýan ýalydy. Ol il üçin bolmanda-da, teatryň ýaş režisýory Gurban Ärbaýewiç üçin-ä şeýledi.
Onuň bu gün pomidoryny satyn alan gelniniň özi nämä degmeýär. Garaluw gözlerini güldürip durşy dagy nämä degmeýär. Gurban Ärbaýewiç tutuş bazary satyp, baryny şol gelne iýdiräýesi geldi durdy ahyryn.
- Ah, ol gelniň alma ýaňaklaryny diýsene. Häk, ýanyňda puluň bolsa, onuň ähli pomidoryny bir özüň satyn alyp, ony şat etsediň. Ýylgyryşy dagy dünýä malyna degýär-ä. Wah, onuň alma ýaňaklaryny diýsen-e...
Gurban Ärbaýewiň ýeke-täk ölçegi bardy. Onuň iş salyşýan zenany Gurbanyň aýalyndan azyndan dört-bäş ýaş kiçi bolmalydy. Muny oňa Moskwa konserwatoriýasynda okaýarka bir professor aýdypdy. Şondan bärem, ol ýaş gelin-gyzlaryň gözlegindedi.Ol ýaşyň aşygydy.
Bu günem ol bazarda tylla suwy sepilen ýaly nebir pomidorlary satyp oturan oral aýallaryň duşundan geçip, şol alma ýaňaklynyň çat maňlaýyna bardy.
- Pomidor näçeden?!
Parniklerde ýetişýän pomidoryň ornuna meýdanda, açyk howada öz raýyna ýetişýän pomidoryň ýaňy satuwa çykan mahaly bolansoň, ol gelin birneme näzirgäp, bahasyny gymmadrak aýtdy. “Maý aýynyň tamamlanmagyna ýene on gün bar. Ýeri, onsoň pomidor arzan bolarmy – diýsene - diýip, Gurban Ärbaýewiç garym-gatymrak oýlandy. – "Arzan bermezmikä?!" Gelin owadan ýylgyrdy.
- Bäş müň diýýän. Sen dörty ýaryma malaý!
Gurban Ärbaýewiç gapdalda üýşmek duran az-kem ýenjilen popmidora seretdi.
- Onyň näçeden? - Öý-ä golaý, özem tüýs bişeni. Barybir, nahara dograljak bolsa, şolaram erbet däl-ä!“
- Olar-a iki ýarym diýýän.
Şol wagt niredendir bir ýerden şeýtan ara düşendir-dä. Göwni ýöne “Al, şu ýenjilenlerden al. Olar gaty arzan-a“ diýdi durdy.
Ol bagene-begene iki kilogram ýenjilen, bir kilogram hem gowy pomidor çekdirdi. Öz ýanyndanam eden söwdasyndan razy boldy.
- Bu günler şular ýaly pomidory beýle baha alyp bilseň ne armanyň bar.
Ol aýalyna aýtjak sözlerini öz ýanyndan taslajak boldy, dili başga zat diýdi.
- Ah, şol alma ýaňak... Özem gaty ýaş eken...
Ol söwdagär gelin bilen hoşamaý hoşlaşdy. Oňa hoşlaşyk pursatynyň haky üçinem birki sany mylaýym söz aýdasy geldi. Emma çekindi. Ýok, aýdara söz tapmady.
- Äý, gelşikli däl-läý!
Gurban Ärbaýewiç bazardan çykan badyna ýalňyşandygyna düşündi. Pomidoryň biri has myltyk eken. Onuň suwy tordan sogulyp, ýere damyp başlady. Gurnan ol pomidory usulluk bilen çykardy-da, pomidorlaryň iň üstünde emaý bilen goýdy. Emma ol hakykatdan hem ýalňyşan eken. Suwa dönen pomidor başga-da bat eken.
"- Nätmeli? Ýa yzyna eltip, gaýtaraýsammykam?"
Ol geljek bolýan netijesinden gorkdy.Paýhasy oňa: "Pomidory yzyna alyp git-de, puluňy yzyna al! Ýa-da gowy pomidor al!" diýýärdi.
--Ýok, öýe ýetip barýan-a!
Ol işiklerini öz açary bilen açar-da,pomidorlary sowutgyja salar. Ýaňky ýaly, birneme ýenjilip, suwy akyp duran pomidorlary bolsa, alar-da kiçijik tarelka salyp goýar. Soň onuň suwuny sykar-da, içine duzjagaz sepip, Moskwada studeny wagty edişleri ýaly, gara çörek bilen heziller edip iýer.U-uf, baldyr, bal! Özem, täzeje pomidor. Häzirem, student günlerini ýatlanda, onuň gulagynyň ujy gyzaryp giden ýaly boldy. Häzirki duýgusy bilen ol şol ýenjilenje pomidorlaryny bitin pomidorlaryna çalyşçak däldi. Olar indi onuň özünkidi.
Ýöne hany, Gurban Ärbaýewiň bu duýgularyna düşünip, onuň edenine „oňarypsyň“ giýjek bolup duran barmy!Öýde bir „ aždarha“ otyr-a! "Waý, oglan, zat oňarmajagyň-a bilýädim welin, özüm gidäýmeli ekenim-dä. Nebir puly biderek zada berip, wah, senmi...“
ol aýalynyň bu igençli sesini açyk eşitdi. Gurban Ärbaýewiç uly, agrama süýnüp, edil ýere degäýjek bolup duran toruna ýene bir sapar garady. Ýöne, onuň bar keýpi gaçdy.Indi üçünji pomidory suwunu seçelendirip barýar.
Ol başyny ahmyr bilen ýaýkady-da, yzyna , bazara tarap howsala bilen bir garady. Ýöne zeýrenmedi. Öňde onuň işleýän teatry durdy. Opera we balet teatry! Ol bu ýerde indi on sekiz ýyl bäri drižýor bolup işleýärdi. Bu teatryň içini aýalynyň häsiýetini bilişiçeräk bilýärdi. Teatr aýaly däldi Ol seni bagyşlap biler, emma aýalyň. Ýok! Öläýse-de!...
Gurban Ärbaýewiç teatryň bilet satylýan kassasynyň ýanyndaky bildiriş tagtasyna buýsanç bilen garady. Görsen-e, Ýene, käbir agzy boşlar “Teatra adam gelenogam“ diýen bolýar. Gör- ahyryn, näçe adam agşam boljak spektakla, bu wagt bilet almaga nobata dur-a!“
" - Bu gün beýle, köp tomaşaçy geler ýaly, haýsy opera gidýärkä? - Ol gyzyklanma bilen afişa seretdi.Şol bada-da gara dere batanyny duýman galdy.
- Beh, beh, wah-heý!
Ol aljyrady. Ýene-de on bäş minutdan „Aşyk-Magşuk“ operasy başlanýardy.
Onuňam drižýory kim bolar öýdýäň! Elbetde, Gurban Ärbaýew!
Ol teatra kürsäp girdi-de, drižýoryň otagyny açdy. Pomidorly toruny diwanyň gapdalynda poluň üstünde, salkynjak ýerde goýdy-da, teatryň kitaphanasyna jaň etdi.
- „Aşyk-Magşuguň“ partiturasy hany?Ol üzünden şapyrdap akýan deri-de sylmaga gyssanyp, çep eli bilen köýneginiň iliklerini açyşdyryp başlady.
Ol sag elindäki trubk gygyryp başlady.
- Kim, kim? Bilemok. Haýsy Nepes. Bilemok, men seniňNepesiňem bilmen, beýlekiňem! Spektakl başlanjak bolup dur. Näme? “Men ertirden bäri gözläp ýörün. Tapamok! Hiç ýerde ýok!“ O nähili beýle bolýar? Tapyň, men seni bilýän! Sen düşünýäňmi, derrew tapyp getir!..
Ol trubkany taşlap goýberdi-de, ýörite eşigini geýdi. Birinji jaň kakyldy. Ol ýakasyna garaja kebelejigini gyssaglydakdy. Eline inçejik taýajygyny aldy. Birdenem onuň gözleri diwanyň gapdalynda poluň üstünde gözilgiç bolup ýatan pomidorly tora düşdi. Onuň depesinden sowuk suw guýulan ýaly boldy. Häli, ýiolda başyndan geçen duýgularynyň bary onuň baýyna guýulan ýaly boldy.Ol uly howsala bilen toruna garady-da, Ýüreginiň başy endiräp gitdi. Toruň aşagy öljeripdi.
Ol“Häk, ýalňyşupdyryn“--diýip, ynjyly oýlandy.
Işik açyldy. Kitaphanaçy aýal ähli howsalaly jogapkärçiligi iki gaşynyň arasyna jemläp, içeri girdi. Ol iki agyr ýüzündäki gaharly gözlerini eli torly duran, uzyn, şilliň, kellesi durşuna sakar bolup duran adama dikdi. Soňam jynssyz gygyrdy.
- O näme!
Gurban Ärbaýewiç tisginip gitdi.Hälem pomidorly tory duran ýere utanç bilen garady.
„Pomidoryň suwunyň damanyny eýýäm görüp ýetişipdir!“
- Pomidor aldym, şol, şol!
Kitaphanaçy aýal bäri-bäri delil bilen sypdyrar ýaly däldi.
- Ýok, ol näme!
- Pomydoryň myž...
Kitaphanaçy aýal arslan bolup topularly göründi.
- Ýok. Hol, stoluň üstündäki nime diýýeen men sengä!
Gurban Ärbaýewiç stolunyň ütünde „Aşyk-Magşugyň“ partaturasynyň ýataňnyny ýaňy görüp galdy.
- Ol pomidor, neme, myžžyk. Wiý. bar eken, partitura bar eken! Bar eken-le.
Kitaphanaçy aýal başyny buýsanç bilen galdyrdy.
- Tapdyň kyçkyrajak katynyňy!Bar, öz katynyňa kyçkyr! Myşçyk!
Ol aýal ýene nämedir birzatlar aýdyp, gaharly silterinjiräp, çykyp gitdi.
Üçünji jaň kakyldy. Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary eşidilip başlandy.Derden ýaňa Gurban Ärbaýewiçiň eşikleri eýýäm sykybermeli bolupdy.
Gurban Ärbaýewiç pomidorly toruna nebsagyryjylyk bilen ýene bir sapar garady-da, bir eline taýagyny, bir eline-de spektaklyň partiturasyny alyp, gözgyny halda koridora çykdy.
Ol Hudaýy telim gaýta çagygyp, spektakla başlady. Asyl, hemmesi gülala-güllükdi.
Şeýle-de bolsa, ol elindäki taýajygyny hasrat bilen galgadýardy. Aşyk ýigit Magşuk gyzy çagyryp, oňa söýgi sözlerini aýdýar-da, oňa ullaňkan gyzyl alma oklaýar. Alma gyzyň elindan ýere gaçýar-da, parçyldap, iki bölünýär...
Muny görüp, Gurban Ärbaýewiç tisginip gitdi. Ol misli, ukudan oýanan ýaly boldy. Taýagyny aljyraňňy galgatdy-da, barmagyny birinji skripkanyň gözlerine dürterli göründi. Birinji skripka gaty aljyrddy.
Indi Gurban Ärbaýewiçiň gulagyna orkestriň owazy-da, sahnada çaýkanýan pajygaly durmuş-da, zalym patyşanyň öňünde dyza çöküp ýalbarýan Magşuk ýigidiň gussaly ariýasy-da ilenokdy. Nirä garasa mylgyrap bişen, indem eräp, tutuş meýdany öl-suw edip barýaňn myžžyk pomidorly tory durdy.
- Eý, Allam! - diýip, ol başyny gazap bilen ýaýkady. - Şu bela bir çaltyrak gutarsady.
Ol arakesmede, misli ýangyn howpundan gorkýan ýaly bolup, drižýoryň otagyna ylgady.Barybam, pomidorly toruny ýokary göterip, ýene näçe pomidoryň suwa öwrülenini gördi. Asyl, beýle bir oňuşmzça däldi. Açyk görünmese-de, aralykda bir pomidordan suw damýardy.“Ýogsa, öňki iki pomidordan munça suw akmaly däl-ä!“
Ol toruň aşagyna ýazmaga gazet gözledi.Tapmady. Sögüne-sögüne torunyň ýerini üýtgetdi.
- Eý, Allam! Bu gün spektaklymyň barlygyny bilmeýşimi, meniň! Bilen bolsam, bu içigarany gaýdyşynym alardym-a.
Spektaklyň soňy dartgynlydy. Patyşa aýal öz gyzyna aşyk bolan garyp ýigidi dar agajynyň astyna getirdip, ony dardan asmagy buýurýar. Gyz agy-hasrat bilen elenýär.Öz derdini , ýigidi jany-teni bilen söýýändigini düşündirmek isleýär. Ejesine ýalbarýar. Uzak-uzak, hasratly, agyly ariýalar möwç urýar.
Patyşa aýal gazap bilen ýerinden turanda, režissýoryň zähresi ýarylan ýaly boldy. Patyşa zenan onuň öz aýaly Aktuwaga şeýle bir meňzeşdi welin, asyl, bu waka onuň öz öýünde bolup geçen ýaly boldy. Görgüli Gurban Ärbaýewiçiň öňem-ä myžžyk derli eşikleriniň üsüne ýene bir kündük gaýnag suw guýlana döndi.
Aýaly sahnadaky zalym patyşa aýalyň ariýasyna goşulyp,
- Hany, pomidor, ýerçeken! - diýýän ýaly boldy.
- Ine, ezizim.
Aktuwak äriniň getiren pomidorlaryny synlap:
--Bar, bularyňy äkit-de jara dök!Özüni oňarman geçen haýran!
Gurban Ärbaýewiç özüne geljek gepi bilýärdi.
- Wah, barysy suw bolandyr, onuň, nädip öýe elteýin ony. Bu bolman geçen haram spektal hem şu gün bolmalymy diýsen-e--diýip, hasratly oýlandy.
Ol birden özüni tutan ýaly boldy. Operanyň soňuna gelinipdi.
--Bolmasa ýalbararyn! Aldaryn! Ýöne indi beýle gaýtalanmaz! Indi beýle etmelem däl, mem!
Spektakl tamam boldy. Gurban Ärbaýewiç özüni her näçe tijejek bolsa-da, ol agyr oýundan üzülip bilmedi. Onuň pikiriniň, duýgusynyň ählisi pomidorly torunuň ýanyndady. Misli, ol eli torly öz öýüniň işiginden girip barýan ýalydy. Emma, haýp!..
Sahna telim açylyp, ýapyldy. Tutuş zal dik durup, el çarpýardy.
Ol howlukdy.
- Nämä gerek! Nämä gerek! Tükediň ahyryn!
Ol gitjek boldy.
„Wah, torumy bir öýe aşyrsadym!Barysy suw bolandyr, wah, wah“.
Ol hasrat bilen zala, soňam özüne suwuklyk bilen ýylgyrjyrap seredişýän tomaşaçylara nägilelik bilen nazar aýlady-da, gazap bilen tüýkürdi.
Häzir ol bularyň ählisini torunda myžžaryp, suwy akyp ýaran pomidorlaryň ýekejesinem çalyşmajaga meňzeýärdi.
24-nji sentýabr 1998 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar