15:52 Dogan / hekaýa | |
DOGAN
Hekaýalar
…Goňşularynyň şäher hassahanasynda internaturany geçýän ogly, gijeki nobatçylykdan gelýärkä, sowlup, Amanyň öten agşam mejalsyz halda “Tiz kömek” bilen getirilenini, soňam operasiýa edilenini aýtdy. Aşak ýanyndaky inisi barada bu habary eşiden dessine, dört doganyň ulusy – Ahmediň ine-gana ertirligini iýmäge-de karary ýetmedi. Aýalynyň jibrinmesine ähmiýet bermän, bir käse çaýy çala sowadyp-sowatman, ýanyp-bişip, howul-hara içişdirdi-de, ýola şaýlandy. Diňe hassahanaň işigine gelende, ýolugra bazara degip, miwe-beýleki almandygy huşuna geldi. Bir yzyna dolanaýjagam boldy. Emma: “Hany, ilki özüni bir göreýin. Lukmany bilen gepleşeýin. Onsoň oňa näme iýip-içmek bolýan bolsa, gider-de alar geläýerin” diýen pikirde, kabul ediş bölüminiň bosagasyndan ätledi. Aýna germewiň çaklaňja penjiresinden diňe ýüzi görünýän, ak halatly, gartaşanrak şepagat uýasy, Ahmet inisiniň salgylaryny aýdan dessine, onuň nirededigini habar berdi. -Hä, öten gije aşgazany operasiýa edilenmi? Agşamky nobatçy uýalaň biri, ýaňy çykyp barýarka: “Operassa gowy geçdi. Göni palata geçirdiler”-ä diýipdi. Ýöne, onna-da lukmanlaň irdenki ýygnagy gutaransoň, oň bejeriji dugtory bilen gepleşip göräýiň. Ikinji gata, Gaýragoýulmasyz hirurgiýa bölüminiň girelgesine baryň-da, garaşyň. Ýygnak gutarsa çagyrarlar. Men bölümiň nobatçysyna jaň ederin. Aýdylan ýere baryp, giň däliziň diwaryna ugurdaş ýumşak kürsüleriň birine geçdi-de, içi byjyklap durandygyna garamazdan sabryny çugdamlap, garaşmaga oturdy. Günde ýyladyşhanadan çykman diýen ýaly işleýändigi sebäpli, ekiniň ýaşyl reňki çykyp giden, jaýryk-jaýryk ellerini ilkinji gezek görýän deý, olara tiňkesini dikdi. Şol oturşyna-da, näme üçindir inisi bilen soňky gezek ajyşanda, özüniň oňa aýdan sözleri aňyna geldi... -Ýeňil-ýelpaýdan gelen bäş manada aklyňy aldyryp, däliräp ýörme-how! Syrtyň-a külüň üstünde, göwnüňem Kap dagynda! Ondan-a beýdip, köýnegiňe sygman gomaljyrap, gazananyňy jelepdir, içgi-çekgä sowrup gezmän, çagalaň arasynda bol! Olara görüm-görelde görkez, edep-terbiýe ber! Öý-öwzaryňdan artýan bolsa, ile-güne ýagşylyk et! Düşýäňmi bir, meň saňa aýdýanlamma?! Ýa näme, eýýäm aňyňy haram keýp guratdymy?! Bilip goý-eý, jigim! Şu haram keýpi-sapa diýilýän senden has edermen, has atarman-çaparman, baý-begzadalaň külüni göge sowrandyr! Oň ýanynda bujagaz gazanan aňsatdan gelen bäş şaýyň bilen sen dagy nämejik?! Wiçjik ahyry!!!... Onnoňam-how, kyrk ýaşadyň, aklyň nirde?! Il-gün: “Öňüm gelenden soňum gelsin” diýip, näme etse jahyllykda edip dynyp, otuzdan soň toba gelýän bolsa, sen gaýta edeniň ugruna bolup ugrady-da, kyrka ýakynlaňda azyp başladyň ahyry-ow! Bolşuň dagy nähili? Hut şu seň ýalaka “ak girse-de aň girmedik” diýilýänni bir bilýäňmi?! Adamlardan, çagalaňdan utan! Ynan maňa, şu bolgusyzlygyňy taşlamasaň, dagy-duwara ýüzüňem görmen!!! Hamana, bir doganym dogman eken-dä... ...Ol kürsüde oýkanjyrady-da, uludan dem aldy. Elbetde, şo sapar şo soňky sözüni diýmeli däl ekeni. “Uruş-sögüş, ýaraşmaga ýer goý” diýilmeýämi... Ol bolsa nijeme wagtlap inisiniň ters hereketlerine janynyň ýangynjyny içine sala-sala, halys gazaby galňadymy nämemi, şo gezek ýarylanda, öz jylawundan çekesem gelmän, iň soňkusyny eňterip goýberipdi. Megerem, şo sözem inisi üçin has çökder gelen bolmaly. Ýogsa, şo gün onuň öýüne baryp, ony daşaryk çagyraga-da, çagalaryndan çeträge – melleginiň aýagujundaky malýataga – äkidip, gaýym käýýäp başlanda, ol jyňkyny çykarman, diňläbem durdy-la welin... Şol sözi eşiden dessine, edil ýöne tenine-de däl, göni ýüregine köz basylan dek, daýaw göwresi bilen dikelip galdy-da, gözlerinden uçgun syçradyp ýuwdundy. Soňam ondan bir kelle saýlanyp, üstüne abanyp durşuna, edil öz diýýän sözlerinden özi elheder alýan dek, gözlerini ýumup boguk hüňürdedi: -Şeý diýýän bolsaň, onna senem meň üçin ýok ekeniň-dä...bolmanam ekeniň-dä... ...Şoldur-da, şoldur, şondan bäri on ýyl geçdi. Olar üçin görmejegi biri-biri boldy. Inisinden eşiden jogabyndan soň keşbinde gan-pet galmadyk ol-a şol hyrra yzyna aýlanyp gaýdyşyna, oňa ýolda-yzda tötänden sataşsa-da, görmedik bolup, ýüzüni terse sowup geçdi. Inisem, hatda, käte pete-pet gabat gelşiläýse-de, iň bärkisi sypaýyçylyk üçinem, ulyň kiçä hormat edebiniň hatyrasyna-da salam bermedi... Indem, ine, ol-a iç-goşy parçalanyp, palatada ýatyr. Öljegi-galjagam gümana. Büýem, ine, öz ynsabyndan özge hemdemsiz, şu gum-guk däliziň ugrunda, öz kalbyny özi çeýnäýjek bolup, ýalňyz otyr. Birden didarlaşmaga ýetişmänkä bolmasy iş bolaýsa, şondan soň bu nädip ýaşamaly?! Munuňam anygyny Alla bilýär... Ol misli kükregini gysyp-gowurýan galagoplugy üfläp çykaraýjak bolýan dek, “haşlap” demini daşyna goýberdi-de, ýene-de oýkanjyrady. Hiç zat görmeýän gözlerini gabat-garşysyndaky melereňk diwara dikdi. Birdenkä-de, nazarynyň öňünde elli ýyl mundan ozalky, ejesiniň gapdalynda gundaga dolangy halyna mysylap ýatan tokarja bäbejik peýda boldy. Oň daşynda-da: “Eje, elime alyp göräýin!” diýip kebelekleýän bäş ýaşlyja özi... Bu şekilem, bir demde onuň hakyda ammarynyň işigini serpene dönderdi. Hakydasy – sapak, ýatlamalar – monjuk, wagtam – sakgally-sarmykly goja, ýatlama hünjüsini tesbi sanan deý, birme-bir “şyk-şyk” edip geçirýär... Ine şol tokarja bäbejik eýýäm bir ýaşynda. Ýykylyp-sürşüp, moýtuldap, heniz düzüwli ýöräbem bilenok welin, onda-da guzy gülküsi bilen jykyr-jykyr jykyrdap, onuň yzyndan kowalaýar. Olam ondan iki bökende arany üzjek. Emma şonda-da şonuň jykyrdysyna maýyl, ýetdim-ýetdim gaçan bolýar... Şyk! Geçýär, hakyda tesbisiniň bir daşy... Ine ol bäbejik, eýýäm iki-üç ýaşynda. Gije. Dalbaryň astyndaky peşehanada diňe ikisi. Tamyň işiginiň ýokarysyndan asylan çyranyň solak ýagtysam bärik çala düşýär. Jigisiniň ýatasy gelýär. Ýeke özi peşehanada ýatmaga-da gorkýar. Oňa: “ýoldaş” diýlip ugradylan ýedi-sekiz ýaşly munuňam batyrlygy şoňkudan artyk bolmasa-da, barybir garamagyndakyň ýanynda edermensiremäge çytraşýar. Birdenem, hol beýleräkdäki tutlukda, nämedir bir zatdan tebil tapan pişik, jynssyz “mýaw” edip, ala-şagyrdy turuzýar welin, ýaňy ymyzganyp barýan tokarjanyň zähresi ýarylýar. “Gara möwlek” diýip howatyrly pyşyrdaýar-da, gözjagazyny tegeläp, tutluga garşy tiňkesini diken onuň içine giräýjek bolup gysmyljyraýar. Onsoň oňa-da özüne gysmyljyran şujagaz etene tenjagaz gaýrat berýärmi nämemi, ol ýumrujaklaryny düwýär-de, jigisini, ol-a gara möwlek ekeni, gerek bolsa jahanyň ähli bela-beterlerinden gorap ölmäge taýýar aýgyt bilen peşehanadan çykýar... Şyk! Geçýär, tesbiniň ýene-de bir daşy... Ine, onuň özi on-on bir ýaşlaryndaky gögele. Deňdeşleri bilen ala-goh turzup mekdebiň howlusyndan çykyp gelýär. Birdenem mekdebiň haýatetegindäki gür tutlugyň gyrasynda, hatda özündenem bir-iki ýaş ulurak, iki sany ergeneksiz ekleneniň, ýaňybir birinji synpa gidip başlan tokarja jigisiniň sebetjigini pökgi edinip oýnaýandyklaryny görýär. Tokarja-da: “beräý-dä-how, beräý-dä” diýip, guzujyk mäleýän dek zarynlap, olaryň arasynda janserek bolýar. “Oklap-gapdy” oýnaşylýan sebetjigini gapmaga dyrjaşyp, ganat-goljagazlaryny galgadyp, iki ejize ganymyň arasynda pelesaň kakýar. Şo pille onuň bir demde çylgym-çylgym gan öýen gözleriniň öňüne nämedir bir zat “pat” gaçýar. Onuň nazarynam, beýnisinem tümlük gabsaýar. Şol hüýt-gara tümlügiň içinde-de ol özüniň näme edýändiginem aňşyrman, arkasyndaky okuwçy sebedini sypyryp taşlaýar-da, sessiz-üýnsüz olara tarap eňýär. Göz açyp-ýumasy salymda deňelerine ýetibem, bärden barşyna-da iki nekgendäň bärkisiniň üstüne özüni zyňýar. Göwresiniň badyna ony ýere ýazan dessine-de, birjigem säginmän malçyldadyp onuň ýüzüne süsýär. Oslagsyzlykdan ýaňa aňk-taňk bolup aşagyna düşen gögeläniň burnuny maňlaýy bilen mynjyradanda öz ýüzüne sümük gatyşykly gan syçraýandygyny tümlük gabsan aňynyň bir çetjagazy bilen syzmaga ýetişýär. Aşagyndakyň ýüzüni tutup, ulili bilen wägirip ýatyşyna üns bermänem, zyňlyp ýerinden galýar-da, ikinji gögeläň üstüne topulýar. Ýoldaşynyň düşen ýagdaýyny aňynda aýlamaga ýetişen ol ýetginjegem aljyramaýar. Elindäki sebetjigi taşlap, oňa ýapyşýar. Ala-wagyrdy bolup basalaşyp, gemrişip, uruşmaga başlaýarlar... Şyk! Geçýär, tesbiniň ýene-de bir daşy... Ine... Kakasynyň tabydy egninde... Gapdalynda-da her egninde bir adam oturybermeli pälwansypat jigisi... Emma onuň daýaw göwresi bu mahal şeýlebir ejiz görünýär. Tabydyň agramynam duýman, müzzerip, öz aýaklaryna özi çolaşmaň bäri ýanynda, gözünden ýaşyny seçelendirip barşam bir gözgyny... Onsoň onuň harap halyna gözi düşen ol, hasratdan ýaňa özüniň ýüregi darka ýarylyp barsa-da, niredendir näbelli bir ýerden gaýrat tapynýar-da, çuslanýar. Tabytgöterdäki ornuny ökjesini sydyrdyp gelýän gölegçileriň biri bilen çalyşýar-da, inisine ýakynlaşýar. Assyrynlyk bilen hiç kime görkezmän, belki-de görselerem görmedik bolýanlaryndan peýdalanyp, onuň bileginden gysýar. Hamana: “Mert bol! Indi men seň kakaňam, agaňam, hossaryňam, howandaryňam! Seniň ýüküň meniň ýüküm! Seniň derdiň meniň derdim! Mundan buýana tä ömrüm ötünçä...Dogan!” diýip sessiz kasam edýän dek... Olam, oňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlaýar-da, az-kem merdemsilenýär. Gözüniň ýaşy azajygam bolsa kepeýär... Şyk! Geçýär, tesbiniň ýene-de bir daşy... Ine jigisi, munuň nowbahar oguljygyny boýnuna mündürip, äpet göwresine gelişmeýän tagaşyksyzlyk bilen höküdikläp, howlynyň içinde ony uçar edip aýlaýar. Bu-da olary gabak astyndan synlap oturyşyna hem-ä: “birdenkä gaçyraýmasyn” diýip howatyr edýär, hemem ikisine-de guwanýar. Doganyna-da. Ogluna-da. Şyk! Geçýär, tesbiniň ýene-de bir daşy... Ine, toý... Jigisi gelni bilen bezelip-beslenip toý gerdegine meňzedilen tirkegde otyr. Aýdym-saz, şagalaň. Olam şerapdan däl-de bagtdan serhoş bolup, ejesi pahyr bilen tans edýär ortada... Birmahal gum bolup ýatan kakasynyň deregine-de... Ýigrimi bäş ýaşda kaka bolmaga mejbur bolup, ibaly ýaş bolubam görmedik özüniň deregine-de... Şyk! Geçýär, tesbiniň ýene-de bir daşy... Ine... Ejesiniň üçi... Üç günläp hiç kime sepini bildirmejek bolup, dişini gysyp çydan özi, aýaguçlaryna basylan bede küdesiniň ýeňsesinde, hiç kime eşitdirmezlik üçin penjesini gemräýjek bolup, ite dönüp çyňsaýar. Çydanok... Nätmeli? Ejesiz... Şonda-da, jigisi uly boýuny kiçeldip ýanyna gelýär. Egin-egne berip, gumaşak ýere çökýär-de, hamsygman zordanjyk saklanyp: “Beýtme-dä. Sen beýtseň, biz nädeli?” diýip pyşyrdap, oňa ýalbarmaga başlaýar... Şyk! Geçýär, tesbiniň ýene-de bir daşy... Soň ýene-de biri... Soň ýene-de... Hatda uly tesbihiňem dänesi Hakyň gözel atlarynyň sanyna barabarlykda togsan dokuz bolsa, munuň hakyda hünjüsiniň daşlary tükeniksiz... Olaram gözüniň öňünden “şykgyldap”, şol geçip dur, şol geçip dur... Kükreginde-de gynançmy, gaharmy, dözmezçilikmi, igençmi, kinemi, mähribanlykmy birtopar, biri-birine gapma-garşy duýgularyň tüweleýi bulanyp-towlanyp, harasat gopdurýar. Kellesinde bolsa set hazar oýlanma. Beýnisiniň bir çeti bilen-ä inisine dahylly ýatlamalary hyýalynda pyrlaýar, beýleki künjegi bilenem oňa gaýybana igenýär, käýinýär, jany-teninden syzdyryp, onuň ýüregine ýetjek bolýar, bagryna batjak bolýar... “Ýene-de şo haram zährimaryň zerarly aşgazanyň kül bolandyr-da! Dagy nämedendir öýdýäň? Näme dagy, arak-çakyrdan bolman, ömürboýy suw-söl ýa-da çaý-paý bilen süýt içip gezseň-ä, aşgazanyňy operassa edip, dogramajaklary belli! Ýeri, beýdeniň bilen kime zyýan edýändirin öýdýäň? Näme: “Şony etmän oňup bilemok” diýjek bolýaňmy? Bilip goý-eý, jijim, adam diňe dem alma bilen nan iýmäni goýup bilenok. Galan zat şetdaly!... Men saňa şu zatlaň şeýle boljagyny on ýyl mundan owal aýtdym. Gaýta meň diýenime “hä-hawa” bermäň deregine, syrtyň bilen gepleşip, şunça ýyl salam-helige ýaraman gezdiň. Şu bolşuňy görüp ejem görgüli bilen kakam pahyr ikisi gabrynda düňderilendir! Ine indem ulyň diýenini etmän uwlap düşen günüň! Öz diýeniňi gögertjek bolup, kyrk ýaşdan soň haram keýpe kelläni gyzdyryp, bal güne batdyňmy, hä?! Näme şomat saňa şoň ýaly käýýäp, näme men seň boş şady-horramlyga eýlenen biderek günüňi görüp bilmeýändir öýtdüňmi, hä?! Onnoňam: “sen maňa gerekgä” diýen bolup, näme, gerek-gerekgädigini kesgitläriň ýaly, özüňem, menem sen dogurdyňmy?! Men-how seň kakaň deregine oturan adam-a-how! Onnoň heýem bir, menden diýen-aýdan gaty-gaýrymrak sözüm üçin şo derejede öýkelärlermi, hä? Ýa näme, meň agaň hökmünde seň “edeniňe däl” diýip, käýýemäge hakym ýokmy?! Gatam ba şo! Eger-de gerek bolsa, ol-a käýýemek ekeni, ýaşyň ellä ýetip, ata sakgaly eňegiňe çykansoň, urmaga-da ygtyýarym badyr. Nä, dagy, şo öňküň ýaly dikdüşdiligiňi edip, “ýok” diýjek bolýaňmy?”... ...Megerem, ol öz dünýäsine boýyn çümüp, entegem kän oturardy. -Ýaşuly, siz syrkaw Pylanyýewiň ýanynamy?-diýen ses, ony agyr ukudan açylan dek tisginip, ýatlamalardyr-oýlanmalaň girdabyndan çykmaga mejbur edäýdi. -Howwa, jigi. Men oň agasy!-diýip, ýerinden dikeldi. Lukman ýigit mylakatly ekeni. Ýylgyryp: -Agam, iniň bejeriji lukmany men,-diýdi-de, parahat äheňde yzyny dowam etdi:-Özüni duýşy hakda aýtsam ýaşuly, operasiýasy gowy geçdi, ýagdaýy durnukly. Siz häzir onuň ýanyna giriň-de, görüp çykyň. Özünem ýadatmaz ýaly, kän eglenmäň. Men şu wagt bir tabşyryk bilen aşaky gata barýan. Siz çykýançaňyz derrew gelerin. Onsoň gepleşäýeris. Lukman ýigit oňa inisiniň ýatan otagyny görkezdi-de, gitdi. Ol bolsa, näme üçindir işigiň öňünde dem salym sägindi-de, birdenem içinden, sowuk suwa bökülendäki deýin “öwhüldäp”, gapyny itdi. Bosagadan ätledi. Otaga girenden soň, kelam agzam geplemedi. Misli, hälden bäri: “eýle diýip duzlaryn, beýle diýip dalaryn, soňam şeýle diýip köteklärin” diýe-diýe, öz ýanyndan içini hümledipler, taýýarlap oturan janagyryly jümleleriniň ählisini bir demde hazan uran dek, jyňkyny çykarman, ýatyş sekisindäkiň başujuna geçip oturdy. Jigisiniň özüne ünsli bakýan bulançak gözlerine gözi düşen badyna-da pagyş-para eredi. Özüniň näme edýändigine-de düşünmän, ýatany garsa gujaklady… …Sesem ýok, seda-da… …Göýä, dünýe bir yrňyldap duran, uç-gyraksyz umman mysaly… Onuň orruk-ortarasynda-da gark bolup barýan iki ynsan… Birek-birege medetem tenha özleri, mähribanam, halasgärem… Özem şu pille, olaryň göwnüne bolmasa, olaryň sekide çalamydar halda ýatan-a – şol birmahalky, peşehanada pişigi gara möwlekdir öýdüp, ondan elheder alan, tokarja bezzatjyk. Näme edýändigini özem aňşyrman, sekide ýatanyň buýr-bulaşyk, çal saçyny sypap oturanam – hernäçe gorksa-da, iki-üç ýaşlyja jigisini hemme zatdan gorap, eger-de gerek bolsa ölmäge taýýar bolup, ýumrujaklaryny düwüp, aýgyt bilen garaňkylyga çykýan oglanjyk... Şol oglanjygyň kellesinde-de, onuň niredendir bir ýerden eşidenmi, okanmy ýa-da hut şu mahal öz-özünden emele gelenmi, jümleler, endigan gussa bilen şol pyşyrdalyp dur, şol pyşyrdalyp dur... …Aglaly, bile güleli, Näm bolsak bile bolaly… Ölmeli bolsaň, ýanyň bile öleli… Seniň bir döwüm çörek tapmadyk ýeriňde… Dogan… Seniň ynjan ýeriňde... Dogan... Seniň durmuşdan basylyp, ejizlän ýeriňde... Dogan... Seniň ýalňyşan ýeriňde... Dogan... Seniň azaşan ýeriňde... Dogan... Seniň ýok ýeriňde... Dogan... Seniň ýok ýeriňde... Seniň ýok ýeriňde, dogan... | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |