11:14 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy | |
Howatyr Halypam hem mugallymym Tagan aga, degişgen, ýiti dilli, parasatly, köpügören adam. Bir gezek ikimiz, bir çylşyrymly, jedelli meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hukukçy-hünärmenler hökmünde ýygnaga çagyryldyk. Mejlis otagyna girip barýarkak, ýaşlaň köpüsine mahsus öte gyzmarak, öte gönümelräk häsiýetime belet halypam, gulagyma pyşyrdap, ýumşaksy wäşilik bilen maslahat berdi: -Inim, şu taýda ikimiz näme sorasalaram, kän gürlemäli! Köpçülikdir. Birdenkä arasynda düşünýänem bar bolaýmasyn :-). Ofisianta ýüzlenme Talyplykda özüňem her niçik-de bolsa boş ýa-da waňk däldigiňi deň-duşlaňňa subut etmek üçin öwrenenje zadyňy, ýeri gelse-gelmese, derrew ulanyp sereşlemäge, şeýdibem pynhanja magtanmaga ilgezik bolýaň. Bir gün talyp hakyny aldyk-da, kursdaşlar bolup, Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň günbataryndaky naharhana, gyzgynjak fitçi, nohutly çorba hem-de buz ýalyjak kola ýaplamaga gaýtdyk. Hemmämizem ýaş oglanlar. Girdik, oturdyk. Şo pille ýolagçy otlusy gelipdirmi ýa başga bir sebäpdenmi, naharhanaň içi adamdan hümer. Hyzmatçy oglanlar sargyt edilen zatlary daşamaga ylgap ýetişip bilmeýärler. Biraz garaşanymyzdan soň, kursdaşlaň biriniň kanagaty tükendi. Ol elini galdyrdy-da, ofisianty çagyrdy. Çagyranda-da telewizordan düýnjük eşiden ýüzlenmesini ulandy: -Eý bidolaga! Geläý-dä-ou çaltrak! :-). Losos Wakany dostum gürrüň berdi. Ol okuwa girmezinden öň restoranda ofisiant bolup işläpdir. Işe başlaýan wagtlary, bir gezek bir haýbatly toýa hyzmat edipdirler. Toýuň dowamynda ony saçlary ýewropapisint timarlanan, bezemen, azmly bir hatyn ýanyna çagyryp: -Tagamy gow ken! Losos getirsene!-diýipdir. Obada, bolanja ýigrimi ýaş ömrüniň ep-eslisin-ä ekiniň içinde, ondan galanynam malyň yzynda geçiren, türkana oglan bu sargyda özüçe düşünipdir. Metrdoteliň – ofisiantlaň başlygynyň ýanyna barypdyr-da, ýaňky haşamly hatyny görkezip: -Şo daýza: “nasos getir” diýýä-laý...-diýip myňňyldapdyr. Başlygy bu sargyda geň galypdyr. -Bih, şumat şu taýda o ýeňňe nasosy nämetjekkä? Äý şü mes heleýlere-de düşer ýaly däl-aý. Ýö, hany,-diýip ýaňky dostumy yzyna tirkäp, sargytçy hanymyň ýanyna barypdyrlar. Başlygy usully salyhatlylyk bilen eglip, ýaňky hanyma ýüzlenipdir: -Bagyşlaň, siz ýaňy nasos sorapsyňyz welin... Saçakdaşlary bilen jakgyldaşyp oturan zynatly zenan ilki düşünmän, aňk-taňk bolupdyr. Birdenem öz üstünden güljek bolýandyrlar öýdüp, çym-gyzyl bolup gyzarypdyr-da, olara haşşyldapdyr: -Meýdiňiz ýansyn, ýerçekenler! Men şu taýda, şu sypatyma nasosy başyma ýapaýynmy? Losos soradym men, lo-o-sos... :-). Talap Oglanjyk bir gün kakasy işden geldi welin, ony täze eşiden jümlesi bilen garşy aldy: -Kaka! Düzelseň-ä düzel! Bolmasa-da şu bolşuňam bolýa! :-) Çyra Oglanlykda kolhozyň ýyladyşhanasynda ýazlyk ekiniň şitilini ekişýärdik. Ýyladyşhanaň içinde ýöreýänem ýapbyllak, kiçiräjik traktor bardy. Kolhoz döwrüniň traktyrlaryna-da hemme beletdir, bir öçürseň otlamak hyllalla. Şoň üçinem ony irden otlansoňlar agşam öýe ýygnanýançalar öçürmezdiler. Bir günem haçan görseň garagolluk agtaryp ýumrusy gijäp duran deňdeşim, ýaňky ýapbyllak traktory alyp gaçyp, obaň köçelerinde aýlanmaga gitmegi teklip etdi. Ikimizem on ýaşymyzda. Oňa: “sähne bezzat” diýen bolýan welin, özümem şoň yzyny dolan. Günorta naharyna çykyldy. Traktyrçam il bilen, hezil edi-i-pjik ýaglyja çorbadan ýaplap otyr. Traktyram tarlap işläp dur. Mündük-de, zut gaýtdyk, oba garşy. Sürýänç-ä ýaňky dost, hähini ýetirýänçem men gardaş. Aý bir, hezillig-ow! Öňem-ä çalamydar traktyr janaweriň bar ýöreýänje tizligi, bolaýsa 10-20 km/sag.-dyr. Emma biziň ikimiziň oň üstünde şowhun turzup, “tarryldap” barşymyza, megerem “Formula adindaky” Şumaheriňem görse gözi gitse gerek – özümizi aňrybaşy Lamborjinide ýa-da Mazerattide 200 mil tizlikden myçyp barýandyrys öýtmeýäs. Şo barmana-da ýaňky uçarman dost, nobatdaky çatrykdan öwrülen ýerimizde gidrawlikasyz beýlekisiz agyr rula erk edip bilmän, ýoluň gyrasynda ýerden gögerip duran gaz turbany süsdi. Badymyz batly bolmasa-da, traktyr janaweriň eslije göwresi, demri myžžartdy. Traktyra “pat” öçdi. Egrelip, sepi açylan turbadanam “waşşyldap” gaz çykyp ugrady. Muňa şaýadam bäş-alty ädim beýle ýanda tamdyra nan ýapyp duran gelneje. Bu-da biziň ikimiziň maýmyn ýaly bolup, pökläp kabinasyz traktyrdan gaçyşymyzy görüp, ilk-ä bir gyňajyny dik asmana galkyjakladyp, heýýaty göçdi. Soňam gaz turba müňzäp münüşine doňup galan traktyryň şekili aňyna ýetdi-de, gulagyňy deşip gelýän şaňňy sesi bilen walalaýlamaga başlady: -Meýitjigiňiz ýanmasyn, meýitjigi meýdanda galmyşlar! Çyraňyz ýokmudy, meýdi ýanmyşla-a-a-r!!! Jyrrarylyp gaçyp barşymyza meň-ä kellämde: “Ýobudy! Näçe gaçsaňam, agşam öýe-dä barmalydyr-aý!” diýen, “Uzynyň akly giç geler” diýdirýänskiý hilisinden, öte dana pikir, galagoplyk bilen wurunýar. O “Formula adiniň” pilody edip ulanybermeli dostam, menden galman düňedekläp barşyna, demi-demine ýetmese-de, kikirdäp gülýär: -Sammyg-aý by genje! Gündiziň günortany biziň bü awarýa çyraň näme dahyly ba: diýsene... | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |