08:01 Dost / hekaýa | |
DOST
Hekaýalar
Biziň ýaşaýan jaýymyz şäheriň diýseň gatnawly köçeleriniň birisiniň çatrygynda ýerleşýär. Ine, şol çatrygyň gapdaljygynda bolsa garry peýwendi ösüp otyrdy. Şahalaryny til ýa-da tok simini çekýänler kesip, ýola serenjam berýänler döwüp,ol görgüli jotdaryp galypdy. Içi gurap,ortasynda köwek emele gelipdi. Şol köwege oklanan doňgaýmagyň gabymy, kemput kagyzymy, ýene-ýeneleri haýsydyr bir ýoknasyzyň otlamagy zerarly, garry peýwendi häli-şindi ejir baryny çekýärdi. Ol erjellik bilen ýene-de gögerýärdi. Onuň ýygyrt-ýygyrt gabyklary ýaşy bir çene baran, ençeme külpeti başdan geçiren adamyň keşbini ýatladýardy. Bahar gelende, ol zandynda bar endige görä miweleýärdi. Özem tudanasy ap-ak hem iridi. Diýseň süýjüdi. Tüýs, gadymy türkmen peýwendisidi. Barybir, ony şäher ýerinde ýaşaýan ýek-ýarym guşlar bolaýmasa, iýýän ýokdy. Maşyn gatnawly çatrykda biten peýwendiniň miwesini çaň-tozan, tüsse siňen hapa saýýardylar. Mahlasy, gadyry bilinmejek ýerde bitipdir. Bu onuň öz günäsi hem däldi. Şäher giňäp, bu tutumlar soň edilen, ýol soň çekilendi. Şonuň üçinem ol sübsegärleriň degnasyna degip,aýak astynda şepbeşip ýatýardy. Men giçagşamlar, biraz aýlaň-çaýlaň edýärdim. Bu maňa ukudan öňinçä öz-özüm bilen ikiçäklikde, günüň dowamynda bolup geçen, şeýle hem durmuşymda öňden bar oňadu-elhal ýa-da bolmasa «düzeläýse kem däl» diýdirýän ahwallary saýhallap, mundan beýläk nähili hörpde aýak almalydygym barada pikir ýöretmegime gowy mümkinçilikdi. Şäheriň «demirgazyk derwezesinden» geçip, Daşogza gidýän ýoluň ugrundan bag ýeri edinenimizsoň, men tut nahalyny ýetişdirip, oňa şol peýwendiden sapmagy niýetime düwdüm. Nahal ýognap ep-esli bolansoň, bagbançylykdan habarly tanşym Ata aga bu matlabymy ýaňzytdym. «Bolýar» diýdi. Bahar aýy agaçlar pyntyklap ugranda, Ata aga bilen çybyk almaga barsak, peýwendini kesipdirler. Hut şonuň öň ýanyndaky gün hem agşam gezelenjine çykanymda, ýene bir bahary görmek nesip edenine begenip pyntyklap ugran peýwendiniň deňinden bir köne tanşymyň deňinden geçen ýaly, onuň başynyň amandygyna begenip geçipdim. Indi onuň ornunda garyşboýy töňňesi durdy. Töňňeden syrygýan gyzgylt şire ganly gözýaşa çalym edýärdi. Ata aga ýoluň ýakasyndaky baglaryň düýbünden bir gysym gum aldy-da, gözgyny bolup duran töňňäniň kesigine sepdi. Maňa «Gynanma» diýdi. «Başga ýerden peýwendi çybygyny getirip sapyp bererin» diýdi. Men: «Şu peýwendiniňki bolsa gowy boljakdy» diýdim. Ol: «Nätjek-dä, durmuşda ähli niýetiň başa baryp durmaýar» diýdi. Şol günüň agşamysy nobatdaky gezelenje çykanymda, peýwendiniň kesilen töňňesiniň üstünde ýegşerilip oturan garryja adama gözüm düşdi. Ol Gulmyrat agady. Köpgatly jaýymyzyň goňşy girelgesinde ýokarky gatda ýaşaýardy. Münüp-düşmesi kyndygy üçin daşaryk seýrek çykýardy, onda-da beýle giç. Aýaly pakyr bolansoň, bir özi ýaşaýardy. Öýe düşüp, Maryda ýerlän gyzy çaga basandygy zerarly kakasyndan seýrek habar tutýardy. Ogly bolsa, Gulmyrat aganyň aýtmagyna görä, «diri gaýyp» bolupdyr ýa-da, bardygy belli welin, örän alysdady. Ogly barada gürrüň berende, onuň sesi sandyrap, gözüniň owasy ýaşdan dolýar. Soňra bu ejirli sandyrama bütin bedenine ýaýrap, ozaldan hem çalamydar ragbatyny peseldýär. Belki-de, ony irde-giçde oglunyň gaýdyp geljegi, görüşjegi baradaky umyt ýaşadýar. «Men diýen wagty gitdi. Baýkal-Amur demir ýolunyň gurluşygyna. Şol döwürde asyryň beýik tutumy diýilýän ol gurluşyga köp ýigitleri äkitdiler. Özge gidenler geldi, emma Aşyr jan gelmedi. Şol ýerde öýlenip, önüp-ösenmiş... Öňler habarlaşýardy,ýöne soňky ýyllar o-da kesildi. Gidip göreýin diýsem, bu saglygym bilen eýgertjek däl...» diýýär. «Onuň özi geläýende bolanokmy?» diýsem, «Bilmedim-dä...» diýip, ajy ýuwdunýar. «Gaýdyp gelenleriň aýtmagyna görä, içgä ulaşanmyş. Saglygyny ýitirip, gutaryp galanmyş...». Ogly baradaky agyryly hakykaty aýtmagyň ata nähili agyr düşýäni bellidi. Ýöne ol şeýtmek bilen duýgudaşlyga mätäçdi. Men bolsa bu biçäre goja ýagşylyk isleýärdim. Oglunyň maşgalasy bilen gaýdyp gelmegini nädip amala aşyryp boljagynyň pikirini edýärdim. Asla, başa bardyryp bilsem, bu meselede meniň oňa kömegimiň ýetmegi mümkindi. Sebäbi geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda, täleý çekip, Orsýetiň Kamçatka ýarym adasynda ofiser bolup gulluk edenimde, dostlaşan ýigidim goňşy rotanyň serkerdesi Wiktor Iwanowiç Sassi häzir polkownik derejesinde Orsýetiň Amur welaýatynda ýerleşýän harby bölümleriň biriniň komandiridi. Seýregräjigem bolsa, til edişip, onuň bilen «könäni men diýen jahyl serkerlik döwrümizi» ýatlaşýardyk. Men soňundan harby käri terk edipdim. Witýa bolsa, eger şowlasa, generallyk derejesine, hiç bolmanda «hakyky polkowniklige» çenli gidişjegini aýdyp, goşunda galypdy. Ine, Witýadan şu mesele bilen içgin gyzyklanmagyny, mümkin bolsa, oňyn çözülmegine ýardam bermegini haýyş edipdim. Bu hakda Gulmyrat aga bilenokdy. Oglunyň salgysyny onuň gürrüňinden çen tutup ýollapdym. Beýle müşgil işiň bitjegine ynamym azdygy üçin, bu barada goja aýtmandym. Peýwendi töňňesiniň üstünde oturan Gulmyrat aganyň haly teňdigi duýulýardy. Ol içerde takat tapman daş çykandygyny, ýüreginiň hesretden ýaňa çatlap barýandygyny aýdýar. «Peýwendi görgülini hem kesipdirler... –diýýär. —Ony nirä alyp gitdikäler, çişlikçä eltip beren bolsalar gerek... –diýýär. —Onuň agajyndan gowy dutar ýasap bolardy... –diýýär. —Sen onuň çybygyny bagyňda ýetişdiren tuduňa sapmakçydyň, arman, ýetişmediň... –diýýär. —Meni hem ajal basym çapsa gerek, Aman jany görjekdim, ýöne indi garaşmaga ragbatym ýok» diýýär. Men Gulmyrat aganyň gürrüňinden umyt tapynyp, peýwendiniň ýanyny syryp-süpürýän aýaldan ony kesip nirä alyp gidendiklerini soraýaryn. Gulmyrat aga mamla bolup çykýar. Dogrudanam, çişlikçä eltip beripdirler. Ýöne gowy ýeri, şahalary welin, entek abatjady. Ýanyma alyp baran bag gaýçym bilen pyntygy terje çybyklary kesişdirip alýarkam, üst-başyndan gowrulan etiňdir sirkäniň ysy kükäp duran jozzuk ýüzli çişlikçi ýanyma geldi. —Ýaşuly näme edýäň? —Çybyk alýan. Öýümiziň ýanyndaky peýwendini kesip, saňa getirip beripdirler. —Birugsat kesipdirler diýmekçi bolýamyň? –diýip, çişlikçi maňa niýetimi aýtmaga maý berenok. —Hak-heşdegini aňryýany bilen töländirin. —Ýok-la, men senden hasap soramaga gelemok. Şu peýwendiniň çybygyny äkidip, bag ýerimdäki tuda sapmakçy bolýan. —Hä, şeý diýsene... –diýip, çişlikçiniň ýüzi açylýar. —Al, ähli çybygyny äkitseňem garşy däl. Dessine Ata aga til edip, ony bag ýerime alyp gidýärin. Ol ýetişdiren tudumy kesip, oňa peýwendi çybygyny sapyp durşuna: «Senem erjel-äý!» diýýär. « Şu pikiriň kelläňe gelip, çişlikhana gidip çybyk alşyňy zor göräýmeli!» diýär. Men «Sapylan peýwendi gögärmikä?» diýýärin. «Gögermän näme, pyntyklary terje...» diýýär. «Onsoňam, tut agajy çydamly agaç, ynjyk däl» diýýär. Ata aganyň diýşi ýaly, pyntyklar ýarylyp, ýaz aýynyň hoştap güneşine öwüşgin atyp duran tep-ter hem tämizje ýaprajyklar çykdy. Olar günsaýyn ulalyp,özüni tutup barýardy. «Ynha, seniň yzyň ýitmedi» diýip, kesilen peýwendi bilen hyýalymda gürleşýärin. Ata aganyň maslahatyna eýerip,tuduň özünden gögerýän asyl ösüntgileriň ösmegine maý bermän, derrew gyrkyp aýyrýaryn. Şeýdip, sapylan peýwendiniň ösmegine şert döredýärin. Meniň bu gözegçiligim kemala gelip barýan çagadaky ýaramaz gylyklaryň öňüni alyp, oňa gowy edim-gylym öwredýän ene-atanyňka çalym edýärdi. Baharyň başydygy üçin, aladam ýetik bolup, bag ýerimizdäki jaýjagazda ýaşaýardym. Şähere işe-de şondan gatnaýardym. Birdenem, aýalym gyssagly jaň etdi: —Erte Gulmyrat agalaryň toýy. Orsýetdäki ogly maşgalasy bilen göçüp gelipdir. —Ine, saňa gerek bolsa täzelik! –diýip, men begençli seslenýärin. —Hawa, täzelik kemi ýok. Görgüli begenjinden ýaňa gözüniň ýaşyny saklap bilenok. Saňa «Gelip bilse, dessine gelsin!» diýdi. Aýtmaklaryna görä, aňyrda seniň bir gullukdaş dostuň olaryň ýol çykdajysyny hem töläp, bärik ugradanmyş. —Men ur-tut Uzak Gündogara—Wiktor Iwanowiçe jaň edýärin: —Sen kezzapjyk diýsänim, (biz birek-birege degişme äheňinde şeýle ýüzlenýärdik) bu işi oňyn çözeniňi maňa näme üçin öňünden til etmediň? —Sýurpriz bolsun diýdim. Ol, dogrudanam, içgä berlip, saglygyny egbarlatdyrypdyr. —Çykdajyňy ibärin. —Ýok, hökman däl. Maşgala atasyna gowuşsa, şol ýeterlik. Onsoňam, ýoldaş dost, seniň maňa tabşyrygyň şeýledi. Ony harbylarça bitirmek meniň borjumdy. —Sag bol, sen hakyky dost, hakyky polkownik! Biz habarlaşyp durmagy dilleşip hoşlaşdyk. Men dostlugyň ägirt güýji, onuň alys aralyklardan hem iş bitirip bilýändigi baradaky ýakymly oý-pikirler bilen ýola düşdüm. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |