DURMUŞ
Bir tarapdan
gol uzatýar bu durmuş
"Gelinbarmak salkymlarym öp" diýýär
Bir tarapdan
towardaky sagatdan
ýasama guş ýaýkap-ýaýkap kellesin
"Öt ,öt ,öt" diýýär.
Biz içerde
Bir maşgala, dört bolup
Gyş bugaran aýnalary çyzgaýars
Men "Gol “ çekýän
Maşgalam "Ýüzük"
Gyz çekýär “Ýürek”
A-oglum bolsa
Diňe ýazýar:
“ Çörek –çörek-çörek”
Hol beýlede garşydäki goňşyda
Bugaran aýnada
Eýýäm sürçüpdir
Öň ýazylan “ Çörek"
Çekilen ýürek.
Bir tarapdan gol uzatýar bu durmuş
"Bir owadan gyza meňzäp aldaýar"
Bir tarapdan peltek sagadyň dili
Maňa bir zat, maňa bir zat sargaýar.
Ötüp barýar
Ýortup barýar bu durmuş
Gol çekmeli her günüňe yananyp
Gutarnykly mütdeti bar her zädyň
Sen özüňe mütdetsiz bir garýyş
Döretmäge çalyş
Goý many tapsyn
Başgaça özgeriş
Başgaça durmuş.
Gapur HOJA.
Goşgular