06:11 Dursun / hekaýa | |
DURSUN
Hekaýalar
Dursun çaklaňja deňizýaka obadandy. Balyklaryňdyr deňiz otlarynyň şorjumak ysy gatyşan howadan dem alyp, yzly-yzyna kenara urlup, bady ýatyşýan tolkunlaryň üznüksiz güwwüldisi, çarlaklaryň çakyr sesi gulagyna siňip, deňiz joşanda suw basmazlygy üçin ýörite gurlan aýakly jaýlaryň arasynda kenardan tapan geň-taňsy daşlarydyr balykgulaklary oýnap ulalan gyzdy. Onuň kakasy Kowus däde balykçydy. Taýmylly deňze çykyp, balyk tutýardy. Dursuna ejesi deňizýaka gyzlaryna ýaşlykdan öwredilýän haly dokamagy, keşde gaýamagy, düýe sagyp çal tutmagy, deňiz balyklaryndan her dürli tagamlary (aýratyn-da bekre palawyny) taýynlamagy öwredipdi. Kakasyndan bolsa, batyrgaýlygy, deňizden gorkmazlygy, gaýyk sürmegi, torda hem çeňňekde balyk tutmagy, düýä münüp öňňürdigine çapmagy öwrenipdi. Gazal aýdyp küşt depmegi, özünden uly zenanlaryň adynyň yzyna «bibim», erkek kişileriň adynyň yzyna «däde» sözüni goşup mylaýym ýüzlenmegi, ýene-de gyz maşgala bilmeli käbir zatlary bolsa ol oba adamlaryndan toýda, ýasda ýeneki ýagdaýlarda keremara öwrenipdi. Onuň küşt depilende, gazal aýtmaga ökdeligine joralary boýundy. «Meniň toýumyň gazalçysy sen borsuň» diýip, entek ýüregini ynanjak ýigidi tapylmanka tabşyryp goýardylar. Dursunyň aýdýan gazallary maňza batnykly, nurana gazallardy. Olary Dursunyň özi ýüzugra düzýärdi. Toý şagalaňy, küşt depilýän döwürdäki göçgünli şadyhorramlyk beýle gazallary onuň diline şol pursat getirýärdi. Bu hadysa Dursunyň özi hem geň galýardy. Toýunda Dursuna gazal aýtdyran deň-duş gyzlarynyň köpüsi eýýäm öýe düşüp, äbe-de-jüýje ýaşaşyp ýördüler. Ol maşgalalarda dünýä inen çagalaryň käbirisi mekdebe-de barypdy. Özüniň bu babatdaky yzagalaklygyna Dursun biraz kemsinýärdem. Elbetde, görk-görmek paýlananda Dursun hem çetde galmandy. Beýlebir peripisint bolmasa-da, uzyn boýly, garadan gelen görmegeýdi. Şonuň üçin obadaşlary oňa Garadursun hem diýýärdiler. Bu onuň adynyň öňüne garajürjen çagalyk döwri goşulan goşundydy. Asla, olaryň obasynda gara goşundysy ýörgünlidi. Garadepe, Garadag, Garabugra, soňam, ynha, Garadursun — onuň özi. Garabugra olaryň düýesi. Häsiýetli mal. Dursun oňa münüp, Garadaga gitmegi gowy görýär. Garadag olaryň Garadepe obasyndan bir menzil daşlykda ýerleşýän sönen wulkan. Ýöne, ol sönen diýilse-de, wagtal-wagtal, palçyk akyp duran agzyndan bir çümmüjek laýy «pyk» etdirip oklap goýberýär. Garadagyň palçygy ep-esli aralyga ýaýrap, Günüň gyzgynyna gurap, möýüň kerebine çalymdaş keşpde jaýrylyp tozap ýatyr. Bu wulkan Dursuna sönen söýgüsini ýatladýar. Şonda ol uniwersitetde iňlis dili ugrundan okaýardy. Onuň iňlis diline höwesli bolmagyna mekdepde sapak beren mugallymy Tuwakgül sebäpdi. Haýsy dersiň mugallymy güýçli bolsa, aglaba okuwçynyň şol ugra ýykgyn edişi ýaly, Dursunlaryň mekdebiniň iňlis dili mugallymy Tuwakgül hem sapagyny täsirli geçmegi, bu dili suwara bilseň, dünýä ýüzüniň kän ýurtlarynda emgenmän düşnüşip, köp meşhur ýazyjylaryň gowy-gowy eserlerini öz ýazan dilinde okap, älem-jahan täsinliklerine bu diliň üsti bilen çuňňur göz ýetirip boljakdygyna ynandyrmagy başarýan mugallymdy. Netijede, çaklaňja deňizýaka obadan iňlis dilini özlerine hünär edinenler Dursundan başga-da bardy. Hawa, onsoň Dursun ol ýigidi ýürekden söýüpdi. Oňa ilkinji posasyny hem bagyşlapdy. Onuň bilen häli-şindi pynhanja ýerlerde duşuşyp, süýji-süýji sözleşýärdiler. «Ol öýlenen, sen oňa ynanma» diýip, tanyş gyzlarynyň biri duýduranda, göriplik edip ara bozmak üçin aýdýandyr öýdüpdi. Ýöne, bir gün agşam bu duýduryşyň çyn ekendigine onuň özi hem göz ýetiripdi. Dursun şonda kitaphanadan gelýärdi. Nobatdaky synagy tabşyrsa, tomusky dynç alşa çykýardylar. Şonuň üçin uzynly gün kitaphananyň ynjalykly künjeginde oturyp, geçilen sapaklary birlaý özleşdirdi. Okanlaryny huşunda gaýtalap, asuda ýöräp barýardy. Köçäniň ýaňy ýakylan çyralary töweregi basmarlap başlan garaňkylygy umma kowupdy. Bir görse, öňünden halaşýan ýigidi gelni bilen tirkeşip gelýär. Ine, saňa gerek bolsa! Agşam salkyny aralaşmagy bilen gezelenje çykanlaryň köplüginde ol ýigit Dursuny görmän, deňinden geçip gitdi. Asla, töweregine seredenokdam. Gelnine nämedir bir zatlar aýdyp berip, ony «jykyr-jykyr» güldürýärdi. Ikisiniňem keýpi gowjady. Gözleriniň görýänine Dursunyň ynanasy gelmedi. Bu ahwal onuň öňden hem ýetik batyrgaýlygyny has-da tijedi. Olaryň yzyndan ýetäge-de, ýigidiň egninden tutup, ony gazap bilen özüne tarap öwürdi. Bu duýdansyz duşuşyga aljyramakdan ýaňa, ol ýigit Dursunyň ýüzüne naýynjar bakdy. Onuň seredişinde ötünç soramakmy, ýa-da «Syrymy açma» diýip ýalbarmakmy, garazhaý, adam ejizlände ýüze çykýan alamatlaryň birgideni bardy. Gelni bolsa geňirgäp, «Bu nä boluş?» diýip, kä adamsynyň, kä Dursunyň ýüzüne sowally bakýardy. Dursunyň niýeti özüniň ilkinji söýgüsini aldawa düşürip şowsuzlyga uçradan, öýlenendigine seretmezden, kesesinden hem yşky lezzete ýüregini püre-pürlemek islän zaluwadyň ýüzüne golunyň bady bilen şarpyk çalmakdy. Emma, özelenip durşuny görüp Dursunyň oňa nebsi agyrdy. «Bagyşlaň, ýalňyşypdyryn» diýip, ötünç sorady. Dursunyň bu sözüne geň galmakdan ýaňa ol ýigit haýsydyr bir üzlem-saplam hem düşnüksiz zatlary burnuna salyp mydyrdady. Gelni bolsa «Akly çaşan gyzyň biridir-dä...» diýip, ony tirseginden tutup alyp gitdi. Şondan soň Dursun ýüregi azarlap, ýarawsyzlyk tapyndy. Şäher oňa ikilik eden ýaly, bimährem göründi. Soňky synagy tabşyran dessine obasyna gitdi. Baran güni ýadawdygyna seretmezden, Garabugra münüp, ony öňňürdigine sürüp, Garadagyň ýanyna ugrady. Ol ýerde ýeke özi oturyp, şowsuz söýgüsiniň hesretini çekmekçidi. Ýöne, bu niýeti başa barmady. Garadagyň ýanynyň adamy ýetikdi. Dursun bilen deň-duş talyplar okuw tejribesini geçmäge gelipdi. Olar sönen wulkany öwrenmekçidi. Dursunyň düýesini öňňürdikledip bärden barmagy talyplary geňirgendirdi. Olaryň arasynda düýe münüp, onda-da ony batly çapdyryp göreni ýokdy. Gyzlardyr ýigitler Dursunyň daşyny gallaşyp, onuň bilen içgin tanyşmak isleýärdiler. Ýigitleriň käbiri oňa eýýäm aşyk gözler bilen seredýärdi, lak atýardy. Ýöne Dursun olaryň degişmelerine ähmiýet berenokdy. Özüni sowuk-sala alyp barýardy. Sebäbi, başky söýgüsi bilen bagly ahwal ýigit bolanyny onuň gözünden düşüripdi. Olaryň ýene-de aldamagynyň mümkindigi baradaky pikir ýüreginde howatyr döredipdi. Dursun Garadagyň gapdalynda çadyr gurnup, şol ýerde ýaşap sönen wulkany öwrenmegi, arasynda deňze gidip suwa düşünmegi, şeýdip tomusky dynç alyş döwrüni gyzykly geçirmegi niýet edinýän talyplaryň ýanyna şondan soňra barmady. Öýde-de onuň takady ýokdy. Ejesiniň indi ep-esli wagt bäri dokap, «Basym kessem gerek» diýýän halysyna kömekleşmegem, deňze kakasy bilen balyk tutmaga gitmegem, mekdepdeş gyzlarynyňkyda görme-görüşde bolmagam köňlüne basalyk berenokdy. Hamana, onuň ýüregi kapasa gabalan guş ýaly birahatdy. Ejesidir kakasy Dursunyň öňki şadyýanlygynyň ýokdugyny görüp, biynjalyk bolýardylar. Olaryň özi babatdaky aladadan doly gözlerinde «Gyzymyz, eziz gyzymyz, saňa nämeler bolýar?» diýen sowally garaýyş bardy. Ýeri, Dursun olara näme jogap bersin? Öz uçran derdiniň sebäbini aýtsynmy? Ýok, beýle dert ene-ata aýdylman, özbaşdak çekilýän dert. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, häzir obada toý tutýan hem ýokdy. Dursunyň göwnüne bolmasa, toýda, ýigitleriň aldawçydygy, söýgüsine ygrarsyzdygy barada gazal aýdyp içini sowatsa, derdi ýeňlejek ýalydy. Ahyrsoňy kakasy oňa «Seni daýzaňlara gezelenje alyp gideýin. Şolaryňkyda biraz bol, şähdiň açylar. Daglyk ýeriň howasy bäriňkiden üýtgeşikdir» diýdi. Bu teklip Dursuna kem ýaramady. Kakasynyň gara «JIP»-inde ýola düşdüler. Ýol alysdy. Olaryň barmaly ýeri Gyzylgaýanyň Tüwür obasydy. Daýzasy Ogultagan şol ýerde ýaşaýardy. Onuň gyzy Mamabike Dursun bilen deň-duşdy. Ondan kiçi Ýusupdyr Ahmet atly ekiz ogly bardy. Adamsy Şyhy däde çopançylyk edýärdi. Daýzasy Dursuny gowy görýärdi. Onuň adyny Ýazdursun diýip tutýardy. (Belki-de, ýazyň başynda doglandygy üçindir. Belki-de, häsiýetini ýaz ýaly görýäni üçin). Dursunyň barmagy olary begendirdi. Dessine öweç öldürip, goňşy-golamlary çagyryp, çaklaňja toý tutdular. «Ýegenimiz görme-görşe gelipdir» diýlip, tutulan bu toýuň yzy küşdepmä ýazdy. Ärsarybaba daglaryny etekläp oturan gadymy çarwa obasynyň ýigit-gyzlary göwün solpusyndan çykyp, küşt depýärdi. Dursunyň aýdýan gazallary başda ýigitleriň çetine degýän häsiýetlidi. Ýöne soňabaka olaryň äheňi üýtgäp, kalbyňy heýjana salýan — söýgi diýilýän täsin hem nurana duýgy barada ýaňlanyp başlady. Hezil edinip küşt depýän ýigitleriň biri Dursuna ýüzlendi: —Meni tanamadyňmy? Dursun onuň ýüzüne geňirgenip seretdi. Dogrudanam, onuň keşbi tanyşdy. Onýança-da ol ýigit: —Sönen wulkan Garadagyň başynda tanşypdyk. Sen ol ýere düýeli barypdyň -diýdi. —Hawa, ýadymda... -diýip, Dursun baş atdy. —Men Garadaga zyýarata barypdym... —Sönen wulkana-da zyýarat edilýänmidir? Ol ýigit Dursunyň Garadagy sönen söýgüsine meňzedýändiginden habarsyzdy. Dursun näme jogap berjegini bilmän, eginlerini ýygryp, ýylgyrdy. —Sönen hem bolsa, ol owadan wulkan -diýip, ýigit gürrüňdeşlik üçin tapynan sebäbine begenip, sözüni dowam etdirdi. «Wulkan wulkandyr-da, onda näme günä bar?» diýen pikir hyýalyna gelen Dursun ylalaşyp baş atdy: —Hawa, owadan... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |