11:25 Dogduk depe / hekaýa | |
DOGDUK DEPE
Hekaýalar
1. Meni şonda atam garşylady. Eşeginiň ardyna mündürdi-de, dürli-dümen süýjüdir goş-golamym salyngy sumkany öňüne aldy. Ýolboýy ejemiňdir kakamyň, jigilerimiň saglygy barada sorady. Meniň okaýşym bilen gyzyklandy. —Seniň geljegiňe eneň-ä begenýär. Gözi ýolda –diýdi. Meniň eşege ilkinji münşümdi. Şonuň üçinem ýykylmakdan howatyrlanyp, gaňňadan mäkäm ýapyşýardym. Ýykylsam, bir ýerimiň agyrjagyndan däl-de, atamyň öňünde masgara bolmakdan gorkýardym. Biz gumak ýol bilen şol gidip barýarys... Ýoluň sag ýakasynda raýşy hyşaly, söwütli ýap akyp ýatyr. Ondan aňyrda ýorunjaly peller kölçe-kölçe bolup görünýär. Ýoluň çepi her dürli agaçlyk. Men olaryň atlaryny bilemokdym: —Obada tokaý hem bar ekeni. —Bu tokaý däl, jeňňel. Hol mämişi güllüler ýylgyn. Apbasy ýaly tegelek ýapraklylar bolsa toraňňy –diýip, atam agaçlaryň adyny bilmeýänimi aňan ýaly, hersiniň deňinden geçenimizde tanyşdyryp ugrady: —Ynha, bu zinjekli ösümlikler buýan. Bu bolsa jigde... Jeňňel soňlanyp, gowaçaly meýdan başlandy. Gowaçalaryň gutaran ýerinde oba jaýlary agaryp göründi. Atam: —Synla! Seniň köküň, ynha, şu ýerlerden bolmaly –diýdi. Bize enem garaşyp oturan eken. Bärden baranymyzdan atam buşlady: —Ynha, bir oglanjyk getirdim. Jeňňeliň deňinden geçenimizde, möjekler: «Şäherli bolsa bize beräý?» diýip, alyp galjagam boldular. «Şäherli däl, asly şu ýerli!» diýip bermedim. —Hiý, meniň agtygymy möjeklere dözüp bormy?! –diýip, enem eşekden düşerime mähetdel, gujaklady. —Ýadaman geldiňmi, balam?! —Hawa –diýip baş atdym. Enem ýüzi keşdeli köneje agaç sandygyndan çykaryp, öňüme dürli–dümen gantdyr kemputlary üýşürdi, mesgedir gaýmak goýdy: —Al, ýolda ajygansyňam. Çaý içip bolanymyzsoň, mellege aýlap, ekinleri görkezdiler. —Bu başy gaňyrçaklylar jöwen. Bular bolsa noýba. Hol aňyrdakylar gawun. Hä diýmäne bişerem. Iýip hezil edersiň. Soňra mal ýatagyna eltdiler: —Bu eşeg-ä sen eýýäm tanaýaň. Bu bolsa eneňiň gowy görýän goçy –diýip, atam şahlary burum-burum ak goçy görkezdi. —Gowy görmek näme işlesin. Hala goşmaga ak ýüň tapmak hyllalla bolansoň saklaýýan. Ýogsa bu haram ölmüşiň bir wagt ýoguna ýanjak-la! Arada süsüp, tas öldüripdi. Bir hepde ýorgan-düşekli ýatdym –diýip, enem zeýrendi. —Häzir bol, golaýyna barsaň, süser. —Ynha, bu bolsa Maral, tizlikde guzlamaly –diýip, atam bölek-büçek matadan guralan gurama ýaly, ala sygryň maňlaýyny sypady. —Malyň ýuwaşy, janawar. Çaga sagsa-da, göwni bir ýaly. Ýadyrgap, tasanjyramasy bolmaz. Özem süýtlek. Guzlasa, sargan bişirip bererin. Ine, bu öküzçe onuň gölesi. Iri boljaga meňzeýär –diýip, enem şahlary ep-esli bolan hüýt-gara göläni görkezdi. 2. Oba oglanlary bilen tanyşlygym şeýleräjik bolup geçdi. Olaryň garajürjenliginden ýaňa diňe gözüniň agydyr dişleri akjaryp görünýän çepiksi birisi beýlekileriň arasynda özüniň ekabyrlygyny etdi-de, maňa elini uzatdy. —Döwran. Beýleki oglanlar hem onuň göreldesine eýerdiler. —Haýyt. —Bazar. —Yslam. —Nobat. —Borjak. —Hydyr. —Penji. —Atamyrat. Menem öz gezegimde adymy aýtdym. —Batyr. —Batyr diýsene?! Onçasyny synap göräýeris –diýip, Döwran köpmanyly ýylgyryp, ýoldaşlaryna gözüni gypyp goýberdi. —O nähili synag? –diýip, men geňirgendim. —Häzir görersiň nähili synagdygyny. Döwran öňe düşüp, obanyň alkymyndaky ýabyň boýuna alyp bardy. Ýap giň hem gorkunçdy. Bulanyk suw müňzäp akýardy. Döwran ýandakdyr gamyş basan raýyş bilen ýöräp, ýabyň üstüne kese atylan pürsüň ýanyna eltdi: —Ynha, şu paýapyldan aňry ýüze geçip bilseň, batyrdygyňa ynanaly. Ol soňra çepegini çykardy-da, aňyrky raýşa oklady. Balagyny dyzyna çenli çyzgady. Oglanlar hem oňa eýerdiler. Men nätjegimi bilmän ýaýdandym. Gorky basmarlady. Paýapyldan ýykylsam, ýüzübem-ä bilemok. Ejemem «Obada ýaba suwa düşmäge gitmegin. Gark borsuň!» diýip, pugta tabşyryp goýberipdi. Men hernäme-de bolsa, synanyşyp görmegi ýüregime düwdüm. Oglanlaryň edişi ýaly, çepegimi çykaryp, aňyrky raýşa okladym. Balagymy çyzgadym. Döwran ilki bolup paýapyla mündi. Ol sirkdäki darbazçylaryň ýüpüň üstünden ýöreýşi ýaly, gollaryny iki ýanyna gerip, deňagramlylygyny saklap, aňry ýüze ýetdi. Oglanlar hem gezekli-gezegine geçdiler. Diňe men galdym. —Geç, gorkma! –diýip, Döwran gygyrdy. Pürse münmäge ýürek edip bilmeýänimi görüp, «ha-ha-haýlap» güldi. —Ejemogludygyňy boýun alýaňmy? Menden jogap bolmansoň: —Köwşüňi yzyna zyňaýynmy? –diýip, çepeklerimi oklamaga çemelendi. —Ýok. Häzir geçerin. —Geç-dä, geçjek bolsaň! Men paýapyl bilen haýaljadan süýşüp ugradym. Gorkudan ýaňa aýagym titräp, ýabyň ortasyna-da ýetmänkäm, kelemenläp aşak gaýtdym. Birazdan suwuň ýüzüne çykyp, gollarymy galgadyp, raýşa tarap ýüzmäge synanyşdym. Emma suwuň bady öz ugruna alyp gitdi. Ýap çuň ekeni. Aýagym ýere ýetmän, ýene-de aşaklygyna gitdim. Agyz-burnuma suw dolup, demikdim. Gözümiň öňi garaňkyrap, gulagym şaňlady. Kimdir biriniň golumdan tutup, çekenini bilýän... Gözümi açsam, raýyşda ýatyryn. Oglanlar eglişip, ýüzüme bakýarlar. Döwran eşiklerini sykyp dur. —Özüne geldi! –diýip, Haýyt begendi. —Gorkmadyňmy? –diýip, Döwran sorady. —Ýok. —Onda ýürek bar –diýip Haýyt dillendi. Ol soňra maňa ýüzlendi. —Tur, çykaryn-da, eşikleriňi syk. Men ýerimden galdym. Kelläm birazajyk güwläp dur diýmeseň, bolan zat ýokdy. —Saňa ýüzmegi öwrenmek gerek –diýip, Döwran sykan eşiklerini tuduň şahasyna serip durşuna aýtdy. Köýnegimidir balagymy çykararyma mähetdel: —Getir, sykyp bereli –diýşip, golumdan aldylar. 3. Obanyň günbataryndaky gadymy gala uzaklardan howalanyp görünýärdi. Onuň adyny soranymda enem: —Oňa Haýbar gala diýýärler –diýdi. —Haýbar diýmek näme diýmek? —Bilmedim-dä, köşek –diýip, enem jogap berdi. —Ýöne oňa gidäýmegin. Töwereginde öwlüýälik bar. Merhumlaryň ruhuny bimaza etmek gowy däl –diýip tabşyrdy. —Bolýar –diýip, söz bersem-de, häli-şindi gözüm düşüp duran galany golaýdan synlasym, üstüne çykyp göresim gelýärdi. Bu barada oglanlara aýtsam, olar: —Oňa öwlüýäniň aňyrsyndan aýlanybam baryp bolýar. Isleseň, ýör, häzir gidip göreli –diýişdiler. Derrew tigirlerine atlanyp, kirşenli ýol bilen sürüp ugradylar. Meni Haýyt öňüne aldy. Biraz wagtdan tokaýa öwrülip giden ýylgyn jeňňelligine ýetdik: —Ynha, şu ýer gadymy öwlüýä. Hol älemçeleri görýämiň? –diýip, Hydyr ýylgynlaryň has ullakan birine daňylgy her dürli matajyklary görkezdi. —Öwlüýä bolansoň gorkup, degip bilenoklar. Ýogsam oba adamlary bu ýylgynlary beýle ulalmaga goýman, bir wagt çapyp, odun ederdiler. Oglanlar tigirlerinden düşdüler. Döwran Yslama: —Hojam aga, hany, aýat okap ber? Öwlüýäniň deňinden şeýle geçmek gowy däl –diýdi. Yslam owazly ses bilen aýat okady. Gol göterip, ýene-de ýolumyzy dowam etdirdik. Ýylgynlykdan geçen ýerimizde gala meýdançasynyň daşky berkitmeleri başlanýardy. Wagt geçmegi bilen kerpiçleri döwlüp, köp ýeri ýykylan diwarlary deşip, ýandakdyr syrkynlar gögeripdir. Gadymy gala juda belentdi. Onuň üstünden obanyň bäş-alty kilometrliginden akyp geçýän derýanyň aňry ýüzündäki obalar hem görünýärdi. —Bu galany näme üçin gurupdyrlar? –diýip, men oglanlardan soradym. Gala barada diňe Yslam gowy bilýän ekeni. Ol: —Orta asyrlarda Owganystandan Päkistana gidýän kerwen ýoly şu ýerden geçipdir. Oňa Haýbar ýoly, bu gala bolsa, Haýbar galasy diýipdirler. Üsti gymmatbaha ýükli kerwenler şu galada düşläp ötüpdirler –diýdi. —Sen bu zatlary nireden bilýärsiň? Haýsy kitapdan okadyň? –diýip, men «Yslamyň gürrüňiniň aňyrsy boş bolaýmasyn?» diýip şübhelendim. —Kitapdan däl –diýip, ol ýylgyrdy. Onýança-da, Döwran: —Yslamyň atasyna Ýaýlym işan diýýärler. Ol köneçe okan, molla adam –diýdi. —Bu zatlary şol gürrüň berendir. —Hawa –diýip, Yslam baş atdy. Men oglanlaryň Yslama näme üçin «Hojam aga» diýip ýüzlenýändikleriniň, onuň aýat okap bilmeginiň sebäbine düşündim. —Obanyň töweregindäki hol şor depeler bar-a, ine, şolara mer diýilýär –diýip, Yslam gürrüňini dowam etdirdi. —Olar ýanaşyp, juda uzak aralyklara çenli uzalyp gidýärler. Şol merleri gadym zamanda belent ýerlerde gazyp, pes ýerlerde hem töwerekden gum daşap, göterip, ýörite oňarypdyrlar. —Eý-eý, bu zatlary bizem bilemzog-eý –diýip, Hydyr geň galyp, başyny ýaýkady. —Bilmeýän bolsaň, gürrüňini bölme-dä?! –diýip, Borjak «Dowam ediber!» diýen terzde, Yslamyň ýüzüne seretdi. —Hawwa, ol depeleri näme üçin oňarypdyrlar? –diýip, Bazar hem gürrüňiň yzyna garaşdy. —Ýükli kerwenler şol merleriň içi bilen ýöräpdirler –diýip, Yslam sözüni dowam etdirdi. —Sebäbi şeýtmek kerwen talamak bilen meşgullanýan garakçylardan, şol döwürde bar bolan şir, peleň, turan gaplaňy ýaly ýyrtyjylardan goranmak üçin amatly bolupdyr. Howply ýerlerde meriň içi bilen galadan gala çenli ýöräp, kerwensaraýda dynç alansoňlar, ýene-de ýoluny dowam etdiripdirler. Atam «Çyn-Maçyndan alnyp gaýdylan harytlar Owganystanyň üsti bilen bize, bizden Köýteniň deňinden geçip, Päkistana, ondan aňryk Hindistana çenli eltilipdir. Yzyna hem Hindistandan alnyp gaýdylan harytlar şu ýol bilen Çyn-Maçyna aşyrylypdyr» diýýär. —Çyn-Maçyn nire bolýar-aý? –diýip, Bazar gyzyklandy. —Şonam bileňokmy? –diýip, Döwran onuň kellesine pitikledi. —Köneler Hytaýa Çyn-Maçyn diýýärler. —Biziň obamyzda näçe öwlüýä bardygyny-da aýdyp bersene, Batyra?! –diýip, Nobat Yslamdan haýyş etdi. —Bäş sany uly öwlüýä bar. Olar: Bilal baba, Mälik Aždar baba, Hurma han, Danajy baba hem-de Molla Myrat baba –diýip, Yslam keramatly öwlüýäleriň atlaryny birin-birin sanaşdyrdy. Atam «Obamyzyň Beşir ady hem, ine, şol bäş kişiniň-bäş şiriň hormatyna dakylan bolmaly» diýýär. —Olar ýaşap öten adamlarmyka? –diýip, men Yslamyň köne taryhy gowy bilýändigine gözüm gidip soradym. —Hawa, atam «Mazarlary hem bar» diýýär. Olar ýaşap öten: Hezreti Bilal Möwlana Beşer Binaýy, Mälik Aždar Hoja Aýgyr, Hurma han Rabyga Bibi Beşiri, Danajy Muhammet Buhary hem-de Hoja Wezgir baba bolmaly. Men içimden «Gör, biziň obamyz nähili gadymy oba ekeni!» diýip, buýsandym. —Hawa, onsoň, bu galany näme üçin gurupdyrlar? –diýip, Yslamyň sözüni soňlaryna mähetdel gyzyklandym. —Üstünde ot ýakyp, tüsse edip, kerweniň gelendigini ýa-da ugrandygyny beýleki galalara habar bermek üçin. Edil şunuň ýaly gala etrap merkezinde-de bar –diýip, Yslam düşündirdi. Onýança Haýyt: —Honha, ot ýakylan ýeri garalybam dur –diýip, galanyň ortasyndaky çukury görkezdi. —Diňe kerwen gelende-gidende däl, gadymy döwürde başga zerurlyk ýüze çykanda hem tüsse edip habarlaşypdyrlar –diýip, Yslam sözüniň üstüne goşdy. —Onsoňam, bu ýerden daş-töwerekde näme bolup geçýändigini synlap bilendirler. —Munuň gumuny daşap, ekin meýdanlaryna dökün edip dökýärler –diýip, Borjak galanyň eteginden traktor bilen susulyp alnan ýerleri görkezdi. —Hasyl gowy bolýarmyşyn. 4. Oba oglanlarynyň ählisiniň tigri bardy. Uly adamlaryň münýän tigri bolandygy üçin «uzyn» lakamly Haýytdan özgesi boýlary ýetmänsoň, tigri adaty münülişi ýaly münmän, uçburçluk ramasynyň arasyndan aýaklaryny geçirip münýärdiler. Güzere suwa düşmäge-de, ota-da, ýa-da bolmasa, ýöne keýpine goňşy oba gezelenje gidenlerinde-de, hatar bolup, tigirli gidýärdiler. Men şonda Haýyt uzynyň öňüne münýärdim. Ol hassyldap, tigri çalt sürýärdi. Maňa-da yzymdan tutanaklap, tigir sürmegi derrew öwretdiler. Bir-iki gezek deňagramlylygymy saklap bilmän, bijaý ýykyldym diýäýmesem, dessine ökdeledim. Tigir sürmegi öwrenenime şeýle bir begendim welin, ömrümde hiç haçan beýle begenmedik bolsam gerek. Sebäbi her gezek kakam maňa tigir äbermekçi bolanda, ejem: «Gatnawly ýola çykyp, maşynyň aşagyna düşse nätjek?!» diýip garşy çykypdy. Şonuň üçin men tigir sürüp bilemokdym. Döwran maňa: —Sen hem özüňe tigir edin –diýeli bäri bolsa, nädip tigir edinip biljekdigim barada oýlanýardym. «Şähere-öýümize til edip, «Pul goýberiň, tigir alynjak» diýsem näderkä? Göwnemeseler gerek. «Ynha, basym tomusky dynç alyş soňlanyp, şähere gaýtmaly bolarsyň. Tigir edinip nätjek?» –diýerler. Belki, atama aýtsam, äberer? Aý, ýok, oňa-da aýtmaýyn. Enem ikisi pensiýa pullaryna ýaşaýarlar. Elbetde, ýanyndan mal saklap, melleklerini hem ekýärler. Şäherdäki ýaly, gögüňi bazardan satyn alyp ýörmeli däl. Gapylarynda bitýär». Meniň tigir edinmek meselesinde ýaýdanýandygymy görüp, oglanlaryň özleri bir amatly çykalga gözläp ugradylar. —Şammy agada aýal tigri bar. Oňa bir ýerden-ä düşüpdir. Belki, şony alar. Arzanjak satýarmyşyn –diýip, Hydyr dillendi. Oglanlar ýerli-ýerden «Näme diýerkä?» diýşip, Döwranyň ýüzüne seredişdiler. —Aýal tigrini münmegini men-ä oňlamok –diýip, Döwran çürt-kesik duýdurdy. —Nädeliň diýseňizläň? –diýip, Haýyt uzyn gözlerini gyrpyldatdy. —Mende köne rama bar. Şammy aganyň tigrini alyp, ramasyny mendekä çalşalyň. —Seniň kelläň oňat işleýär. Şeýtsek bolar –diýip, Döwran bu pikiri makul bildi. Men atama bu barada aýtsam, ol: —Entek biraz garaş, çemine salyp, eneňe aýdagada, pul äbererin. Puluň ygtyýary şonuň elinde. Göreňokmy, sandygyň açaryny saçbagyna dakyp ýörşüni –diýip, ýeserlik bilen ýylgyrdy. Birdenem, tigir meselesi aňsatjak çözüldi duruberdi. Atam öýde ýok wagty, goňşymyz Annabeg daýza eneme: —Dükana un gelipdir. Un paýyňyzy alyp gaýdyň! –diýip habar berdi. —Bu çalyň özi-de ýok. Indi näderkäk? –diýip, enem elewredi. —Hany, ýör, dükana baryp, nobata bir duraly. Şol ýerde ulagly birinden «Öýe eltip ber?!» diýip haýyş ederis-dä. Dükanyň öňi uly hümerlenişikdi. Biziň köçämiziň oglanlarynyň ählisi diýen ýaly şol ýerdedi. Kim araba, kim gozakly motora, kim eşege ýükläp, halta-halta un paýyny alýardylar. Nobatymyz golaýladygyça, enem, kimden haýyş etjegini bilmän alada galýardy. Her kimiň öz ulagy özüne zerurdy. Enemiň ulag gaýgysyny edýändigini görüp, Haýyt uzyn: —Jumägül daýza, unuňyzy tigirde eltip bereris –diýdi. —Häzir özümiziňkini öýe aşyran dessimize, gelip, Batyr bilen siziňkini alyp gideris. —Size eýgerdermikä, janym? Bu ýelsepidiň niresine ýükläp äkitjek? –diýip, enem geňirgendi. Haýyt uzyn gezegi ýetip, alan bir halta ununy maňa kömekleşdirip dikeldip goýdy-da, tigri ýokaryk göterip, ramasyny halta geýdirdi. Soňra bir çete gyşardyp, deňledik welin, halta tigriň ortasyna jaýlaşdy duruberdi. Haýyt uzyn ruldan, men ätiýaçdan tigriň yzyndan tutup, uny olaryň öýüne eltip, yzymyza dolandyk. Gelsek, enemiň hem nobaty ýeten ekeni. Biziňem unumyzy şeýdip öýe aşyrdyk. —Bu ulagda un hem daşap boljak ekeni –diýip, enem Haýyt uzyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Haýyt uzyn: —Jumägül eje, Batyra-da tigir äberäýiň –diýdi. —Gymmat bolmasa –diýip, enem ikirjiňlendi. —Ýok, gymmat däl. Şammy aga arzanjak satýar –diýip, Haýyt uzyn enemi yryp ugrady. —Özem, abat, münülmedik täzeje tigir. Onsoň, Batyr bilen ota-da bile gideris. Dükandan gyssagly bir zat getirtjek bolsaňyzam, dessine baryp geler. Ynha, şunuň ýaly, un berlende-de, tigre ýükläp getirip berer. Haýyt uzyn enem tä: «Bolýar» diýýänçä, meniň tigir edinmegimiň bähbitli taraplaryny sanap gidip otyr. Men onuň ýeri gelende şeýle dilewardygyna haýranlar galdym. Enem ahyrsoňy yryldy: —Alsaň, alaý. Tigriň bärde dursa, her tomus gelersiň –diýip, pul berdi. Biz oglanlar bolup Şammy aganyňka eňdik. Ol: —Bu tigriň aýal tigridigini bilmän, ýalňyşyp alypdyryn. Oglum «Münjek däl» diýdi. Utanýarmyşyn. Oňa başgasyny äberdim. Indem, ynha, birnäçe ýyl bäri dur –diýip, arzanjak satdy. Haýyt uzynyň diýşi ýaly edip, onuň derrew ortaky ramasyny çalyşdyk. Oglanlar maňa: —Ramasy köne diýmeseň, täp-täzeje tigir, gutly bolsun! –diýdiler. 5. Atamlaryň melleginiň gyrasyna hatar edilip şetdaly ekilgidi. Goňşular bilen aralykdaky tagta haýatyň gapdalyndan geçýän oksalmanyň boýundaky ol şetdalylar eýýäm bişip başlapdy. Atam aýtmyşlaýyn, olar şetdalynyň ir bişýän görnüşidi. Özem, şeýle bir getiripdiler welin, ýapragyndan hasyly köpdi. Düzüm-düzümdi. Şetdalyly şahalar agrama tap getirip bilmän birden döwülmezligi üçin, aşagyna haçjadan söýget edilgidi. Men her gün irden turup, şetdaly iýmegi gowy görýärdim. Iň bişenlerini saýlap, şahadan özüň ýolup, daşynyň tüýjümek gabygyny sypyryp iýmegiň hezili bardy. Şetdaly iýip ýörkäm, guýularyndan suw çekip ýa-da melleklerindäki pomidorly, hyýarly pelleriň arasynyň otuny ýygyp ýören goňşy gyza gözüm düşýärdi. Onuň ady Jahandy. Ýöne gysgaldyp, Jakgy diýip tutýardylar. Şadyýandygyny ýylgyryp duran ýüzünden duýmak bolýardy. Meniň onuň bilen tanşasym, gürleşesim gelýärdi. Göwnüme bolmasa, ol hem meniň bilen tanyşlyk açmaga bahana gözleýän ýalydy. Men şetdaly ýygyp ugranymdan, guýularyndan suw çekmäge Jakgy geldi: —Biziň şetdalymyz-a giç bişýär. Güýzde –diýip, ol maňa habar gatdy. Men oňa haýatyň arasyndan üç-dört sany gowy bişen şetdaly uzatdym. —Al, dadyp gör! —Sag bol! –diýip, ol hoşallyk bildirip ýylgyrdy. Şetdalynyň gabygyny aýryp durşuna: —Sen şäherde okaýaňmy? –diýip gyzyklandy. —Hawa –diýip, men baş atdym. —Men ol ýerde suratkeşligi okamakçy. —Sen suraty gowy çekýärmiň? —Surat mugallymymyz «Erbet däl» diýýär. —Görkezsene? —Aý, soň görkezerin... —Häzir görkezäý-dä. —Häzir işim kän. Ejem: «Gapyny syryp, suwla!» diýip gitdi. Jahan bedresini suwdan dolduryp, öýüne ýöneldi. 6. Men atamyň ussaçylyk edýän jaýjagazynyň gapysyna ildirilgi kildi ýazdyryp, içerik ätledim. Burnuma ýanan kömrüň ysy haplap urdy. Diwardan asylgy ululy-kiçili ussaçylyk gurallarynyň gadymydygyny, olaryň ýülmenip giden keşbinden aňaýmalydy. Atam gulagymdan towlap tutdy: —Häý, garagol diýsänim! Kim saňa ussahana gir diýdi? Demriň piri ursa nätjek?! Atamyň gelenini aňşyrman galanyma ökündim. Bu gün onuň goňşy obadaky sakgaldaşynyňka «Könäni ýatlaşjak» diýip gidişidi. «Giçlige çenli eglensem gerek!» diýipdi. Enem bolsa gözüniň awusyny almak üçin gyşarypdy. Atamyň gulagymy oýundan buranyna: —Şeýtanjyk, bu ýerde näme işlemekçidiň? –diýip, ýylgyranda düşünip galdym. Atam urşa gitmänkä, atly zergär bolandygyny gürrüň berdi. Uruşdan kontuziýaly bolup dolanaly bäri bolsa, zergärçilik etmeýändigini aýtdy. —Hany, ýör, men saňa elimiň tüýs diýen edýän wagty ýasan «Görogly» gülýakamy görkezeýin. Şony görseň, ataňyň niçik zergär bolandygyna göz ýetirsiň –diýdi. Atam meni obanyň gaýrasyndaky bir howla alyp bardy. Bizi uzyn boýly garry aýal garşylady. Saglyk-amanlyk soraşansoňlar, atam: —«Göroglyny» görkezeýin diýip şäherden gezmäge gelen agtygymy getirdim» –diýdi. —Wah-eý, men ony arada sataýdym. Atam başyny gynançly ýaýkady: —Oňarmansyň. —Özüm-ä gülýaka dakynardan ýaşym ötüşen. Onsoň, çaýpuly boljak eken-dä diýip satyp goýberdim. Atam lapykeç boldy. Ol ýolboýy sesini çykarman dymyp geldi. Öýe ýetiberenimizde: —Jahyl wagtym ýaňky aýal bilen halaşdyk. Urşa gitsem, yzymda, ene-atasy galyň alyp, başga birine çykarypdyr –diýdi. Enemiň ajydan demläp beren çaýyny öňümize aldyk. Atam çaý başynda zergärçilik edişini ýatlady: —Säher-säher, il örmänkä işlärdim. Aň duruka, el ezber bolguç. Giçlik ol bolýar, bu bolýar; ony eşidýäň, -muny eşidýäň; kelläň garjaşýar. Kelläň garjaşsa-da, eliň anyk hereket etmeýär. Sähelçe eliň titrese bolanok. Uruşdan kontuziýaly gelemsoň-a zergärçiligi bialaç goýmaly boldum. Atamyň zergärçiligi goýbolsun edenine gynanýany duýulýardy. Uruşdan geleli bäri ençeme ýyllar geçse-de, onuň bu ahmyry könelişmändir: —Biziň aňrymyz atly zergärler bolupdyr. Ata-baba owaldan gelýän senet ýitmesin diýip, oglanlygyndan kakaňa öwretjek boldum. Emma ol muňa göwün bermedi –diýip, atam gynanç bilen ýatlady. —Näme diýsene, zergärçilik – bu inçe senet. Asylly senet. Gel, bu senedi men saňa öwredeýin. Şeýdip bilsem, ata-babalarymyzyň ruhunyň öňünde bergidar bolmaryn. Nädýäň, göwneýärmiň? –diýip, meniň ýüzüme umytly bakdy. Birgeňsi nepis ýasalan şaý-sepler meni hemişe-de özüne imrindirýärdi. Ejem bilen «jygyllyk» bazaryna jigim üçin şelpeli gupba almaga gidenimizde, bazaryň uzyn bir hataryny dolduryp oturan şaý-sep satýanlaryň öňündäki dürli şaý-sepleri görüp haýran galypdym. Her hili şekilde ýasalan gülýakalar, gupbalar, bilezikler, ysyrgalar, ýüzükler, ululy-kiçili golalar gözüme şeýle bir yssy görnüpdi, hiý goýaý. Şonda ejemiň «Saňa näme geregi bar?» diýip, hernäçe garşy bolandygyna seretmezden, bir kiçijik golajygy satyn hem aldyrypdym. Onuň sesi diýseň ýakymlydy. Getirip, öýde krowadymyň başujunda asyp goýupdym. Ýaltalyk basmarlap, turmaga irnigen halatlarym elimi ýetirip, ony jyňňyrdadyp goýberýärdim. Şonda onuň ýakymly sesine çuslanyp, şadyýanlyk bilen ýerimden galýardym. Käte-de, ol golajygyň ussatlyk bilen ýasalyşyna akyl ýetirmekçi bolup, ortabiline aýlangy keşdelije gaňrawyny, düýbündäki gyradeňje dilkawyny uzak wagtlap synlaýardym. Oba gaýtmaly bolanymda-da, ony ýanym bilen alyp gaýtmakçy bolupdym. Emma ýitirerin öýdüp gorkup, goýbolsun edipdim. Şonda men atamyň atly zergär bolandygyny, bu senede söýginiň aňrymyzda bardygyny entek bilmeýärdim. Şonuň üçinem atamyň teklibine begendim. Meniň höwesimi gözlerimden okan atam: —Erte ertirden başlarys. Erte anna güni–sähetli gün başlasak, gowy bolar –diýdi. 7. Maral guzlady. Enem muňa juda begendi: —Berekella, Maralym! –diýip, naşyja gölesini yhlas bilen ýalaýan sygryň arkasyny mähirli sypady: —Bu gezegem öküzçe boldy. Geljek ýyl gelýänçäň, ullakan bolar –diýip, enem gölejigiň gözlerini, tumşugyny süpürdi. —Bar, Pirguly agalara ylgap git-de, aýaly Parçagüle «Ýeňňe, sygrymyz guzlady. Enem sargan bişirmekçi bolýar. Owuz süýdüne atmaga guzynyň göbegini bersin» diýdi» diý. Olar çopan adam. Guzy göbegini saklaýarlar. Maral geçen gezek guzlanda-da, şolardan alyp sargana atypdym. Men olara bir salymja tigirli baryp, enemiň haýyşyny aýtdym. Parça gelneje: —Tüýs bolaýypdyr. Höwri köp bolsun! –diýip, çöpe geýdirilgije kakap giden guzy göbegini berip goýberdi. Gelsem, enem eýýäm Maraly sagypdyr. Ol sygryň ilkinji owuz süýdüni gazana guýdy-da, aşagynyň oduny ýuwaşja ýakyp, süýt bişensoň, guzy göbegini onuň içine atyp, bir-iki öwrüm bulady. Süýt lagtalanyp, sarymtyl öwsüp duran, ýakymly ysly, örän süýji zada öwrüldi. —Ynha, şuňa sargan diýýärler. Bar muny ýaňky Parça gelnejeňe dadyr. Gaýdyşyn bolsa dostlaryňy sargan iýmäge çagyr –diýip, enem bir bölek sargany jama salyp berdi. Men kitirdäp agzyňda eräp barýan bu täsin iýmitden dostlarymy hem hezzetlejegimize begenip, tigrimi aýagaldygyna sürüp gitdim. Oglanlary jemläp gelsem, Jahan hem biziňkide. Ony enemiň özi çagyrypdyr. Çaý demläp, käseleri ýuwşup, kömekleşip ýör. Biz–oglanlar teläriň aşagyndaky tagta sekide, enem bilen Jahan bolsa guýynyň gapdalyndaky ojakbaşynyň üstünde oturyp, sarganly çaý içdik. Çaý içişlikden soň oglanlar: —Hojam aga, hany töwür edip ber?! –diýşip, Yslamyň ýüzüne seredişdiler. Ol goluny göterip, ýakymly owaz bilen arap dilinde doga okady-da, yzyndan türkmençeläp, sygryň piri Zeňňi babadan täze gölesi bolan Marala saglyk, biziň mal-başymyza abatlyk diläp, goluny göterdi. Aýasyny ýüzüne sylyp: —Höwri köp bolsun! –diýdi. Biz hem ýerli-ýerden onuň göreldesine eýerdik. Enemiň diýseň tagamly hezzetinden soň, oglanlar bolup, güzere suwa düşmäge gitdik. Her gezek suwa düşmäge baranymyzda, Haýyt uzyn maňa ýüzmegi öwredýärdi. Men «Ýüzmegi öwrenmek aňsatdyr» öýderdim. Ýöne ýalňyşýan ekenim. Oglanlar gowy ýüzüp bilýändikleri üçin, güzeri göçüräýjek bolşup, «gaçdy-kowdy» oýnaýardylar. Käte bolsa kim uzaga çümüp gitmekde ýa-da suwuň aşagynda köp oturmakda ýaryşýardylar. Şonda Döwrana taý gelip bilýäni ýokdy. Ol öýkenine sorup bilen howasyny sorup, burnuny tutup, suwa çümensoň, ýerli-ýerden «bir, iki, üç...» diýşip, sanap başlaýardylar. Sanlary belli bir çäge ýetensoňam, onuň suwdan çykmazlygyna: «Eý, ol demigip ölüp galan bolaýmasyn?» diýşip, howpurgap başlaýardylar. Ahyrsoňy Döwran öwhüldäp suwdan çykýardy. —Näçä çenli oturdym? –diýip soraýardy. —Togsan sekize çenli. Onuň çägi ýüze ýetmekdi. Şonuň üçinem ol ýamaşgandan çümýärdi. «Ýüz boldy!» ýa-da «Ýüzden geçdiň!» diýip, gygyryşýançalar, synaşygyny dowam etdirýärdi. Men welin ellä çenli hem çümüp oturyp bilemokdym. Demim ýetirmän, derrew suwdan çykýardym. Meniň hem basym ýüzmegi öwrenip, oglanlaryň oýunlaryna goşulasym gelýärdi. 8. Mellegiň aýagujundaky ýorunjaly pelden mallara bermek üçin orup ýörkäm, haýatyň aňyrsyndan başlanýan ýandaklykda gezip ýören Jahana gözüm düşdi. Ol töweregine ünsli seredýärdi. —Jahan, näme gözleýäň? —Gaçyp guzlaýan towugymyzyň ketegini. Gel, gözleşsene. Men ýylan bardyr öýdüp gorkýan. —Bolýar, garaş –diýip, men haýatyň dereçesinden aýlanyp geljegimi aýtdym. Ownujak gyzylja güllerine arylar gonup, wazzyldaşýan ýandaklar ösgündi. Dyzdanam geçýärdi. Olaryň içinde jyzlanlar hem ses goşup jyzlaşýardylar. —Towuklarymyzyň birisi haýatyň yş ýerinden çykyp, her gün şu ýandaklyga siňýär. Özem guzlaýan towuk –diýip, Jahan zeýrendi. —Ýaňyja-da bärik gaýtdy. Şu gün men onuň ketegini tapman goýjak däl. Ýandaklygyň arasy belentli-pesli bir wagt sürlüp, soňra tekizlenmedik ýerdi. Ýöremek kyndy. Birden ýandaklaryň üstüne ýykylmazlyk üçin ätiýaçly ätlemelidi. Şonuň üçinem howply ýere ýetdigimiz, men Jahanyň golundan tutup, oňa göz-gulak bolýardym. Teý-ahyry, has gür ot-çöplügiň içinde busup ýatan çyparja towugyň üstünden bardyk. Bizi görüp, ol, wak-waklap yzyna gaçdy. Onuň busup ýatan ýerinde azyndan on-on bäş ýumurtga-ha bardy. —Ahyr tapdyk, nädip alyp gideris? –diýip, Jahan ýüzüme seretdi. —Getir, etegiňe salaly. —Goýsana, utanýan. —Onda nädeli? —Sen şu ýerde dur. Men gidip, öýden jam getireýin. Meniň kelläme başga pikir geldi: —Dur, gitmesene –diýip, ony sakladym. —Gel, meniň köýnegime salaly. Köýnegimi çykardymp-da, iliklerini ildirip, bir tarapyny ýeňi bilen pugta daňdym. Özboluşly halta emele geldi duruberdi. Şu pikiriň başda kelläme gelmeýşini diýsene! Ýumurtgalary usully ýerleşdirip, aýaklarymyza ýandak çümdürmezlik üçin ätiýaçly ýöräp, yzymyza gaýtdyk. Öýleriniň deňine eltip, içi ýumurtgaly köýnegimi Jahanyň goluna berdim. —Garaş, häzir boşadyp, getirip bereýin –diýip, ol öňünden çykan ejesine begençli buşlady. —Eje, Batyr ikimiz hol ýandaklygyň içinden gaçyp guzlaýan towugymyzyň ketegini tapaýdyk. Ynha, bir topar ýumurtga getirdim. —Bolaýypdyr –diýip, Jahanyň ejesi maňa tarap hoşal bolup seretdi. Jahan öýlerine girip, näme üçindir köp eglendi. Onýança-da, günortanlyk taýynlap ýören enem öýden çykdy. Haýatyň ýanynda meniň köýneksiz garaşyp duranymy görüp, geňirgendi: —Batyr jan, köşek, saňa näme boldy? —Hiç zat. —Onda, hany köýnegiň? —Jahana berdim. —O näme üçin köýnegiňi Jahana berdiň? Onýança, pazyllaryň arasynyň otuny aýryp ýören Jahanyň ejesi jakgyldap güldi: —Onuň köýnegine ýumurtga salyp gelipdirler. —Ind-ä hijem düşünmedim –diýip, enem gözlerini tegeledi. —Bu ýerde düşünmez ýaly näme bar? –diýip, Jahanyň ejesi has-da beter güldi. Asla, ol şadyýan daýzady. Şonuň üçinem onuň adyny, yzyna «gülek» lakamyny tirkäp, «Annabeg gülek» diýip tutýardylar. —Waý-eý, bu gün maňa näme bolduka? Ýene-de diýlene düşünmedim-dä –diýip, enem maňlaýyny tutdy. Öz düşen ýagdaýyma utandym: —Ene, biz Jahan bilen gözläp, olaryň gaçyp guzlaýan towugynyň ketegini tapdyk. Hol ýandaklygyň içinden. Ine, şonuň ýumurtgalaryny meniň köýnegime salyp gaýtdyk. Häzir Jahan ýumurtgadan boşadansoň getirip berer, diýip, eneme çintgäp-çintgäp düşündirdim. Şondan soňra ol: —Hä, indi düşündim, diýip, hezil edinip güldi. Onýança Jahan köýnegimi yzyna getirdi. —Munça hyzmaty üçin sen ony tapan ýumurtgaňyzdan ýumurtga guýmak bişirip, çaýa çagyrmaly ekeniň-dä –diýip, ejesi Jahana ýüzlendi. —Hawa, günortan bize çaý içmäge gel –diýip, ejesiniňdir enemiň bize seredişip durandyklaryndan utanyp, gyzaran Jahan meni öýlerine çagyrdy. 9. Atam meniň zergärçilige höweslidigimi bilensoň, bu senet barada gulagyma köpräjik guýanyny kem görenokdy. Ol kümüş ussaçylygy barada şeýle gürrüň berdi: —Hünär çyn bolanda, nesil yzarlaýar diýýärler. Eger ýitip galsa, onuň aňyrdan däldigidir. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzdan galan kümüş ussaçylygy saňa parz. Altyn-kümüş şaý-sepe geljek zat ýok. Onuň gymmaty bir başga. Ynha, kümüş şaý-sep dakynan gelin-gyz biş-düşüň ýanyna baranda-da, çaga esewançylyk edende-de, ýokaşjak derdi kümşüň güýji ýoga çykarýar. Agaçdan ýasalan toý tabaklaryny bir-iki ýerinden kümüş gupba bilen gelşikli edip çenklärdiler. Bu göze geliwlilik üçinem edilýärdi welin, esasan, iýmit salynýan tabak dert ýaýratjak närselerden tämizlenip dursun diýip şeýdilerdi. Sen öýde golam bar diýýäň. Göräýmäge, kiçijik goladyr. Ýöne şonuň haýyrly taraplaryny sanap bersem, giden bir dessandyr. Ýan aýrydyna gola dakylgy dony gelin geýse, onuň ýakymly sesi zenan maşgala gelişmeýän hereket edibermeden saklaýar. Jyňňyrdap, näziklige, asyllylyga çagyrýar. «Utanaňokmy, ejap et!» diýýär. Eger, şeýle dony boýgyz geýse, «Serediň, halaýyk, negözel gyz ýetişdi. Mynasybyňyz bar bolsa, sawçy ýollaberiň» diýip töwerege buşlaýar. Etegi golaly don geýnen gelin-gyz ýoldan geçip barýan bolsa, golanyň sesi agzyny sala goýberip, biri-biri bilen lakgyldaşyp duran kelpeňlere hem: «Sem bolsaňyzlaň, zenan maşgala geçip barýar» diýip duýdurýar. Eger gola çaganyň donuna ýa-da tahýasyna dakylan bolsa, ony hoş owazy bilen mylaýymlyga ündese, ene-atasyna dogmasynyň nirededigini habar berip durýar. Işe mübtela bolup oturan ýerinden daşda oýnap ýören çagasynyň guýynyň ýa-da ojagyň, daňylgy duran süsek malyň ýanyna baranyny, gatnawly köçä çykanyny, janyna howp abanýanyny golanyň sesini yzarlap, dessine kesgitläp bilýärler. Ylgap ýetişip, çagasyny halas edýärler. Ine, golanyň bähbitli taraplaryny şeýdip, ýene-de sanasaň sanap gidip oturmaly. Men atamyň şaý-sepler barada ýüreginden syzdyryp aýdyp berýän gürrüňlerini diňe bir diňläp oňman, ýörite depder tutunyp, şoňa hem ýazyp başladym. Muny oňa duýdurman, ýeke wagtym edýärdim. Duýsa, ýazylyp alynýan zat saýhally bolsun diýip, köp aýtjak zadyny magadyna ýetirip, siňňitli aýdyp bilmez öýdüp gorkýardym. 10. Biz bu gün goçumyzy gyrkmaly bolduk. Sebäbi enem haly başlamagy ýüregine düwdi. —Şu meniň iň soňky halym bolsa gerek –diýip, ol ertir çaý başynda otyrkak, goçy gyrkyp bermegini atamdan haýyş edende aýtdy. Beýle diýmeginiň sebäbini hem düşündirdi. —Indi gözüm kütelişipdir. Haly başlamak niýetimde-de ýokdy welin, Annabeg goňşymyz: «Jahana haly dokamagy öwredäýiň» diýip, özelenip dur. «Bolýar» diýdim. Atam goçy usully ýykdy-da, aýaklaryny güýldi. Maňa bolsa: —Gyrkýan wagtym urnup, päsgel bermez ýaly, kellesini tutup dur –diýdi. Men goçuň burum-burum şahyndan mäkäm basyp durdum. Ol birbada garşylyk görkezjek ýaly etse-de, soňra arkaýynlaşdy. Tä gyrkyp bolýançak, ümsüm ýatdy. Enem onuň çuw-ak ýüňüni darap-darap, pişge etdi. Onsoň, eli sypyndygy egrip başlady. Ertir, agşam, wagt tapdygy eli iklidi. Men bolsa enemiň halysyny basymrajyk başlamagyna howlugýardym. Sebäbi enem haly başlansoň, haly öwrenmek üçin Jahan biziňkä ýygy-ýygydan gelmeli boljakdy. Ine, ahyrsoňy enem ýüňüni egrip boldy. Sähetli gün diýip, anna güni ir bilen haly dokaýan jaýyny syryp-süpürdi. Ýaramaz gözden-dilden (enemiň ynanjyna görä, ýene beýleki göze görünmeýän närselerden) saplasyn diýip, ýüzärlik tütetdi. Soňra sandygyny açyp, her dürli reňkli ýumaklary çykardy. Men enemiň sandygynda diňe içi hatly-suratly hem-de birazajyk pully düwünçek, süýjüli torbajyk, serpaýlyk matalardyr ýene odur-budur bardyr öýdýärdim. Görsem, onuň içi haly dokamak üçin taýynlap goýan ýumaklaryndanam doly ekeni. Enem maňa: —Halynyň erşini gatnatmaga kömekleşmegi üçin dostlaryňdan birini çagyr –diýdi. —Haýydy çagyrsam bolarmy? –diýsem. —Juda bolar –diýdi. Jahandyr ejesinden başga, halydan başy çykýan iki sany aýal hem geldi. Haýyt ikimiz haly dokamak üçin atamyň bir wagtlar ýörite ýasap beren, üstünde enemiň ençe haly kesen agaç guralynyň ol ýüzünden bu ýüzüne erişlik ýüpi gatnadyp başladyk. Bu iş aňsat däldi. Ýumagy ol ýüzden bu ýüze alyp baranymyzda, agajyň daşyndan aýlap, pugta çekip, elimize berýärdiler. Biz hem bu başyndan ol başyna eltip berýärdik. Ol ýerde hem ýumagy agajyň daşyndan aýlap, yzyna iberýärdiler. Erişlik işini birýaňalyk edip, gyralygyny hem dokansoňlar, enem: —Bismilla! –diýip, ilkinji çitimi çitdi. Ýüpüň nähili geçirilýändigini, daragyň nähili kakylýandygyny, çitimiň nädip gyrkylýandygyny Jahana öwredip başlady. Asla, Jahan ol zatlary öňdenem biraz bilýän ekeni. Ejesiniň niýeti oňa haly dokamagyň inçe syrlaryny birkemsiz öwretmekdi. Bu haly beşir halysy bolmalydy. Enemden: —Meniň kanikulym soňlanýança kesersiň gerek? –diýsem, ol güldi. —Ýok-la, haly dokamak uzak hem inçe iş. Geljek ýyl kanikula gelýänçäň kessek-de, zor boldugymyz. Bu halyny kesýänçäk, Jahan jan hem, nesip bolsa, haly dokamagy gowy öwrener –diýdi. Erşi ýüwürdişip bolup, çaý içmek üçin daş çykanymyzda, Haýyt maňa: —Seniňki-hä hezil boldy. Indi sulhuň alan Jahan bilen her günem gürleşip bilersiň –diýdi. Beşir halysy biziňkide-de, Haýytlaryňkyda-da, obanyň köp öýlerinde bardy. Ol teke halysy ýaly gölleri birsydyrgyn inedördül ýerleşdirilip, bir burçunda bolsa beýleki göllerine görä ullakan göl edilen owadan halylardy. Näme üçin beşir halysynyň şeýle dokalýandygyny, onuň uly gölüniň nämäni aňladýandygyny soranymda, enem: —Oňa şemsi göl diýilýär –diýdi. —«Şemsi diýmek» näme? —«Şemsi diýmek» —Gün diýmek. Beşir halylary has gadymy halylar bolup, entek musulman dini ýaýramanka, adamlaryň Güni hudaý hasaplan döwürleri dokalyp başlanypdyr. Halynyň bir burçundaky, beýleki göllerden saýlanyp duran ullakan göl-ähli zady ýaradyjy Güni aňladýar –diýdi. Beşir halysynyň «Horazly beşir», «Ýylanly beşir», «Erikgül» ýaly suratly görnüşleriniň hem bardygyny gürrüň berdi. Enemiň beşir halysy baradaky gürrüňini diňläp, onuň öz senedinden gowy baş çykarýandygyna gözüm ýetdi. 11. Bu gün enem bilen Jahanyň ejesi etrap merkezine gitdiler. Ol ýerde ýaşaýan bir tanyşlarynyň ogul agtygy bolup, şony gutlap gaýtmakçydylar. Atam bolsa oduk-buduk alynmak üçin daň bilen dükana ugrady. Men öýde ýeke galanyma az begenmedim. Jahan bilen duşuşyp, arkaýyn gürleşmäge şundan gowy pursat bolar öýdemokdym. Başa barsa, şu gün oňa halaýandygymy hem aýtmakçydym. Şonuň üçinem daşda göründigi habar gatmaga häzirlenip, şetdaly iýen bolup, Jahany garawullap başladym. Uzak garaşmaly bolmadym. Ol jüýjelerine iým bermek üçin howla çykdy. Maňa gözi düşüp, haýatyň ýanyna geldi. —Näme işleýärsiň? —Aý, ýöne, hiç zat... –diýip, oňa şetdaly hödür etdim. —Eliň boş bolsa, ýör, köne gala gideli. —Sen ol ýerde öň bolup görmänmidiň? —Ýekeje gezek bolup gördüm. Onda-da synpymyz bilen gidenimizde. Ýöne mugallym ýokarsyna çykmaga rugsat etmedi. Meniň bolsa onuň depesine çykyp, şol ýerden obamyzy synlasym gelýär. Men tigir münmegi golaýda öwrenendigim üçin, entek ýanyma adam alyp sürüp görmändim. «Başaryp bilermikäm?» diýip howsala düşýärdim. Şeýle-de bolsa, Jahanyň haýyşyny bitirmek islegim güýçlüdi. —Bolýar, ýör –diýip, ony tigrimiň yzyna alyp, ýola düşdüm. Haýyt uzyn hem bu gün näme üçindir gara berenokdy. Beýleki oglanlaram görnenokdylar. Olaryň gözlerine ilmän obadan saýlananymyzy kem göremokdym. Görseler, gürrüň köpelmegi mümkindi. Uly ýoldan geçip, öwlüýälige eltýän ýodajyga düşdüm. Ýykylmazlyk üçin ätiýaçly haýdap, ýylgynlyga ýetdim-de, tigri sakladym. —Wiý, näme üçin durduň? –diýip, Jahan geňirgendi. —Bu ýer öwlüýälik ahyryn. Deňinde durup, doga okap geçmek parz. Ýöne men nähili doga okalýandygyny bilemok. Şonuň üçinem hiç bolmanda, pyýadalap geçeli –diýdim. Içimden bolsa, Yslamdan sorap, şunuň ýaly ýerde okalýan dogalary öwrenip goýmagy ýüregime düwdüm. Öwlüýälikden geçenimizsoň, tigre mündük. Inçejik ýodajyk gyrymsy ýylgyndyr ýandaklyklaryň arasyndan öwrüm edip, ýokaryk dyrmaşyp barýardy. Galanyň belent ýerine ýetip, ondan aňryk tigirli gitmek juda kyn bolandygy üçin ýene-de pyýadaladyk. Ynha-da, gala münülýän ýer. Juda ätiýaçly bolmasaň, aýagyň taýyp, aşaklygyna togarlanyp gitmegiň mümkindi. Tigri goýup, oglanlar bilen gelenimizde dyrmaşan ýapgydymyzdan galanyň üstüne çykdyk. Arzuwyna ýeten Jahan: —Hanha, biziň öýümiz! Hanha, mekdep, çagalar bagy. Ýazky hem gyşky klub. Hanha, derýa... –diýip, töweregi synlap hezil edindi. Gala iki bölekdi. Onuň kiçeňräjik ikinji bölegine geçmek howpludy. Şeýle-de bolsa, oglanlar bilen gelenimizde, olar oňa gorkman geçipdiler. Men welin, ýürek edip bilmändim. Bu ýerden gasçam, paýapyldan ýykylanymdakydan beter boljakdygy, ölmegimiň mümkindigi üçin, oglanlar hem «Geç» diýip, dyzaşyp durmandylar. Häzir bolsa Jahanyň gözlerine batyr görünmekçi bolup, ýagyş-garda ýykylyp, inçelen geçitden galanyň ikinji bölegine nähili geçenimi özümem duýman galdym. Ol ýer daryşganlykdy. Özem, durmak üçinem amatsyzdy. Aşak seredenimde bolsa, başym aýlanyp gitdi. «Indi yzyma nädip geçerin? Tüýs masgara boljagym bar eken-ow. Batyrsyramak nä körüňe gerekdi?» diýip, içimden özüm-özüme sögünýärdim. Jahan: —Men hem geçeýinmi? –diýdi. —Ýok, bu ýer iki adam durardan daryşganlyk. Gowy ýeri, ol käbir gyzlar ýaly, «Ýok, geçjek!» diýip, kejeňeklik edip oturmady. Gaýtyp: —Batyr ekeniň. Indi bärik geçäý –diýip degişdi. Ýöne yzyma geçmekde iş bardy. Sowuk der basyp, aýaklarym saňňyldaýardy. Özümi şeýle çykgynsyz ýagdaýa salandygyma ökünjimiň çägi ýokdy. Aljyranymy Jahana bildirmejek bolýardym. Nädenimde özümi ele alyp boljakdygy barada oýlanýardym. Birdenem, şäherde sirkde oýnaýan darbazçylar ýadyma düşdi. Olar juda belentde, inçejik simiň üstünde ýöräp, diýseň töwekgelçilikli oýunlar görkezýärdiler. Özem, olaryň arasynda meniň ýaşlarymdaky bir oglan hem bardy. «Ol darbazçylaryň oglumyşyn» diýýärdiler. Tomaşaçylar onuň inçejik simiň üstünde görkezýän oýunlaryny synlap, gorkuşyp, «Hiýh-de-hiýh» içini çekişýärdiler. Ol welin, birjik-de howatyr etmän, bir aýagyndan beýleki aýagynyň üstüne bökýärdi, birgeňsi aşyr atýardy. Ine, ýürek diýibem, şonuňka diýäýseň! Men bolsa obanyň oglanlarynyň arkaýyn eýläk-beýläk geçişip ýören ýerindenem geçmäge gorkup, saňňyldap durun. Özem halaýan gyzymyň gözüniň alnynda. Meniň hem aslym şu obaly, köklerim şu ýerlerden ahyryn! Özüm ýaly oba oglanlary geçende, men näme üçin geçip bilmeli däl? Men hem bu geçitden arkaýyn geçerin! Onsoň hem, mundan geçip bilmän, obany örüzsem, «Pylanynyň agtygynyň köne gala münşi ýaly» diýdirip, enem-atamyň ýüzüni gyzdyraryn. Ýok, men beýle masgaraçylyga ýol berip bilmerin. Hökman geçerin». Içimden şeýle diýip, özümi rastladym-da, çalasyn ýöräp, galanyň beýleki bölegine geçdim. Köne gala aýlanyp ýadanymyzsoň, yzymyza gaýtdyk. 12. Meniň obada bolmaly möhletim tamamlandy. Tomusky dynç alyş soňlandy. Tiz okuwlar başlanmalydy. Hezil günleriň yzda galanyna, ýene şähere—öýümize gidýänime gynanýardym. Keşe gaçan gawun gollaryny göterip ýören Jahany çagyrdym. Gapymyzda duran maşyny görüp, hemem meniň geýnişimden, ol hoşlaşmak üçin çagyrýanymy aňdy. —Men şähere gidýän. Hoş sag bol. Onuň gaşlary çytyldy. Gynanjy ýüzüne çykdy: —Kanikul eýýäm soňlanaýdy-da... —Hawa. Ýene-de bir hepdeden okuwlar başlanýar. Öňünden baryp, okuw esbaplaryny alynmagym gerek. Özümiň welin, bialaç gitmeli bolýandygyma gynanjym güýjäp, ýüregim sorkuldap başlady. Bir köneje kitap goluňa düşende, ony okap, iň gyzykly ýerine ýeteniňde, haýsydyr bir sebäbe görä, okamagyňy goýbolsun etmeli bolşy ýaly ýagdaý döräpdi. Oba meniň üçin şol täsin kitaba çalym edýärdi. Onuň yzyny okasym gelýärdi. Emma häzirlikçe okap biljek däldim. Yzyma gitmelidim. —Menden ýadygärlik bolsun –diýip, ilkinji ýasan gülýakamy Jahana berdim. —Wiý, bu näme? –diýip, ol onuň daşyna dolangy kagyzy açyp, görmekçi boldy. Emma men garşy çykdym: —Nämedigini gidenimsoň göräý-dä. Beýle diýmegimiň sebäbi, «Ilkinji işim oňa ýararmyka?» diýip iňkise gidýärdim. Asla, bu meniň öz ýasan zadymy birinji gezek sowgat edişimdi. Şonuň üçinem utanýardymam. Jahan: —Bolýar –diýip ylalaşdy. —Häzir biraz garaş. Men hem saňa sowgat etmekçi –diýip, öýlerine garşy ylgady. Salym geçmänkä-de, ullakan albomy göterip geldi. —Şu tomus çeken suratlarym. Atamyň haýyşy boýunça, ýolugra alyp gitmek üçin gelen Anna Görogly howlugyp, maşynyny düýdüldetdi. Biz Jahan bilen hoşlaşdyk. Maşynyň ýanyna baranymdan, Anna Görogly eneme degişdi: —Jumägül eje, goňşyňyzyň gapysyny süpürip, gyzynyň maňlaýyna alaja dakyp gaýdybermeli bolupsyňyz. —Juda şeýderis. Jahan jan gyzyň gowusy –diýip, enem göwnühoş ýylgyrdy. Meni ugratmaga oglanlar hem geldiler. Döwran elimi gysyp: —Ýene lellim bolmaga gitjek-dä?! –diýdi. Biz ýola düşdük. Meniň gözümiň alnynda oba täsirleri gyzykly kino ýaly janlanyp başlady. Säher turanymda gawunly pazyllar taýdan gelýän hoşboý ys. Enemiň: «Äňet hany, oglum, seniň üçin bir zamça tänen borly!» diýşi. Ylgap baryp, biýaralary göterip görenimde, sapagyndan tänip ýatan sary zamça tapyşym. Oglanlar bolup üýşüp, jöwen orşumyz. Şonda onuň bal ýaly suwuny soruşymyz. Goçuň şahy kimin egrelişip duran jöwen başlaryny biri-birine ildirip çekip, gaňyrçak uruşdyryp oýnaýşymyz. Eşekleriň gözüni baglap, döwek döwşümiz. Maňa Haýyt uzynyň ýüzmegi öwredişi. Oba gelen uçurlarym geçip bilmän, ýaba ýykylan paýapylymdan emgenmän geçmegi öwrenişim. Maralyň gölesi bolanda, enemiň, meniň pikirimçe, dünýäde iň süýji zady-sargan bişirip berşi. Atamyň maňa zergärçiligi öwredişi. Goňşy gyz Jahany halaýşym... Hemmesi... Hemmesi gözümiň alnyndan birhaýukda geçdi... Oba gelip, men birden ulalan ýalydym. Obanyň adamlary hem birhili sadadan agramlydy. Tagaşyksyzrak gürleselerem, ýönekeý geýinselerem, horaşaja ýaşasalaram, olara gelişýärdi. Sebäbi, olarda ýasamalyk ýokdy. Ine, bar syr şunda bolsa gerek. Ynha-da, demir ýol bekedine geldik. Şähere gidýänime gynanýanymy aňan ýaly, atam: —Obada okasyň gelýärmi? –diýip sorady. —Hawa –diýip, baş atdym. —Bolýar. Ýöne bu barada entek hiç kime aýtma. Bu ikimiziň syrymyz bolsun. Siziň şäher diliňiz bilen aýdanda, sýurpriz edeli. Eneňem, oglanlaram baý begenişerler-ä. —Ejemdir-kakam göwnärmikä? —Men olar bilen til edip, eýýäm gürleşdim. Otly gelende, görsem, şol öňki ýolbelet ýylgyryp dur: —Ýeri-ow, pälwan, gowy dynç aldyňmy? —Hawa. —Bir akja oglandyň, Güne ýanyp, şokolad ýaly bolaýypsyň. Otly ugrady. Ol obadyr şäher arasyny sepleýän paýapyla çalym edip uzalyp ýatan demir ýol bilen ýüwrüp barýardy... *** Ondan bäri ençeme aýlar-ýyllar şol ýyndam otly kimin geçip gitdi. Ynha, indi men hem atamyň ýaşyna ýetip, obamyzyň deňindäki demirýol bekedinde, şäherli agtygymyň gelmegine garaşyp otyryn. Goý, ol biziň dogduk depämizi—öz kökleriniň niredendigini görsün. Şeýtse, oňat adam bolup ýetişer. Watan diýlen beýik hem mukaddes düşünjäniň biziňki ýaly çaklaňja obalardan başlanýandygyna düşüner. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |