00:43 Dorguş / hekaýa | |
DORGUŞ
Hekaýalar
Bu waka kimdir bir agzyboşuň lakgyldysy däl. Ýok, ýok, hut gözi bilen görüp, gulagy bilen eşidenleriň, «Hakyt şeýle bolupdyr» diýip aýdyp beren hekaýaty. «Hakyky at adamdanam üşükli bolýandyr». Ana, tarypy agyzdan-agza geçen Dorguşam tüýs şol pisint at bolan. At diýseň kelte kakdygy bor. Hakyt perişde nazary siňen çyn bedew bolan ýaňky Dorguş. A-how, onuň eýesi Haýytguly çarwa aýdar eken: «Her gezek «Men şu Dorguşuň üzeňňisine aýagymy atamda, göýäki, Arşyň tagtyna münen ýaly bolaýýan» diýip. Ýogsam Haýytguly çarwa diýilýänem hergiz zybanyndan gaçan gepini ýere berýän kişilerden bolmadyk... Şol gezek dagy diş-dyrnak bolup ýygnalan lükge baýlygy elden ardurja gidäýmeli eken. Şol halal maly-töňňäni ýene gaýtaryp getiren Dorguş bolupdyr ahbetin. Şonda aňsat-aňsat gözünden çyg çykarmaýan Haýytguly çarwa bedewiniň maňlaýyna ýüzüni goýup hamsygypdyr. «Sen diňe uçar ganatym, görüp guwanar janawerim däl-de, hut süňk hossarymyňam oňarmajak işini bitiren är gaýratly pälwan ekeniň. Sen uçmahysyň, Dorguşum!» Hä-ä, hut şeýle diýen Haýytguly çarwanyň şundan soňra bedewini gowy görşi çeniň-çakyň bolmandyr. Şol agyz açdyryp, «Bäý-bä, çynmyka özi?!» diýdirýän waka gulak goýuň onda. * * * ...Owaly ebedinde juda maljanly adam bolansoň Haýytgulynyň adynyň yzyna heniz jahyl ýaşyndaka «çarwa» lakamy tirkelen. Äý, bu türkmeni heý goýaý sen! Hüý-häsiýetinde, edim-gylymynda, gujur-gaýratynda — sähelçe üýtgeşiklik tapylsa derrew lakam ýelmeýärler. Ana, şol lakamam soň gulagyna gygyrylyp azan aýdylan wagty tutulan adyndanam ýörgünli bolar gidiberer. «Çarwa çarwanyň yzyndan on ýylda ýeter, daýhan daýhanyň yzyndan bir ýylda ýeter, söwdagär söwdagäriň yzyndan bir şapbatda ýeter» diýlen gep bar. Yhlasy aňyrdandyr-da, elbetde. Haýytguly aňyrsy ýarym müçä ýeter-ýetmez wagtda kakasyndan galan bir süri goýny üç sürä ýetirdi oturyberdi. Bahar ýazlagy, sowukda gyşlagy ýetse, «Sanym ýüze ýetýänçä, derim müňe ýeter» diýip äht eden goýun janawerem asyl ösüp-örňäp gidiberýän eken. Soňam çal tozan turzup örä ugranda ýaýlalary güpür-güpür seslendiriberýän ýylky sürüsi diýermiň, sagylmaly wagty gelende boguljyrap, logul-logul sesi töweregi gaplaýan süri düýeleri diýermiň... garaz, Haýytguly «çarwa» adyny ýere çalmady. Ana, şol döwürlerde-de il aýtmyşlaýyn, onuň «jyny» görende gözüni egleýän bir ýagşy ata düşdi. Aýlandy, sorag saldy, aňtady, gidip gördi, ahyram tapdy. Gidip-gidip, ho-ol Gökdepäniň ýeňsesindäki obalaryň birinde ýaşaýan, özem segsenden aňryk aýak atan aksakgal seýisden şu Dorguşy alyp geldi. Getirip gapysyna daňan wagty Haýytguly çarwa hut ogly bolan ýaly dylym-dylym etdi. Eý-ho, şeýtmez ýalymy näme! Ýylanyň damagyndan çykan ýaly inçe bil, boýunlary dim-dik, sagrysy gümmezekläp duran, aýaklary bilen ýer peşände «Haý-haý, topragyň ýagyny çykaraýmagyn» diýdirýän, almagöz janawer dur ynha, ýere ýyldyz gaçan ýaly bolup. — Näçä aldyň muny?! Bu soraga Haýytguly ýeke sözde gaty gysga hem düşnükli jogap gaýtardy: — Çyn bedewiň belli bahasy bolmaz, adamlar! Soň atyň bahasyny soraman, diňe: «Münüp guwanmak nesip etsin, at arkasy gutly bolsun!» diýip oňaýdylar. Dorguş! Bedewiň ady onuň özi bilen bile döräpdir. Galkynjyklap duran üçýaşar dor reňk at ylla häzir ganat baglap göge uçup gitjek guşa meňzäp durdy. «Gapyda at kişňäp dursa toý, goýun mäläp dursa baýlyk, düýe kükräp dursa döwlet dilärmiş» diýlenem irretsiz çyn. Hawa-da, ata-babalaryň bihal gepi barmy diýsene! Dorguş asyl bir tarapyny dag ýeňsesine diräp, bir tarapyny guma ýanap oturan Agöýli obasynyň çyn guwanjyna öwrüldi ötägitdi. Şu jelegaýlarda tutulýan toýlarda agyn «Agöýlidäki Haýytguly çarwanyň Dorguş diýen aty ozdy» diýildi durdy. Baş baýrak üçin goşulanda onuň bilen boýunbag deňlän bedew hergiz tapylmandy. Bu-da hiç. Esasy gürrüň ine, şunda: Bir gezek — seretan ýazyň soňragynda Haýytguly üç menzillik ýoldan obasyna gaýdyp gelýärdi. Dorguşuň eýeriniň yzyna bökderilen owadan haly horjun gaba görünýärdi. Ho-ol gum içindäki Sözenli guýusynyň hadymy Anna gara Haýytguly çarwa bilen şapbatlaşyp söwda edipdi. Elli sany arwana düýe indi şonuňkydy. «Göwnüňden çykaran teňňäňi şu horjuna at-da, Meretguly keltäniň düýe sürüsinden halan elli arwanaňy sürüp gaýdyber» diýen Haýytguly çarwa gumly baýyň öýünde iki gün myhmançylykdan soň Agöýlä dolanypdyr. «Äý, bolsa-da gün gyzmanka oba aşýan boldum. Häý, bu janaweriň üsti tagty Süleýmandan kem däl-le». Çala irkiljiräp oturan Haýytguly ed-dil şu ýerde osal galdy. Ýadawlykdan beterem uky basmarlansoň ol eýeriň yzyna bökderilen haly horjunyň ozalam inçejik ýüpüniň pyrt edip üzülip, çägesöw ýere pat edip gaçanyny duýmady. Wah, şonda Dorguş horguryp, «Eýäm, seret ahyryn, horjunymyzy alaly-la» diýen alamatam etdi-le. Ýöne kellesini eýere degräýjek bolup irkiljiräp oturan eýesi äwmedi. Haçan-da, öýe baryp atdan düşende Haýytguly çarwa bir «I-i» etdi. — Wah-eý, keýwany, horjun-a gaçyp galana meňzeş. Halalja zadymyz ardurja gidiberermikä indi?! — diýip, bir buduna şapbatlady. Aýaly Güljerenem: — Wah-eý, ol-a bolmandyr, kakasy. Ýele-ýelken, güne-galkan bolnup ýygnalan mal-dünýä şeýdip bir bigänä nesip edäýer oguşýa — diýip aglamjyrady. Agzy ýetdigindenem: — Jan Hudaý, bir ynsaply bende üstünden baryp, «Ýitigiň eýesi seslensin» diýsin-dä hernä — diýip, gudraty güýçlä mynajat edip ugrady. Geň galmaly, gapydaky garry tuduň inçejik şahasyna çala iltelen Dorguş ähli gürrüňe düşünýän ýaly ilki bir horgurdy, soňam aýaklary bilen ýer peşäp çasly kişňedi. Onuň bolşy, göýäki «A-how, ynsan bendeleri, şol horjunyň nirededigini menden soraň ahyry!» diýýäne meňzeşdi. Ýöne elem-dertleri özlerine ýetik öý eýeleri oňa ünsem bermediler. Bolmajagyny bilen bedew bir segrände uýany boşatdy. Şondanam obanyň gaýrasyna uzalýan ýoldan ýelden ýüwrük bolup güpürdäp gitdi. Eger Dorguş sähelçe gijä galan bolsa... «Ogra mal köp» diýleni. Çaňa çala garylyp ýatan haly horjunyň üstünden Sary kümsügiň ýolunyň düşäýşini diýsene! Gökdäki dilegi ýerde gowşana dönen kümsük heziller edip hor ellerini owkalap horjuna topuldy. Dagy nä! Besse-besse gyzyl-ýaşyl gül salnyp dokalan beýle horjuny ýöne-möne adam göterermi eýsem? Iki gözem gabaryp dur özem. Haý, hemmesi teňňe bolaýsa dagy ýag iýip, ýalaňaç ýatybermeli bor-ow! Eli egriligi bilen ile-güne ulukjyn açdyryp ýörensoň «kümsük» lakamy bilen pislenýän ogry gyzyl horjuny görmäge-de howlugyp, «Hop» edip egnine atdy. Ýaňy bir bäş ädim ädip-ätmänkä-de... Ilki-hä, ho-ol aňyrdan ok ýaly atylyp gelýän at onuň zähresini ýardy. «Boşanandyr-la jüre getirmiş, deňimden geçip gider» diýip oý eden Sary kümsügiň çaky çykmady. Ol gelşine omzy bilen ogryny kakyp goýberende, horjun honda atylyp düşdi, ogrynyňam agzy gum garbady. Dorguş haly horjunyň üstüne öň aýaklaryny goýdy duruberdi. Eger ýene golaýlaşmaga milt edäýse ogryny hatyladyp dişläp, çaňňalagy çaşar ýaly edip zyňyp goýberjegini bedewiň gözleri aýdyp durdy. — Pah, pah, sen at dälsiň, adamsyň! Güpür-tapyrlygy görüp, hol aňyrda ýandak çapyp ýören ýerinden kätmenini taşlap ylgap gaýdan Annak aga Dorguşuň boýnuny sypalady. Niýeti-päli düzüw adamy tanan bedew müji aşygy ýaljak kellesini talawladyp, çalaja horgurdy. Haly horjuny ýerden galdyryp, çaň-tozanyny kakan Annak aga ony Dorguşuň eýeriniň üstüne taýlap atdy. Howlukman deňledi, gaçmaz ýaly etdi. Soňam atyň sagrysyna kakdy: — Bar, janawer, halal zady hak eýesine gowşur. Atynyň bolşundan, boşanyp gaýdyşyndan bir hikmeti syzan Haýytguly çarwa-da bu wagt bärligine haýdap gelýärdi. Gurbannazar ORAZGULYÝEW | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |