18:58 Dissertant / hekaýa | |
DISSERTANT
Satiriki hekaýalar
Obadaşym hem klasdaşym Merediň ýylda bir gezek Aşgabada gezelenje geläýmesi bardy. Her sapar gelende men ony şähere aýlap, täzelikler bilen tanyş edýärdim. Bu sapar-a ol Garagumda goýun bakyp ýören kakasyny hem ýany bilen alyp gelipdir. Halk Hojalygynyň sergisinden çykyp gelýärkäk, garşymyzdan Merediň köne tanşy çykaýdy. - Medinstitutda alty ýyllap bile okan kursdaşym Çörli Çopanow – diýip, Meret bizi onuň bilen tanyşdyrdy. Çörli biziň bilen gadyrly salamlaşandan soň, Merede ýüzlendi-de: - Hany, Meret şlýapaňy tersine öwür, göreli bakaly, gelişýärmikä? – diýdi. - O näme üçin? Eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy? Alty ýyl mundan ozal instituty gutaran ýylymyz: “Alym bolaryn” diýip öwnemde, sen maňa näme diýipdiň, ä? “Eger sen alym bolsaň telpegimi tersine geýerin” diýmänmidiň näme? - Zalywat, henizem ýadyndan çykarmandyr-wo. Indi ýadyma düşdi. Gutlaýaryn, dost! - Gutlajak bolsaň, agşam gel, zaşitadan soň oturşarys. Bir restorany ýörite satyn aldym. Ýoldaşyňy hem alyp gel – diýip, ol maňa garady. – Ýalňyşmaýan bolsam, gazet işgäri bolsaňyz gerek? - Dogrudyr. - Dogry bolsa, agşam sizem geliň! Žurnalistlerem alymlyk derejesiniň nädip goralýandygyny öz gözleri bilen görseler kem bolmaz. Belki, ojuk-bujuk ýazyp hem-ä bizi begendirersiňiz, galyberse-de, çaý puly... Ha-ha-ha... garnyňa depýärmi näme? Men onuň soňky sözlerini göwnüme alsam-da, gödek bir zat aýtman: - Çaý puluňyz-a dogry welin, dissertasiýaňyzyň temasy näme? – diýip soradym. - “Çalyň adam organizmine edýän položitel täsiri”. - Haýsy çalyň. - Elbetde, düýäňki. Niredendir birden bu ýigide degmek meniň küýüme geldi. Merede gözümi gypdym-da, soňra Çörlä ýüzlendim. - Çörli Çopanowiç, düýe çalyndan dissertasiýa goraýan bolsaňyz, bir zada jogap beriň hany: düýede näçe emjek bolýandyr? Agşam baraýsag-a, hatyrjem bol, şu sowaly hökman bereris. - Žurnalist bolubam bar berjek soragyňyz şu bolsa onda arkaýyn baryberiň! Düýede dört emjek bolýandyr – diýip, Çörli degişme äheňinde jogap berdi. Men oňa tarap barmagymy çommaltdym-da, hahahaýlap, garaçynym bilen güldüm. Meredem kikirdäp güldi. Çörli welin nämäniň-nämedigine düşünmän aňk-taňk bolup dur. Men gülküden ýaňa ýaşaran gözlerimi süpürip: - Munuň aýdýanyna seretseňiz-le! “Düýede dört emjek bar” diýýär. Baý, ýigid-ä oňard-ow. Bize duş gelmedik bolsa, ile masgara bolaýjak ekeni! Sähelçe zat üçin bar azabyň köýse köýäýmeli-ow! Ýok, jogap berşiňiz şu bolsa, çal boýunça sizden alym bolmaz. Telpegi özüňiz tersine geýäýmeli boljak öýdýän!.. Onsoň şo barada felýetonjyk ýazaýsam, “çaý puly” has lomaýrak düşer. - Näme, eýsem düýede bäş emjek bolýandyr öýdýäňizmi? – diýip, Çörli ýaňsylap soran boldy. - Ýok, alty bolýandyr – diýip jogap berdim. - Sen dogrudanam düýede alty emjek bolýandygyny şu çaka çenli bileňokmydyň? – diýip, meniň oýun edýänimi aňyp, Meredem geňirgenen bolup, oňa sowal berdi. Men soňra ýanymdaky ýaşula ýüzlenip: - Annaly aga, düýäniň emjegi näçedir? Görýäs welini siz aýdaýmasaňyz, ol bize ynam edenok öýdýän – diýip, oňa gözümi gypyp ümledim. - Ýetmiş üç ýaşymyň otuzyny düýe çopany bolupdym. Biziň gören düýelerimiziň-ä emjegi alty bolardy. Indi, elbetde, ylym-bilim ösýär. Mallaryňam täze-täze tohumlaryny döredýärler. Mäkiýandan horaz edenlerini-hä öz gözüm bilenem gördüm. Onsoň, tohumyny gowulandyrjak bolup dört emjekli edäýen bolmasalar! “Bolmaz” diýip bolmaz bu zamanada. Indi-hä düýe malyna has hem köp üns berilýär – diýip, Annaly aga garaçyny bilen gürledi. Çörliniň gözleri tegelendi, mazasy gaçdy. Ol: - Aý, oýun etmeseňizläň – diýip, ysgynsyzja ýylgyrdy. - Siz düýäniň emjegini görüpmidiňiz berin? – diýip, Annaly aga ondan sorady. Ol ýaýdandy-da, jogap bermegiň deregine ogurlykda tutulan çaga ýaly gözlerini mölerdip, Annaly aganyň ýüzüne seretdi. - Gören bolsaň gördüm diýäý-dä, näme gözüňi tegeläp dursuň! – diýip, Annaly aga oňa igendi. - Görüpdim-ä welin, eger walla, ýadyma düşenok, sygryňky ýaly dört emjek bolsa gerek – diýip, Çörli gümürtikli jogap berdi. - Siziň çynyňyzmy? Şunça ýyl çal barada işläp düýede näçe emjegiň bardygyny anyklap görmedik bolsaňyz, onda biz-ä bilmedik! Ýeri, bolýa-la, gorkup durma, agşam barsagam şony sorap durmarys, arkaýyn bolaý. Ýöne hergiz ýadyňdan çykarma-da, belläp goý: geçi, goýun ýaly mallarda emjek iki bolar. Sygyrda, baýtalda – dört, düýäniňki, piliňki – altydyr. Itiňki bilen hargulak towşanyňky sekiz bolýandyr, martyşka atly kiçijik maýmynlarda sekizdir. Orangutanyňky bolsaiki bolar, sebäbi adamzadyň asly şol maýmyndan döränmiş. Diňe doňzuň emjegi on bolar. Muhammet pygamber şonuň üçin doňzy öz ymmatyna haram edipdir diýýärler. Çynmy, ýalanmy – onçasyny aýdyp biljek däl. Belki, başga sebäpleri bardyr, ýöne doňuz-a iýilmez eken şo döwürler – diýdim. Alym boljak ýigidiň halys weji gaçdy. Men dissertantyň egnine kakyp: - Alada galyp oturma, Çörli Çopanowiç. Dissertasiýaňyzy arkaýyn goraberiň. Bizi bagyşla. Agşam baryp biljek däl. Meret bilen Annaly aganyň biletleri elinde. Olar ýene bäş sagatdan uçmaly. “Çaý pulunam” başga bir ýerden gazanmaly bor-da! – diýip, onuň bilen hoşlaşdym-da, soňam sözümiň üstüni ýetirdim. – Ýöne bekje belläň, düýäniň emjegi alty bolýandyr. Bilip bolmaz, belki biri soraýmasyn! - Ýeri, bolýar onda. Sizem ýoldan goýaýdym, bagyşlarsyňyz – diýen bolup, ol basymrak sypanyny kem görmedi... Şondan soňky wakany maňa başga bir ýoldaşym gürrüň berdi. Çörli Çopanowiç bizden aýrylyşan badyna, taksi tutupdyr-da, Garadmaga tarap gamçyny basaýypdyr. Gelse, düýeler örüde eken. Sagymçy aýallardanam soramaga çekinipmi ýa-da olara ynam etmän, hut öz gözi bilen görmek isläpmi, garaz, maşyny düýe bakylýan meýdana sürüpdir. Baryp, ilki ýeten düýesini, soňra ikinji düýäni, üçünji... jemi on düýäni birin-birin tutup, olaryň emjeklerini sanapdyr. Görse, onusynyňam emjegi dört-dörtden eken. Ine şondan soň, onuň ýüregi ýerine gelipdir. Agşam ol döşüni gaýşardyp, tribuna arkaýyn çykypdyr. Indi, görýän welini, dostum şlýapasyny tersine geýmeli boljak öýdýän. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |